smiling_
09.09.2024 15:44
Onsoñy ýok


,,Gürleşeli" diýme, duýgulam dymma,
Geplemek islämok hiç zat hakynda.
Arzuwlarym tussag, gursagym zyndan,
Men bir wagt düşdüm yşgyñ atyndan.

~

Geçmişi ýañzytma, umydam berme,
Dertden derlän pikirlerim senlik däl.
Häzir mähir küýsäp tutjak ellerim,
Soñ çykaryp zyñar ýaly ellik däl.

~

Edil häzir gyzykly däl şu dünýä,
Jogaplarmyñ soraglarny ýitirdim.
Durmuş iki petek berýär ynsana,
Sen haýsyny getirdiñ?!

~

Arasynda gitmek bilen galmagyñ,
Ýene tukatlygy seçip otyryn.
Geplemek islämok hiç zat hakynda,
Içimde ot ýakyp, öçüp otyryn...


©Baýram BEJIDOW
16
72
smiling_
08.09.2024 19:32
Asylly türkmen gyzlary.


Jynsy geýmek, kada boldy,
Asylly türkmen gyzlara.
Maşyn sürmek moda boldy,
Asylly türkmen gyzlara.

Oglan bilen gürleşerler,
Söýýän diýip sözleşerler.
Sähel zada söwüşerler,
Asylly türkmen gyzlary.

Ýüzünde akar boýagy,
Daýow ýigitdir soragy.
Indi almazlar oragy,
Asylly türkmen gyzlary.

Internetdan taý gözlärler,
Garyp däl-de, baý gözlärler.
Gymmat altyn şaý gözlärler,
Asylly türkmen gyzlary.

Eneden öwüt almazlar,
El işi ýada salmazlar.
Bahana tapman galmazlar,
Asylly türkmen gyzlary.

Hançik öýlenmedik wagtyñ,
Nowjuwan owadan çagtyñ.
Kim açarka meniñ bagtym,
Asylly türkmen gyzlary.


--- Hangeldi Orazmyradow
17
189
smiling_
08.09.2024 17:25
Rahat uklamaga kömek etjek 10 sany önüm.

Sagdyn uklamaga ýardam etjek 10 sany peýdaly önüm:

Banan. Bu miwäniň baý düzüminde myşsalary rahatlandyrýan kaliý we magniý bar. Onda, esasanam, gymmatly iki sany neýromediatoryň: serotonin we melatoniniň öndürilmegini höweslendirýän madda — triptofan bar.


Iň ýokary täsiri almak üçin ýatmazdan azyndan bir sagat öň banan iýmek maslahat berilýär.

Gaýnadylan ýumurtga. Bularyň esasy artykmaçlygy — dynç alşyň hiline peýdaly täsir edýän ýokary belokly maddadyr. Şeýle hem, olar gijeki rahatsyzlygyň we ukusyzlygyň umumy sebäbi bolan sary gaýnama sebäp bolýan kislota refleksi bilen göreşmekde täsirlidir.

Badam. Bu hoz diňe bir beloga baý bolman, eýsem ukynyň hilini gowulaşdyrmak we myşsalaryň gowşamagyny ýokarlandyrmak üçin belli bir mukdarda magnezini hem saklaýar.

Uky müşgillikleriniň tebigy bejergisini gözleýänler üçin badamyň az mukdary ajaýyp çözgüt bolup biler. Diňe birje gysym badam iýiň ýa-da ýatmazdan ozal çöregiňize onuň ýagyny çalyp iýiň. Şeýle-de bolsa, ýatda saklamaly zat, badamyň ýagy köp bolany üçin kaloriýasy hem köpdür.

Balyk, esasan hem losos, tebigy ukymyzdaky melatoniniň sintezinde esasy element bolan B6 witamininiň gymmatly çeşmesidir. Gyzykly tarapy bu witamin nohutda-da köp bolup, wegetarian alternatiwasyny hödürleýär.

Ukusyzlykdan gutulmagyň netijeli, däp bolan serişdesi — bir stakan ýylyjak süýtdür. Ol hiçem ähmiýetini ýitirmeýär. Netijeliliginiň syry onuň baý düzümindedir: süýtdäki kalsiý we triptofan melatoniniň öndürilmegine kömek edýär, ol bolsa bedeniň uklamagyna getirýär. Täsirini güýçlendirmek üçin bir çaý çemçesi ary balyny hem goşup bilersiňiz.

Sagdyn uky üçin zerur bolan kalsiniň diňe süýt önümlerinde bolmaýandygyny bellemek möhümdir. Kelem ýaly ýaprakly gök önümler hem bu elemente baýdyr. Kalsiý saklaýan iýmitleri yzygiderli iýmek, köplenç ukynyň bozulmagyna sebäp bolýan ýetmezçiligiň öňüni alyp biler.

Ülje melatoniniň seýrek tebigy çeşmelerinden biridir. Diňe käbir miwe şeýle uly täsirlilige eýe bolup biler.

Süle ýarmasy — ukusyzlyga garşy göreşde ýene bir peýdaly iýmit. Kalsiý, magniý, fosfor, kremniý we kaliý ýaly maddalara baý bolan bu önüm rahat uklamak üçin amatly şertleri döredýär. Şeýle-de bolsa, süýji goşundylardan ägä boluň — aşa köp şeker ukyny kesip bilýändir.

Ary baly adaty şekerden tapawutlylykda, uky üçin peýdalydyr. Balda hem bar bolan triptofanyň beýnä has kabul edilmegine kömek edýän insuliniň derejesini birneme ýokarlandyrýar. Ýöne ýatda saklaň: ýatmazdan ozal bir çemçe tebigy bal ýeterlik, has gowusy äjöze iýseňiz gowy peýda eder.

Üzüm melatonini öz içine alýan miweleriň aýratyn toparynyň bir bölegidir. Bu, mysal üçin, çakyryň nerw ulgamyna köşeşdiriji täsirinden azda-kände özünde saklaýar. Bu meselede sagdyn ukyňyz almak üçin ter miweleri ileri tutmak has möhümdir.

Sagdyn uka päsgel berýän iýmitler

Ýagly iýmitler. Gamburger we ýeralma gowurmasy (fri) beýniňize barýan kislorodyň mukdaryny çäklendirip, ukyňyzy kesip biler. Bu duýgy ukyňyzy tutdursa-da, ony kadaly almaga ýardam bermez. Gözlegler, ýagly iýmitleri iýýän adamlaryň sagdyn iýmitlenýänlerden has ýaramaz uklaýandygyny görkezýär. Şonda-da ýagly şeýle tagamlary iýmekden ýüz öwürmeýän bolsaňyz, ony ýatmazdan 3 sagat öňinçä iýiň.

Ýatmazdan ozal şulardan saklanyň: doňuz eti, peýnir, şokolad, baklajan, pomidor we ýeralma. Olarda tiramin — beýni işjeňligini höweslendirýän, noradrenaline öwrülýän aminokislotasy bar.

Esasanam, günortan kofein saklaýan önümleri sarp etmegiňizi çäklendiriň. Kofeiniň diňe bir kofede däl, eýsem şokoladda, gara çaýda we käbir sakgyçlarda hem bardygyny ýadyňyzdan çykarmaň.

Sagdyn uky, saglygyňyzyň açarydyr! Bu iýmitleri rasionyňyza goşmak bilen, özüňize üns berip, sagdyn, kadaly ukudan lezzet alyp bilersiňiz.

Peýdalanylan çeşmeler: blog.liebherr.com
12
112
smiling_
08.09.2024 13:05
Gije garalyga siñen...


Gije garalyga siñen,
Şöhlesi unudylan,
Aýyñ ýañagyndaky menekleri ogşan,
Gözlerim...
Düýşdekäñ ukla!
Goý seni unutsynlar,
Oýananyñda ýalkym saçmagyñ üçin,
Eçil!
Jomartlyk senden galsyn.
Ýat bolsañam soñ - soñlar
Rowaýata giren Hatam bolarsyñ!
Diñlener.
Ýeñlär üstüñde ýüküñ,
Gözlerim!
Dirikäñ,
Unudylsañ kyn!


-- Remezan Mämetgurbanow
19
362
smiling_
07.09.2024 21:05
Ömrüm!
Saralypsyñ.
Çalarypdyr saçlaryñ.
Pessaýlapdyr lagtalanan ýüregim
Men ejiz,
Ejir bilen doguldym.
Dünýäni ýüregimde göterip,
Dünýäniñ içine siñip gitdim men!
Hazynamy gözledim men asmandan,
Galanyny ýer astynda tapdym men.
Çekeledim,
Üzlem - saplam arzuwlam,
Ýele sowrup,
Unutdum dünýäni,
Ömrüm!
Ýitdi ýüregim!


--- Remezan Mämetgurbanow
20
74
smiling_
07.09.2024 14:25
«...Güýz bolsa saralýar ýaprak»: güýz barada 15 täsin fakt.

Gurbannazar şahyr «Güýz diýilen zada gutarma ýokdur...» diýýär. Ýylyň iň bir göwnüňe aram berýän, kalbyň çuňluklaryna aralaşyp, arassa howasy, pikire berlen ynsan mysaly bütin durky bilen ýaşaýşyň manysyna bolan garaýşyňy hasyl edýän döwri. Bu pasyl hemme ýer ajaýyp, ol duýgularyň konsentrasiýasy: ýagty güýz reňkine reňklenen baglar; ähli aladalaryňy edil suw ýaly ýuwýan ýagyş...

«Turkmenportalyň» bu möwsümiň özboluşly häsiýeti dogrusynda ýetirýän gyzyklydan täsin maglumatlary onuň pessaý heňli aýdyma çalymdaş dünýäsine gaplaýan atmosferasyny duýmaga mümkinçilik berse gerek.

1. Amerikan alymlary barlag geçirip, bu pasylda doglan adamlar beýleki aýlarda doglanlardan uzak ýaşaýarlar diýen netijä geldiler. Ýogsam, olaryň statistik deduksiýasyndan gelip çykýan netije köp ýyl bolmasa-da, hakykata ýakyndyr. Bu ýagdaýyň sebäbi bolsa häzire çenli nämälim hasaplanýar.

2. Günorta ýarym şarda pasyllar Demirgazyk ýarym şardakynyň tersinedir. Şonuň üçinem, Günorta ýarymdaky ýurtlar üçin güýz aýlary — mart, aprel hem-de maý aýlarydyr.

3. Geçirilen barlaglaryň netijelerine laýyklykda, adamlar güýz paslynda has köp aladalanýarlar, ýygy-ýygydan howsala düşýärler.

4. Güýz depressiýasy — güýz pasly düşýän ýurtlaryň ilatynyň 5%-iniň bu dertden ejir çekýäni doly tassyklanan hakykatdyr.

5. Ýeriň ekwatorial çägindäki ýerlerde güýz pasly ýokdur. Bu çäkdäki ýurtlaryň hemmesinde diýen ýaly her ýylda şol bir pasyl — tomus höküm sürýär.

6. Statistiki maglumatlaryň görkezişi ýaly, güýz durmuş toýlarynyň iň köp bellenilýän möwsümidir.

7. «Güýz» sözi köp sanly halklaryň dilinde gelip çykyşy boýunça «hasyl möwsümi» diýmegi aňladýar.

8. Güýz paslynda baglaryň ýapraklary günüň kem-kem gysgalýandygy, sowuk howanyň ýakynlaýandygy üçin saralýar. Ýapraklaryň ýaşyl reňkde bolmagyny üpjün edýän hlorofil öndürilmegini bes edýär we ýapraklara sary, mämişi we gyzyl reňk berýän beýleki pigmentler görünýär.

9. Güýzde ýapraklaryň dökülmegi. Güýzüň gelmegi bilen agaçlar ýapraklaryny «iýmitlendirmek» üçin ýeterlik çyglylyk alyp bilmeýärler. Özlerini halas etmek we iýmitlenmek, ýokumly maddalary saklamak üçin olar ýapraklaryň birleşýän ýerini ýapmaly bolýarlar, netijede ýapraklar gurap, şahadan gaçýar.

10. Astronomik güýz pasly adaty senenamadan 3 hepde giç düşýär.

11. Güýz paslynda ýol ulag hadysasy köp bolýar. Munuň sebäbi, bu möwsümde ýere düşýän ýapraklaryň ulagyň tekerlerini 10 esse köp taýdyrýandygy bilen baglydyr.

12. Güýz paslynyň gün deňleşmesi 22-23-nji sentýabra gabat gelýär.

13. Beýleki pasyllar bilen deňeşdirilende, güýz paslynda maşgalalar az aýrylyşýarlar.

14. Statistikadan görnüşi ýaly, güýz aýlarynda doglan çagalaryň immuniteti çydamly bolýar.

15. Syýahatçylaryň pikiriçe, iň täsir galdyryjy, ajaýyp güýz pasly Gündogar Kanadada we Täze Angliýada bolýar. Bu ýerler başga ýerlerde seýrek duş gelýän owadan gülleri bilen meşhurdyr.

Şulardanam görnüşi ýaly, güýz — duýgularyň pasly, onda tebigat hem-de özüň barada köp sanly gyzykly zatlary bilmek bolýar. Güýz size diňe bir gözellik we rahatlyk däl, eýsem saglyk we uzak ömür hem berip biler. Güýz döredijiligiňizi açmaga we özüňizi tapmaga kömek edip biler. Güýz söýgiňizi we maşgalaňyzy täze umytlara ýetirip biler. Güýz, bagtly bolmagyň möwsümidir!


Çeşme: vivareit.ru; top10a.ru
13
42
smiling_
06.09.2024 18:57
«Günorta Afrika hanymy» gözellik bäsleşiginde ilkinji gezek gulagy eşitmeýän zenan ýeňiji boldy.
14.08.2024

28 ýaşly model we marketing boýunça menejer Mia le Ru "Günorta Afrika hanymy" adyny alan ilkinji eşitmeýän zenan boldy diýip, BBC habar berýär.

Minnetdarlyk sözünde le Ru gazanan ýeňşiniň özüni jemgyýetden üzülen duýýanlara "iň arzyly isleglerini" hasyl etmäge kömek etjekdigine umyt bildirdi. Ol şeýle hem maliýe taýdan üzňeleşdirilen we mümkinçiligi çäkli adamlara kömek etmäge meýillerini beýan etdi.

«Günorta Afrikadan eşitmeýän zenan bolanym üçin buýsanýan. Jemgyýetden üzňe bolmagyň neneňsidigine oňat düşünýän. Özümiň bu dünýä serhetleri aradan aýyrmak üçin gelendigime göz ýetirdim, men hut şeýle hem etdim" diýip, gözellik täjiniň eýesi aýtdy.

Le Ru bir ýaşynda wagty eşidişden mahrum bolupdyr. Oňa sesleri kabul etmäge kömek edýän kohlear implant oturdylypdyr. Logoped bilen iki ýyllap türgenleşikden soň, ol gürlemegi öwrenipdir.
17
253
smiling_
06.09.2024 13:49
Dünýäde iň uly Starship raketasynyň partlamagy ilkinji gezek atmosferada deşik döretdi.

Alymlar ionosferada raketanyň ýarylmagy netijesinde dörän taryhda ilkinji deşigi ýüze çykardylar. 2023-nji ýylyň noýabr aýynda dünýäde iň uly raketa bolan SpaceX kompaniýasyndan Starship-iň ýarylmagy atmosferanyň ýokarky gatlaklarynda wagtlaýyn deşigiň döremegine getirdi diýip, Live Science ýazýar.

Görkezilen güni Starship raketasy ikinji synag uçuşyna ugrady, ýöne uçuşdan 8 minut soň raketanyň iki basgançagy-da, takmynan, 150 km belentlikde ýaryldy. Bu hem, adatça, gazlaryň ionlaşyp, plazma öwrülýän ýeri bolan ionosferada deşigiň döremegine sebäp boldy. Alymlaryň pikiriçe, ýarylmadan gelen zarba tolkuny ionosferadaky erkin elektronlary wagtlaýyn dargadyp, plazmanyň adaty häsiýetlerini ýitiren bolmaly.
Geophysical Research Letters žurnalynda çap edilen ylmy gözlege görä, deşik 40 minut töweregi dowam edip, soňra ýitdi.
Öň, ionosferada deşikler diňe raketa ýangyjynyň täsiri bilen döreýärdi, ýöne bu gezekki deşik ýarylma netijesinde ýüze çykan ilkinji ýagdaý boldy. Hünärmenler hadysanyň Ýeriň atmosferasyndaky proseslere has gowy düşünmek üçin mundan beýläk hem öwrenmegi talap edýändigini belleýärler.
16
29
smiling_
06.09.2024 07:57
Gazagystan Türkmenistandan 225 million kub metrden gowrak tebigy gazy import etdi.

Gazagystan 2024-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Türkmenistandan umumy bahasy 55 million amerikan dollaryndan gowrak bolan tebigy gazy import etdi. Bu barada Gazagystanyň Milli statistika we döwlet girdejileri edarasy habar berdi.

Hasabat döwründe Gazagystan tebigy gazyň importyny 3,2 esse azaldyp, «mawy ýagyjyň» 1 milliard kub metrden gowragyny satyn alypdyr. Şonuň 841,4 million kub metri Russiýa Federasiýasynyň, 226,3 million kub metri bolsa Türkmenistanyň paýyna düşýär. Ýeri gelende bellesek, Gazagystanyň Türkmenistandan import eden tebigy gazynyň umumy bahasy 55,3 million amerikan dollaryna barabar bolupdyr.

Çeşmäniň bellemegine görä, Gazagystan şu ýylyň deslapky 5 aýynda 773,6 million kub metr tebigy gazy eksport edipdir. Eksport edilen tebigy gazyň ählisi Hytaýa iberilipdir.
14
20
smiling_
05.09.2024 19:48
Döner-kebabyň gelip çykyşy baradaky jedel gyzyşýar.


Germaniýa bilen Türkiýäniň arasynda milli naharlar, aýratyn hem döner-kebabyň gelip çykyşy barada jedeller gyzyşýar. Olar öz milli aşhanasyna juda aýawly garaýarlar diýip, «Bloomberg» neşirine salgylanýan «rg.ru» ýazýar.

Iýulda Stambuldaky Dönerleriň halkara federasiýasy Ýewropa Bileleşigine dik gowrulýan we kese kesilýän etli kotletleriň taýýarlanyşy boýunça berk ölçegleri girizmek baradaky talapnama bilen ýüz tutdy. Eger garbanyşhanalar we dükanlar bu tagam taýýarlanyş düzgünlerini berjaý etmeseler, olar öz önümlerini döner ýa-da döner-kebap diýip atlandyryp bilmezler.

Germaniýa muňa garşylyk bildirdi, sebäbi bu ýurtdaky etniki türkler döneri meksikalylardyr grekler ýaly al-pastor we giros diýen atlar bilen dürli görnüşde müşderilere hödürläp, meşhur tagama öwürdiler.

Hünärmenleriň köpüsi döner-kebabyň Germaniýanyň milli tagamyna öwrülendigini aýdýarlar. Ýurtdaky etniki türkleriň birnäçesi bolsa, Türkiýede has belli bolan çörege dolanan etli kebapdan tapawutly bolan kebaply sendwiçi (doner im brot) özleriniň ilkinji bolup tapandyklaryny aýdýarlar. Germaniýada bu sendwiç 1970-nji ýyllarda ýaýrap başlady. Kopengagende, Londonda we beýleki german däl şäherlerde “nemes dönerlerini” satýan dükanlar bar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň talapnamasy oňlanan ýagdaýynda nemes döner-kebap dükanlarynyň müňlerçesi adyny üýtgetmeli bolar hem-de bu pudagyň her ýyllyk 7 mlrd ýewro girdejisine täsir edip biler. Şunda mahabat we dükanlaryň adynyň üýtgedilmegi üçin köp pul sarp etmeli bolar.
13
294