smiling_
06.09.2024 07:57
Gazagystan Türkmenistandan 225 million kub metrden gowrak tebigy gazy import etdi.

Gazagystan 2024-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Türkmenistandan umumy bahasy 55 million amerikan dollaryndan gowrak bolan tebigy gazy import etdi. Bu barada Gazagystanyň Milli statistika we döwlet girdejileri edarasy habar berdi.

Hasabat döwründe Gazagystan tebigy gazyň importyny 3,2 esse azaldyp, «mawy ýagyjyň» 1 milliard kub metrden gowragyny satyn alypdyr. Şonuň 841,4 million kub metri Russiýa Federasiýasynyň, 226,3 million kub metri bolsa Türkmenistanyň paýyna düşýär. Ýeri gelende bellesek, Gazagystanyň Türkmenistandan import eden tebigy gazynyň umumy bahasy 55,3 million amerikan dollaryna barabar bolupdyr.

Çeşmäniň bellemegine görä, Gazagystan şu ýylyň deslapky 5 aýynda 773,6 million kub metr tebigy gazy eksport edipdir. Eksport edilen tebigy gazyň ählisi Hytaýa iberilipdir.
13
20
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.