smiling_
05.09.2024 19:48
Döner-kebabyň gelip çykyşy baradaky jedel gyzyşýar.


Germaniýa bilen Türkiýäniň arasynda milli naharlar, aýratyn hem döner-kebabyň gelip çykyşy barada jedeller gyzyşýar. Olar öz milli aşhanasyna juda aýawly garaýarlar diýip, «Bloomberg» neşirine salgylanýan «rg.ru» ýazýar.

Iýulda Stambuldaky Dönerleriň halkara federasiýasy Ýewropa Bileleşigine dik gowrulýan we kese kesilýän etli kotletleriň taýýarlanyşy boýunça berk ölçegleri girizmek baradaky talapnama bilen ýüz tutdy. Eger garbanyşhanalar we dükanlar bu tagam taýýarlanyş düzgünlerini berjaý etmeseler, olar öz önümlerini döner ýa-da döner-kebap diýip atlandyryp bilmezler.

Germaniýa muňa garşylyk bildirdi, sebäbi bu ýurtdaky etniki türkler döneri meksikalylardyr grekler ýaly al-pastor we giros diýen atlar bilen dürli görnüşde müşderilere hödürläp, meşhur tagama öwürdiler.

Hünärmenleriň köpüsi döner-kebabyň Germaniýanyň milli tagamyna öwrülendigini aýdýarlar. Ýurtdaky etniki türkleriň birnäçesi bolsa, Türkiýede has belli bolan çörege dolanan etli kebapdan tapawutly bolan kebaply sendwiçi (doner im brot) özleriniň ilkinji bolup tapandyklaryny aýdýarlar. Germaniýada bu sendwiç 1970-nji ýyllarda ýaýrap başlady. Kopengagende, Londonda we beýleki german däl şäherlerde “nemes dönerlerini” satýan dükanlar bar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň talapnamasy oňlanan ýagdaýynda nemes döner-kebap dükanlarynyň müňlerçesi adyny üýtgetmeli bolar hem-de bu pudagyň her ýyllyk 7 mlrd ýewro girdejisine täsir edip biler. Şunda mahabat we dükanlaryň adynyň üýtgedilmegi üçin köp pul sarp etmeli bolar.
12
291
zarina_
Saturday 08:10 wagtda
@smiling_, awtobusda bela barmu
smiling_
Friday 18:14 wagtda
@zarina_, Menem şu gün ýadadym passporda awtobusly gitmeli bolduk ejem bilen oñ içini daş etsin 🙄😄
zarina_
Friday 14:48 wagtda
@smiling_, mena yadow su gunler
zarina_
Friday 14:48 wagtda
@smiling_, 🤣🤣
smiling_
Friday 14:07 wagtda
@zarina_, sebäbi olar ýaly zat ýok özleri kellelerine görä edip ýörler 🙃
zarina_
Friday 14:03 wagtda
@smiling_, haaaa bizde cykmady o gurrun hali
smiling_
Friday 12:31 wagtda
@Karaleva_, Hawa. Meni ara sokmañ 😐
Karaleva_
Friday 12:30 wagtda
@smiling_, özi yazmasa pozdum nomerinı hökman däl girip goraysin dogry dami
smiling_
Friday 12:30 wagtda
@Karaleva_, Yok girenok beyleki menä göremok ayday sey diyde
Karaleva_
Friday 12:29 wagtda
@smiling_, Girenok oýutyan ol sol barada zat sorajak dp
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.