smiling_
08.09.2024 19:32
Asylly türkmen gyzlary.


Jynsy geýmek, kada boldy,
Asylly türkmen gyzlara.
Maşyn sürmek moda boldy,
Asylly türkmen gyzlara.

Oglan bilen gürleşerler,
Söýýän diýip sözleşerler.
Sähel zada söwüşerler,
Asylly türkmen gyzlary.

Ýüzünde akar boýagy,
Daýow ýigitdir soragy.
Indi almazlar oragy,
Asylly türkmen gyzlary.

Internetdan taý gözlärler,
Garyp däl-de, baý gözlärler.
Gymmat altyn şaý gözlärler,
Asylly türkmen gyzlary.

Eneden öwüt almazlar,
El işi ýada salmazlar.
Bahana tapman galmazlar,
Asylly türkmen gyzlary.

Hançik öýlenmedik wagtyñ,
Nowjuwan owadan çagtyñ.
Kim açarka meniñ bagtym,
Asylly türkmen gyzlary.


--- Hangeldi Orazmyradow
17
189
ideallider
8 Sentýabr 2024
@enes_∞, "Tokaýy otla a:t gazan" diýilýän jümläni şuňa aýtmaly. Başgaçasy "Guýy hapala a:t gazan" diýleni bolýar.
ideallider
8 Sentýabr 2024
@enes_∞, ýok asyllydäl. Türkmeniň milli-lybasyny masgaralap, geçmiş-gymmatlyklarymyzy depeleýän akylsyz!
Tayler
8 Sentýabr 2024
@smiling_, Ýo, durubersin. Prosta pikirimi aýtdym
Tayler
8 Sentýabr 2024
Şular ýaly goşgulary halamok
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.