smiling_
06.09.2024 13:49
Dünýäde iň uly Starship raketasynyň partlamagy ilkinji gezek atmosferada deşik döretdi.

Alymlar ionosferada raketanyň ýarylmagy netijesinde dörän taryhda ilkinji deşigi ýüze çykardylar. 2023-nji ýylyň noýabr aýynda dünýäde iň uly raketa bolan SpaceX kompaniýasyndan Starship-iň ýarylmagy atmosferanyň ýokarky gatlaklarynda wagtlaýyn deşigiň döremegine getirdi diýip, Live Science ýazýar.

Görkezilen güni Starship raketasy ikinji synag uçuşyna ugrady, ýöne uçuşdan 8 minut soň raketanyň iki basgançagy-da, takmynan, 150 km belentlikde ýaryldy. Bu hem, adatça, gazlaryň ionlaşyp, plazma öwrülýän ýeri bolan ionosferada deşigiň döremegine sebäp boldy. Alymlaryň pikiriçe, ýarylmadan gelen zarba tolkuny ionosferadaky erkin elektronlary wagtlaýyn dargadyp, plazmanyň adaty häsiýetlerini ýitiren bolmaly.
Geophysical Research Letters žurnalynda çap edilen ylmy gözlege görä, deşik 40 minut töweregi dowam edip, soňra ýitdi.
Öň, ionosferada deşikler diňe raketa ýangyjynyň täsiri bilen döreýärdi, ýöne bu gezekki deşik ýarylma netijesinde ýüze çykan ilkinji ýagdaý boldy. Hünärmenler hadysanyň Ýeriň atmosferasyndaky proseslere has gowy düşünmek üçin mundan beýläk hem öwrenmegi talap edýändigini belleýärler.
16
29
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.