sh_shamko_
14.03.2022 17:12
Ýigrimi sekiz ýyl bolupdyr ýygnanyňa milletiňi
Emma entägem üzenok perzentleriň minnetini
Haçan agzalalyk atly belalardan ürkmen diýjek
Ýomut,Teke,Nohur dälde kim diýlende Türkmen diýjek

Haçan Balkan Ahal baryň byrdyr meniň ussam diýjek
Mary Lebap Daşoguz däl ýurduň Türkmenistan diýjek
Haçan Murgap Amyderýa ýeke hana bilen akjak
Haçan şatyr marruh sözüni aýlap aňyryňa sokjak
Bir Gimini aýdym edip biz dälmi kasam içen
Bir birege dogan diýip aýdyň gatnaşarys haçan


Awtor:Bilemok

Diňe şul bölejgini bilýän ýatdan
13
87
sh_shamko_
sh_shamko_
13.03.2022 00:10
Diýme maňa hoş sag bol janym✨ Ýene kim bilýä görşerismi aýym🌛 Söýýänim ýok sen bilseň ýarym❤️ Päk söýgüme bolmaý sen zalym🍂 Gowy günlerdi😔🍂
sh_shamko_
12.03.2022 00:45
Özüň günäkär

Saýladyň maşyny baýlygy puly
Men bolsa bolypdym söýgüniň guly
Bagta ters ýörediň ýalňyşdyň uly
Ýalňyşanyňa janym özüň günäkär

Lebizim lebizdi wadamda wepam
Sözüne ynandyň bir gany hapaň
Dowzahyň bölegi çekýänje jepaň
Çekeniňe janym özüň günäkär

Izadan elimi özüň tutmadyň
Toý ýeriňi uzak ýerden gutladym
Git diýen güniňi hiç unutmadym
Diýeniňe janym özüň günäkär

Indi garap aglama her dem
Seň derdiňi deň çekýär bu ejiz gerden
Başga bilen gaýtdyň bu arzyly ýerden
Gaýdanyňa ýarym özüň günäkär...
14
85
sh_shamko_
11.03.2022 00:36
Erbetlik bolmasady,gowylygyñ manysy yiterdi !!


Dogrymy ya yalnysmy? Teswirlerinize garasyan
10
96
sh_shamko_
10.03.2022 00:02
𝑵𝒆𝒏𝒆𝒏 𝒈𝒐𝒘𝒚 𝒂𝒓𝒛𝒖𝒘𝒍𝒂𝒓 𝒖𝒄𝒊𝒏 𝒚𝒐𝒍 𝒂𝒄𝒚𝒌
𝑩𝒊𝒓 𝒑𝒖𝒓𝒔𝒂𝒕𝒍𝒚𝒌 𝒃𝒖 𝒐𝒎𝒖𝒓𝒅𝒆 𝒂𝒛𝒂𝒋𝒚𝒌
𝑼𝒍𝒂𝒍𝒔𝒂𝒏𝒂𝒎 𝒌𝒂𝒕𝒆 𝒃𝒐𝒍𝒖𝒑 𝒄𝒂𝒈𝒂𝒋𝒚𝒌
𝑲𝒖𝒚𝒔𝒂𝒏𝒊𝒏𝒅𝒆 𝒈𝒖𝒋𝒂𝒈𝒚𝒏𝒅𝒂 𝒚𝒂𝒚𝒏𝒂𝒔𝒂𝒏
𝑬𝒋𝒆𝒏 𝒃𝒐𝒍𝒔𝒂 𝒅𝒂𝒏𝒋𝒊𝒓𝒆𝒔𝒆𝒏 𝒂𝒚𝒏𝒂𝒔𝒂𝒏

𝑩𝒊𝒍𝒎𝒆𝒔𝒆𝒏 𝒆𝒏𝒂𝒏𝒊𝒏 𝒎𝒂𝒉𝒓𝒊𝒏𝒅𝒆𝒏 𝒈𝒂𝒏𝒚𝒑
𝑲𝒂𝒕𝒆 𝒈𝒂𝒎 𝒃𝒂𝒔𝒂𝒏𝒅𝒂 𝒈𝒂𝒍𝒂𝒓𝒔𝒚𝒏 𝒅𝒐𝒏𝒖𝒑
𝑪𝒂𝒍𝒂𝒓𝒚𝒂𝒏 𝒃𝒂𝒔𝒚𝒏𝒚 𝒈𝒖𝒓𝒔𝒂𝒈𝒚𝒏𝒂 𝒈𝒐𝒚𝒖𝒑
𝒀𝒆𝒕𝒎𝒆𝒛 𝒚𝒆𝒓𝒊𝒏 𝒆𝒋𝒆𝒏 𝒃𝒊𝒍𝒆𝒏 𝒔𝒂𝒏𝒂𝒔𝒂𝒏
𝑬𝒋𝒆𝒏 𝒃𝒐𝒍𝒔𝒂 𝒆𝒛𝒊𝒛𝒍𝒆𝒔𝒆𝒏 𝒈𝒂𝒏𝒎𝒂𝒔𝒂𝒏

𝑩𝒖 𝒅𝒖𝒓𝒎𝒖𝒔𝒂 𝒅𝒖𝒔𝒖𝒏𝒎𝒆𝒔𝒆𝒏 𝒅𝒐𝒍𝒚 𝒔𝒆𝒏
𝑩𝒊𝒓 𝒈𝒐𝒓𝒔𝒆𝒏 𝒔𝒂𝒈 𝒃𝒊𝒓 𝒈𝒐𝒓𝒔𝒆𝒏𝒆𝒎 𝒅𝒂𝒍𝒊 𝒔𝒆𝒏
𝑩𝒂𝒓 𝒅𝒆𝒓𝒅𝒊𝒏𝒅𝒆𝒏 𝒅𝒚𝒏𝒚𝒑 𝒈𝒊𝒕𝒋𝒆𝒌 𝒚𝒂𝒍𝒚 𝒔𝒆𝒏
𝑺𝒆𝒄𝒆𝒍𝒆𝒏𝒆𝒏𝒅𝒆 𝒈𝒐𝒛 𝒚𝒂𝒔𝒍𝒂𝒓𝒚𝒏 𝒅𝒂𝒏𝒆𝒔𝒊𝒏
𝑬𝒋𝒆𝒏 𝒃𝒐𝒍𝒔𝒂 𝒈𝒖𝒋𝒂𝒈𝒚𝒏𝒅𝒂 𝒂𝒈𝒍𝒂𝒔𝒂𝒏...

❤️
12
149
sh_shamko_
09.03.2022 02:01
Bagtlymyň

Bagtlymyň juda bilesim gelýär
Ýa durmuşda agzalýarmyka henizem
Mähriban gözleriňi küýseýän käte
Ters täleýe kaýyl bolman henizem

Gör näçe ýyl geçipdir sensiz ýarym
Galan ömrümede şu günim bolýar
Ýöne käte seni bagryma basyp
Ynanaý Şeýle bir aglasym gelýär

Mekan Toýlyýew
18
155
sh_shamko_
08.03.2022 00:10

Gara ýeriň üstünde,
Gök asmanyň astynda,
«Heleý» diýilýän sözi
Kim tapdyka aslynda?

Ol sözi ilki tapan
Ne-hä daýhan, ne çopan.
Diýýärler: ilki sapar
Ol gödek sözi tapan
Kyrka çenli kyrk sapar
Öýlenen Ýekegapan.

Gyzyl göz Ýekegapan,
Han ogly Ýekegapan
Gujagna getirlende
Garyp gyz Ogulsapar,
Onuň adyn tutmagy-da
Kemlik saýyp özüne,
«Bärik gel-eý!» diýenmiş
Öz öýlenen gyzyna.

Şeýdip ýuwaş-ýuwaşdan
Üýtgeşip «gel-eý!» sözi,
Gara günli ülkämizde
Döränmiş «heleý» sözi...

Garyp gyz Ogulsapar,
Naçar gyz Ogulsapar,
Sen täzeden dogulsadyň,
Wah, ýene-de bir sapar.

«Ogulsapar jan» bolardy
Bu gün seniň lakamyň.
Saňa «Gel-eý! Gel-eý!» diýip,
«Heleý» adyn dakanyň
Özlerine gowşurdyk
Öz döreden adyny.
Bu gün arşa ýetirdik
Gelin-gyz şöhratyny.

Bu gün gelin-gyzlarmyz
Jahan bile garyşýar,
Bilbil bilen bäsleşýär,
Keýik bilen ýaryşýar.

Bu gün biziň aýallarmyz
Durna bolup daranýar.
Altmyş ýaşa ýetende-de
Gelin bolup görünýär.

...Görk goşuldy gelin-gyzlaň
Gözlerine, ýüregne.
Müňläp Ogulsaparlaň
Aglanynyň deregne
Bu gün olar paý alýar
Şatlyk bilen gülküden.
...Gülüň, gülüň, keýpden çykyň
Bu şadyýan ülkede.

Gülüň! Gülüň!
Gülkiňizden
Gözleriňiz ýaşarsyn.
Siziň göwnüňize degsek,
Goý, agzymyz gyşarsyn.

Ýöne sizem ýarlarňyzyň
Degmäweriň göwnüne.
Erkekleň hem işi ýetik,
Sanjy bolmaň böwrüne.

Kerim Gurbannepesow

Zenanlar hemmäňizi ýetip gelen 8 nji mart baýramyňyz bn gutlaýan hemmäňiziň güler ýüzüňiz solmasyn hiç wagt aglamaň gynanmaň şul owadanlygyňyz ýaly durmuşyňyzam özüňiz ýaly gaty owadan bolsyn. Nesip bolsa Allajan öz saýlap alan ýaryňyz bilen gaty bagtly bolyň size diýmäne wasp etmäne dünýäň hemme sözlerinem bir ýere getirsek siziň waspyňyzy etmäge ýetmeýä...
Gutlamak bn:#Myrat Seýtmämmedow.
18
218
sh_shamko_
07.03.2022 00:09
Dowamy...

Ýene içerde eneleriň diýeni boldy. Bu gezek Berkeli Amansoltana hiç zat
tabşyrjagam bolmady. Ol aýdylaýjak ownuk tabşyryklara aňryýany bilen
düşünýärdi. Tuwak eje-de gelniniň elini sowuk suwa urdurmazlyga çalyşýardy.
Hatda öýdäki biş-düşe-de özi ýetişjek bolardy. Han gelinsiremek nire –
Amansoltanyň muňa gaýta kejebesi daralardy. „Enesi, beýtseňiz, men beter
bolýan” diýip, gaýnyna nägileligini aňdyrardy. Emma, Tuwak ejäňki ýürekdendi. Il
örmänkä hamyryny ýugrup basyryp goýýardy. Ilerki çeşmeden getirmeli suwy
bedireleň kiçirägi bilen iküç gatnap, özi getirerdi. Mal-garaň ýanyna-ha gelnini
öňem eltmändi, ind-ä asylam eltmeýärdi. Gözüne ullakan äýnegini dakynyp
elinden Magtymgulusyny düşürmeýän gaýn atasam elinden gelenjesini ederdi.
Odun-çöpüň ownugyraklaryny bölekleşdirip goýardy.
Öňki iki bäbekde-de özüni günäli ýaly saýýan, obaň göbekenesi Annagözel ejäňem
bir aýagy olardady. Her gezegem: „Geçip barýan, sowulaýdym” diýip gelerdi. Bar
aladasam Amansoltan.
- Gelin, göwrümiňi giň tutgun. Alla berjek bolsa derýasynda kändir. Bu yhlasyňa
ol senem boş goýmaz.
- Wah, enesi bir ýerde oturyp bilenok. Beýtseň erkeklerem aljyradýaň diýibem
çykdym. Çete çykýa-da aglaberýä...
- Haý gelin, sen bilmersiň oň çeken jebirlerini... Tutha-tutluk, açlyk. Kakasyny,
gaýyn atasyny bir günde sürgün etdiler. Durmadyk çagasynyň sanyny aýtsam
ynanmarsyň. Gaýnataňy urşa alanlarynda ýeke ogly Berkeli bilen galdy. Alla jan
beterinden saklasyn. Birim bar müňim bar diýip, saňa gözlerini dikip oturandyrlar.
Tüweleme şu gezek bäbegiň ugry düzüw. Inşalla, inşalla.
Şol arada gapydan giren Tuwak ejä söýünç bilen garap:
- Boýdaş jan, şu gezek Alla ýüzüňizi güldürjek ýaly – dýdi.
- Şeýle bolsun-da...
Tuwak eje bu gezek tas hemme kişiň gözüniň alnynda aglapdy. Emma bir ýerden
gelen gaýratyna daýanyp, gaýta ýylgyrdy, „Çaý äbereýin” diýdi. Ýöne Annagözel
ejäň şol gyssanmaçlygy. O planylaň gelninem görmeli diýip, uzak eglenmän çykyp
gitdi. Tuwak eje: „Annagözel bilýändir. Sen zady gaýgy etmegin. Berkelä-de
ýuwaşlyjak bilen aýdyp, onam begendiräý. Men aýtsam özünden tapýandyr diýer”
diýip, bu habara begenjinden näme işläp ýöreninem bilmän daşaryk çykdy.
Bäbegiň dünýä inmeli güni barha ýakynlaýardy. Annagözel eje näme diýse-de,
Amansoltan böwrüni diňlemesini goýanokdy, aladasy gün geçdikçe artýardy. Bu
gün onuň haly hasam beterleşdi. Berkeliň „Şäheriň bäbekhanasyna äkideýin”
diiýmesine gelni razy bolmady. Berkeli barlaga äkidende-de ýaýda-ýaýdana
giderdi. Häzirem içinden: „Annagözel ejäň mylaýymlygy o taýdakylarda
barmydyr, ýokmudyr” diýip ikirjiňlendi. Üstesine-de şäher lukmanyna gidibem eli
boş geldi diýdiresi gelmedi. Öz ýanyndan, olaram biabraý edäýjek ýaly,
päkliginden gaýdýan sadalygy bilen adamsyna: „Öýi gowy görýän” diýdi. Dogry,
şol wagt Berkeli „Gidersiň” diýse, ýogam diýmezdi. Mundan bihabar Berkelem
içinden: „Özi göwnemese bolmaz” diýdi. Tuwak eje ýene Annagözel ejäň üstüne ylgamaly boldy.


Dowamy indikide nesip bolsa
10
114
sh_shamko_
06.03.2022 20:40
Hekaýa Eneler jomartdyr..

Tuwak ejäň gelni Amansoltanyň ýene aýagy agyrdy. Ilki ilkijesi, soň ikinjisem
durmansoň üçünji bäbejigiň dünýä injek güni ýakynlaşdygyça içerde howsala
artýardy. Her gezeginde ölüp direlýän Amansoltana Tuwak ejäň has haýpy gelerdi.
Ol ikinji bäbekden soň „Guzym, beýdip janyňy orta goýma. Il gowudyr, ogulluk
alaýrys” diýibem gördi. Emma, sesini çykarmaýan gelniniň niýeti bäbekdedi.
Gaýnynyň bir aýdanyny iki diýdirmeýän Amansoltanyň bu meselede aýak
diremeginiň aňyrsynda enelik, öz bäbegiňi huwwalamak islegem ýatsa ýtýardy
welin, onuň çökder ýeri gelin bolup gelen öýüniň ýaýarwyny dowam etdirmek diňe
onuň özünden çözülmelidi. Agtyga gözüm düşse bolýar diýip dileg edip ýören
garrylaryň armany ähli zatdan agyr geljekdi.
Bularyň baryny terziň bir gapdalyna goýup, beýleki tarapyna-da öz janyny goýan
Amansoltan bu gezegem birinjisini saýlapdy. Üçünji däl, bäşinji gezegem bolsa ol
şony saýlamaga ýaýdanjak däldi. Adamsy Berkeliň şäherli tanyş lukmanlary geçen
gezek bäbege jan girenden Amansoltany telim barlagdan geçiripdiler. Ýöne dünýä
injek çagaň ogulmy-gyzdygynam öňünden görkezip duran, häzirki ýaly üýtgeşik
enjamlar o döwürlerde ýokdy.
Berkeliň özüniň aýal ugrundan bolmasa-da, käriniň lukmandygy ýagdaýy has-da
çylşyrymlaşdyrýardy. Indiki dünýä injegiň hatyrasyna häzirki ýaşap ýöreniň
janyny howp astynda goýmaga onuň razy bolasy gelenokdy.
Kakasy Sähet aga ýaşlaryň durmuşyna kän goşulmazdy. Pikirini aýdanda-da gaty
seresaplydy. Diňe ejesi: „Nalaja galan bolsak başga gep. Nalaja-da goýmasynda,
oglum. Biz öz ýanyndan bir zatlary hasap ederis, eýtsek eýle bolaýmasyn, beýtsek
beýle bolaýmasyn diýeris, ahyrynda-da nesibämizdäkini göreris” diýip, gelniniň
tarapyny çalardy. Berkeli içinden: „Mundan beterm nalaçlyk bolarmy?” diýse-de,
ejesiniň „nesibeli” gürrüňi onuň barja hasabyny bulaşdyryp, näçe gündür aňynda
aýlap ýören pikirlerinde ikirjiňlenmäge mejbur edýärdi. Üstesine-de göni gelen
ajalyň öňünde luknaçylygyň nähili ejiz gelýändigini lukman bolansoň göre-göre
gelýärdi.

Dowamyny okasy gelýänler barmyka??
10
218