Dowamy...
Ýene içerde eneleriň diýeni boldy. Bu gezek Berkeli Amansoltana hiç zat
tabşyrjagam bolmady. Ol aýdylaýjak ownuk tabşyryklara aňryýany bilen
düşünýärdi. Tuwak eje-de gelniniň elini sowuk suwa urdurmazlyga çalyşýardy.
Hatda öýdäki biş-düşe-de özi ýetişjek bolardy. Han gelinsiremek nire –
Amansoltanyň muňa gaýta kejebesi daralardy. „Enesi, beýtseňiz, men beter
bolýan” diýip, gaýnyna nägileligini aňdyrardy. Emma, Tuwak ejäňki ýürekdendi. Il
örmänkä hamyryny ýugrup basyryp goýýardy. Ilerki çeşmeden getirmeli suwy
bedireleň kiçirägi bilen iküç gatnap, özi getirerdi. Mal-garaň ýanyna-ha gelnini
öňem eltmändi, ind-ä asylam eltmeýärdi. Gözüne ullakan äýnegini dakynyp
elinden Magtymgulusyny düşürmeýän gaýn atasam elinden gelenjesini ederdi.
Odun-çöpüň ownugyraklaryny bölekleşdirip goýardy.
Öňki iki bäbekde-de özüni günäli ýaly saýýan, obaň göbekenesi Annagözel ejäňem
bir aýagy olardady. Her gezegem: „Geçip barýan, sowulaýdym” diýip gelerdi. Bar
aladasam Amansoltan.
- Gelin, göwrümiňi giň tutgun. Alla berjek bolsa derýasynda kändir. Bu yhlasyňa
ol senem boş goýmaz.
- Wah, enesi bir ýerde oturyp bilenok. Beýtseň erkeklerem aljyradýaň diýibem
çykdym. Çete çykýa-da aglaberýä...
- Haý gelin, sen bilmersiň oň çeken jebirlerini... Tutha-tutluk, açlyk. Kakasyny,
gaýyn atasyny bir günde sürgün etdiler. Durmadyk çagasynyň sanyny aýtsam
ynanmarsyň. Gaýnataňy urşa alanlarynda ýeke ogly Berkeli bilen galdy. Alla jan
beterinden saklasyn. Birim bar müňim bar diýip, saňa gözlerini dikip oturandyrlar.
Tüweleme şu gezek bäbegiň ugry düzüw. Inşalla, inşalla.
Şol arada gapydan giren Tuwak ejä söýünç bilen garap:
- Boýdaş jan, şu gezek Alla ýüzüňizi güldürjek ýaly – dýdi.
- Şeýle bolsun-da...
Tuwak eje bu gezek tas hemme kişiň gözüniň alnynda aglapdy. Emma bir ýerden
gelen gaýratyna daýanyp, gaýta ýylgyrdy, „Çaý äbereýin” diýdi. Ýöne Annagözel
ejäň şol gyssanmaçlygy. O planylaň gelninem görmeli diýip, uzak eglenmän çykyp
gitdi. Tuwak eje: „Annagözel bilýändir. Sen zady gaýgy etmegin. Berkelä-de
ýuwaşlyjak bilen aýdyp, onam begendiräý. Men aýtsam özünden tapýandyr diýer”
diýip, bu habara begenjinden näme işläp ýöreninem bilmän daşaryk çykdy.
Bäbegiň dünýä inmeli güni barha ýakynlaýardy. Annagözel eje näme diýse-de,
Amansoltan böwrüni diňlemesini goýanokdy, aladasy gün geçdikçe artýardy. Bu
gün onuň haly hasam beterleşdi. Berkeliň „Şäheriň bäbekhanasyna äkideýin”
diiýmesine gelni razy bolmady. Berkeli barlaga äkidende-de ýaýda-ýaýdana
giderdi. Häzirem içinden: „Annagözel ejäň mylaýymlygy o taýdakylarda
barmydyr, ýokmudyr” diýip ikirjiňlendi. Üstesine-de şäher lukmanyna gidibem eli
boş geldi diýdiresi gelmedi. Öz ýanyndan, olaram biabraý edäýjek ýaly,
päkliginden gaýdýan sadalygy bilen adamsyna: „Öýi gowy görýän” diýdi. Dogry,
şol wagt Berkeli „Gidersiň” diýse, ýogam diýmezdi. Mundan bihabar Berkelem
içinden: „Özi göwnemese bolmaz” diýdi. Tuwak eje ýene Annagözel ejäň üstüne ylgamaly boldy.
Dowamy indikide nesip bolsa