sh_shamko_
08.03.2022 00:10

Gara ýeriň üstünde,
Gök asmanyň astynda,
«Heleý» diýilýän sözi
Kim tapdyka aslynda?

Ol sözi ilki tapan
Ne-hä daýhan, ne çopan.
Diýýärler: ilki sapar
Ol gödek sözi tapan
Kyrka çenli kyrk sapar
Öýlenen Ýekegapan.

Gyzyl göz Ýekegapan,
Han ogly Ýekegapan
Gujagna getirlende
Garyp gyz Ogulsapar,
Onuň adyn tutmagy-da
Kemlik saýyp özüne,
«Bärik gel-eý!» diýenmiş
Öz öýlenen gyzyna.

Şeýdip ýuwaş-ýuwaşdan
Üýtgeşip «gel-eý!» sözi,
Gara günli ülkämizde
Döränmiş «heleý» sözi...

Garyp gyz Ogulsapar,
Naçar gyz Ogulsapar,
Sen täzeden dogulsadyň,
Wah, ýene-de bir sapar.

«Ogulsapar jan» bolardy
Bu gün seniň lakamyň.
Saňa «Gel-eý! Gel-eý!» diýip,
«Heleý» adyn dakanyň
Özlerine gowşurdyk
Öz döreden adyny.
Bu gün arşa ýetirdik
Gelin-gyz şöhratyny.

Bu gün gelin-gyzlarmyz
Jahan bile garyşýar,
Bilbil bilen bäsleşýär,
Keýik bilen ýaryşýar.

Bu gün biziň aýallarmyz
Durna bolup daranýar.
Altmyş ýaşa ýetende-de
Gelin bolup görünýär.

...Görk goşuldy gelin-gyzlaň
Gözlerine, ýüregne.
Müňläp Ogulsaparlaň
Aglanynyň deregne
Bu gün olar paý alýar
Şatlyk bilen gülküden.
...Gülüň, gülüň, keýpden çykyň
Bu şadyýan ülkede.

Gülüň! Gülüň!
Gülkiňizden
Gözleriňiz ýaşarsyn.
Siziň göwnüňize degsek,
Goý, agzymyz gyşarsyn.

Ýöne sizem ýarlarňyzyň
Degmäweriň göwnüne.
Erkekleň hem işi ýetik,
Sanjy bolmaň böwrüne.

Kerim Gurbannepesow

Zenanlar hemmäňizi ýetip gelen 8 nji mart baýramyňyz bn gutlaýan hemmäňiziň güler ýüzüňiz solmasyn hiç wagt aglamaň gynanmaň şul owadanlygyňyz ýaly durmuşyňyzam özüňiz ýaly gaty owadan bolsyn. Nesip bolsa Allajan öz saýlap alan ýaryňyz bilen gaty bagtly bolyň size diýmäne wasp etmäne dünýäň hemme sözlerinem bir ýere getirsek siziň waspyňyzy etmäge ýetmeýä...
Gutlamak bn:#Myrat Seýtmämmedow.
18
218
Kenar
8 Mart 2022
Sagbolun! minnetdar.
MissBoss♕
8 Mart 2022
SeýtmämmedowMyrat,😉😉👌🏻👌🏻👌🏻
MissBoss♕
8 Mart 2022
SeýtmämmedowMyrat,👌🏻gyz doganynyzy gutlan onda
MissBoss♕
8 Mart 2022
SeýtmämmedowMyrat,waheeey bagyslan bilman yazanym ucin🥺
MissBoss♕
8 Mart 2022
SeýtmämmedowMyrat,näme boldy🥺
MissBoss♕
8 Mart 2022
SeýtmämmedowMyrat,sag boluň sizem ejeňizi uýaňyzy biziň adymyzdan gutlaň 😇
M,,,🙃
8 Mart 2022
SeýtmämmedowMyrat,gowy goşgy menem öňräk okapdym👍
M,,,🙃
8 Mart 2022
SeýtmämmedowMyrat,Gowy siz nahili ?
M,,,🙃
8 Mart 2022
Sagbolyn 👍👍THANK YOU VERY MUCH ✌️✌️
Guljeren
8 Mart 2022
SeýtmämmedowMyrat, ona bilemok belki yzarlayandyrlar

Mena ukym geldi. Sag bolun sag aman yatyp turun. Gijaniz rahat bolsun.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.