sh_shamko_
06.03.2022 20:40
Hekaýa Eneler jomartdyr..

Tuwak ejäň gelni Amansoltanyň ýene aýagy agyrdy. Ilki ilkijesi, soň ikinjisem
durmansoň üçünji bäbejigiň dünýä injek güni ýakynlaşdygyça içerde howsala
artýardy. Her gezeginde ölüp direlýän Amansoltana Tuwak ejäň has haýpy gelerdi.
Ol ikinji bäbekden soň „Guzym, beýdip janyňy orta goýma. Il gowudyr, ogulluk
alaýrys” diýibem gördi. Emma, sesini çykarmaýan gelniniň niýeti bäbekdedi.
Gaýnynyň bir aýdanyny iki diýdirmeýän Amansoltanyň bu meselede aýak
diremeginiň aňyrsynda enelik, öz bäbegiňi huwwalamak islegem ýatsa ýtýardy
welin, onuň çökder ýeri gelin bolup gelen öýüniň ýaýarwyny dowam etdirmek diňe
onuň özünden çözülmelidi. Agtyga gözüm düşse bolýar diýip dileg edip ýören
garrylaryň armany ähli zatdan agyr geljekdi.
Bularyň baryny terziň bir gapdalyna goýup, beýleki tarapyna-da öz janyny goýan
Amansoltan bu gezegem birinjisini saýlapdy. Üçünji däl, bäşinji gezegem bolsa ol
şony saýlamaga ýaýdanjak däldi. Adamsy Berkeliň şäherli tanyş lukmanlary geçen
gezek bäbege jan girenden Amansoltany telim barlagdan geçiripdiler. Ýöne dünýä
injek çagaň ogulmy-gyzdygynam öňünden görkezip duran, häzirki ýaly üýtgeşik
enjamlar o döwürlerde ýokdy.
Berkeliň özüniň aýal ugrundan bolmasa-da, käriniň lukmandygy ýagdaýy has-da
çylşyrymlaşdyrýardy. Indiki dünýä injegiň hatyrasyna häzirki ýaşap ýöreniň
janyny howp astynda goýmaga onuň razy bolasy gelenokdy.
Kakasy Sähet aga ýaşlaryň durmuşyna kän goşulmazdy. Pikirini aýdanda-da gaty
seresaplydy. Diňe ejesi: „Nalaja galan bolsak başga gep. Nalaja-da goýmasynda,
oglum. Biz öz ýanyndan bir zatlary hasap ederis, eýtsek eýle bolaýmasyn, beýtsek
beýle bolaýmasyn diýeris, ahyrynda-da nesibämizdäkini göreris” diýip, gelniniň
tarapyny çalardy. Berkeli içinden: „Mundan beterm nalaçlyk bolarmy?” diýse-de,
ejesiniň „nesibeli” gürrüňi onuň barja hasabyny bulaşdyryp, näçe gündür aňynda
aýlap ýören pikirlerinde ikirjiňlenmäge mejbur edýärdi. Üstesine-de göni gelen
ajalyň öňünde luknaçylygyň nähili ejiz gelýändigini lukman bolansoň göre-göre
gelýärdi.

Dowamyny okasy gelýänler barmyka??
10
218
Lilia_
18 Sentýabr 2023
1njy post😊
Gülhan
7 Mart 2022
SeýtmämmedowMyrat, manada peyda yok gidişp durmakdan. Prosta nädogry yol bilen tanaljak bolyan kişileri meň gözm gowy saýgarp durýada.
Gülhan
6 Mart 2022
SeýtmämmedowMyrat, arkasyndan gep etman yüzüne aydyanyma görä sen şol
Gülhan
6 Mart 2022
SeýtmämmedowMyrat,👍🏻 hatda öz özi bilen dost bolp yazyşan boldy.
Nepesowa
6 Mart 2022
...M..
Shir✍️
6 Mart 2022
Düşünensiñ indi!👍
Gülhan
6 Mart 2022
SeýtmämmedowMyrat, bolya ýalňyş düşünjede men👍🏻
Shir✍️
6 Mart 2022
Magtymguly söýle kyýamat nedir,erkekler ownasa kyýamat şodur,sen dost öz-özüñi abraýdan düşürýäñ,bu pende amal et.Indi goşulman!-👍
Shir✍️
6 Mart 2022
Ýeñilme😊🤦‍♂️
Shir✍️
6 Mart 2022
Гульхан,köpçülik diýýära dünýädäki iñ gowy adam kim?!-kiçi göwünlidir!😊
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.