sh_shamko_
12.03.2022 00:45
Özüň günäkär

Saýladyň maşyny baýlygy puly
Men bolsa bolypdym söýgüniň guly
Bagta ters ýörediň ýalňyşdyň uly
Ýalňyşanyňa janym özüň günäkär

Lebizim lebizdi wadamda wepam
Sözüne ynandyň bir gany hapaň
Dowzahyň bölegi çekýänje jepaň
Çekeniňe janym özüň günäkär

Izadan elimi özüň tutmadyň
Toý ýeriňi uzak ýerden gutladym
Git diýen güniňi hiç unutmadym
Diýeniňe janym özüň günäkär

Indi garap aglama her dem
Seň derdiňi deň çekýär bu ejiz gerden
Başga bilen gaýtdyň bu arzyly ýerden
Gaýdanyňa ýarym özüň günäkär...
14
85
Guljeren
12 Mart 2022
Gynancly yone gowy gosgy eken
MissBoss♕
12 Mart 2022
👏🏻👏🏻👏🏻👌🏻
Myhman Myhman
12 Mart 2022
SeyitmammetdowMyrat , Myrat inim bul gosgy doly gornusdemi doly gornisi bolsa hayal edman stdya baryp aydyma owurmek gerek

Margus , Awtory belli dal yaly
marguş
12 Mart 2022
Gowja goşgy eken awtory kim
.ೃ࿐⦑A⦒ý⦑n⦒⦑a⦒𓆩༢࿔ྀુ
12 Mart 2022
👏👏👏👏👏👏👌👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.