Sen-ä uly gyzdyň, zülpleri towly
Menem bir maşgalaň körpeje ogly
Men-ä "söýýän" diýip saýran bolardym
Senem monça bolup aýnan bolardyň
Hemişe gizlenip göz bilen dilden
Bileje ýörärdik gumsakly ýoldan
Ir säherden baryp atyzly pele
Ak pagta ýygardyk ikimiz bile.
Köp sorag bererdim, sebäp uludyň
Gül ülkämde gözelleriň gülüdiň
Degşip diýerdiň:"Basym ýigit bolarsyň,
Öýlenmekçi bolsaň meni alarmyň?"
Kyndy bu sowala kogap tapardan,
Oýlanýanyp görüp gözüň gypardyň
Köp pikir ederdim bolup haly teň
Diýerdiň:" Jogap ber-dä sowalyma meň!"
Jady gözleň aşygy men aşygy,
Çöne neýläýin çapraz gelýän ýaşymy
Taýyn baky öwrülmäge guluňa
Arman läläm ýaşyň menden uly-da.
Men ýigit çykýançam ynanaý, gülüm
Sen bolarsyň ençe çagaly gelin
Soň diýerdiň:"Ömrümiň ahyryna çen,
Garaşaryn meni aljagyň bilsem!".
Emma bu durmuşda etsegem göwün
Hasyl bolaýanok ähli arzuwyň
Käte söýen söýmedige çatylýa
Ykbal aty bizden bidin çapylýa
Aýra düşsek hergiz göwnüň galmasyn
Bir dilegim güler ýüzüň solmasyn
Ömür salgym şat durmuşda kürekle
Hem söýgimiz sakla baky ýürekde
Şeýdip bezediň sen özgäň törüni
Soň asla görmedik birek-biregi
Birwagt öwrüleňsoň göwün şadyma
Ynha bu gün düşdüň ýene ýadyma
Men-ä bir maşgalaň körpeje ogly,
Senem uly gyz dyň zülpleri towly