serdarowna
11.08.2023 23:45
Diýdiler\" Erkekden belentdir aýal!\"
\"O nämüçin?\" diýip berdiler sowal
Jogabyn berdiler \" Gutaryp ömrüň,
Ýagty dünýä bilen hoşlaşsaň bir gün
Aýal är ojagyn saklar- diýdiler,
Söýgiňi müň kerem haklar- diýdiler.
Çagalaryn iýdir, geýdir- diýdiler,
Şeýdip ýaş ömrüni köýdir- diýdiler.


Emma beýdip bilmez erkek- diýdiler
Bu babatda pesdir entek- diýdiler
Altmyşdan, ýetmişden geçse-de saly,
Gözlerin ýumdumy eziz aýaly
Ýatdan çykyp wepa-ygrar- diýdiler,
"Ikinjiň gözlegne ylgar!"diýdiler.
31
82
garik
12 Awgust 2023
Bu wagt goşgyñ tersine döwiri boldy
bayramgeldiyewarslan
12 Awgust 2023
🙋‍♂️❤
nurybet
12 Awgust 2023
Ertiriňiz haýyrly bolsun elwan gül ýaly Köpelsen öýňüzde bagytly gün doly Gül bolsun hemişe kalbynyz nury Ýüreklerem joşsyn söýgüden doly Saglyk bilen şatlygam gelerler ýaly Siz hemişe ýylgyryň bolarsyňyz Mähriban!!!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.