serdarowna
19.10.2023 16:22

Sen-ä uly gyzdyň, zülpleri towly

Menem bir maşgalaň körpeje ogly

Men-ä "söýýän" diýip saýran bolardym

Senem monça bolup aýnan bolardyň


Hemişe gizlenip göz bilen dilden

Bileje ýörärdik gumsakly ýoldan

Ir säherden baryp atyzly pele

Ak pagta ýygardyk ikimiz bile.


Köp sorag bererdim, sebäp uludyň

Gül ülkämde gözelleriň gülüdiň

Degşip diýerdiň:"Basym ýigit bolarsyň,

Öýlenmekçi bolsaň meni alarmyň?"


Kyndy bu sowala kogap tapardan,

Oýlanýanyp görüp gözüň gypardyň

Köp pikir ederdim bolup haly teň

Diýerdiň:" Jogap ber-dä sowalyma meň!"


Jady gözleň aşygy men aşygy,

Çöne neýläýin çapraz gelýän ýaşymy

Taýyn baky öwrülmäge guluňa

Arman läläm ýaşyň menden uly-da.


Men ýigit çykýançam ynanaý, gülüm

Sen bolarsyň ençe çagaly gelin

Soň diýerdiň:"Ömrümiň ahyryna çen,

Garaşaryn meni aljagyň bilsem!".


Emma bu durmuşda etsegem göwün

Hasyl bolaýanok ähli arzuwyň

Käte söýen söýmedige çatylýa

Ykbal aty bizden bidin çapylýa


Aýra düşsek hergiz göwnüň galmasyn

Bir dilegim güler ýüzüň solmasyn

Ömür salgym şat durmuşda kürekle

Hem söýgimiz sakla baky ýürekde


Şeýdip bezediň sen özgäň törüni

Soň asla görmedik birek-biregi

Birwagt öwrüleňsoň göwün şadyma

Ynha bu gün düşdüň ýene ýadyma


Men-ä bir maşgalaň körpeje ogly,

Senem uly gyz dyň zülpleri towly

27
62
serdarowna
19 Oktýabr 2023
@gulshatayewa97, menem şeýle
gulshatayewa97
19 Oktýabr 2023
Ykbal aty bizden bidin çapylýar... goşgydaky gowy görýän setirim
gulshatayewa97
19 Oktýabr 2023
@bellidal, Goçmyrat bn Bägül okaýa...
bellidal
19 Oktýabr 2023
Ylýas körpäýew aýtýan bolmaly ŝuny
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.