Köçäniň däl, bolup öýüň bezegi
Gezeniňde sen türkmeniň gyzysyň
Hiç haçan ynjytman ataň-eneňi,
Ýöreniňde, sen türkmeniň gyzysyň.
Eziz doganlarňa paýlap mähriňi,
Saklap ömür boýy beren ähdiňi
Aňyňda göterip türkmen pähmini
Ezeniňde, sen türkmeniň gyzysyň.
Saňa ähli köýnek gelişýär weli,
Has beter ýaraşýar uzyn keteni,
Şol köýnegiň keşde bilen ýakasy
Bezelende, sen türkmeniň gyzysyň.
Ýeke gezek gören diýse "asylly"
Goňşy-golam diýse:"Gyz-a akylly"
Dyman wagtyň, sözlän wagtyň ýakymly,
Gözlenende, sen türkmeniň gyzysyň.