serdarowna
12.08.2023 00:14
Bilşimiz ýaly soňky ýyllarda tokaý ýangynlary, sil joşmalary we şunuň ýaly habarlary has köp eşidýäris we bularyň betbagtçylyklaryň köpüsini adamzat öz eli bilen döretdi.
Fabrik-zawodlardan tebigata ýetirjek zyýany göz öňüne tutulman howa, topraga we suwa goýberilen zyýanly maddalar arassa suwlaryň azalmagyna, howanyň derejesiniň beýgelmegine we topraklarymyzyň hasyllylygynyň peselmegine getirdi.
Elbetde, biz indi tebigatyň üýtgemegini duruzyp bilmeris, ýöne ony haýallatmak henizem öz elimizde. Bu köp babatda uly zawod-fabriklere degişli bolsa-da, her bir adamyň hereketi hem öz zyýanyny ýa-da peýdasyny ýetirip biler. Biz:
1. Elektrik enjamlaryny mümkin boldugyça gereksiz ulanman (çyralary, kondisionerleri diňe gerek wagty ýakyp...)
2. Paket, plasmas maddalary tabigata zyňman.
3. Döwlen enjamlary zyňman, bejerip ýa-da gaýtadan başga maksatlar üçin ulanyp.
4. Agaçlary has köp ekip, ekilen agaçlary gorap.
5. Suwy biderek ýere akdyrman, hemmämiziň, bütin janly-jandarlaryň öýi bolan tebigatymyzy goramaga goşant goşup bileris
TEBIGAT-ÖZ ÖÝÜMIZ, GORAMALY ÖZÜMIZ!!!
23
86
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.