senorita
29.03.2024 09:56
🔹 Ýalňyşmakdan ätiýaç edip, tutumly işiň başyna barmazlyk — hasam uly ýalňyşlyk.

🔹 Adam özüniň ynsanlyk borjuny duýup, ony berjaý edip bilende adamdyr.

🔹 Biziň belentlikde hut daglara meňzäsimiz gelýär. Emma daglaram öz-özünden şol derejä eýe bolaýanoklar. Olar agraslygy, sahylygy, giňligi we päkize gözelligi üçin hut şol derejä eýedir.

🔹 Başarmajak käriňe baş goşmak töwekgelligi aňlatmaýar.

🔹 Ertiriňem ertiriniň bardygy göwnümizi aldamaga gowy tutaryk bolýar.

🔹 Durmuşda islendik işe badyhowalyk bilen däl-de, başarjaňlyk bilen çemeleşmek, ymtylmak üstünlige getirýär.

Uzukjemal ATAÝEWA
29
78
senorita
28.03.2024 21:26
Adamzat durmuşynda müňlerçe ýyl mundan ozal, deňizde ýüzmek we munuň üçin bolsa suwa çümmeýän haýsydyr bir zady oýlap tapmak pikiri döräpdir. Ilkibaşda agaç bölekleriň, agaç çelekleriň, tagtanyň hem-de çişirilen derileriň üstünde ýüzüp görýärler, emma ol uzak wagtlyk bolmaýar.

Ikinji gäminiň haçan, nirede oýlanyp tapylandygy barada dürlüçe maglumatlar bolup, esasy maglumatlarda onuň Müsürde peýda bolandygy bellenilýär. Nil derýasynyň ilkinji gämi gatnawly derýa bolandygy çaklanylýar. Müsürde ilkinji gämiler söwda maksatly döredilýär. Ol ýük arabasyna garanyňda, ýurduň ykdysady durmuşynda has peýdaly bolupdyr. Ilkinji gämiler orak şekilli bolup, Müsürde tokaý az bolandygy sebäpli, onuň gurluşygynda papirus ulanylýar hem-de daşy sim bilen berkidilýär. Ilkinji ýelken adaty haýwan derisi bolup, gaýykçy ony eli bilen tutup, hemişe ýeliň ugruna gönükdirmeli bolýar.

Wagtyň geçmegi bilen finikiýalylardan kedr agajynyň getirilmegi bilen gämi gurluşygynda agaç ulanylyp başlanýar. Takmynan 4600 ýyl ozal gämilerde bogaldak (ýelkeni berkitmek üçin dik goýulýan beýik agaç sütün) peýda bolýar we ol häzirki wagtda hem ulanylýar. Bogaldak gäminiň ýöremegini aňsatlaşdyrýar. Şol döwürde ilkinji gönüburçly ýelken peýda bolýar, ýöne ol gäminiň hereketi üçin ygtybarsyz hasaplanýar. Şeýlelik bilen, şol döwürler gämini hereketlendirmekde eli kürekli gaýykçylaryň güýjünden peýdalanmaly bolýar. Gäminiň iň ýokary tizligi sagatda 12 kilometre ýetýär.

5 müň ýyl ozal deňiz söwdasynyň ösmegi bilen finikiýalylar gämi gurup başlaýarlar. Tagtalar bilen örtülen gaty gapyrgalary merkezdäki bir agaja berkidýärler. Olar muny haýwanlaryň oňurga birleşýän süňklerinden nusga almak arkaly ýasaýarlar. Finikiýalylaryň bu taslamasy şu günki güne çenli dowam edýär.

Wagtyň geçmegi bilen Portugaliýada, Is- paniýada, soňra Angliýada, Gollandiýada, Fransiyada we beýleki ýurtlarda gämi gurlu- şygy ösdürilip başlanýar.

Ilkinji gämiler agaçdan bolup, ilkinji demir gämi 1789-njy ýylda, ilkinji demir deňiz gämisi 1843-nji ýylda gurulýar.
24
97
senorita
27.03.2024 07:07

Yalnız çıktığınız yolculuklar zordur. Ama yalnızlığınıza eşlik edecek insan bulmak daha da zordur. Çok az kişiyle hem birlikte hem yalnız kalabilir insan...

25
63
senorita
26.03.2024 20:46
Türkmenistanly telekeçi zenan «Akenmar» PR kompaniýasynyň baş direktory Ramilýa Ramazanowa gazanan ajaýyp üstünlikleri we ýeten sepgitleri üçin «Global Awards» atly ýörite baýrak bilen sylaglandy. Baýrak gowşurylyş dabarasy «Millionaire Concept» biznes platformasy tarapyndan Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde guralan «The Globe Gala» atly uly göwrümli çäräniň çäginde geçirildi.

17 — 19-njy mart aralygynda geçirilen «The Globe Gala» dabarasy 20-den gowrak ýurtdan işewür we meşhur adamlary bir ýere jemledi. Uly göwrümli çäräniň ilkinji gününde ýerli we daşary ýurtly telekeçileriň gatnaşmagynda metbugat ýygnagy geçirildi. Ramilýa Ramazanowa şu metbugat ýygnagynda Türkmenistana wekilçilik etdi.
36
84
senorita
26.03.2024 16:18
Taryha ser salsak, adamzat öz durmuşynda gerek bolan ýüzlerçe hojalyk enjamlaryny oýlap tapypdyr. Islendik oýlap tapylan zat ilkibaşda kämil derejede bolmaýar. Birnäçe ýyllaryň, hatda asyrlaryň dowamynda sün- nälenip, döwrebap derejä ýetirilýär. Oýlanyp tapylan hojalyk enjamlarynyň biri hem tozan sorujy maşyndyr.

1860-njy ýylda Aýowa ştatynyň West-Union şäherinde Daniel Hess tarapyndan mehanik tozan sorujy oýlanyp tapylýar. «Haly süpüriji» diýlip atlandyrylan enjam aýlanýan çotgadan hem-de hapa ývgnanýan «garyndan» ybarat bolupdyr.

1860-njy ýylda Aýowa ştatynyň West-Union şäherinde Daniel Hess tarapyndan mehanik tozan sorujy oýlanyp tapylýar. «Haly süpüriji» diýlip atlandyrylan enjam aýlanýan çotgadan hem-de hapa ýygnanýan «garyndan» ybarat bolupdyr. Şeýlelikde, taryhda ilkinji tozan sorujy maşyn XIX asyryň ahyrynda döredilýär. Ilkinji nusganyň göwrüminiň gaty uly hem-de güýçli sesiniň bolandygy sebäpli, ony öýe salmak mümkinçiligi bolmandyr. At araba ornaşdyrylan bu enjamy daşarda goýup, şlangasyny penjireden içerik salyp, iki adam tarapyndan dolandyrylypdyr. Ilkinji tozan sorujylar hapany özüne sorman, üflemek arkaly aýrypdyr.

1901-nji ýylda iňlis inženeri Hubert Sesil But tozan sorýan enjamy kämilleşdirip, täzeçe görnüşde işläp düzýär. Şondan soň «tozan sorujy» adalgasy döräp, bu enjam tozany süzgüç arkaly ýörite tozan ýygnaýjysyna siňdirýär. Onuň nasosynyň güýji bäş at güýjüne deň bolup, benzin bilen işleýär. 1902-nji ýylda Westminster köşgüne satyn alnyp getirilmegi bilen, bu enjamyň mahabaty artyp başlaýar.

1903-nji ýylda amerikaly oýlap tapyjy Dewid T.Kenni elektrik togy bilen işleýän tozan sorujyny işläp düzýär. Göçme we içerki bazara çykarylýan ilkinji tozan sorujy enjam 1905-nji ýylda Angliýanyň Birmingem şäherinde Walter Griffit tarapyndan düzülýär. Griffitiň halydan tozany aýyrmak üçin kämilleşdirilen wakuumly enjamy häzirki zaman arassalaýjylaryna meňzeýär. Göçürip bolýan, el bilen tutmaga oňaýly we çeýe turbanyň üsti bilen tozany siňdirmek mümkinçiligi bolan bu enjamy islendik adam işledip bilýär hem-de dürli şekilli burunlary dakyp bolýar.

1906-njy ýylda Jeýms B. Kirbi «Içerki siklon» diýlip atlandyrylýan täze görnüşi döredýär. 0l hapany bölmek üçin suw ulanýar. 1907-nji ýylda Ogaýo ştatynyň Kanton şäheriniň dükançysy Jeýms Mýurreý Spangler elektrik togy bilen İşleýän göçme elektrik tozan sorujyny oýlap tapýar. 1908-nji ýylyň 2-nji iýunynda bolsa, elektrik tozan sorujy üçin patent alýar. Tozan soruja elektrik hereketlendirijisiniň ornaşdyrylmagy möhüm waka bolýar. Sesiniň haýal çykýandygy, özünden gaz ýa-da ýanyjy yslary çykarmaýandygy sebäpli, ony öýde arkaýyn ulanyp bolýar.

Spangler maliýe ýetmezçiligi sebäpli enjamy kämilleşdirip bilmän, patenti 1908-nji ýylda ýerli deri önümlerini öndüriji William Henri Howere satýar. Hower Spangleriň elektrik tozan sorujysyny polat örtükler, tigirçekler we goşundylar bilen täzeden bezäp, 20 kilogram agramy bolan tozan sorujynyň «galaýy nusgasyny» döredýär. Şeýlelikde, William Henri Hower tozan sorujy enjamlaryny öndürýän «Hoover» kompaniýasyny esaslandyrýar.

Şwesiýanyň «Electrolux» kompaniýasyny esaslandyryjy Aksel Wenner-Gren 1912-nji ýylda howa nasosyna derek tozan sorujylara fanat oturtmagy teklip edýär, netijede onuň agramy 14 kilogram azalýar. 9 ýyldan soň - 1921-nji ýylda çykan «Model V» tozan sorujysy bu kompaniýa meşhurlyk getirýär. Şondan soň süzgüç torbaly hem-de dik tozan sorujylar peýda bolup başlaýar.

2002-nji ýylda tozan sorujynyň taryhynda tä- ze bir görnüşiň peýda bolandygyny bellemelidiris. «Electrolux» kompaniýasy ilkinji robot tozan sorujyny döredýär. Robot tozan sorujy belli bir algoritm boýunça otaglary aýlanýar, burçlary, diwarlary we basgançaklary aňsatlyk bilen tanap bilýär. Arassalaýyş işleri tamamlanandan soň, zarýad berilýän ýerine gaýdyp gelýär.
31
142
senorita
24.03.2024 23:25
Korkmadığımı söyleyemem...
Cesur olmak, korkusuz olmak demek değil ki, korkularına rağmen yolu yürümekte kararli olmaktir.

– – – – – – – – – – – – – – – – –

„Anlamadığımız odalardan, hiç bilmediğimiz odalara geçeriz artan her yaşımızda”

– – – – – – – – – – – – – – – – –

„Ümit hep var” en büyük mottomuzdu.
„Ümitsizlik inançsızlıktır”
27
39
senorita
24.03.2024 19:10
🔸VIP – Very Important Person
(Õrãn meşhur (mõhũm) adam)

🔸PDF – Portable Document Format
(Gõçme resminamanyñ formaty)

🔸 E-mail – Electronic Mail
(Elektron poçta)

🔸URL – Uniform Resource Locator)
(Resurslaryñ ýeke-tãk gõrkezijisi)

🔸HTTP – HyperText Transfer protocol
(Giperteksti geçirmek protokoly)
41
184
senorita
24.03.2024 14:33
Hünji (žemçug) gymmat bahaly daşlaryň arasynda tebigy ýagny janly organizm tarapyndan emele getirilýän ýeke-täk gymmat bahaly daşdyr. Aslynda hünji bu balykgulagyň içine gaçan deňiz çägelerinden goranmak maksady bilen suwuklygy bölüp çykarmagydyr. Wagtyň geçmegi netijesinde deňiz çäge bölejikleri bilen balykgulagyň bölüp çykarýan suwuklygy birleşip gaty, ýalpyldawuk, tegelek, belli bir ölçegi bolmadyk hünjilere (jemçuglara) öwrülýärler.

Ol biziň eramyzyň 420-nji ýyllaryndan bäri Gadymy Müsürde, Hytaýda iň gowy görülip peýdalanylan iň bir gymmat bahaly daş hasaplanypdyr. Şol döwürden bäri hünjini emeli usulda almak üçin birnäçe işleri alynyp barylypdyr we 1893-nji ýylda Kokiçi Mikimoto Yaponýada “medeni hünjini” (ýagny emeli usulda) döredipdir. Suwunyň düzümini deňiz suwuna meňzedip duzly suwlarda balykgulaklaryň emeli usulda saklanylmagy netijesinde soňky döwürleride “medeni hünjiler” öndürilip başlandy.

Häzirki günde iň seýrek duş gelýän hünji bu gara reňkli hünjidir. Gara reňkli hünjiler seýrek duş gelýäni üçin bahasy hem gymmat hasaplanýar. Dünýä döwletleriniň käbirlerinde altyndan 4 esse gymmat bahada satylýan hünjilere zenanlar tarapyndan uly isleg bildirilýär. Hakyky hünjileri yasamalaryndan tapawutlandyrýan birnäçe aýratynlyklary bardyr. Ýagny:

- Hakyky hünjiler has ýalpyldawuk bolýarlar, hat-da olara ýakyndan seredeniňde aýna ýaly özüňi görmek bolýar;

- Hakyky hünjiler ak reňkli bolmaýarlar;

- Hünjileriň daş görnüşi belli bir ölçegde bolmaýar;

- Ýasama hünjiler agramy has ýeňil bolýar;

- Hakyky žemçugy elläniňde sowuk bolýarlar, hat-da hiç hili gyzgyn howada-da gyzmaýarlar.
28
70
senorita
23.03.2024 18:32
2023-nji ýylda alymlar gözleg geçirdiler we Ýerdäki ähli ýollaryň uzynlygynyň 21 million kilometre ýetýändigini anykladylar. Awtoulaglaryň geçip bilýän gara ýollarynyň köpüsi ABŞ-da ýerleşýär - olaryň umumy uzynlygy 3 million kilometr. Iň uzyn gara ýollary bolan ýurtlaryň sanawynda Russiýa 1,5 million kilometr bilen bäşinji orunda durýar.

Köplenç gara ýollar asfalt bilen örtülendir, ýöne käbir ýurtlarda beton asfaltdan ileri tutulýar - bu has gymmat, ýöne ömri has uzak bolýar.

Dünýädäki iň uzyn gara ýol Pan Amerikan awtoulag ýolydyr. Günorta we Demirgazyk Amerikany birleşdirýän bu ýol 30 müň kilometre uzap gidýär. Pan-Amerikan gara ýoly Alýaskadaky Pradho aýlagyndan başlaýar. Adamlar sürüp barýarkalar, birnäçe ekologiki sebitlerden geçýärler.

Muňa mysal hökmünde çöller, jeňňeller we dag geçelgeleri mysal bolup biler. Pan-Amerikan awtoulag ýolundan syýahat edip, adamlar Kanada, Çili, Boliwiýa, Kosta Rika we beýleki köp ýurtlary görüp bilerler. Bu ýol Günorta Amerikanyň iň günorta sebitlerinde tamamlanýar.

Ilkinji gezek Pan-Amerikan awtoulag ýolunyň gurluşygy baradaky pikir 1923-nji ýylda peýda boldy. Resmi maglumatlara görä taslamanyň awtorlary bu ugur bilen birnäçe ýurdy birleşdirmek islediler. Şeýle hem, amerikan awtoulaglarynyň satuwyny artdyrmak islediler. Pan-Amerikan awtoulag ýolunyň gurluşygy örän uzak wagtlap dowam etdi. Ýoluň gurluşygy häzir hem dowam edýär.
26
69
senorita
23.03.2024 14:43

Toponimika – ỳer-ỳurt atlary hakyndaky ylymdyr.


Toponimika - kömekçi taryh dersi bolup, ol onomastika (öz atlary hakyndaky ylym) ylmynyň bir bölümidir.


Toponimika sözi iki sany grek sözünden düzüdip, ol “topos” – ýer, ýerler, “onoma” – at diýen manyny aňladýar. Bu ylym geografiki atlaryň gelip çykyşyny we ösüşini öwrenmek bilen meşgullanýar. Toponimleriň – geografiki atlaryň ýüze çykyş taryhy, olaryň aňladýan manylary, dürli döwürlerdäki üýtgeşmeleri, dilçileri, taryhçylary, etnograflary, arheologlary, geograflary, kartograflary, ýazyjylary, syýahatçylary, galybersede her bir bilesigeliji adamy gadym zamandan we häzire çenli gyzyklandyryp gelýar. Çünki toponimleri öwrenmegiň ylmy we amaly ähmiýeti has uly bolup, olarda diliň gadymy görnüşleri kem käs üýtgän ýa-da üýtgemedik görnüşinde şu günlere çenli saklanyp gelýar.


“Ýer-ýurt atlary edil halkyň döreden aýdymlary, tanslary, rowaýatlary, gadymy binalaryň haşamly nagyşlary, geçmeşiň çeper elli gelin-gyzlaryň dokan gölleri we keşdeleri ýaly halk döredijiligiň iň täsin we ajaýyp ýadygärligidir” diýip rus ýazyjysy Lew Uspenskiý belleýär.


Ylmyň we tehnikanyň ösmegi adamzat jemgyýetiniň we ýurtlaryň arasyndaky gatnaşygy güýçlendirdi. Bu bolsa, öz gezeginde, ýer-ýurt atlaryny ýygnamagyň we ony maksatly öwrenmegiň zerurlygyny ýüze çykardy. Netijede, dünýäniň ähli ýurtlarynda toponimika berilýän üns artdy. Öň Türkmenistanyň toponimikasy bilen sanlyja adamlar meşgullanan bolsa, soň olar Akademiýalaryň ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw jaýlarynyň taryh, geografiýa we dil fakultetlerinde öwrenilýär. 1960-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda Türkmenistanyň toponimikasyny ýygnamaklyga we öwrenmeklige başlanyldy.


Toponimika üç ylmyň: dil biliminiň, taryhyň we geografiýanyň çatrygynda döreýän, geografiýa atlary hemme taraplaýyn öwrenmegi maksat edýän ylymdyr. Toponimikanyň wezipesi ýer-ýurt atlarynyň ýüze çykyş taryhyny, olaryň aňladýan manylaryny, ol atlaryň dürli döwürlerdäki üýtgemelerini okuwçylara düşündirmek bilen olarda watançylyk, millilik, ene topraga söýgi, zähmetsöýerlik terbiýasini bermekdir.


Toponimiýa maglumatlary üç topara bölünip öwrenilen:


1. Haýsy dile degişli we olaryň emele gelen döwri anyklamak.


2. Ýer-ýurt atlaryny aňladýan manylaryny rejelemek.


3. Toponimleriň lingwistik derňewi, olaryň dialect aýratynlyklaryny öwrenmek.


Geografiki atlar halk döredijiliginiň özboluşly nusgasy bolup her bir toponim ony döreden halkyň tebigata bolan synçylygyň, durmuşa gözýetiminiň, döredijilik ylhamynyň, ylmy düşünjesiniň, hyýaly oýlarynyň önümidir.

Mekdeplerde, ýörite orta we ýokary okuw jaýlarynda okadylýan taryh, geografiýa we beýleki sapaklarda duş gelýãn toponimleriň aňladýan manylaryny düşündirmeklik sapagyň gyzykly geçmeginiň, okuwçylar tarapyndan gowy düşünmeklerine we öwrenmegine kömek edýär.


Toponimikanyň terbiýeleýji ähmiýeti hem has ulydyr. Oguzhan, Gorkut ata, Görogly ýaly serdarlaryň, il-ýurt, ar-namys ugrunda göreşen Togrul beg, Çagry beg, Alp Asplan, Mälik şah, Soltan Sanjar we görnükli döwlet işgärleri, A.Tahyrow, A.Ataýew, G.Atabaýew, Atamyrat Nyýazow, Gurbansoltan eje ýaly halkyň gahryman ogul-gyzlarynyň atlary dakylan şäherdir, etraplar, obalar agzalanda, halk öz gerçeklerini mähir we söýgi bilen ýatlaýar. Ýerli geografik atlaryny manysyna göz ýetirmeklik ýaşlarda watançylyk duýgusynt, öz mähriban ülkämize bolan söýgi düýgularyny terbiýelär.


Türkmenistanda ýaşaýan gadymy aborigenleriň dilini, taryhyny öwrenmekde dürli halklaryň, tire taýpalaryň şu sebitlerde göçüp-gonan ýerlerini anyklamakda ýurdumyzyň dürli künjekleriniň gadymy taryhyny göz öňüne getirmekde, öňki ösümlik we haýwanat dünýäsine takyklamakda toponimika gymmatly maglumatlar berýar. Gowurdak, Kükürtli, Akdaş, Duzly, Nebitdag ýaly atlar geologlary gyzyklandyrylsa, Altyndepe, Marguş, Küýzeligyr, Namazgadepe, Änew ýaly toponimler arheologlaryň ünsini çekipdir.


Geografiki atlaryň gelip çykyşyna gyzyklanma irki döwürlerde ýüze çykypdyr. Entäk XI asyrda Mahmyt Kaşgari “Diwan lugat at türk (türki sözleriň diwany)” diýen 3 tomlyk kitabyny düzen. Geografiki atlaryny dürli düşündirişleri gadymy rus ýazgylarynda hem duş gelýar. S.Remezowanyň “Çyzgy kitabynda” möhüm toponimiýa maglumatlar bar. M.W.Lomonosowyň, W.N.Tatişewiň we beýlekileriň işerinde toponimlere düşündiriş bermek synanyşyklary edilen. Toponimika möhüm goşandy A.H.Wostokow, W.A.Kosteriň, W.I.Dal girizdiler. Öa döwüriniň görnükli taryhçysy N.I.Nadeždin “Taryhy öwrenmeklik taryhy kartasy öwrenmekden başlanýar” diýip belläpdir. Ol “Toponimika – bu ýeriň dilidir, ýer bolsa geografiki atlar arkaly adamzadyň taryhy ýazylan bir kitapdyr” diýipdir.


Tebigatdaky her bir zadyň, hadysanyň, şol sanda geografiki ýerleriň hem öz ady bolup, şol atlaryň ýüze çykyşyny, olaryň tebigy we taryhy nukdaý nazardan ähmiýetini, häzirki wagtda tutýan ornuny öwrenmekligiň uly ylmy hem-de amaly ähmiýeti bar.


Eýsem at näme? - at tapawutlandyryjy nyşan, göze dürtülip duran haýsydyr bir alamat.


Ýer ýurtlara dakylan atlar hem zatlaryň – ýeriň häsiýeti alamatlary bildirýan we nähili hem bolsa belli bir many aňladýan sözlerden hasyl bolýarlar. Manysyz at ýokdur. Häzirki wagtda manysy unudylan ençeme ýer-ýurt atlary hem olary ilki döreden halk üçin düşnükli sözlerden emele gelipdir.


Ýer-ýurt atlarynyň ýüze çykyşy, olaryň aňladýan manylary has ilki döwürlerden tä şu günler çenli her bir bilesigeliji adamyň, ýazyjydyr şahyrlaryň, syýahatçylaryň we beýlekileriň ünsüni özüne çekýar. Sebäbi ýer yurt atlarynyň manysy diňe bir bilesigelijiligi kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, ylmyň dürli pudaklary üçin gymmatly maglumatlary hem berýar.


Türkmenistanyň toponimikasy hakda Ýakut ibn Abdallah ar-Rumi al-Hamawi (1176-1229) hem ýazypdyr (esasan hem Horasan ýerleri hakda). Ol öňki döwrüň görnükli alymlarynyň ýäzan kitaplardan peýdalanypdyr, Marydan baý kitaphanasynda iki ýyl okap, bilim alýar, özüniň “Mu jam al-buldan (ýurtlaryň sözlũgi)” diýen sözlũk görnüşdäki uly işini ýazýar.


Türkmenistanyň toponimiýasy hakda käbir maglumatlary özünde jemleýän eserlerden Reşideddiniň (XIII asyr) “Taryhlar ýygyndysy” we beýleki orta asyr alymlarynyň işleri bar.


Türkmenleriň toponimiýasy öwrenmekde esasy çeşmeleriň biri Hywa hanyň we taryhçysy Abylgazynyň (XVII asyr) “Türkmenleriň nesil daragty” atly kitabydyr. Onda ýer-ýurt atlarynyň döremegine esas bolan türkmen taýpa-tireleriniň atlary, olaryň aňladýan manylary we ownuk böleklere bölünişleri barada gowy maglumatlar berilipdir.


Türkmenistanyň toponimikasy barada ygtybarly çeşme hökmünde Ýewropa, rus alymlarynyň hyzmatlary hem ulydyr. Wenger alymy G.Wamberiniň Merkezi Aziýanyň toponimikasyna bagyşlanan ýörite işi, L.Z.Budagowyň, B.B.Radlowyň sözlükleri, W.W.Bartoldyň , B.A.Gordlewskiniň taryhy işleri Garagumy we Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny öwrenen B.A.Obruçewiň, A.E.Fersmanyň, A.G.Babaýewiň geografiki eserleri ençeme türkmen toponimleriniň aňldaýan manylaryny ýüže çykarmakda gymmatly çeşme bolup durýar.


Türkmenistanyň toponimikasy baknalyk döwründe ylmy esasda öwrenilip başlandy. Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynyň Dil we edebiýat institutynda ýörite türkmen toponimikasy boýunça türkmen alymlary iş alyp bardylar. Olardan P.Azymow, A.Babaýew, S.Ataniýazow we beýlekiler, ýorite Türkmenistanyň toponimikasy kitaplary çap edildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy almagy bilen toponimika ylmy hem özgerdi.


Türkmenistanyň görnükli toponimçisi Ş.Atanyýazow watanymyzda ýerleşen şäherleriň, obalaryň, daglaryň, derýalaryň, galalaryň…7000 çemesiniň adynyň manysyna düşündiriş berýän we olaryň ýüze çykyş taryhy hakynda maglumat berýan “Türkmenistanyň geografik atlaryň düşündirişli sözlügi” diýen kitabyny 1980-nji ýylda çapdan çykardy.

52
183