senorita
28.03.2024 21:26
Adamzat durmuşynda müňlerçe ýyl mundan ozal, deňizde ýüzmek we munuň üçin bolsa suwa çümmeýän haýsydyr bir zady oýlap tapmak pikiri döräpdir. Ilkibaşda agaç bölekleriň, agaç çelekleriň, tagtanyň hem-de çişirilen derileriň üstünde ýüzüp görýärler, emma ol uzak wagtlyk bolmaýar.

Ikinji gäminiň haçan, nirede oýlanyp tapylandygy barada dürlüçe maglumatlar bolup, esasy maglumatlarda onuň Müsürde peýda bolandygy bellenilýär. Nil derýasynyň ilkinji gämi gatnawly derýa bolandygy çaklanylýar. Müsürde ilkinji gämiler söwda maksatly döredilýär. Ol ýük arabasyna garanyňda, ýurduň ykdysady durmuşynda has peýdaly bolupdyr. Ilkinji gämiler orak şekilli bolup, Müsürde tokaý az bolandygy sebäpli, onuň gurluşygynda papirus ulanylýar hem-de daşy sim bilen berkidilýär. Ilkinji ýelken adaty haýwan derisi bolup, gaýykçy ony eli bilen tutup, hemişe ýeliň ugruna gönükdirmeli bolýar.

Wagtyň geçmegi bilen finikiýalylardan kedr agajynyň getirilmegi bilen gämi gurluşygynda agaç ulanylyp başlanýar. Takmynan 4600 ýyl ozal gämilerde bogaldak (ýelkeni berkitmek üçin dik goýulýan beýik agaç sütün) peýda bolýar we ol häzirki wagtda hem ulanylýar. Bogaldak gäminiň ýöremegini aňsatlaşdyrýar. Şol döwürde ilkinji gönüburçly ýelken peýda bolýar, ýöne ol gäminiň hereketi üçin ygtybarsyz hasaplanýar. Şeýlelik bilen, şol döwürler gämini hereketlendirmekde eli kürekli gaýykçylaryň güýjünden peýdalanmaly bolýar. Gäminiň iň ýokary tizligi sagatda 12 kilometre ýetýär.

5 müň ýyl ozal deňiz söwdasynyň ösmegi bilen finikiýalylar gämi gurup başlaýarlar. Tagtalar bilen örtülen gaty gapyrgalary merkezdäki bir agaja berkidýärler. Olar muny haýwanlaryň oňurga birleşýän süňklerinden nusga almak arkaly ýasaýarlar. Finikiýalylaryň bu taslamasy şu günki güne çenli dowam edýär.

Wagtyň geçmegi bilen Portugaliýada, Is- paniýada, soňra Angliýada, Gollandiýada, Fransiyada we beýleki ýurtlarda gämi gurlu- şygy ösdürilip başlanýar.

Ilkinji gämiler agaçdan bolup, ilkinji demir gämi 1789-njy ýylda, ilkinji demir deňiz gämisi 1843-nji ýylda gurulýar.
24
97
senorita
29 Mart 2024
@mokono, dũşnũkli
mokono
29 Mart 2024
@senorita, başga bir saýtda
senorita
29 Mart 2024
@mokono, Edil bu programmada menden başga bu nik-li ýokmyka diýýãn
senorita
29 Mart 2024
mokono
29 Mart 2024
@senorita, şu nikde biri bardy-da. Şoldur öýtdüm seni
senorita
28 Mart 2024
@AMBAL, 👍
senorita
28 Mart 2024
@mokono, menã hiç kimiñ fanady dãl
ATOMIC
28 Mart 2024
👍❤️
mokono
28 Mart 2024
Sen şoool öňki Liwerpulyň fanatkasymy?
mokono
28 Mart 2024
Sen şoool öňki Liwerpulyň fanatkasymy?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.