🔹 Ýalňyşmakdan ätiýaç edip, tutumly işiň başyna barmazlyk — hasam uly ýalňyşlyk.
🔹 Adam özüniň ynsanlyk borjuny duýup, ony berjaý edip bilende adamdyr.
🔹 Biziň belentlikde hut daglara meňzäsimiz gelýär. Emma daglaram öz-özünden şol derejä eýe bolaýanoklar. Olar agraslygy, sahylygy, giňligi we päkize gözelligi üçin hut şol derejä eýedir.
🔹 Başarmajak käriňe baş goşmak töwekgelligi aňlatmaýar.
🔹 Ertiriňem ertiriniň bardygy göwnümizi aldamaga gowy tutaryk bolýar.
🔹 Durmuşda islendik işe badyhowalyk bilen däl-de, başarjaňlyk bilen çemeleşmek, ymtylmak üstünlige getirýär.
Uzukjemal ATAÝEWA