senorita
24.03.2024 14:33
Hünji (žemçug) gymmat bahaly daşlaryň arasynda tebigy ýagny janly organizm tarapyndan emele getirilýän ýeke-täk gymmat bahaly daşdyr. Aslynda hünji bu balykgulagyň içine gaçan deňiz çägelerinden goranmak maksady bilen suwuklygy bölüp çykarmagydyr. Wagtyň geçmegi netijesinde deňiz çäge bölejikleri bilen balykgulagyň bölüp çykarýan suwuklygy birleşip gaty, ýalpyldawuk, tegelek, belli bir ölçegi bolmadyk hünjilere (jemçuglara) öwrülýärler.

Ol biziň eramyzyň 420-nji ýyllaryndan bäri Gadymy Müsürde, Hytaýda iň gowy görülip peýdalanylan iň bir gymmat bahaly daş hasaplanypdyr. Şol döwürden bäri hünjini emeli usulda almak üçin birnäçe işleri alynyp barylypdyr we 1893-nji ýylda Kokiçi Mikimoto Yaponýada “medeni hünjini” (ýagny emeli usulda) döredipdir. Suwunyň düzümini deňiz suwuna meňzedip duzly suwlarda balykgulaklaryň emeli usulda saklanylmagy netijesinde soňky döwürleride “medeni hünjiler” öndürilip başlandy.

Häzirki günde iň seýrek duş gelýän hünji bu gara reňkli hünjidir. Gara reňkli hünjiler seýrek duş gelýäni üçin bahasy hem gymmat hasaplanýar. Dünýä döwletleriniň käbirlerinde altyndan 4 esse gymmat bahada satylýan hünjilere zenanlar tarapyndan uly isleg bildirilýär. Hakyky hünjileri yasamalaryndan tapawutlandyrýan birnäçe aýratynlyklary bardyr. Ýagny:

- Hakyky hünjiler has ýalpyldawuk bolýarlar, hat-da olara ýakyndan seredeniňde aýna ýaly özüňi görmek bolýar;

- Hakyky hünjiler ak reňkli bolmaýarlar;

- Hünjileriň daş görnüşi belli bir ölçegde bolmaýar;

- Ýasama hünjiler agramy has ýeňil bolýar;

- Hakyky žemçugy elläniňde sowuk bolýarlar, hat-da hiç hili gyzgyn howada-da gyzmaýarlar.
28
70
senorita
24 Mart 2024
@ideallider, Menem şeýle bilýãdim welin, hũnji diýip berlipdir 🤷🏻‍♀️
ideallider
24 Mart 2024
Men "Merjen" diýip bilýärdim🤔👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.