senorita
23.03.2024 14:43

Toponimika – ỳer-ỳurt atlary hakyndaky ylymdyr.


Toponimika - kömekçi taryh dersi bolup, ol onomastika (öz atlary hakyndaky ylym) ylmynyň bir bölümidir.


Toponimika sözi iki sany grek sözünden düzüdip, ol “topos” – ýer, ýerler, “onoma” – at diýen manyny aňladýar. Bu ylym geografiki atlaryň gelip çykyşyny we ösüşini öwrenmek bilen meşgullanýar. Toponimleriň – geografiki atlaryň ýüze çykyş taryhy, olaryň aňladýan manylary, dürli döwürlerdäki üýtgeşmeleri, dilçileri, taryhçylary, etnograflary, arheologlary, geograflary, kartograflary, ýazyjylary, syýahatçylary, galybersede her bir bilesigeliji adamy gadym zamandan we häzire çenli gyzyklandyryp gelýar. Çünki toponimleri öwrenmegiň ylmy we amaly ähmiýeti has uly bolup, olarda diliň gadymy görnüşleri kem käs üýtgän ýa-da üýtgemedik görnüşinde şu günlere çenli saklanyp gelýar.


“Ýer-ýurt atlary edil halkyň döreden aýdymlary, tanslary, rowaýatlary, gadymy binalaryň haşamly nagyşlary, geçmeşiň çeper elli gelin-gyzlaryň dokan gölleri we keşdeleri ýaly halk döredijiligiň iň täsin we ajaýyp ýadygärligidir” diýip rus ýazyjysy Lew Uspenskiý belleýär.


Ylmyň we tehnikanyň ösmegi adamzat jemgyýetiniň we ýurtlaryň arasyndaky gatnaşygy güýçlendirdi. Bu bolsa, öz gezeginde, ýer-ýurt atlaryny ýygnamagyň we ony maksatly öwrenmegiň zerurlygyny ýüze çykardy. Netijede, dünýäniň ähli ýurtlarynda toponimika berilýän üns artdy. Öň Türkmenistanyň toponimikasy bilen sanlyja adamlar meşgullanan bolsa, soň olar Akademiýalaryň ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw jaýlarynyň taryh, geografiýa we dil fakultetlerinde öwrenilýär. 1960-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda Türkmenistanyň toponimikasyny ýygnamaklyga we öwrenmeklige başlanyldy.


Toponimika üç ylmyň: dil biliminiň, taryhyň we geografiýanyň çatrygynda döreýän, geografiýa atlary hemme taraplaýyn öwrenmegi maksat edýän ylymdyr. Toponimikanyň wezipesi ýer-ýurt atlarynyň ýüze çykyş taryhyny, olaryň aňladýan manylaryny, ol atlaryň dürli döwürlerdäki üýtgemelerini okuwçylara düşündirmek bilen olarda watançylyk, millilik, ene topraga söýgi, zähmetsöýerlik terbiýasini bermekdir.


Toponimiýa maglumatlary üç topara bölünip öwrenilen:


1. Haýsy dile degişli we olaryň emele gelen döwri anyklamak.


2. Ýer-ýurt atlaryny aňladýan manylaryny rejelemek.


3. Toponimleriň lingwistik derňewi, olaryň dialect aýratynlyklaryny öwrenmek.


Geografiki atlar halk döredijiliginiň özboluşly nusgasy bolup her bir toponim ony döreden halkyň tebigata bolan synçylygyň, durmuşa gözýetiminiň, döredijilik ylhamynyň, ylmy düşünjesiniň, hyýaly oýlarynyň önümidir.

Mekdeplerde, ýörite orta we ýokary okuw jaýlarynda okadylýan taryh, geografiýa we beýleki sapaklarda duş gelýãn toponimleriň aňladýan manylaryny düşündirmeklik sapagyň gyzykly geçmeginiň, okuwçylar tarapyndan gowy düşünmeklerine we öwrenmegine kömek edýär.


Toponimikanyň terbiýeleýji ähmiýeti hem has ulydyr. Oguzhan, Gorkut ata, Görogly ýaly serdarlaryň, il-ýurt, ar-namys ugrunda göreşen Togrul beg, Çagry beg, Alp Asplan, Mälik şah, Soltan Sanjar we görnükli döwlet işgärleri, A.Tahyrow, A.Ataýew, G.Atabaýew, Atamyrat Nyýazow, Gurbansoltan eje ýaly halkyň gahryman ogul-gyzlarynyň atlary dakylan şäherdir, etraplar, obalar agzalanda, halk öz gerçeklerini mähir we söýgi bilen ýatlaýar. Ýerli geografik atlaryny manysyna göz ýetirmeklik ýaşlarda watançylyk duýgusynt, öz mähriban ülkämize bolan söýgi düýgularyny terbiýelär.


Türkmenistanda ýaşaýan gadymy aborigenleriň dilini, taryhyny öwrenmekde dürli halklaryň, tire taýpalaryň şu sebitlerde göçüp-gonan ýerlerini anyklamakda ýurdumyzyň dürli künjekleriniň gadymy taryhyny göz öňüne getirmekde, öňki ösümlik we haýwanat dünýäsine takyklamakda toponimika gymmatly maglumatlar berýar. Gowurdak, Kükürtli, Akdaş, Duzly, Nebitdag ýaly atlar geologlary gyzyklandyrylsa, Altyndepe, Marguş, Küýzeligyr, Namazgadepe, Änew ýaly toponimler arheologlaryň ünsini çekipdir.


Geografiki atlaryň gelip çykyşyna gyzyklanma irki döwürlerde ýüze çykypdyr. Entäk XI asyrda Mahmyt Kaşgari “Diwan lugat at türk (türki sözleriň diwany)” diýen 3 tomlyk kitabyny düzen. Geografiki atlaryny dürli düşündirişleri gadymy rus ýazgylarynda hem duş gelýar. S.Remezowanyň “Çyzgy kitabynda” möhüm toponimiýa maglumatlar bar. M.W.Lomonosowyň, W.N.Tatişewiň we beýlekileriň işerinde toponimlere düşündiriş bermek synanyşyklary edilen. Toponimika möhüm goşandy A.H.Wostokow, W.A.Kosteriň, W.I.Dal girizdiler. Öa döwüriniň görnükli taryhçysy N.I.Nadeždin “Taryhy öwrenmeklik taryhy kartasy öwrenmekden başlanýar” diýip belläpdir. Ol “Toponimika – bu ýeriň dilidir, ýer bolsa geografiki atlar arkaly adamzadyň taryhy ýazylan bir kitapdyr” diýipdir.


Tebigatdaky her bir zadyň, hadysanyň, şol sanda geografiki ýerleriň hem öz ady bolup, şol atlaryň ýüze çykyşyny, olaryň tebigy we taryhy nukdaý nazardan ähmiýetini, häzirki wagtda tutýan ornuny öwrenmekligiň uly ylmy hem-de amaly ähmiýeti bar.


Eýsem at näme? - at tapawutlandyryjy nyşan, göze dürtülip duran haýsydyr bir alamat.


Ýer ýurtlara dakylan atlar hem zatlaryň – ýeriň häsiýeti alamatlary bildirýan we nähili hem bolsa belli bir many aňladýan sözlerden hasyl bolýarlar. Manysyz at ýokdur. Häzirki wagtda manysy unudylan ençeme ýer-ýurt atlary hem olary ilki döreden halk üçin düşnükli sözlerden emele gelipdir.


Ýer-ýurt atlarynyň ýüze çykyşy, olaryň aňladýan manylary has ilki döwürlerden tä şu günler çenli her bir bilesigeliji adamyň, ýazyjydyr şahyrlaryň, syýahatçylaryň we beýlekileriň ünsüni özüne çekýar. Sebäbi ýer yurt atlarynyň manysy diňe bir bilesigelijiligi kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, ylmyň dürli pudaklary üçin gymmatly maglumatlary hem berýar.


Türkmenistanyň toponimikasy hakda Ýakut ibn Abdallah ar-Rumi al-Hamawi (1176-1229) hem ýazypdyr (esasan hem Horasan ýerleri hakda). Ol öňki döwrüň görnükli alymlarynyň ýäzan kitaplardan peýdalanypdyr, Marydan baý kitaphanasynda iki ýyl okap, bilim alýar, özüniň “Mu jam al-buldan (ýurtlaryň sözlũgi)” diýen sözlũk görnüşdäki uly işini ýazýar.


Türkmenistanyň toponimiýasy hakda käbir maglumatlary özünde jemleýän eserlerden Reşideddiniň (XIII asyr) “Taryhlar ýygyndysy” we beýleki orta asyr alymlarynyň işleri bar.


Türkmenleriň toponimiýasy öwrenmekde esasy çeşmeleriň biri Hywa hanyň we taryhçysy Abylgazynyň (XVII asyr) “Türkmenleriň nesil daragty” atly kitabydyr. Onda ýer-ýurt atlarynyň döremegine esas bolan türkmen taýpa-tireleriniň atlary, olaryň aňladýan manylary we ownuk böleklere bölünişleri barada gowy maglumatlar berilipdir.


Türkmenistanyň toponimikasy barada ygtybarly çeşme hökmünde Ýewropa, rus alymlarynyň hyzmatlary hem ulydyr. Wenger alymy G.Wamberiniň Merkezi Aziýanyň toponimikasyna bagyşlanan ýörite işi, L.Z.Budagowyň, B.B.Radlowyň sözlükleri, W.W.Bartoldyň , B.A.Gordlewskiniň taryhy işleri Garagumy we Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny öwrenen B.A.Obruçewiň, A.E.Fersmanyň, A.G.Babaýewiň geografiki eserleri ençeme türkmen toponimleriniň aňldaýan manylaryny ýüže çykarmakda gymmatly çeşme bolup durýar.


Türkmenistanyň toponimikasy baknalyk döwründe ylmy esasda öwrenilip başlandy. Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynyň Dil we edebiýat institutynda ýörite türkmen toponimikasy boýunça türkmen alymlary iş alyp bardylar. Olardan P.Azymow, A.Babaýew, S.Ataniýazow we beýlekiler, ýorite Türkmenistanyň toponimikasy kitaplary çap edildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy almagy bilen toponimika ylmy hem özgerdi.


Türkmenistanyň görnükli toponimçisi Ş.Atanyýazow watanymyzda ýerleşen şäherleriň, obalaryň, daglaryň, derýalaryň, galalaryň…7000 çemesiniň adynyň manysyna düşündiriş berýän we olaryň ýüze çykyş taryhy hakynda maglumat berýan “Türkmenistanyň geografik atlaryň düşündirişli sözlügi” diýen kitabyny 1980-nji ýylda çapdan çykardy.

52
183
mokono
28 Mart 2024
Gegrapiýa diýmek jugrapiýa diýmekdir
atakulyyewa_humay
23 Mart 2024
Gaty gowy 👌👌👌
senorita
23 Mart 2024
@atasddd, @flow, @sima, 😊👍
sima
23 Mart 2024
👍
flow
23 Mart 2024
👍👍
atasddd
23 Mart 2024
👍👍
senorita
23 Mart 2024
📌 Harp ýalñyşlyklar bolsa bagyşlañ! Ýaltanman okañ :)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.