senorita
08.05.2024 17:40
Lýustralaryň döreýşi barada



Çakmak daşynyň oýlanyp tapylyp, oduň peýda bolmagy adamzat taryhyndaky ilkinji ýagtylyk hem-de ýylylyk beriji serişdedir. Birnäçe asyryň dowamynda ot gijeki yşyklandyryş serişdesi hökmünde peýdalanylypdyr. Oduň ýagtylyk hökmünde ulanylan döwründen tä şu güne çenli yşyklandyryş ulgamyna degişli birnäçe oýlap tapyşlar bar. Şolaryň hatarynda şemi, ýag çyrasyny, fakeli (alawly taýak), elektrik çyrasyny görkezmek bolar.

Öýlerimize, medeni-köpçülikleýin binalara bezeg berýän, özboluşly ýagtylandyryş enjamy bolan lýustranyň hem taryhy bar. Geliň, lýustranyň oýlanyp tapylyşy baradaky gyzykly maglumatlary öwreneliň!

Maglumatlara görä, ilkinji lýustralar orta asyrlarda (V-VI asyrlar) Wizantiýada ulanylypdyr. Zynjyrlardan asylgy duran tegelek metal bölekden düzülen polikandelon ilkinji lýustra hasaplanýar. Polikandelonyň şem saklaýjy metal bölekleri (şemdan) bolup, onda 16 şem ýakylypdyr. Ol ilkibaşda ybadathanalarda hem-de döwlet edaralarynda asylyp goýulýar. Soňlugy bilen gurply adamlaryň jaýlarynda hem peýda bolup başlaýar. Az wagtdan flaman we golland ussalary agaçdan hem-de metaldan ýasalan lýustranyň hrustal çüýşeli görnüşlerini oýlap tapýarlar.



XV asyrda lýustranyň oýlanyp tapylyşynda uly ösüş gazanylýar. Şol döwürde köp gatly, birnäçe tegelek halkadan ybarat, bürünç plitalary hem-de aýnadan ýasalan (hrustal) güljagazlary bolan lýustralar döredilýär. Şemiň yşygy hrustal çüýşeleriň içinde şöhlelenip, ýagtylygy öňküsinden has-da güýçlenýär. Bir asyrdan sonra italýan bezegçisi we binagäri Gio Ponti owadan hrustal çüýşeleri bolan reňkli lýustrany ýasaýar. Şondan soň bu enjam Yewropada meşhur bolup başlaýar. XIX asyryň ikinji ýarymynda elektrik çyrasynyň oýlanyp tapylmagy bilen häzirki zaman lýustralaryň ilkinji nusgasy peýda bolýar. Lampa peýda bolsa-da, güljagaz şekilli hrustal çüýşeleriň bezeg üçin ulanylmagy dowam etdirilýär. Elektrik çyraly lýustralar XX asyryň başynda dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar. Şeýle hem diwardan asylýan gülçyralar hem-de stol çyralary ýaly görnüşleriň peýda bolmagy bäsdeşligiň ösmegine getirýär. 1950-nji ýyllarda Germaniýada lýustranyň ganatly lampalary bilen tapawutlanýan nusgasy hem döredilýär. Mundan başga-da, nagyşly, asma lampalary bolan dürli reňkli lýustralar öndürilip başlanýar.



Asyrlaryň dowamynda ýönekeý asma zynjyrly tegelek metaldan şu günki döwrebap görnüşe gelen lýustralar öýlerimiziň bezegine öwrüldi. Häzirki wagtda lýustralaryň ululygy, şekili, reňki we nagşy bilen tapawutlanýan birnäçe görnüşi bar. Hatda «akylly» lýustralar hem bolup, dürli reňkde ýagty saçýan bu çyralar uzakdan üm hereketleri bilen hem dolandyrylýar.




📌 Maglumat: Zaman gazetinden;
Suratlar: Google-dan;

Mowzugy taýýarlan:
@senorita
23
67
senorita
05.05.2024 17:35

Şampunlaryň ýüze çykmagy


Şampun


Jemgyýetde irki döwürlerden başlap şahsy arassaçylyk işlerine uly üns berlipdir. Adamyň üst-başynyň arassa bolmagy, arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi iň esasy zatlaryň hatarynda goýlupdyr. Eýsem, entek sabyn-şampunyň oýlanyp tapylmadyk mahalynda nämelerden peýdalanyldyka?!


Taryhy maglumatlarda ilkinji arassaçylyk serişdeleriniň Hindistanda ulanylandygy bellenilýär. Olar dürli ösümlikleriň gaýnadylan suwuny şampun hökmünde, «sabyn agajy» atly tropik agajyň miwesini sabyn hökmünde peýdalanypdyrlar. Mundan başga-da, otlaryň, gülleriň gaýnadylan suwuna saçlaryny ýuwupdyrlar. Bu serişdeler saçyň ýumşak we ýalpyldawuk bolmagyna kömek edipdir. Hindi söwdagärleriniň ýewropa aralaşmagy bilen tebigy saç yuwujy serişdeler köp ýurda ýaýrap başlaýar. Aziýada ilkinji şampun hökmünde başýuwlukdan (çekizäniň suwy), tüwi ýuwlan suwdan, sazagyň külünden peýdalanylandygy barada maglumatlar bar. Ýewropada şampun hökmünde gaýnadylan sabyn köpürjikleri ulanylypdyr. Ýer yüzünde 1903-nji ýyla çenli saç ýuwmagyň birnäçe usullary peýdalanylýar.


1904-nji ýylda Berlinde nemes oýlap tapyjysy Hans Şwarzkopf lawanda gülüniň tozy bilen suwuk sabyny garmak arkaly şampunyň ilkinji nusgasyny oýlap tapýar. Şondan soň «saçy arassalamakda» ilkinji şampun ulanylyp başlanýar. Hans Şwarzkopfyň aýaly Marta Şwarzkopf 1927-nji ýylda «Schwarzkopf» ady bilen saç-barlag merkezini döredýär. Şol ýyl bu merkez düzüminde sabyn bolmadyk ilkinji suwuk şampun öndürýär. Ol Ýewropada «Schwarzkopf» ady bilen köp satyn alnan, uly gyzyklanma bildirilen meşhur brendleriň biri bolýar.



1930-njy ýyllarda «Procter & Gamble» (P&G) kompaniýasynyň hünärmenleri ilkinji sintetik şampuny hödürleýärler. Bu saç üçin iň gowy oýlap tapyşlaryň biri bolup, häzirki zaman suwuk şampunlaryň öndürilmeginiň esasyny döredýär. Bu şampun müşderileriň göwnünden turup, saç kökleri üçin peýdaly hasaplanýar. Ondan soň kompaniýanyň hünärmenleri suwuk şampunlary gaplamagyň täzeçe görnüşlerini oýlap tapýarlar. 1987-nji ýylda P&G kompaniýasy ilkinji «2-si 1-inde serginlediji şampuny» hödürleýärler.



Häzirki wagtda şampun senagatda iň köp öndürilýän harytlaryň biri bolup, onuň kepekli saçlar, ýagly saçlar, gaty saçlar hem-de çagalar üçin niýetlenen (gözi ýaşartmaýan) birnäçe görnüşi bar.

34
228
senorita
05.05.2024 00:11
”Her yöne ve her yerde attığın her adım seni aynı noktaya götürür. Gideceğin yolu sen seçersin ama varacağın yer aynıdır. İnsan varacağı yeri değil varacağı hali değiştirebilir. Öyleyse yolunu seç, ham olarak mı, hal olarak mı? “


#neiçinvarsanonuniçinyaşa
24
35
senorita
04.05.2024 23:57
Saud Arabystanynyň çölleri 8 müň ýyl mundan ozal owadan we hasylly ýerlerdi. Geçmişde birnäçe jemgyýetleriň ýaşan bu ýerlerinde indi ýok bolup giden şol jemgyýetleriň galyndylary bar. Arap ýarym adasynyň golaýyndaky çöllerde gözlegçiler asmandan inen müňlerçe ullakan daş böleklerini tapdylar. Şeýle hem bu ýerde 1920-nji ýyllarda «V» görnüşindäki syrly nagyşlaryň üsti açyldy. Bu nagyşlar ilkinji gezek Iňlis howa güýçleriniň uçarmanlary tarapyndan görüldi we olaryň nähili emele gelendigi bir asyrdan gowrak wagt bäri hünärmenler tarapyndan jedelli mesele boldy.

Saud Arabystanynyň Uwayrid çölünden alnan soňky emeli hemra suratlary çöldäki syrly nagyşlaryň nähili emele gelendigi baradaky maglumatlary ýüze çykardy. Bu nagyşlar «çöl batbörekleri» diýlip atlandyrylýar. Bu syrly nagyşlaryň üstünde işleýän arheologlar, gadymyýetde adamlar köpçülikleýin aw awlamak üçin ýerden şeýle çukurlary gazan bolmagynyň ähtimaldygyny mälim edýärler.

Uwayrid çölünden tapylan ähli nagyşlar birmeňzeş şekile eýe. Nagyşlar «V» görnüşinde bolup, ýapyk meýdany görkezýär. Alymlar hakykatdan hem gadymy adamlaryň ýabany haýwan sürüsini bu ýerden edilen çukurlaryň içine salyp olaryň başga ýere gaçmazlygynyň öňüni almak bilen aw awlandyklaryny mälim edýärler.

Saud Arabystandaky bu «çöl batbörekleri» syýahatçylaryň esasy üns merkezinde bolup durýar.
27
72
senorita
04.05.2024 20:44
Irki döwürlerde adamlarda suwuklygy üýtgetmän saklaýan haýsydyr bir zady oýlap tapmak pikiri döreýär. Ilkinji suw gaplarynyň daşyna ýüň ýa-da hasa oramak arkaly suwuklygy birnäçe sagatlap şol bir temperaturada saklapdyrlar. Adam aňynyň kämilleşmegi bilen, suwuklygy uzak wagtlap şol bir temperaturada saklamak üçin oýlanyp tapylan serişdeleriň biri hem termosdyr.

Adamlar termos ulanmak arkaly yssy howa şertinde sowuk suw, sowuk şertlerde gyzgyn çaý ýa-da kofe içmek mümkinçiligine eýe bolýarlar. Durmuşymyzda gündelik ulanylýan ilkinji termosy kimiň haçan oýlap tapandygy hemmämiz üçin gyzykly bolsa gerek.



Şotlandiýaly fizik we himik Jeýms Dýuar (1842-1923) suwuk himiki serişdeleri pes derejede saklamak üçin wakuum çüýşesi bolan gaby oýlap tapýar. 1892-nji ýylda Dýuar aýna çüýşäni başga bir çüýşäniň içine ýerleşdirýär. Netijede, wakuumly gatlak döräp, ol iki çüýşäniň arasynda howasyz boşlugy emele getirýär. Bu oýlap tapyş suwuklygy uzak wagtlap şol bir temperaturada saklamaga mümkinçilik berýär. Açyşy şowly netije berensoň, Dýuar bu önümi kämilleşdirmäge we täze görnüşlerini oýlap tapmaga girişýär.



Dýuaryň wakuumly gaplary birnäçe ýyllap laboratoriýada ylmy maksatlar üçin peýdalanylýar. Wakuumly gaplaryň söwda tekjelerinde satylyp, gündelik durmuşda ulanylyp bilinjekdigi baradaky pikir Dýuaryň İşgäri Reýnhold Burgeriň kellesine gelýär. Ol wakuumly gaplarda himiki suwuklyklary däl-de, gündelik durmuşda zerur bolan içimlikleri saklap boljakdygyny Dýuara aýdýar. Netijede, 1904-nji ýylda Dýuar wakuumly gaplaryna patent alýar. Şondan soň bu gaplar «Termos» ady bilen Germaniýanyň «Thermos GmbH» kompaniýasy tarapyndan öndürilip, satuwa çykarylyp başlanýar. «Termos» sözi grekçedäki «thermos» (gyzgyn) sözünden gelip çykýar. Mýunhende geçirilen täze oýlap tapyşlaryň ýaryşynda täze önüm üçin «termos» sözi teklip edilýär we makullanýar. 1907-nji ýylda Burger termosyň aýna çüýşeleriniň döwülmezligi üçin onuň daşyny metal gurşaw bilen kämilleşdirýär. Ol özüniň metal daşlykly termosyna patent alyp, ABŞ-da önümçiligini ýola goýýar. Şeýlelikde, termoslar bütün dünýäde ýaýrap başlaýar. Onuň tutawaçly, plastmassa dykyly, gapagyny suwuklyk içmek üçin ulanyp bolýan, daşky bezegi hem-de göwrümi taýdan tapawutlanýan birnäçe görnüşi bar. Şol sanda çagalar üçin ulanmaga amatly ergenomik (tutmak üçin oňaýly) görnüşleri hem bar. Durmuşymyza giňden ornaşan termos yssyda sowuk suwy, sowuk howada gyzgyn çaýdyr kofäni belli bir wagt aralygynda şol bir temperaturada saklamaga hyzmat edýär.

25
73
senorita
04.05.2024 00:11
Herkesin bir hayali var, hepimiz gözlerimizi kapattığımızda hayal ettiğimiz o kişi olmak istiyoruz ama kimse camdaki yansımasının ötesine geçemiyor.

#neiçinvarsanonuniçinyaşa
14
36
senorita
03.05.2024 23:02
1) Sorag belgisiniñ ýerine haýsy sany goýmaly?



2) Diñe bir çõpũñ ornuny ũýtgedip deñligi dogrulamaly:



3) Yzygiderligi boýunça sorag belgisiniñ ýerine goýmaly san nãçe bolar?

24
149
senorita
03.05.2024 17:53

Çap ediji enjamlar barada


Printer


Çap etmek – ilkinji görnüşi ýa-da nusgany ulanyp, teksti we şekilleri köpçülige ýaýratmak işidir. Irki çap etmeklige möhürler degişli bolup durýar. Kagyza çap etmek üçin ýasalan agaç galyplar miladydan öňki 220-nji ýyllarda Hytaýda peýda bolýar. 1040-njy ýylda Bi Şeng farfordan hytaý ieroglifleri üçin ilkinji göçme görnüşli çap ediji galyby taýýarlaýar. Palçykdan ýasalandygy sebäpli, göçme galyp tiz döwlüpdir hem-de kagyzyň ýüzünde doly yz galdyrmandyr. 1298-nji ýylda Wan Zhen hytaý ýazuwy üçin galybyň agaçdan oýulyp ýasalan görnüşini döredýär. Bu ylymda «ksilografiýa» diýlip atlandyrylýar.



Misden göçürilýän görnüşli çap etmek XII asyryň başynda Hytaýda döreýär we kagyz pullary çap etmekde ulanylýar. Soňra bu usul Koreýa ýaýrap, takmynan 1230-njy ýylda bürünç ulanylyp, metal görnüşli çap ediji oýlanyp tapylýar. XIV asyryň ahyrlaryna XV asyryň başlaryna Ýewropa hem bu usul ýaýraýar.



Germaniýaly zergär Ýohannes Gutenberg aýratyn sahypalardan ýygnalan kitaplary neşir etmegi oýlap tapýar. Netijede, 1436-njy ýylda gymmatbaha daş kesiji Andreas Dritzehen we kagyz fabriginiň eýesi Andreas Heilmann bilen bilelikde çaphana işine başlaýar. Basyş ulanyp çap edýän mehanik enjam beýleki görnüşlerden has çalt çap edýändigi we çydamlylygy bilen tapawutlanýar. Mundan başga-da, oňa ornaşdyrylan metal görnüşli bölekler berkäp, harplar birmeňzeş görnüşli ölçege geçýär. Bu ilkinji şriftleriň döremegine sebäp bolýar. Gutenbergiň oýlap tapan çap ediji maşyny tizara ilki Ýewropa, soňra bolsa bütin dünýä ýaýraýar. Bu enjam köpçülikleýin çap etmegiň ilkinji ädimi hasaplanýar. Şondan soňra neşirýat işi kämilleşip başlaýar.



1800-nji ýylda Lord Stanhope Gutenbergiň el bilen dolandyrylýan çap ediji enjamyny kämilleşdirip, öňküden iki esse uly göwrümi çap edýän hem-de dolandyrmak üçin az güýç sarp edilýän täze enjamy işläp düzýär.



1810-njy ýylda germaniýaly Koenig nemes inženeri Andreas Fridrih Baueriň kömegi bilen çap enjamynyň bug bilen işleýän görnüşini öndürýär. Bu enjam 1814-nji ýylda redaksiýasy Londonda ýerleşýän belli «The Times» gazetine satylýar.



1843-nji ýylda amerikaly Riçard M.Hoe bug bilen İşleýän aýlawly çaphana enjamyny döredýär.



Bu oýlap tapyş metbugatyň ösüşine uly itergi berýär. Ondan soňra çap ediji enjamyň sanly, syýaly, elektrofotografiýaly, lazerli, gaty syýaly, gurak syýaly, 3D (üç ölçegli) çap etmek ýaly birnäçe görnüşleri oýlanyp tapylýar.

40
249
senorita
01.05.2024 20:27
Galamlaryň döreýşi hakynda



Adamzat taryhynda ilkinji ýazuw dürli geometrik şekiller arkaly beýan edilipdir. Ilkinji şekiller daş ýa-da hek bilen agaçlaryň, gaýalaryň ýüzüne çyzylyp hem-de oýulyp ýazylypdyr. Bu ilkinji ýazuw endikleri bolup, aň-düşünjäniň ösmegi bilen ýazuw esbaplary kämilleşip başlaýar. Şeýlelikde, birek-birek bilen habarlaşmak üçin hat oýlanylyp tapylýar. Hat ýazmak üçin bolsa, ýazylanda yz galdyrýan haýsydyr bir serişdäniň zerurlygy ýüze çykýar. Şeýlelik bilen, galam oýlanyp tapylýar.

Takmynan, 1560-njy ýylda italýan neçjarlary (agaç ussasy) Simonion we Lindiana Bernakotti tarapyndan galamyň ilkinji görnüşi oýlanyp tapylýar. Olar arça agajynyň içi boş taýajygynyň içine gara reňk ýerleşdirip, ilkinji galamy döredipdirler. Köp wagt geçmänkä has ýokary tär ulanyp, deň ikä kesilen agajyň içini dik oýup, oňa grafiti ýerleşdirensoňlar ýarym bölekleri biri-birine ýelmäpdirler. Bu oýlanyp tapylan täze usul bolup, häzirki günlere çenli şeýle usul ulanylýar. Grafit mineraly ilkinji gezek 1654-nji ýylda Angliýada ýüze çykarylýar. Eliňde oňaýly durmagy üçin ilki-ilkiler grafit taýajyklaryň daşyna deri saralypdyr. 1662-nji ýylda Germaniyanyň Nýurenberg şäherinde grafit külkesinden grafit taýajygynyň gaýtadan işlenip taýýarlanylan görnüşiniň oýlanyp tapylmagy bilen, galamyň önümçiligi artyp başlaýar.



1775-nji ýylda fransiýaly Nikola Žak Konte agaçdan galamyň inçe görnüşini, ýagny grafit garyndysynyň iki taýajygyň 2 içinde ýerleşdirilen görnüşini ýasaýar. Žak Konte 1795-nji ýylda galam öndürmek maksady bilen patent alandan soňra öz adyny göterýän galam fabriginiň düýbüni tutýar. Häzirki wagtda Parižiň «Konte» kärhanasy galam öndürmekde öňdebaryjy hasaplanýar.



1838-nji ýylda angliýaly Genri Bessemer grafitden has kämil galam ýasamagyň hötdesinden gelýär. 1858-nji ýylda Himen Lipman ýazuw esbabynyň bir ujuna berkidilen bozguçly galamyna patent alýar. Şondan soň bozguçly galamlar ýüze çykyp başlaýar. Eberhard Faber 1861nji ýylda Nýu Ýorkda ilkinji galam kärhanasynyň düýbüni tutýar.



Agaç daşly galamlaryň döränine 200 ýyldan gowrak wagt geçip, häzirki wagtda galamlaryň grafit, gaty grafit, suwuk grafit, kömürli, uglerodly, reňkli, ýagly we akwarelli ýaly birnäçe görnüşi bar. Galamyň hilini urga çydamlylygy, ýonulanda döwülmeýändigi, ýazanyňda kagyzy zaýalamaýandygy, bozguç bilen çalt öçürip bolýandygy arkaly bilip bolýar.


Galam barada gyzykly maglumatlar:

✏️ XIX asyryň ahyrlarynda ABŞ-da her gün 240 müňden gowrak galam ulanylypdyr.

✏️ Gyzyl kedr galam öndürmek üçin oňaýly agaç bolup, ýakymly ysy we ýarylmaýandygy bilen tapawutlanýar. Galam öndürmekde alder, pulai, jelutong ýaly agaçlar hem ulanylýar.

✏️ Kosmosa ilkinji çykan kosmonawt Yuriý Gagarin öz ýany bilen galam alyp gidýär. Sebäbi, Ýeriň dartyş güýjüniň ýok ýerinde ruçkanyň syýasy uçýar.

✏️ Her ýyl dünýäde 14 milliarddan gowrak galam öndürilýär.
24
130
senorita
30.04.2024 22:42
Diýdiň sen:
«Işçiler nädip oňýarka
Alýanja şojagaz aýlygy bilen?..»
Emma weli işçiň günlük baýlygyn
Deňäp bilmen ýyllyk baýlygyň bilen.

Seniň puldan başga bilýän zadyň ýok.
Pikiriň-zikiriň pul, pul, ýene pul.
Bolmasa-da bizde gul diýilýän zat,
Sen gul! Haram puluň elindäki gul!

...Agaň soňky demde hyrkyldap ýatyr.
Sen onuň yzyndan gitmäge derek
Şu günki gazanan puluňy sanap,
Ekstra bilen urýarsyň börek.

Syrkaw dem sanaýar, sen pul sanaýaň.
Men bolsa gazan gapgaryp pitä,
Bugy hem gaýtmadyk jüýje çorbasyn
Seniň dertli agaň yzyndan eltýän.

Sen bolsa şo mahal sanan puluňy
Desseläp, desseläp, daňýardyň müňden.
Emma meniň kisäm müňsüzem bolsa,
Şo mahal müň esse
bagtlydym senden.

...Obadaş tanyşyň ýogaldy bir gün.
Duran-duran ýerden ylgady uly il.
Sen bolsa («syrkaw men, işli men...»
diýip)
Tapyndyň özüňe müň dürli delil.

Men bolsa şol mahal egnim tabytly,
Dostuňy göterip barýardym öňden.
Şonda meniň kebzäm hasratlam bolsa,
Müň esse baýdym
hem
bagtlydym senden!

...Dileg edip geldi
garryja eneň.
Bende dilegçi hem däldir-le weli,
Düwünçekmi ýa-da atgulak üçin
Azajyk ýetmedik bolarly puly.

Sen oňa köneje bäşlik uzatdyň,
Soň üçlük uzatdyň (kesen dek tenden!)
Men bolsa şo mahal
öz enem bilen
Müň esse baýdym
hem bagtlydym senden.

...Ne roman okaýaň, ne-de bir goşgy.
Okamak deregne içýäň hem iýýäň.
Bir kitap görkezsem,
saldarlap görüp,
«Şuňa näçeräk pul aldyka?» diýýäň.

Beýik Magtymgulyň kitabyny hem
Özüň däl, getirip beripdir ogluň.
Halal, haram hakda okan mahalym –
Kitaby ýyrtaýjak, ýyrtaýjak bolduň.

Dogrulyk hakdaky ýekeje söz hem
Ýerleşip bilenok pos basan beýnä...
Men bolsa her agşam bagrymy berip
Puşkine, Pyraga, Nowaýa, Geýnä,

Balarysy ýaly şire toplaýan
Danalaň dürdäne setirlerinden.
Şol pursat
bar öýüm, maşgalam bilen
Müň esse gurply men,
Bagtly men senden.

...Söýgüden doýanok meniň gözlerim.
Seň gözleriň bolsa doýanok zatdan.
Kopügiň hasaplap uzynly gije,
Mele gelniňi-de çykarýaň ýatdan.

Men bolsa şo mahal
mele gujakda
Her minutda iki ýaşyny ýaşap,
Uly söýgi bilen ýeten bagtymyň
Kä lebinden, käte gözünden ogşap –

Seniň puluň sany çen-çakdan çyksa,
Meniň posa sanym çykýardy çenden.
Şo mahal
özüm hem,
gelnim, öýüm hem
Müň esse baýdyk
hem
bagtlydyk senden.

...Her gije, her säher
eýmençden eýmenç
Gara wakalary görüp düýşüňde,
Käte basyrganyp, käte gygyryp,
(Hiç zatdan gorkmasyz) juwan ýaşyňda,
Maşyn sesi çyksa, tisginip turup,
Çyrany-da ýakman,
ylgaýaň gapa!..
Biz bolsak şo mahal çagalar bilen
Gark bolup iň süýji, lezzetli uka,
Zähmetiň, Söýginiň eşretin görüp,
Nur sorup ýatyrys ertirki günden.
Müňläp nulumyz ýok. Emma müň esse
Baý biz,
arkaýyn biz,
bagtly biz senden.

✍🏻 Kerim Gurbannepesow
22
53