senorita
04.05.2024 20:44
Irki döwürlerde adamlarda suwuklygy üýtgetmän saklaýan haýsydyr bir zady oýlap tapmak pikiri döreýär. Ilkinji suw gaplarynyň daşyna ýüň ýa-da hasa oramak arkaly suwuklygy birnäçe sagatlap şol bir temperaturada saklapdyrlar. Adam aňynyň kämilleşmegi bilen, suwuklygy uzak wagtlap şol bir temperaturada saklamak üçin oýlanyp tapylan serişdeleriň biri hem termosdyr.

Adamlar termos ulanmak arkaly yssy howa şertinde sowuk suw, sowuk şertlerde gyzgyn çaý ýa-da kofe içmek mümkinçiligine eýe bolýarlar. Durmuşymyzda gündelik ulanylýan ilkinji termosy kimiň haçan oýlap tapandygy hemmämiz üçin gyzykly bolsa gerek.



Şotlandiýaly fizik we himik Jeýms Dýuar (1842-1923) suwuk himiki serişdeleri pes derejede saklamak üçin wakuum çüýşesi bolan gaby oýlap tapýar. 1892-nji ýylda Dýuar aýna çüýşäni başga bir çüýşäniň içine ýerleşdirýär. Netijede, wakuumly gatlak döräp, ol iki çüýşäniň arasynda howasyz boşlugy emele getirýär. Bu oýlap tapyş suwuklygy uzak wagtlap şol bir temperaturada saklamaga mümkinçilik berýär. Açyşy şowly netije berensoň, Dýuar bu önümi kämilleşdirmäge we täze görnüşlerini oýlap tapmaga girişýär.



Dýuaryň wakuumly gaplary birnäçe ýyllap laboratoriýada ylmy maksatlar üçin peýdalanylýar. Wakuumly gaplaryň söwda tekjelerinde satylyp, gündelik durmuşda ulanylyp bilinjekdigi baradaky pikir Dýuaryň İşgäri Reýnhold Burgeriň kellesine gelýär. Ol wakuumly gaplarda himiki suwuklyklary däl-de, gündelik durmuşda zerur bolan içimlikleri saklap boljakdygyny Dýuara aýdýar. Netijede, 1904-nji ýylda Dýuar wakuumly gaplaryna patent alýar. Şondan soň bu gaplar «Termos» ady bilen Germaniýanyň «Thermos GmbH» kompaniýasy tarapyndan öndürilip, satuwa çykarylyp başlanýar. «Termos» sözi grekçedäki «thermos» (gyzgyn) sözünden gelip çykýar. Mýunhende geçirilen täze oýlap tapyşlaryň ýaryşynda täze önüm üçin «termos» sözi teklip edilýär we makullanýar. 1907-nji ýylda Burger termosyň aýna çüýşeleriniň döwülmezligi üçin onuň daşyny metal gurşaw bilen kämilleşdirýär. Ol özüniň metal daşlykly termosyna patent alyp, ABŞ-da önümçiligini ýola goýýar. Şeýlelikde, termoslar bütün dünýäde ýaýrap başlaýar. Onuň tutawaçly, plastmassa dykyly, gapagyny suwuklyk içmek üçin ulanyp bolýan, daşky bezegi hem-de göwrümi taýdan tapawutlanýan birnäçe görnüşi bar. Şol sanda çagalar üçin ulanmaga amatly ergenomik (tutmak üçin oňaýly) görnüşleri hem bar. Durmuşymyza giňden ornaşan termos yssyda sowuk suwy, sowuk howada gyzgyn çaýdyr kofäni belli bir wagt aralygynda şol bir temperaturada saklamaga hyzmat edýär.

25
73
perijik
6 May 2024
👍🏻👍🏻
senorita
4 May 2024
@awgust, 🌷
awgust
4 May 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.