senorita
01.05.2024 20:27
Galamlaryň döreýşi hakynda



Adamzat taryhynda ilkinji ýazuw dürli geometrik şekiller arkaly beýan edilipdir. Ilkinji şekiller daş ýa-da hek bilen agaçlaryň, gaýalaryň ýüzüne çyzylyp hem-de oýulyp ýazylypdyr. Bu ilkinji ýazuw endikleri bolup, aň-düşünjäniň ösmegi bilen ýazuw esbaplary kämilleşip başlaýar. Şeýlelikde, birek-birek bilen habarlaşmak üçin hat oýlanylyp tapylýar. Hat ýazmak üçin bolsa, ýazylanda yz galdyrýan haýsydyr bir serişdäniň zerurlygy ýüze çykýar. Şeýlelik bilen, galam oýlanyp tapylýar.

Takmynan, 1560-njy ýylda italýan neçjarlary (agaç ussasy) Simonion we Lindiana Bernakotti tarapyndan galamyň ilkinji görnüşi oýlanyp tapylýar. Olar arça agajynyň içi boş taýajygynyň içine gara reňk ýerleşdirip, ilkinji galamy döredipdirler. Köp wagt geçmänkä has ýokary tär ulanyp, deň ikä kesilen agajyň içini dik oýup, oňa grafiti ýerleşdirensoňlar ýarym bölekleri biri-birine ýelmäpdirler. Bu oýlanyp tapylan täze usul bolup, häzirki günlere çenli şeýle usul ulanylýar. Grafit mineraly ilkinji gezek 1654-nji ýylda Angliýada ýüze çykarylýar. Eliňde oňaýly durmagy üçin ilki-ilkiler grafit taýajyklaryň daşyna deri saralypdyr. 1662-nji ýylda Germaniyanyň Nýurenberg şäherinde grafit külkesinden grafit taýajygynyň gaýtadan işlenip taýýarlanylan görnüşiniň oýlanyp tapylmagy bilen, galamyň önümçiligi artyp başlaýar.



1775-nji ýylda fransiýaly Nikola Žak Konte agaçdan galamyň inçe görnüşini, ýagny grafit garyndysynyň iki taýajygyň 2 içinde ýerleşdirilen görnüşini ýasaýar. Žak Konte 1795-nji ýylda galam öndürmek maksady bilen patent alandan soňra öz adyny göterýän galam fabriginiň düýbüni tutýar. Häzirki wagtda Parižiň «Konte» kärhanasy galam öndürmekde öňdebaryjy hasaplanýar.



1838-nji ýylda angliýaly Genri Bessemer grafitden has kämil galam ýasamagyň hötdesinden gelýär. 1858-nji ýylda Himen Lipman ýazuw esbabynyň bir ujuna berkidilen bozguçly galamyna patent alýar. Şondan soň bozguçly galamlar ýüze çykyp başlaýar. Eberhard Faber 1861nji ýylda Nýu Ýorkda ilkinji galam kärhanasynyň düýbüni tutýar.



Agaç daşly galamlaryň döränine 200 ýyldan gowrak wagt geçip, häzirki wagtda galamlaryň grafit, gaty grafit, suwuk grafit, kömürli, uglerodly, reňkli, ýagly we akwarelli ýaly birnäçe görnüşi bar. Galamyň hilini urga çydamlylygy, ýonulanda döwülmeýändigi, ýazanyňda kagyzy zaýalamaýandygy, bozguç bilen çalt öçürip bolýandygy arkaly bilip bolýar.


Galam barada gyzykly maglumatlar:

✏️ XIX asyryň ahyrlarynda ABŞ-da her gün 240 müňden gowrak galam ulanylypdyr.

✏️ Gyzyl kedr galam öndürmek üçin oňaýly agaç bolup, ýakymly ysy we ýarylmaýandygy bilen tapawutlanýar. Galam öndürmekde alder, pulai, jelutong ýaly agaçlar hem ulanylýar.

✏️ Kosmosa ilkinji çykan kosmonawt Yuriý Gagarin öz ýany bilen galam alyp gidýär. Sebäbi, Ýeriň dartyş güýjüniň ýok ýerinde ruçkanyň syýasy uçýar.

✏️ Her ýyl dünýäde 14 milliarddan gowrak galam öndürilýär.
24
130
senorita
3 May 2024
@yalnyz_, Sag boluñ sizem
senorita
2 May 2024
@yalnyz_, Salam. Şũkûr Hudaýa. Siz gowumy?
senorita
2 May 2024
@enes_🧿, Salam ýazan ýagşy ) Hawa ýalñyşmasam 3-nji gezek paýlaşylýa. Ýañy postda aýtjakdym welin, dũýn hem birine şeýle diýsem postyny pozupdyr. Onsañ gaty gõrãýmesin diýip aýtmadym
senorita
2 May 2024
@2211, Kãbiri zametki-de duran zatlar, haçan nireden alanymy hem bilemok. Kãbirini bolsa Google daýydan gyzykly zatlar bolsa alyp paýlaşýan )
senorita
2 May 2024
@yalnyz_, 👍
2211
1 May 2024
Sul zatlary nirden alyan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.