senorita
04.05.2024 23:57
Saud Arabystanynyň çölleri 8 müň ýyl mundan ozal owadan we hasylly ýerlerdi. Geçmişde birnäçe jemgyýetleriň ýaşan bu ýerlerinde indi ýok bolup giden şol jemgyýetleriň galyndylary bar. Arap ýarym adasynyň golaýyndaky çöllerde gözlegçiler asmandan inen müňlerçe ullakan daş böleklerini tapdylar. Şeýle hem bu ýerde 1920-nji ýyllarda «V» görnüşindäki syrly nagyşlaryň üsti açyldy. Bu nagyşlar ilkinji gezek Iňlis howa güýçleriniň uçarmanlary tarapyndan görüldi we olaryň nähili emele gelendigi bir asyrdan gowrak wagt bäri hünärmenler tarapyndan jedelli mesele boldy.

Saud Arabystanynyň Uwayrid çölünden alnan soňky emeli hemra suratlary çöldäki syrly nagyşlaryň nähili emele gelendigi baradaky maglumatlary ýüze çykardy. Bu nagyşlar «çöl batbörekleri» diýlip atlandyrylýar. Bu syrly nagyşlaryň üstünde işleýän arheologlar, gadymyýetde adamlar köpçülikleýin aw awlamak üçin ýerden şeýle çukurlary gazan bolmagynyň ähtimaldygyny mälim edýärler.

Uwayrid çölünden tapylan ähli nagyşlar birmeňzeş şekile eýe. Nagyşlar «V» görnüşinde bolup, ýapyk meýdany görkezýär. Alymlar hakykatdan hem gadymy adamlaryň ýabany haýwan sürüsini bu ýerden edilen çukurlaryň içine salyp olaryň başga ýere gaçmazlygynyň öňüni almak bilen aw awlandyklaryny mälim edýärler.

Saud Arabystandaky bu «çöl batbörekleri» syýahatçylaryň esasy üns merkezinde bolup durýar.
27
72
XL-19
5 May 2024
Biyderek zat 😐
awgust
5 May 2024
Täsin
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.