senorita
08.05.2024 17:40
Lýustralaryň döreýşi barada



Çakmak daşynyň oýlanyp tapylyp, oduň peýda bolmagy adamzat taryhyndaky ilkinji ýagtylyk hem-de ýylylyk beriji serişdedir. Birnäçe asyryň dowamynda ot gijeki yşyklandyryş serişdesi hökmünde peýdalanylypdyr. Oduň ýagtylyk hökmünde ulanylan döwründen tä şu güne çenli yşyklandyryş ulgamyna degişli birnäçe oýlap tapyşlar bar. Şolaryň hatarynda şemi, ýag çyrasyny, fakeli (alawly taýak), elektrik çyrasyny görkezmek bolar.

Öýlerimize, medeni-köpçülikleýin binalara bezeg berýän, özboluşly ýagtylandyryş enjamy bolan lýustranyň hem taryhy bar. Geliň, lýustranyň oýlanyp tapylyşy baradaky gyzykly maglumatlary öwreneliň!

Maglumatlara görä, ilkinji lýustralar orta asyrlarda (V-VI asyrlar) Wizantiýada ulanylypdyr. Zynjyrlardan asylgy duran tegelek metal bölekden düzülen polikandelon ilkinji lýustra hasaplanýar. Polikandelonyň şem saklaýjy metal bölekleri (şemdan) bolup, onda 16 şem ýakylypdyr. Ol ilkibaşda ybadathanalarda hem-de döwlet edaralarynda asylyp goýulýar. Soňlugy bilen gurply adamlaryň jaýlarynda hem peýda bolup başlaýar. Az wagtdan flaman we golland ussalary agaçdan hem-de metaldan ýasalan lýustranyň hrustal çüýşeli görnüşlerini oýlap tapýarlar.



XV asyrda lýustranyň oýlanyp tapylyşynda uly ösüş gazanylýar. Şol döwürde köp gatly, birnäçe tegelek halkadan ybarat, bürünç plitalary hem-de aýnadan ýasalan (hrustal) güljagazlary bolan lýustralar döredilýär. Şemiň yşygy hrustal çüýşeleriň içinde şöhlelenip, ýagtylygy öňküsinden has-da güýçlenýär. Bir asyrdan sonra italýan bezegçisi we binagäri Gio Ponti owadan hrustal çüýşeleri bolan reňkli lýustrany ýasaýar. Şondan soň bu enjam Yewropada meşhur bolup başlaýar. XIX asyryň ikinji ýarymynda elektrik çyrasynyň oýlanyp tapylmagy bilen häzirki zaman lýustralaryň ilkinji nusgasy peýda bolýar. Lampa peýda bolsa-da, güljagaz şekilli hrustal çüýşeleriň bezeg üçin ulanylmagy dowam etdirilýär. Elektrik çyraly lýustralar XX asyryň başynda dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar. Şeýle hem diwardan asylýan gülçyralar hem-de stol çyralary ýaly görnüşleriň peýda bolmagy bäsdeşligiň ösmegine getirýär. 1950-nji ýyllarda Germaniýada lýustranyň ganatly lampalary bilen tapawutlanýan nusgasy hem döredilýär. Mundan başga-da, nagyşly, asma lampalary bolan dürli reňkli lýustralar öndürilip başlanýar.



Asyrlaryň dowamynda ýönekeý asma zynjyrly tegelek metaldan şu günki döwrebap görnüşe gelen lýustralar öýlerimiziň bezegine öwrüldi. Häzirki wagtda lýustralaryň ululygy, şekili, reňki we nagşy bilen tapawutlanýan birnäçe görnüşi bar. Hatda «akylly» lýustralar hem bolup, dürli reňkde ýagty saçýan bu çyralar uzakdan üm hereketleri bilen hem dolandyrylýar.




📌 Maglumat: Zaman gazetinden;
Suratlar: Google-dan;

Mowzugy taýýarlan: @senorita
23
67
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.