senorita
27.05.2024 23:19
Bir ýigidiň obalaryndaky bir gyza göwni gidipdir. Ýöne onuň sözaýdyjylary gyzyň: «Bile ýaşamaga razy, ýöne yzyna adam tirkäp gelse halaman. Şoňa razy bolsa, toý şaýyny tutaýsyn» diýýändigini oňa jikme-jik aýdypdyrlar. Ýigidiň birbada gahary geljek bolupdyr. Garaz, ýaş maşgala, wagt geçse özgerer diýen pikir bilen onuň şertine razy bolup, oňa öýlenipdir. Bir günem daşaryda böreňläp ýagyş ýagypdyr. Ýoldan barýan ötegçiniň biri, ýagyşdan goranmak üçin, olaryň öýüniň yk tarapyna çekilip durupdyr. Oňa gözi düşen ýigit, näme etjegini bilmändir. Ony yzyna tirkäp gelse, gelnine beren sözünde durmadygy boljak. Ol ahyry:
– Ejize hossarlyk etmeýänden adam bolmaz. Meniň bir wagtky beren sözüm ýadymda. Ýöne tamymyzyň ygynda duran bendäni öýümize salmasak bolmaz. Sen garşy bolsaňam, men oňa: «Gel!» diýmän bilmerin – diýipdir.
Gelni sesini çykarman razylaşypdyr. Olar ötegçä ýylyjak ýerde düşek ýazypdyrlar. Ol bu gijäni olarda geçiripdir. Irden bolsa, ýene ýola düşüpdir. Irden gelni myhmanyň yzyndan seredip, adamsyny çagyrypdyr.

– Seret, ol agşam birdi, indi iki bolup barýar. «Myhman öz rysgaly bilen gelýär. Öýüň ähli şowsuzlygyny hem, dert-belalaryny hem özi bilen alyp gidýär» diýip atam aýdardy. Onuň iki bolup barýanyny görýäňmi?! Ol bizdäki ähli dertleri özi bilen alyp, daglara-daşlara äkitdi, rysgalynam goýup gitdi – diýipdir. Ýigit seretse, ol keýtikläp öňden, onuň sudury hem yzy bilen oňa goşulyp barýarmyş. Ol aýalynyň pähimdar zenandygyna, şertini hem ony synamak üçin goýandygyna düşünip ýylgyrypdyr.

📚 «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi»
16
130
senorita
27.05.2024 18:44
Köp öý­ler­de be­zeg mak­sa­dy bi­len sak­lan­ýan to­tu­la­ryň Ýer ýü­zün­de 400-e go­laý gör­nü­şi bo­lup, bu guş­lar gep­läp bil­ýän­di­gi bi­len ta­nal­ýar. To­tu­lar üç uly to­pa­ra (ha­ky­ky to­tu­lar, ko­ka­to we Tä­ze Ze­lan­di­ýa to­tu­la­ry) bö­lün­ýär. To­tu­la­ryň esa­sy bö­le­gi Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da we Awst­ra­li­ýa­da ýa­şa­ýar.

Bi­ri-bi­rin­den owa­dan, dür­li reňk­de öw­şün at­ýan to­tu­lar ara­gat­na­şyk sak­la­mak üçin bir­nä­çe ses­le­ri ulan­ýar­lar. Ada­ma öý­kü­nip bil­ýän, di­ýe­ni­ňi yzyň­dan gaý­ta­la­ýan to­tu­lar dün­ýä­dä­ki iň akyl­ly guş­lar ha­sap­lan­ýar. Öý­ler­de sak­lan­ýan to­tu­la­ryň kö­pü­si öza­ra gür­rüň­le­ri ýat­da sak­lap, gep­leş­ýän şe­kil­de dür­li söz­le­ri aý­dyp bil­ýär. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, to­tu­lar müň tö­we­re­gi sö­zi ýat tu­tup, müň­ler­çe se­se hem öý­kü­nip bil­ýär­ler. To­tu­lar uzak ýa­şa­ýan­dy­gy bi­len hem ta­pa­wut­lan­ýar. Bi­ler­men­ler bu guş­la­ryň uzak ýa­şa­ma­gy­nyň sy­ry­ny akyl­ly­dy­gy we ugur­ta­py­jy­ly­gy bi­len dü­şün­dir­ýär­ler. Ýag­ny to­tu­lar dür­li te­bi­gy howp­la­ra gar­şy gö­re­şip, çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar­dan baş alyp çy­kyp bil­ýär­ler. Şeý­le hem iý­ýän zat­la­ry­na üns­li çe­me­leş­ýär­ler. To­tu­la­ryň uly göw­re­li gör­nüş­le­ri ki­çi­le­ri­ne gö­rä has uzak ýa­şa­ýar. To­tu­la­ryň iň ulu­la­ry­nyň ag­ra­my 15-18 ki­log­ra­ma çen­li ýe­týär, iň ki­çi­le­ri bol­sa, 10 gram­dan geç­me­ýär.

📌 zamanturkmenistan.com.tm


❓ Saklaýanyñyz barmy õýũñizde?
Bar bolsa nãhili aýratynlyklary bar?
12
55
senorita
26.05.2024 15:40


Sanlaryň adamzat durmuşyna ornaşmagy bilen hasaplamalar dürli usullarda amala aşyrylyp başlanýar. Ilkibaşda adamlar hasaplama ulgamyna gaty köp wagtyny sarp edip, ony gyzykly iş hökmünde görüpdirler. Ýönekeý sanlary goşup-aýyrmakda onçakly kynçylyk döremeýär. Ýöne çylşyrymly sanlary we birnäçe onlukdan düzülen uly sanlary hasaplamakda ýalňyşlyklar ýüze çykýar.

Taryhy maglumatlara görä, ilkinji hasaplaýyş enjamy «Abakus» atly çot hasaplanýar. Çot gönüburçly agaç çarçuwa berkidilen inçejik taýajyklara düzülen top şekilli monjuklardan ybarat bolup, monjuklary taýajyklardan eýläk-beýläk süýşürmek arkaly hasaplaýyş işi amala aşyrylýar. Abakus çoty, takmynan, biziň eýýamymyzdan öňki 2000-nji ýyllarda Müsürde ulanylyp başlanýar. Abakus çoty 3600 ýyl bäri ulanylyp gelinýän mehaniki enjamdyr.



Ylmyň we tehnologiýanyň ösmegi bilen birnäçe sekundyň içinde millionlarça hasaplamalary ýerine ýetirip bilýän «kalkulýator» (hasaplaýyş maşyny) atly enjam oýlanyp tapylýar. 1623-nji ýylda hasaplaýyş enjamyny ilkinji bolup nemes matematigi Wilgelm Şikkard oýlap tapýar. Bu oýlap tapyş matematikanyň taryhynda uly öwrülişik bolup, goşmak-aýyrmak bilen bir hatarda köpeltmek we bölmek amallaryny hem yerine ýetirip bolýar. Ýagny ilkinji dört amally hasaplaýyş maşyny döredilýär.



Az wagtdan soň hasaplama ulgamyny has-da añsatlaşdyrmak hem-de çaltlaşdyrmak üçin «arifmetiki maşyn» diýlip atlandyrylýan Paskalin oýlanyp tapylýar. Paskaliniň taslamasy 1642-1644-nji ýyllar aralygynda fransuz matematigi we filosofy Blez Paskal tarapyndan işlenip düzülýär. Paskal bu hasaplaýyş maşynyny salgyt ýygnaýjy kakasy üçin oýlap tapýar. Soňlugy bilen köpçülige ýaýrap başlaýar.



1671-nji ýylda nemes matematigi we filosofy Gotfrid Leýbnis «StepReckoner» atly hasaplaýyş enjamyny döredýär. Bu Paskalyň hasaplaýyş maşynynyň kämil görnüşi hasaplanýar.



1902-nji ýylda kalkulýatoryň sanlary düwmä geçirilýär. Şol ýyl Dalton tarapyndan on açarly ilkinji hasaplaýyş maşyny (Dalton Adding Machine) hem oýlanyp tapylýar.



1943-nji ýylda Kurt Herzstark. tarapyndan ilkinji jübüt kalkulyator işlenip düzülýär. Kurtyň oýlap tapan enjamy eliňe sygýan kiçijik silindr şekilli bolup, şol döwürde buhgalterler we inženerler üçin peýdaly bolýar.



Hasaplaýyş enjamynyň kämilleşdirilmegi dowam etdirilýär we 1961-nji ýylda ANITA atly ilkinji elektron kalkulýator işlenip düzülýär.



1985-nji ýylda «Casio» kompaniýasy grafiki kalkulýator hödürleýär. Goşar sagadynyň şekilindäki hasaplaýyş enjamy uly meşhurlyga eye bolýar we häzirki wagtda hem giňden ulanylýar.



Öýjükli telefonlaryň oýlanyp tapylmagy bilen 1993-nji ýylda ilkinji gezek el telefonlaryna hasaplaýjy programma girizilýär. Şeýlelikde, indi kalkulýatory jübüde götermek zerurlygy ýüze çykmaýar. 2000-nji ýyllara çenli hasaplaýyş enjamy akylly telefonlar bilen bir hatarda, planşetdir programma ulgamlaryna hem girizilýär. Häzirki wagtda kämil hasaplaýyş maşyny arkaly arifmetik, logiki, ekspensial, trigonometrik we başga-da matematik amallaryň birnäçesini ýerine ýetirip bolýar.

📌 Maglumat: «Zaman» gazetinden;
Suratlar: Google-dan;

Mowzugy taýýarlan:
@senorita
24
88
senorita
09.05.2024 21:54


Şekilleri surata düşürýän hem-de ýazga alýan enjamyň taryhy irki döwürlerden gözbaş alýar. 1685-nji ýylda nemes ýazyjysy Ýohannes Zahn «Handflex refleks» atly elde göterilýän kameranyň taslamasyny işläp düzýär. Yöne bu enjam şowly netije bermeýär. 1816-njy ýylda fransuz oýlap tapyjysy Nisefor Nýeps bu enjamyň meňzeşini oýlap tapýar. Bu enjam ilkinji fotoapparat hasaplanýar. Nýeps 1826-njy ýylda oýlap tapan enjamy arkaly kümüş hlorid örtülen kagyzyň ýüzünde şekil döredýär. Bu ilkinji düşürilen surat hasaplanýar.



1829-njy ýylda Nýepsiň watandaşy Lui Dager surata düşürmegiň täze usulyny oýlap tapýar. Beýleki fotokameraçylar Dageriň oýlap tapan usulyndan XIX asyryň ortalaryna çenli peýdalanýarlar. Suratlaryň şekiliniň çalt ýitmegi Dageriň oýlap tapan enjamynyň esasy kemçiligi bolup, ony amerikaly oýlap tapyjy Simon Wolkott düzedýär. Ol ilkinji aýna kamerany işläp düzýär. 1871-nji ýylda Riçard Leç Maddoks XX asyryň polaroid kameralarynyň başlangyjy bolan gury plastinkasyny oýlap tapýar.
1888-nji ýylda amerikaly telekeçi Jorj Istman «Kodak» ady bilen analog fotoapparatlaryň satuwyna başlaýar.



Şondan soňra Roçester şäherinde rulonly fotokameralaryň önümçiligi ýola goýulýar. 1905-1913-nji ýyllar aralygynda fotokamera öndürýän kompaniyalar ulanyjylara aýrylyp-dakylýan 35 mm obyektiwi hödürleýärler. Nemes oýlap tapyjysy Oskar Barnak «Leitz» korporasiýasy üçin «Leica» atly obýektiwi oýlap tapmagy bilen tanalýar. 1920-nji ýylda nemes kompaniýasy «Franke & Heidecke»- niň hünärmenleri iki linzaly refleksli fotoapparatlary öndürip başlaýarlar.
1999-njy ýylda ilkinji sanly (DSLR) fotokamera peýda bolýar. Sanly fotoapparat düşürilen suratlary takyk görmäge, surata gowy düşürmäge mümkinçilik berýär. 2004-nji ýylda «Epson» refleksli aýnasyz fotokamerany çykarýar. Munda ýagtylyk obyektiwden göni sanly sensora geçýär, soňra LCD ekranda şekil görkezilýär hem-de sazlamalary üýtgedip bolýar.



Surata we wideo düşürmek maksady bilen ulanylan fotoenjamlar birnäçe ýyl ozal seýrek bolan hem bolsa, häzirki wagtda tehnologiýanyň ösmegi bilen el telefonlary arkaly ýokary durulykda surata düşürmek hemmeler üçin elýeterli boldy.



Gyzykly maglumatlar:

🔸Ilkinji fotosurat 1826-njy ýylda fransuz oýlap tapyjysy Nisefor Nýeps tarapyndan düşürilýär.

🔸Tomas Isterli atly suratçy 1847-nji ýylda ilkinji gezek tebigy hadysany - ýyldyrymy surata düşürýär.

🔸1861-nji ýylda şotland fizigi Jeýms Klerk Makswell ak-gara fotosuraty 3 sany süzgüçden (filtr) geçirip, reňkli fotosuraty almagy başarýar.

🔸1877-nji ýylda iňlis suratçysy Edward Meýbrij 12 sany fotoenjamy hatarlap goýup, çapyp barýan aty surata düşürýär. Olary birleşdirip, yzly-yzyna görkezmek arkaly ilkinji animasiýany döredýär.

🔸1893-nji ýylda guwwas Lui Botan tarapyndan ilkinji suwasty fotosurat düşürilýär.

🔸Howadan alnan ilkinji reňkli fotosurat (Azatlyk heýkeli) 1930-njy ýylda düşürilýär.

🔸Kosmosda alnan ilkinji fotosurat «Sputnik» kosmos gämisine degişli bolup, ol geçen asyryň ortalarynda düşürilýär.

🔸1968-nji ýylda Amerikanyň «Apollo 8» älem gämisiniň kosmos giňişliginden planetamyzy surata düşürmegi arkaly Ýer ýüzüniň ilkinji şekili alynýar.

🔸2005-nji ýylda Gün ulgamy ilkinji gezek tutuşlygyna surata düşürilýär.
24
74
senorita
09.05.2024 00:29
Şywyr-şywyr, ýagyş ýagýar.
Tans oýnaýar gyzyl gũller.
Ine, şeýdip, uzyn gije
Şywyr-şywyr ýagyş ýagýar.

Penjirãmi kakýar damja,
Buşlap ýazyñ gelendigini
Başa salyp Mejnun tãjin,
Kalba sõýgi getiren ýaz.

Syryganda aýnalamdan,
Ýaz ýagşynyñ aýdymlary,
Aýak yzlañ ýada dũşýãr.
Hemem, seniñ aýdanlaryñ.

Daşa çyksam seni kũýsãp,
Saçlarymy oýnar ýeller.
Şywyr-şywyr ýagyş ýagýar,
Tans oýnaýar gyzyl gũller.

Ak ýagyşlar, ak çabgalar!
Ak bulutdan dũzũldiñmi?
Gelsene ýar! Ýa garaşyp,
Ýaz ýagşyna ezildiñmi?

Penjirãmi kakýar damja,
Buşlap sõýgiñ gelendigini.
Şywyr-şywyr ýagyş ýagýar,
Tans oýnaýar gyzyl gũller.
20
42
senorita
08.05.2024 21:24
Öňem bir möjegiň birnäçe çagasy bolupdyr, ýöne olaryň birinden özgesiniň ýa özi ölüpdir ýa-da olar awçylara aw bolupdyr. Günleriň birinde möjek özüniň şol ýeke çagasyna:
– Ýör, balam, aw awlamaga gideli, heý bir toklujyk ýa-da guzujyk alyp bilmezmikäk? – diýipdir. Onda çagasy:
– Aý, men şu ýerde galaýaýyn-la, gowusy, seniň özüň gidip getiräýsene – diýipdir.
– Men niçezar saňa taýýar aw getirip berer ýörer öýdýäň?! Basym sen hem öz başyňy çarap, özbaşdak aw awlamaly bolarsyň ahyry. Şonuň üçinem meniň bilen bile gidip, aw awlamagy öwrenmegiň gerek, ýör, hany, gideli – diýip, möjek çagasyna düşündirip aýdypdyr.
Ine, onsoň, olar tirkeşip, dereden-derä seňkildeşip ugrapdyrlar. Barýarkalar, öňlerinden bir belentlik çykypdyr. Olar şol beýigiň üstüne çykyp, aşak seredipdirler welin, hol aşakda akly-garaly goýun sürüsi agyp-dönüp, gezişip ýören eken. Goýunlaryň daşynda bolsa, iki sany daýaw köpek hem aýlanyp ýör diýýär.
Möjegiň çagasynyň gözi bulara düşüp:
– Eje, aý eje, ol aşakdakylar näme? – diýip sorapdyr.
Onda ene möjek:
– Balam, olara goýun diýerler, şol saňa getirip
berýänlerim şolaryň et-ýagydyr – diýip agzyny şapbyldadypdyr.
– Bä-ä, olar ne beýle köpelipdirler? Biz olary her näçe iýsegem, olar azalmandyrlar-la?! Seniň-ä çagaňy iýýänem ýok welin, näme menden başga çagaň ýok? – diýip, möjek çagasy ýene sorag tapypdyr. Möjek uludan bir demini alypdyr-da:
– Wah, balam, onuň sebäbi meniň pälimiň ýamanlygyndandyr, biler bolsaň meniň niýetim örän ýaramaz. Gözüm mydama kişiň zadynda, üstesine-de, garnym doýsa-da, mydama gözüm aç. Şoňa görä-de, meniň neslim köpelmeýär. Goýnuň bolsa päli pes, niýeti gowy, şoňa görä-de, hemmeler ony gowy görýär. Şonuň üçinem biz oňa hernäçe zyýan bersegem, ullakan eden zadymyz bolmady, onuň tohumy dünýä ýaýrady – diýip, möjek gönüsinden gelenmiş.

📚 «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi»
25
86
senorita
08.05.2024 17:40
Lýustralaryň döreýşi barada



Çakmak daşynyň oýlanyp tapylyp, oduň peýda bolmagy adamzat taryhyndaky ilkinji ýagtylyk hem-de ýylylyk beriji serişdedir. Birnäçe asyryň dowamynda ot gijeki yşyklandyryş serişdesi hökmünde peýdalanylypdyr. Oduň ýagtylyk hökmünde ulanylan döwründen tä şu güne çenli yşyklandyryş ulgamyna degişli birnäçe oýlap tapyşlar bar. Şolaryň hatarynda şemi, ýag çyrasyny, fakeli (alawly taýak), elektrik çyrasyny görkezmek bolar.

Öýlerimize, medeni-köpçülikleýin binalara bezeg berýän, özboluşly ýagtylandyryş enjamy bolan lýustranyň hem taryhy bar. Geliň, lýustranyň oýlanyp tapylyşy baradaky gyzykly maglumatlary öwreneliň!

Maglumatlara görä, ilkinji lýustralar orta asyrlarda (V-VI asyrlar) Wizantiýada ulanylypdyr. Zynjyrlardan asylgy duran tegelek metal bölekden düzülen polikandelon ilkinji lýustra hasaplanýar. Polikandelonyň şem saklaýjy metal bölekleri (şemdan) bolup, onda 16 şem ýakylypdyr. Ol ilkibaşda ybadathanalarda hem-de döwlet edaralarynda asylyp goýulýar. Soňlugy bilen gurply adamlaryň jaýlarynda hem peýda bolup başlaýar. Az wagtdan flaman we golland ussalary agaçdan hem-de metaldan ýasalan lýustranyň hrustal çüýşeli görnüşlerini oýlap tapýarlar.



XV asyrda lýustranyň oýlanyp tapylyşynda uly ösüş gazanylýar. Şol döwürde köp gatly, birnäçe tegelek halkadan ybarat, bürünç plitalary hem-de aýnadan ýasalan (hrustal) güljagazlary bolan lýustralar döredilýär. Şemiň yşygy hrustal çüýşeleriň içinde şöhlelenip, ýagtylygy öňküsinden has-da güýçlenýär. Bir asyrdan sonra italýan bezegçisi we binagäri Gio Ponti owadan hrustal çüýşeleri bolan reňkli lýustrany ýasaýar. Şondan soň bu enjam Yewropada meşhur bolup başlaýar. XIX asyryň ikinji ýarymynda elektrik çyrasynyň oýlanyp tapylmagy bilen häzirki zaman lýustralaryň ilkinji nusgasy peýda bolýar. Lampa peýda bolsa-da, güljagaz şekilli hrustal çüýşeleriň bezeg üçin ulanylmagy dowam etdirilýär. Elektrik çyraly lýustralar XX asyryň başynda dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar. Şeýle hem diwardan asylýan gülçyralar hem-de stol çyralary ýaly görnüşleriň peýda bolmagy bäsdeşligiň ösmegine getirýär. 1950-nji ýyllarda Germaniýada lýustranyň ganatly lampalary bilen tapawutlanýan nusgasy hem döredilýär. Mundan başga-da, nagyşly, asma lampalary bolan dürli reňkli lýustralar öndürilip başlanýar.



Asyrlaryň dowamynda ýönekeý asma zynjyrly tegelek metaldan şu günki döwrebap görnüşe gelen lýustralar öýlerimiziň bezegine öwrüldi. Häzirki wagtda lýustralaryň ululygy, şekili, reňki we nagşy bilen tapawutlanýan birnäçe görnüşi bar. Hatda «akylly» lýustralar hem bolup, dürli reňkde ýagty saçýan bu çyralar uzakdan üm hereketleri bilen hem dolandyrylýar.




📌 Maglumat: Zaman gazetinden;
Suratlar: Google-dan;

Mowzugy taýýarlan:
@senorita
23
67
senorita
05.05.2024 17:35

Şampunlaryň ýüze çykmagy


Şampun


Jemgyýetde irki döwürlerden başlap şahsy arassaçylyk işlerine uly üns berlipdir. Adamyň üst-başynyň arassa bolmagy, arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi iň esasy zatlaryň hatarynda goýlupdyr. Eýsem, entek sabyn-şampunyň oýlanyp tapylmadyk mahalynda nämelerden peýdalanyldyka?!


Taryhy maglumatlarda ilkinji arassaçylyk serişdeleriniň Hindistanda ulanylandygy bellenilýär. Olar dürli ösümlikleriň gaýnadylan suwuny şampun hökmünde, «sabyn agajy» atly tropik agajyň miwesini sabyn hökmünde peýdalanypdyrlar. Mundan başga-da, otlaryň, gülleriň gaýnadylan suwuna saçlaryny ýuwupdyrlar. Bu serişdeler saçyň ýumşak we ýalpyldawuk bolmagyna kömek edipdir. Hindi söwdagärleriniň ýewropa aralaşmagy bilen tebigy saç yuwujy serişdeler köp ýurda ýaýrap başlaýar. Aziýada ilkinji şampun hökmünde başýuwlukdan (çekizäniň suwy), tüwi ýuwlan suwdan, sazagyň külünden peýdalanylandygy barada maglumatlar bar. Ýewropada şampun hökmünde gaýnadylan sabyn köpürjikleri ulanylypdyr. Ýer yüzünde 1903-nji ýyla çenli saç ýuwmagyň birnäçe usullary peýdalanylýar.


1904-nji ýylda Berlinde nemes oýlap tapyjysy Hans Şwarzkopf lawanda gülüniň tozy bilen suwuk sabyny garmak arkaly şampunyň ilkinji nusgasyny oýlap tapýar. Şondan soň «saçy arassalamakda» ilkinji şampun ulanylyp başlanýar. Hans Şwarzkopfyň aýaly Marta Şwarzkopf 1927-nji ýylda «Schwarzkopf» ady bilen saç-barlag merkezini döredýär. Şol ýyl bu merkez düzüminde sabyn bolmadyk ilkinji suwuk şampun öndürýär. Ol Ýewropada «Schwarzkopf» ady bilen köp satyn alnan, uly gyzyklanma bildirilen meşhur brendleriň biri bolýar.



1930-njy ýyllarda «Procter & Gamble» (P&G) kompaniýasynyň hünärmenleri ilkinji sintetik şampuny hödürleýärler. Bu saç üçin iň gowy oýlap tapyşlaryň biri bolup, häzirki zaman suwuk şampunlaryň öndürilmeginiň esasyny döredýär. Bu şampun müşderileriň göwnünden turup, saç kökleri üçin peýdaly hasaplanýar. Ondan soň kompaniýanyň hünärmenleri suwuk şampunlary gaplamagyň täzeçe görnüşlerini oýlap tapýarlar. 1987-nji ýylda P&G kompaniýasy ilkinji «2-si 1-inde serginlediji şampuny» hödürleýärler.



Häzirki wagtda şampun senagatda iň köp öndürilýän harytlaryň biri bolup, onuň kepekli saçlar, ýagly saçlar, gaty saçlar hem-de çagalar üçin niýetlenen (gözi ýaşartmaýan) birnäçe görnüşi bar.

34
227
senorita
05.05.2024 00:11
”Her yöne ve her yerde attığın her adım seni aynı noktaya götürür. Gideceğin yolu sen seçersin ama varacağın yer aynıdır. İnsan varacağı yeri değil varacağı hali değiştirebilir. Öyleyse yolunu seç, ham olarak mı, hal olarak mı? “


#neiçinvarsanonuniçinyaşa
24
34
senorita
04.05.2024 23:57
Saud Arabystanynyň çölleri 8 müň ýyl mundan ozal owadan we hasylly ýerlerdi. Geçmişde birnäçe jemgyýetleriň ýaşan bu ýerlerinde indi ýok bolup giden şol jemgyýetleriň galyndylary bar. Arap ýarym adasynyň golaýyndaky çöllerde gözlegçiler asmandan inen müňlerçe ullakan daş böleklerini tapdylar. Şeýle hem bu ýerde 1920-nji ýyllarda «V» görnüşindäki syrly nagyşlaryň üsti açyldy. Bu nagyşlar ilkinji gezek Iňlis howa güýçleriniň uçarmanlary tarapyndan görüldi we olaryň nähili emele gelendigi bir asyrdan gowrak wagt bäri hünärmenler tarapyndan jedelli mesele boldy.

Saud Arabystanynyň Uwayrid çölünden alnan soňky emeli hemra suratlary çöldäki syrly nagyşlaryň nähili emele gelendigi baradaky maglumatlary ýüze çykardy. Bu nagyşlar «çöl batbörekleri» diýlip atlandyrylýar. Bu syrly nagyşlaryň üstünde işleýän arheologlar, gadymyýetde adamlar köpçülikleýin aw awlamak üçin ýerden şeýle çukurlary gazan bolmagynyň ähtimaldygyny mälim edýärler.

Uwayrid çölünden tapylan ähli nagyşlar birmeňzeş şekile eýe. Nagyşlar «V» görnüşinde bolup, ýapyk meýdany görkezýär. Alymlar hakykatdan hem gadymy adamlaryň ýabany haýwan sürüsini bu ýerden edilen çukurlaryň içine salyp olaryň başga ýere gaçmazlygynyň öňüni almak bilen aw awlandyklaryny mälim edýärler.

Saud Arabystandaky bu «çöl batbörekleri» syýahatçylaryň esasy üns merkezinde bolup durýar.
27
72