senorita
28.05.2024 21:48


Beýik binalaryň gurlup başlanmagy bilen oňa münüp-düşmek kynçylygy ýüze çykýar. Dürli görnüşli basgançakly ulgamlaryň işlenilip düzülmegi ýaşaýjylary kanagatlandyrsa-da, myhmanhanadyr dynç alyş merkezlerine barýan syýahatçylarda nägilelikler döredýär. Şeýlelikde, ýokary münüp-düşmegiň has aňsat ýoly gözlenip başlanýar. Şäher ilatynyň artmagy bilen köpelip başlan köp gatly binalarda münüp-düşmekde köp hereket etmek, artykmaç wagtyňy sarp etmek ýaly meseleler ýüze çykýar.

Aslynda, köp gatly binalara haryt daşamak, ýüki yokary çykarmak we aşak düşürmek üçin oýlanyp tapylan açyk çarçuwaly mehaniki ýük göteriji ulgam 1800-nji ýyllardan soň öýjagaz şekilinde işlenip düzülýär. Şeýlelikde, zynjyra berkidilen «kiçijik öýjagazy» ýokary göterýän we aşak düşürýän «lift» atly mehanizm oýlanyp tapylýar. «Lift» sözi iňlis dilinden terjime edilende «götermek, ýokary galdyrmak» diýen manyny berýär.



1857-nji ýylda Nýu-Ýorkdaky «Haughwout» söwda merkezinde ilkinji lift ulgamy döredilýär. Bäş gatly binanyň ýerzemininde bug hereketlendirijisi ornaşdyrylan lift bir minutda bary-yogy 40 fut (12,2 metr) aralygy geçýän eken. Deňeşdirmek üçin, häzirki wagtda iň çalt liftler bir sekuntda 40 fut geçip bilýär. Ilkinji liftiň tizligi gaty haýal bolup, söwda merkeziniň müşderileri yokarky gatlara lift bilen däl-de, basgançaklardan çykanyny kem görmändirler.

Amerikan inženeri Elişa Otis 1853-nji ýylda «Otis Lift» kompaniýasyny esaslandyrýar.



1859-njy ýylda Otis oýlap tapan «dik demir ýoluna» patent alýar we şol ýyl Nýu-Ýorkuň myhmanhanalarynyň birinde içinde oturgyjy bolan lifti işe girizýär. Oýlap tapyjy 1861-nji ýylda liftdäki togtadyjy ulgama patent alýar. Şeýlelikde, lifti binanyň islendik gatynda saklap bolupdyr. Eýýäm 1873- nji ýyla çenli ABŞ-da edara jaýlarynda, myhmanhanadyr dükanlarda «Otis Lift» kompaniýasynyň 2 müňden gowrak lifti oturdylýar.

Ilkinji liftleriň gymmat bolany üçin Nýu-Ýorkuň, Londonyň, Parižiň belli myhmanhanalarynda we söwda merkezlerinde oturdylyp, artykmaçlyk hökmünde görlüpdir. Şol döwürlerde myhmanlar lifte münensoň operator gapyny ýapyp, ulgamy herekete getirip, olara hyzmat edýän eken. Bu myhmanlaryň howpsuzlygy üçin göz öňünde tutulan çäre bolup, oturgyçlarda oturyp gitmek mümkinçiliginiň bardygyna garamazdan, ulgamyň hereketi gaty haýal bolupdyr. 1870-nji ýylda Manhetten şäheriniň merkezinde gurlan 130 metrlik binada «Otis Lift» kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen ilkinji gidrawlik lift oturdylýar. Bug hereketlendirijisinden gidrawlik ulgama geçilmegi liftiň hereketini has çaltlaşdyrýar. 1885-nji ýylda ilkinji «gökdirän» hasaplanýan Çikagonyň öý ätiýaçlandyryş binasynda 10 gatda hyzmat etmek üçin liftiň polat çarçuwaly görnüşiniň dördüsi işe girizilýär.

1889-njy ýylda «Otis Lift» kompaniýasy elektrik togy bilen işleýän ilkinji liftini döredýär. Bu lift ulgamynda iň uly ösüşleriň biri bolup, gidrawlikden elektrik hereketlendirijili liftlere geçilýär. XX asyryň başlarynda ýüz görülýän aýnasy, howa çalşyjy ulgamy we düwmeli dolandyryş ulgamy bolan elektrik çekişli liftler işlenip düzülýär. Bu liftler senagat taýdan nusgalyk kabul edilip, häzirki wagtda hem önümçiligi dowam etdirilýär. Gökdiränleriň gurulmagy bilen ýokary tizlikli liftler işlenip düzülýär.



Ýokary tizlikli liftler:

🔸Taýwandaky «Taipei 101» binasyndaky liftler (1 minutda 1010 metr);

🔸BAE-niň Dubaý şäherindäki «Burj Halifa» binasyndaky liftler (1 minutda 600 metr);

🔸ABŞ-nyň Çikago şäherindäki «Jon Hankok» işewürlik merkezindäki liftler (1 minutda 549 metr);

🔸Hytaýyň Şanhaý şäherindäki «Jin Mao» binasyndaky liftler (1 minutda 546 metr).
22
94
olia
28 May 2024
Taypeidaki liftleri Toshiba gurupdyr eken. Gen galdym🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.