senorita
30.05.2024 07:24
Her Döwür bir döwür bolar ekeni.
Görmän geçiräýsem bir ajap filmi,
Nije günläp etmişime ökünip,
Gynanyp ýörenim düýn-öňňün dälmi?

Her döwür bir döwür bolar ekeni.
Otly ajap ýerden geçende durman,
«Wah, şu ýerde bir aý gezsediň!» diýip,
Çekerdim men arman üstüne arman.

Her dowür bir dowür bolar ekeni.
Barman geçiräýsem bir duşuşygy,
Göýäki diýersiň, öz ellerimden
Baky uçuran dek söýgi guşumy,
Ökünip, ökünip, ol ökünçleriň
Ýetibilmezdim men aňry başyna.
...Her döwür bir döwür bolar ekeni,
Bu gün başga ökünç geçýär daşyma.

Indi ençe ýyldyr, säherden turup,
Şapaga seredýän başymy ýaýkap,
Serçeleň sesine dişimi ýuwup,
Bilbilleň sesine agzymy çaýkap,
Ýapraklaň çygyny owuçlap içýän.
Şapagyň nuruny döwümläp iýýän.
«Eý, şahyr, şuň ýaly ajap säherleň
Näçe müňün ýatyp geçirdiň?» diýýän.

Görmedik filmleň ýene-de geler.
Görmedik ýerlerňem göräýse bolar.
Ardurja sypdyrlan ol duşuşyklar
Giç däl, olaryň-da bir zady bolar.

Emma aglap giden tylla säherler –
Siz nirede?
Jogap berenok olar...

✍🏻 Kerim Gurbannepesow
20
44
senorita
30 May 2024
«Ardurja» – armanlyja
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.