senorita
09.05.2024 21:54


Şekilleri surata düşürýän hem-de ýazga alýan enjamyň taryhy irki döwürlerden gözbaş alýar. 1685-nji ýylda nemes ýazyjysy Ýohannes Zahn «Handflex refleks» atly elde göterilýän kameranyň taslamasyny işläp düzýär. Yöne bu enjam şowly netije bermeýär. 1816-njy ýylda fransuz oýlap tapyjysy Nisefor Nýeps bu enjamyň meňzeşini oýlap tapýar. Bu enjam ilkinji fotoapparat hasaplanýar. Nýeps 1826-njy ýylda oýlap tapan enjamy arkaly kümüş hlorid örtülen kagyzyň ýüzünde şekil döredýär. Bu ilkinji düşürilen surat hasaplanýar.



1829-njy ýylda Nýepsiň watandaşy Lui Dager surata düşürmegiň täze usulyny oýlap tapýar. Beýleki fotokameraçylar Dageriň oýlap tapan usulyndan XIX asyryň ortalaryna çenli peýdalanýarlar. Suratlaryň şekiliniň çalt ýitmegi Dageriň oýlap tapan enjamynyň esasy kemçiligi bolup, ony amerikaly oýlap tapyjy Simon Wolkott düzedýär. Ol ilkinji aýna kamerany işläp düzýär. 1871-nji ýylda Riçard Leç Maddoks XX asyryň polaroid kameralarynyň başlangyjy bolan gury plastinkasyny oýlap tapýar.
1888-nji ýylda amerikaly telekeçi Jorj Istman «Kodak» ady bilen analog fotoapparatlaryň satuwyna başlaýar.



Şondan soňra Roçester şäherinde rulonly fotokameralaryň önümçiligi ýola goýulýar. 1905-1913-nji ýyllar aralygynda fotokamera öndürýän kompaniyalar ulanyjylara aýrylyp-dakylýan 35 mm obyektiwi hödürleýärler. Nemes oýlap tapyjysy Oskar Barnak «Leitz» korporasiýasy üçin «Leica» atly obýektiwi oýlap tapmagy bilen tanalýar. 1920-nji ýylda nemes kompaniýasy «Franke & Heidecke»- niň hünärmenleri iki linzaly refleksli fotoapparatlary öndürip başlaýarlar.
1999-njy ýylda ilkinji sanly (DSLR) fotokamera peýda bolýar. Sanly fotoapparat düşürilen suratlary takyk görmäge, surata gowy düşürmäge mümkinçilik berýär. 2004-nji ýylda «Epson» refleksli aýnasyz fotokamerany çykarýar. Munda ýagtylyk obyektiwden göni sanly sensora geçýär, soňra LCD ekranda şekil görkezilýär hem-de sazlamalary üýtgedip bolýar.



Surata we wideo düşürmek maksady bilen ulanylan fotoenjamlar birnäçe ýyl ozal seýrek bolan hem bolsa, häzirki wagtda tehnologiýanyň ösmegi bilen el telefonlary arkaly ýokary durulykda surata düşürmek hemmeler üçin elýeterli boldy.



Gyzykly maglumatlar:

🔸Ilkinji fotosurat 1826-njy ýylda fransuz oýlap tapyjysy Nisefor Nýeps tarapyndan düşürilýär.

🔸Tomas Isterli atly suratçy 1847-nji ýylda ilkinji gezek tebigy hadysany - ýyldyrymy surata düşürýär.

🔸1861-nji ýylda şotland fizigi Jeýms Klerk Makswell ak-gara fotosuraty 3 sany süzgüçden (filtr) geçirip, reňkli fotosuraty almagy başarýar.

🔸1877-nji ýylda iňlis suratçysy Edward Meýbrij 12 sany fotoenjamy hatarlap goýup, çapyp barýan aty surata düşürýär. Olary birleşdirip, yzly-yzyna görkezmek arkaly ilkinji animasiýany döredýär.

🔸1893-nji ýylda guwwas Lui Botan tarapyndan ilkinji suwasty fotosurat düşürilýär.

🔸Howadan alnan ilkinji reňkli fotosurat (Azatlyk heýkeli) 1930-njy ýylda düşürilýär.

🔸Kosmosda alnan ilkinji fotosurat «Sputnik» kosmos gämisine degişli bolup, ol geçen asyryň ortalarynda düşürilýär.

🔸1968-nji ýylda Amerikanyň «Apollo 8» älem gämisiniň kosmos giňişliginden planetamyzy surata düşürmegi arkaly Ýer ýüzüniň ilkinji şekili alynýar.

🔸2005-nji ýylda Gün ulgamy ilkinji gezek tutuşlygyna surata düşürilýär.
24
74
ayymsha
25 May 2024
Iň soňky postunyň ady Sag boluň eken
ayymsha
25 May 2024
Salam ýyldyz agzalaň içinde Melike diyip agza bar eken welin in sonky Sag bolun diyip ýazypdyr ol nira gitdi bir hili gynandym
olia
10 May 2024
Ilkinji suraty Da Vinci dushuripdir diyip teoriya bar🤔
ATOMIC
10 May 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.