senorita
17.03.2024 13:06
Di­ňe özü­ne we bi­re bö­lün­ýän san­la­ra ýö­ne­keý san­lar di­ýil­ýär. Özün­den we bir­den baş­ga-da sa­na bö­lün­ýän bol­sa düz­me sa­nlar di­ýil­ýär.

Ma­te­ma­ti­ka­nyň syr­ly dün­ýä­sin­de bö­lü­ni­ji­le­ri­niň äh­li­si­ni go­şa­nyň­da, şol sa­nyň iki es­se­si­ne deň bol­ýan san­lar hem bar. My­sal üçin al­ty. Bu sa­nyň bö­lü­ji­le­ri: 1, 2, 3 we 6. Al­ty­nyň bö­lü­ji­le­ri­niň je­mi, ýag­ny 1+2+3+6=12 bol­ýar. 28 hem şeý­le. Has uly san­lar­dan bol­sa, 496 we 8128 hem şo­lar ýa­ly. Bu­la­ry özü­ňiz hem ha­sap­lap bi­ler­si­ňiz.

Ma­te­ma­tik­ler şeý­le san­la­ra «aja­ýyp san­lar» di­ýip­dir­ler. Olar şeýle san­la­ryň bar­dy­gy­na ba­ryp-ha mi­la­dy­dan ozal­ky 500-nji ýyl­lar­da göz ýe­ti­rip­dir­ler. Şol dö­wür­ler­de ýa­şap ge­çen bel­li grek ma­te­ma­ti­gi Pi­fa­gor şeý­le san­la­ryň bar­dy­gy­ny bi­lip­dir. Em­ma onuň üçin for­mu­la dö­ret­män­dir.

Nä­çe wagt­dan bä­ri öw­re­nil­ýän hem bol­sa, aja­ýyp san­la­ryň so­ňu­nyň bar­dy­gy ýa-da ýok­du­gy nä­mä­lim bol­ma­gyn­da gal­ýar. Hä­zi­re çen­li je­mi 51 sa­ny aja­ýyp san ta­pyl­dy. Ola­ryň äh­li­si jü­büt san bo­lup, so­ňy 6 ýa-da 8 bi­len gu­tar­ýar
28
56
senorita
16.03.2024 21:23
🔹 NEWS – North East West South
(Demirgazyk, Gũndogar, Gũnbatar, Gũnorta).

🔹 DATE – Day and Time Evolution
(Gũn we Wagt Ewolýusiýasy).

🔹 SMS – Short Message Service
(Gysga habar hyzmaty).

🔹 SIM – Subscriber Identity Module
(Abonentiñ şahsy moduly).

🔹 ATM – Automated Teller Machine
(Awtomatlaşdyrylan habar beriji maşyn).
62
356
senorita
16.03.2024 16:06
Dünýäniň iň meşhur heýkellerinden biri bolan Azatlyk heýkeli birbada amerikalylaryň söýgüsini gazanyp bilmedi. Ol Amerikanyň esasy nyşany, Garaşsyzlyk gününiň 100 ýyllygy mynasybetli Fransiýadan sowgat hökmünde getirildi.

Heýkel esasan haýyr-sahawat serişdeleriniň hasabyna dikilipdir. Iki ýurduň hökümetleriniň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda, amerikalylar postamentiň gurluşygyny, fransuzlar bolsa heýkeli öndürmek, eltip bermek we oturtmak işlerini öz üstlerine alypdyrlar. Haýyr-sahawat serişdelerini ýygnamak örän haýal bolupdyr. Fransuzlara heýkel üçin 400 000 dollar, amerikalylara bolsa 250 000 dollar gerek bolupdyr.

Heýkeliň gurulmagyna esasy garşy çykanlaryň biri hem «New York Times» gazeti bolupdyr. Ol bu taslamany tankytlaýan makalalary yzygiderli çap edýär eken. Olaryň birinde gazet hatda heýkeli «bürünç aýal» diýip atlandyryp, hiç bir hakyky watançynyň beýle gurluşa pul harçlamak islemejekdigi barada ýazypdyrlar.

Bu tankytlara garamazdan, 1885-nji ýylda 350 bölege bölünen heýkel «Izere» fregaty tarapyndan ABŞ-a gowşurylypdyr. Heýkeli ýygnamak üçin işler dört aý dowam edipdir we ahyrsoňy 1886-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda açylypdyr.
31
116
senorita
16.03.2024 11:40
Eý­sem, siz kwad­rat kõk bel­gi­si­niñ nãdip dõre­di­len­di­gi ba­ra­da eşi­dip­mi­di­ñiz?!

1450-nji ýyllarda nemes matematigi Regiomontanus kwadrat kõki añlatmak ũçin «R» belgini girizipdir.
Soñra 1525-nji ýylda nemes matematigi Kristof Rudolf iň­lis di­lin­dãki «kõk» diý­me­gi añlad­ýan «ro­ot» sõzũniñ ba­şyn­da­ky «r» har­py­na meñze­di­p «√» (kwadrat kõk) belgisini girizipdir. Hãzirki wagtda hem şol belgi ulanylýar.
31
54
senorita
15.03.2024 15:11
Arseniý Morozowyň köşgi.
Uly baýlygyň mirasdüşeri Morozow geleňsiz hereketleri bilen tanalypdyr. Haçanda ol ejesi Warwara modern stilde köşk gurmagy niýet edendigini aýdan mahaly, ol örän geň galypdyr.

Ejesi oña: «Öň seniň samsykdygyňy diňe men bilýärdim welin, indi bütin Moskwa biler!» — diýip, käýinipdir.

Gurluşyk döwründe jaý şeýle bir köp tankyda we ýaňsylama sezewar bolupdyr welin, hatda Lew Tolstoý öz romanlarynyň birinde ony ýaňsylamak bilen, «samsyk we biderek adamyň köşgi» diýip atlandyrypdyr.

Muňa garamazdan, Arseniý tutanýerli bolupdyr. Ol Ýewropadaky syýahatlarynda gören modern arhitekturalaryna haýran galypdyr. 1895-nji ýylda Arseniý arhitektor Wiktor Mazyrine köşk gurmagy buýrupdyr. Onuň gurluşygy üç ýyl dowam edipdir.

Häzirki wagtda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň kabul ediş öýi —Arseniý Morozow köşgi Hökümet wekiliýetleriniň ýygnaklaryny, diplomatik gepleşikleri we halkara guramalaryň maslahatlaryny geçirmek üçin ulanylýar.
26
80
senorita
15.03.2024 11:14
Köp ada­myň ma­te­ma­ti­ka bi­len gy­zyk­lan­ma­gy ha­la­ma­ýan bol­ma­gy müm­kin. Şeý­le-de bol­sa, äh­li bi­lim­le­riň aňyr­syn­da yl­myň bu ug­ry ýa­tyr. Ma­te­ma­ti­ka bol­maz­dan, yl­ma de­giş­li hiç za­dy göz öňü­ne ge­ti­rip bol­maz diý­sek hem bolýar.

Bu sö­z ni­re­den ge­lip çyk­dy­ka?!
Ma­te­ma­ti­ka ga­dy­my grek­çe­dä­ki «men bi­le­rin» diý­me­gi aň­lad­ýan «ma­te­sis» sözün­den ge­lip çyk­ýar. Bu söz wag­tyň geç­me­gi bi­len «mat­he­ma­tikós» gör­nü­şi­ne ge­lip­dir. Bu söz bol­sa, «öw­ren­me­gi ha­la­ýan» diý­me­gi aň­lad­ýar.

Eý­sem, siz bir sa­ga­dyň nä­me üçin 60 mi­nut ýa-da bir mi­nu­tyň 60 se­kunt­dy­gy ba­ra­da pi­kir­le­nip gör­dü­ňiz­mi?!
Bu has ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri do­wam ed­ýär. Ga­dy­my Me­so­po­ta­mi­ýa­da döw­let gu­ran Wa­wi­lon­lar ma­te­ma­ti­ka­da esa­sy san hök­mün­de 60-y saý­lap­dyr­lar. Te­ge­le­gi 360 deň bö­le­ge böl­ýän, ýag­ny burç­la­ry öl­çe­mek üçin gra­dus hem şol dö­wür­ler kes­git­le­nip­dir we hä­zi­re çen­li hem do­wam et­di­ril­ýär.
26
33
senorita
14.03.2024 22:45
Sidneý opera teatryna her ýylda, takmynan 2 million adam gelýär (3000-den gowrak görkeziliş), binanyň özüne bolsa 10 milliondan gowrak adam syýahat edýär.

Binanyň ýelkenli gämini ýada salýan özboluşly görnüşi daniýaly binagär Ýorn Utzon tarapyndan döredilipdir. Şeýle-de bolsa, bu çylşyrymly dizaýny Owe Arupyň inženerçilik zehininden üzňe göz öňüne getiribem bolmazdy. Olar hemişe jedelleşseler-de, Arup Ýorn Utzonyň hyýaly pikirlerine laýyk gelýän amaly çözgüt tapdy.

Teatryň gurluşygy 1959-njy ýylda başlanyp, 14 ýyl dowam etdi. Gurluşygy ilkibaşda dört ýylda tamamlamak meýilleşdirilipdi, ýöne taslamanyň çylşyrymlylygy, serişde ýetmezçiligi hem-de binagäriň çalyşmagy ýaly birnäçe şertler sebäpli gurluşyk ýyl-ýyldan yza süýşürildi.

Mundan başga-da, taslamanyň çykdajysy örän gymmat bolupdyr. Gurluşygyň başlangyç döwründe 7 million dollar çykdajy edilmegine garaşylýan bolsa, ahyrky netijede 100 million dollardan hem gowrak çykdajy edilipdir.

1973-nji ýylda teatryň ahyrsoňy açylyp, düşünişmezlik we halk tarapyndan garşylyk bildirme bilen garşylanandygy geň däldir.
25
59
senorita
11.03.2024 16:32
Sagrada Familia — Ispaniýanyň Barselona şäherindäki köşk bolup, Kataloniýanyň meşhur binagäri Antonio Gaudi tarapyndan bina edilipdir. Köşgüň gurluşygy 1882-nji ýylda başlanyp, şu güne çenli hem dowam edip gelýär. Gurluşygy 2030-njy ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär. «Sagrada Familianyň» gurluşygy haýyr-sahawatlaryň hasabyna maliýeleşdirilýändigi sebäpli haýal ösýär.

«Sagrada Familia» Mesihiň Doglan gününe, Mesihiň Hyjuwlaryna we Mesihiň Çokundyrylmagyna bagyşlanan üç sany fasaddan ybaratdyr.

Köşk Antoni Gaudi tarapyndan dünýäniň beýleki köşklerinde gaýtalanmaýan özboluşly stilde döredilipdir. Gaudi zehinli binagär bolupdyr, ýöne dizaýnlary köplenç täzelikçi we üýtgeşik häsiýeti özünde jemläpdir. Köşküň gurluşygy ýaňy başlanan mahaly, Barselonanyň ýaşaýjylary ony ynamsyzlyk bilen garşy alypdyrlar. Olar Gaudiniň gaty moda esaslanýan binagärdigini we taslamasynyň katolik buthanasynyň däplerine laýyk gelmeýändigini aýdyp, ondan nägile bolupdyrlar. Hatda köşki «Ýer ýüzündäki iň samsyk bina» diýip hem atlandyran ekenler.

Bu günki günde Sagrada Familiýa ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýär we syýahatçylar tarapyndan iň bir gelim-gidimli syýahatçylyk nokady hasap edilýär.
24
86
senorita
10.03.2024 20:49
Dũnýãdãki iñ howply howa menzilleriniñ biri Tãze Zelandiýadaky Gisborne howa menzilidir. Onuñ uçar ýolunyñ deñ ortasyndan demir ýoly kesip geçýãr.
Sebitiñ hereketi gowy gõzegçilikde saklanylýar. Muña garamazdan, bu iki ýoluñ çaknyşygy ãhli syýahatçylary hem biynjalyk edýãr.
31
111
senorita
10.03.2024 14:56
🔹Durmuş hakykatdanam ýönekeý, ýöne biz ony ony çylşyrymlaşdyrmagy talap
edýäris.
* Konfusiý

🔹Bagtly durmuş haçan-da göwnüňde rahatlyk bolanda we hiç hili jogapkärçiligiň ýok ýerinde bardyr.
* Siseron

🔹Baý bolmaklyk bagtly bolmak däl-de baýlyga mätäç bolmazlyk bagtlylykdyr.
* Demokrit

🔹Görmek isleýänler üçin ýeterlik derejede ýagtylyk bardyr, görmek islemeýänler üçin bolsa tümlük ýeterlikdir.
* Blez Paskal

🔹Islendik bir günüň siz üçin ahyrky gün bolup biljekdigini unutmaň!
* Garassi
29
92