Köp adamyň matematika bilen gyzyklanmagy halamaýan bolmagy mümkin. Şeýle-de bolsa, ähli bilimleriň aňyrsynda ylmyň bu ugry ýatyr. Matematika bolmazdan, ylma degişli hiç zady göz öňüne getirip bolmaz diýsek hem bolýar.
Bu söz nireden gelip çykdyka?!
Matematika gadymy grekçedäki «men bilerin» diýmegi aňladýan «matesis» sözünden gelip çykýar. Bu söz wagtyň geçmegi bilen «mathematikós» görnüşine gelipdir. Bu söz bolsa, «öwrenmegi halaýan» diýmegi aňladýar.
Eýsem, siz bir sagadyň näme üçin 60 minut ýa-da bir minutyň 60 sekuntdygy barada pikirlenip gördüňizmi?!
Bu has irki döwürlerden bäri dowam edýär. Gadymy Mesopotamiýada döwlet guran Wawilonlar matematikada esasy san hökmünde 60-y saýlapdyrlar. Tegelegi 360 deň bölege bölýän, ýagny burçlary ölçemek üçin gradus hem şol döwürler kesgitlenipdir we häzire çenli hem dowam etdirilýär.