Dünýäniň iň meşhur heýkellerinden biri bolan Azatlyk heýkeli birbada amerikalylaryň söýgüsini gazanyp bilmedi. Ol Amerikanyň esasy nyşany, Garaşsyzlyk gününiň 100 ýyllygy mynasybetli Fransiýadan sowgat hökmünde getirildi.
Heýkel esasan haýyr-sahawat serişdeleriniň hasabyna dikilipdir. Iki ýurduň hökümetleriniň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda, amerikalylar postamentiň gurluşygyny, fransuzlar bolsa heýkeli öndürmek, eltip bermek we oturtmak işlerini öz üstlerine alypdyrlar. Haýyr-sahawat serişdelerini ýygnamak örän haýal bolupdyr. Fransuzlara heýkel üçin 400 000 dollar, amerikalylara bolsa 250 000 dollar gerek bolupdyr.
Heýkeliň gurulmagyna esasy garşy çykanlaryň biri hem «New York Times» gazeti bolupdyr. Ol bu taslamany tankytlaýan makalalary yzygiderli çap edýär eken. Olaryň birinde gazet hatda heýkeli «bürünç aýal» diýip atlandyryp, hiç bir hakyky watançynyň beýle gurluşa pul harçlamak islemejekdigi barada ýazypdyrlar.
Bu tankytlara garamazdan, 1885-nji ýylda 350 bölege bölünen heýkel «Izere» fregaty tarapyndan ABŞ-a gowşurylypdyr. Heýkeli ýygnamak üçin işler dört aý dowam edipdir we ahyrsoňy 1886-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda açylypdyr.