Sagrada Familia — Ispaniýanyň Barselona şäherindäki köşk bolup, Kataloniýanyň meşhur binagäri Antonio Gaudi tarapyndan bina edilipdir. Köşgüň gurluşygy 1882-nji ýylda başlanyp, şu güne çenli hem dowam edip gelýär. Gurluşygy 2030-njy ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär. «Sagrada Familianyň» gurluşygy haýyr-sahawatlaryň hasabyna maliýeleşdirilýändigi sebäpli haýal ösýär.
«Sagrada Familia» Mesihiň Doglan gününe, Mesihiň Hyjuwlaryna we Mesihiň Çokundyrylmagyna bagyşlanan üç sany fasaddan ybaratdyr.
Köşk Antoni Gaudi tarapyndan dünýäniň beýleki köşklerinde gaýtalanmaýan özboluşly stilde döredilipdir. Gaudi zehinli binagär bolupdyr, ýöne dizaýnlary köplenç täzelikçi we üýtgeşik häsiýeti özünde jemläpdir. Köşküň gurluşygy ýaňy başlanan mahaly, Barselonanyň ýaşaýjylary ony ynamsyzlyk bilen garşy alypdyrlar. Olar Gaudiniň gaty moda esaslanýan binagärdigini we taslamasynyň katolik buthanasynyň däplerine laýyk gelmeýändigini aýdyp, ondan nägile bolupdyrlar. Hatda köşki «Ýer ýüzündäki iň samsyk bina» diýip hem atlandyran ekenler.
Bu günki günde Sagrada Familiýa ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýär we syýahatçylar tarapyndan iň bir gelim-gidimli syýahatçylyk nokady hasap edilýär.