senorita
15.03.2024 15:11
Arseniý Morozowyň köşgi.
Uly baýlygyň mirasdüşeri Morozow geleňsiz hereketleri bilen tanalypdyr. Haçanda ol ejesi Warwara modern stilde köşk gurmagy niýet edendigini aýdan mahaly, ol örän geň galypdyr.

Ejesi oña: «Öň seniň samsykdygyňy diňe men bilýärdim welin, indi bütin Moskwa biler!» — diýip, käýinipdir.

Gurluşyk döwründe jaý şeýle bir köp tankyda we ýaňsylama sezewar bolupdyr welin, hatda Lew Tolstoý öz romanlarynyň birinde ony ýaňsylamak bilen, «samsyk we biderek adamyň köşgi» diýip atlandyrypdyr.

Muňa garamazdan, Arseniý tutanýerli bolupdyr. Ol Ýewropadaky syýahatlarynda gören modern arhitekturalaryna haýran galypdyr. 1895-nji ýylda Arseniý arhitektor Wiktor Mazyrine köşk gurmagy buýrupdyr. Onuň gurluşygy üç ýyl dowam edipdir.

Häzirki wagtda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň kabul ediş öýi —Arseniý Morozow köşgi Hökümet wekiliýetleriniň ýygnaklaryny, diplomatik gepleşikleri we halkara guramalaryň maslahatlaryny geçirmek üçin ulanylýar.
26
80
senorita
15 Mart 2024
bega93
15 Mart 2024
Owadan ekeni cyndanam 🧐🧐🧐
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.