sahyrlar_we_men
06.12.2022 19:42
✓ Oyun gutarandan soñ patyshada, pyyada-da shol bir guta salynyar...
16
83
sahyrlar_we_men
05.12.2022 20:55
Sadyyan gün

Ay yöne,
Keypine hosh salam yollayan güne,
Keypine aydym aydyaryn,
Tanyshlyk üçin däl-
Gyzlara dushsam,
-Salam keygim
-diyip geçyän keypine.

Garagol çagany gush dey göterip,
Mündüryärin sazdan doly kelläme.
Suwa dash zyñyaryn bökyär, oynayar,
Yeri, shol suwa dash zyñanda näme.

Dükanlaryñ witrinasy enayy,
Dükana dykylyp giryärin, ine,
Sorayaryn onuñ-munuñ bahasyn.
Satyn almakçy däl,
Yöne keypine.

Gushlaram baglarda jagylda-jugul,
Yollarda baglaram gushlary bile.
Bu täsin gün yaynap otyr enayy,
Keypine,
Keypine,
Yöne keypine.

Çaga yaly bu arassa asmana,
Kelläm degip,
Owaz edyär keyp bile.
Onsoñ neneñ Saturnyñ halkasyn,
Shlyapa dek geymejek sen keypine.

Gurbannazar Ezizow


8
90
sahyrlar_we_men
04.12.2022 19:55
YASHLYK

Gazaply kazy dey, mydam bashymda,
Sagat çot kakyp dur shyk-shyk-shyk.
Düynüñ özem garashyardym yashlyga,
Bu gün bolsa, geçip baryar sho yashlyk.

Bir zada düshünyän:
Showhunly günler,
Al atymy çapyp yören haladym,
Öñümden çykana gül yashlygymy,
Hormat edip, sowgat kimin payladym.

Jomartlygym üçin "sagbolsunlara"
Yüzüm göge tutup göçer yörerdim.
Yashlygymy gerekmejek dostlara,
Hem bosh söhbetlere seçer yörerdim.

Öwgülerden humar bolup, gijeler,
"Alyñ" diyip, kishiñ gapysyn kakdym.
Yashlygymy gül edip, jomartlyk bile.
Söymeyän gyzlarmyñ, döshüne dakdym.

Men ony bosh gijelere payladym,
Men ony
Bosh gürrüñlere payladym.
Ine, bu gün uly döwletden galan,
Köpüklermi ahmyr bilen sanadym.

Neçün beyle bolyar?
Ilki yalñysyp,
Soñra ökünç bile egilip yörüs!
Jayymyzy çilim çekip, tüsseläp,
Soñra tüssämize bogulyp yörüs!

Ah, bu gün säherem sheyle bir çytyk,
Bolaymagy mümkin tüys yagyshly gün.
YASHLYGYMYZ YITIRENOK HIÇ ZADY,
BIZ ÖZÜMIZ YITIRYÄRIS YASHLYGY...

GURBANNAZAR EZIZOW
9
44
sahyrlar_we_men
03.12.2022 22:12
"Bir gün bag dey yanyp-köyseñ..."

Bir gün bag dey yanyp-köyseñ,
(Baky gelen barmy, eysem?)

Abrayñy ataña goysañ,
Ogluña atyñy goysañ.

Bugdaya meydany goysañ,
Zemine asmany goysañ.

Gurmadygñy goysañ eger,
Deñi-dushlañ dowam eder.

Sährany shähere goysañ,
Tohumy bahara goysañ,

Goysañ.
Goysañ.
Köp zat goysañ,
Derdiñi enä goymasañ.

Dert alynmaz yöne yere,
Kim bashyn hesrete goshyar?
Yöne mydam enelere,
Üleshikde shu pay düshyär.

Gurbannazar Ezizow
16
79
sahyrlar_we_men
01.12.2022 20:45
Gündeligimden yazgylar:

✓ Okamak- bu yere çäge guyan yalydyr, okap bolanyñdan soñ sorag-jogap alysmak bolsa, çägäñ üstüne suw sepen yalydyr.

✓ Hapa eshik geyip, ishläp tapan pulumyzy, arassa eshigimimiziñ jübüsine salyas.

✓ Sapagy köp gatlanyñ peydasy yok, soñundan düwmeseñ.

✓ Durmushda aladasyz yashamak, hozy gabygyndan ownatman çykaran yalydyr.

Allanur Gazakow
23
130
sahyrlar_we_men
30.11.2022 21:38
Arakkeshiñ ejesiniñ nalasy

Dumanlap dur mydam öyümiñ içi,
Tüsse yok edipdir, öyümiñ nuryn.
Keç pelegi satyn alyp bashyña,
Satypsyñ arassa yollaryñ ugrun.

Käseler çay küysäp, çatnap bashlady,
Jayryldy yürekler küysäp mähriñi.
Eneñ hiç, ylayym eneñ gurasyn...,
Gorasañ bes gelne beren ähdiñi.

Haysy günäm üçin beyle dogduñ sen,
Il yaly geydirdik, iydirdik il dey,
Guwanyp göz yashlar dökjekdik welin,
Nalalardan yaña ajy yash sil dey.

Çagalañ islänok senden yeke shay,
Güler yüz olara iñ zerur, gyt zat.
Jan ogul bir gezek iyipmidiñ sen,
Olara urshuñdey bisebäp shapbat.

Çaganyñ atadan aglap, gorkushyn,
Biz seniñ "Sayañda" göryäris ogul.
Hey enä diylermi akyl berlende,
"Kellämi agyrtma, bar geç-de gömül!"

Elbetde gömlerin, o-da uzak däl,
Emma gorkyan soraglyja möwsümden.
"Perzent maña günä bagsh etsin" diyp,
Saña spirt emdirmändim göwsümdem.

Tüssä gysylypdyr garypja külbe,
Indi bu öy gyzmaz, sowasa sowar.
Penjiräni yazdyr, mañlay shor gelnim,
Oglum yokka girsin, arassa howa

Kerim Hallyyew

17
91
sahyrlar_we_men
29.11.2022 18:40
Awtomatyñ içgepletmesi

Adamzadyñ bet pälinden döredim,
Döredim olaryñ yigrençlerinden.
Yaratdyñyz meni,
Indi goranyñ!
Dünyäde görkezjek elhençligimden.

Bir okum jemlejek, bir uly ömri,
Yogsa ömür nirde, yeke ok nirde.
Islegim boyunça edyändir öytmäñ,
Yalñyshma!
Yashap gör içime girde...

Aslynda nebsiñiz bar zada sebäp,
Nä zaryñ dünyäni sorajak bolup?
Yogsa ynan, meñ üçinem añsat däl,
Müñi gyryan, birin gorajak bolup...

Meniñem arzuwym päkize bolmak,
Bu yaman ishlere gatylmasadym.
Içmesedi Habyl, Kabylyñ ganyn,
Menem bu dünyäde atylmasadym...

Kerim Hallyyew
14
67
sahyrlar_we_men
28.11.2022 21:30
TÄSIN SÖYGI

Gan akdyryp, huzuryña baramda,
Derman bolduñ ganly yara lukman gyz.
Gözlerimiñ garasy seni görende,
Eglenip-eglenip geçyär hökman gyz.

Arassa eliñe shübheler edip,
Mikropdan goranyp geydiñ ak ellik.
Ilkinji bu eden hereketiñe,
Baha berip goydum beynimde bellik.

Arassalap gyzyl gandan yüzümi,
Mylayym elleriñ getirdi husha.
Gözlem seni gördi yadymdan çykdy,
Kellämde döwülen shol arak çüyshe.

Hawa unutdym men yene kän zady,
Gözelligiñ unutdyrdy dünyäni.
Näm: üçin eneleñ bary doganok,
Perishdä bäs etjek gyzy sen yaly???

Seni dogran enäñ ömrüne güller,
Goy ejeñ yash bolsa yene dogursyn.
Sheydip mashgalañyz dünyäni yykjak,
Betgelshik duygulañ yoluny pozsun.

Shprisiñe jemläp dermanläñ köpün,
Yanbashyma sünjüp guyup goyberdiñ.
Demir iññäñ bilen awundyrsañam,
Agrygy duymadym gülüp goyberdim.

Penseline, noakaini garyp,
Dimedrolam urup, özüñ dürsediñ.
Wah olar hiç welin shprise salyp,
"SÖYGIDROL" uranñy sen bir bilsediñ.

2014

Kerim Hallyyew

11
60
sahyrlar_we_men
27.11.2022 22:21
GÖWÜN...

Ogul:
Salam mährem gülçi dayza, çemen bogay bägülden,
Ol seyle bir gözel bolsun, Hayran galsym Bägül hem.

Ogul:
Salam mährem gülçi dayza, çemen bogay nyrhsyzrak.
Bar:bir mañlayymdan öper, Ejem muña parhsyzrak.

Ayaly:
Salamalik gülçi dayza, bogay arzan çemeniñ,
Erkekdirdä... Su gülem bor, awlaryn oñ yüregin.

Ejesi:
Salamalik gülçi dogan, bog çemeniñ gymmatyn,
Çünki otuz yashar gün, yeke didäm Hommadym.

Bu zatlary gören gülçiñ, pikirleri boldy döwüm,
Ejemizde yokmyka, yarymyzda bar göwün...

Kerim Hallyyew
18
95
sahyrlar_we_men
26.11.2022 20:58
Tansçy

Saga, çepe, yatdy, turdy, egildi,
Ynha-da bat alyp, yokara bökdi.
Bary-yogy alty hereket üçin,
Bir çay käsä golay gara der dökdi.

Añsat däl, tans etmek, bu hemmä anyk,
Basharanok ony shoñ üçin her kim.
Yöne basharyanlar güjeñläp yörler,
Uzyn boy,
Inçe bil,
Garaz gül görkün.

Shahyrçylyk kesbiñ kyny diydiler,
Emma tansçy görüp oylandym menem.
Dil bilen yurt waspyn zordan aydyarkak,
Olar böküp, eglip aydyarka neneñ?!

2015

Kerim Hallyyew
14
82