sahyrlar_we_men
04.12.2022 19:55
YASHLYK

Gazaply kazy dey, mydam bashymda,
Sagat çot kakyp dur shyk-shyk-shyk.
Düynüñ özem garashyardym yashlyga,
Bu gün bolsa, geçip baryar sho yashlyk.

Bir zada düshünyän:
Showhunly günler,
Al atymy çapyp yören haladym,
Öñümden çykana gül yashlygymy,
Hormat edip, sowgat kimin payladym.

Jomartlygym üçin "sagbolsunlara"
Yüzüm göge tutup göçer yörerdim.
Yashlygymy gerekmejek dostlara,
Hem bosh söhbetlere seçer yörerdim.

Öwgülerden humar bolup, gijeler,
"Alyñ" diyip, kishiñ gapysyn kakdym.
Yashlygymy gül edip, jomartlyk bile.
Söymeyän gyzlarmyñ, döshüne dakdym.

Men ony bosh gijelere payladym,
Men ony
Bosh gürrüñlere payladym.
Ine, bu gün uly döwletden galan,
Köpüklermi ahmyr bilen sanadym.

Neçün beyle bolyar?
Ilki yalñysyp,
Soñra ökünç bile egilip yörüs!
Jayymyzy çilim çekip, tüsseläp,
Soñra tüssämize bogulyp yörüs!

Ah, bu gün säherem sheyle bir çytyk,
Bolaymagy mümkin tüys yagyshly gün.
YASHLYGYMYZ YITIRENOK HIÇ ZADY,
BIZ ÖZÜMIZ YITIRYÄRIS YASHLYGY...

GURBANNAZAR EZIZOW
9
44
gulshatayewa97
5 Dekabr 2022
Bu gün bolsa geçip barýar şo ýaşlyk....
sahyrlar_we_men
4 Dekabr 2022
barlagcy,salam.dogry aydyan.
barlagcy
4 Dekabr 2022
Berekella tasirli gosgy. Hemme zady biz ozumiz yitiryas
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.