sahyrlar_we_men
29.11.2022 18:40
Awtomatyñ içgepletmesi

Adamzadyñ bet pälinden döredim,
Döredim olaryñ yigrençlerinden.
Yaratdyñyz meni,
Indi goranyñ!
Dünyäde görkezjek elhençligimden.

Bir okum jemlejek, bir uly ömri,
Yogsa ömür nirde, yeke ok nirde.
Islegim boyunça edyändir öytmäñ,
Yalñyshma!
Yashap gör içime girde...

Aslynda nebsiñiz bar zada sebäp,
Nä zaryñ dünyäni sorajak bolup?
Yogsa ynan, meñ üçinem añsat däl,
Müñi gyryan, birin gorajak bolup...

Meniñem arzuwym päkize bolmak,
Bu yaman ishlere gatylmasadym.
Içmesedi Habyl, Kabylyñ ganyn,
Menem bu dünyäde atylmasadym...

Kerim Hallyyew
14
67
Myhman Myhman
30 Noýabr 2022
Gowy gosgy 👍👍👍👍
olia
29 Noýabr 2022
Gowy goshgy👏👏👏. Yonee urushmak adamlaryn tebigy instikty barde awtomadyn ya okun gunasi yok aslynda
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.