sahyrlar_we_men
30.11.2022 21:38
Arakkeshiñ ejesiniñ nalasy

Dumanlap dur mydam öyümiñ içi,
Tüsse yok edipdir, öyümiñ nuryn.
Keç pelegi satyn alyp bashyña,
Satypsyñ arassa yollaryñ ugrun.

Käseler çay küysäp, çatnap bashlady,
Jayryldy yürekler küysäp mähriñi.
Eneñ hiç, ylayym eneñ gurasyn...,
Gorasañ bes gelne beren ähdiñi.

Haysy günäm üçin beyle dogduñ sen,
Il yaly geydirdik, iydirdik il dey,
Guwanyp göz yashlar dökjekdik welin,
Nalalardan yaña ajy yash sil dey.

Çagalañ islänok senden yeke shay,
Güler yüz olara iñ zerur, gyt zat.
Jan ogul bir gezek iyipmidiñ sen,
Olara urshuñdey bisebäp shapbat.

Çaganyñ atadan aglap, gorkushyn,
Biz seniñ "Sayañda" göryäris ogul.
Hey enä diylermi akyl berlende,
"Kellämi agyrtma, bar geç-de gömül!"

Elbetde gömlerin, o-da uzak däl,
Emma gorkyan soraglyja möwsümden.
"Perzent maña günä bagsh etsin" diyp,
Saña spirt emdirmändim göwsümdem.

Tüssä gysylypdyr garypja külbe,
Indi bu öy gyzmaz, sowasa sowar.
Penjiräni yazdyr, mañlay shor gelnim,
Oglum yokka girsin, arassa howa

Kerim Hallyyew

17
91
wolf
1 Dekabr 2022
😔😔😔👍👍👍
Olka
1 Dekabr 2022
Gaty manyly durmuşdan alnan goşgy eken
sahyrlar_we_men
30 Noýabr 2022
doruk atakul, salam, kitaphana diyen programmada Kerim Hallyñ "men ölmek gorkyan" diyen kitaby bar. Skaçat edip alyp bolya.
doruk atakul
30 Noýabr 2022
Gowy gosgy eken haladym.kerim hallyn gosgularyny nirden alyan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.