sahyrlar_we_men
28.11.2022 21:30
TÄSIN SÖYGI

Gan akdyryp, huzuryña baramda,
Derman bolduñ ganly yara lukman gyz.
Gözlerimiñ garasy seni görende,
Eglenip-eglenip geçyär hökman gyz.

Arassa eliñe shübheler edip,
Mikropdan goranyp geydiñ ak ellik.
Ilkinji bu eden hereketiñe,
Baha berip goydum beynimde bellik.

Arassalap gyzyl gandan yüzümi,
Mylayym elleriñ getirdi husha.
Gözlem seni gördi yadymdan çykdy,
Kellämde döwülen shol arak çüyshe.

Hawa unutdym men yene kän zady,
Gözelligiñ unutdyrdy dünyäni.
Näm: üçin eneleñ bary doganok,
Perishdä bäs etjek gyzy sen yaly???

Seni dogran enäñ ömrüne güller,
Goy ejeñ yash bolsa yene dogursyn.
Sheydip mashgalañyz dünyäni yykjak,
Betgelshik duygulañ yoluny pozsun.

Shprisiñe jemläp dermanläñ köpün,
Yanbashyma sünjüp guyup goyberdiñ.
Demir iññäñ bilen awundyrsañam,
Agrygy duymadym gülüp goyberdim.

Penseline, noakaini garyp,
Dimedrolam urup, özüñ dürsediñ.
Wah olar hiç welin shprise salyp,
"SÖYGIDROL" uranñy sen bir bilsediñ.

2014

Kerim Hallyyew

11
60
Dusia
28 Noýabr 2022
😂👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.