sahet_ashyrov
12.09.2020 08:21
AK IŞANYÑ DÜNÝÄ INMEGI

1785-nji ýylyñ bahary lälezar geldi. Merkezi Garagumda, günorta Garagumda mylaýym howada ýagýan ýagşyb yzgaryna takyrlar, urpaklar, adyrlar, gollar çemenzarlyga öwrüldi. Ygallyk bolanynda zemin öz-özünden tohum tapyberýädi. Çägeleriñ ýüzlerine çenli haýsy tarapyna seretseñ ýylaklar, ýepelekler, gyrtyçlar, ogulboldy gülleri, gelinçek gülleri, garganyñ aýagy ýaly somalyşyp oturan tekesakgal gülleri al-ýaşyl öwsüp, bark urýardy.
Ýaşy bir çene barandygyna garamazdan, Mämmetsähet molla, tüweleme, sagdyndy, ýeñil gopýardy. Molla aga Garagum sährasyna seredip: "Eý, Perwerdigär, şu giden gülzarlyga gözüm düşeninde ýüregim giñän ýaly bolaýýar!" diýip, öz-özi gürledi.
Şol ýyl Bokurdakdan başlaýan Garagumuñ alasy tä gyra çenli tümi bilen müsür boldy. Güýze bakan boýuny alan ýaz otlaryndan doýan mal-garalar Hydyr gören ýaly özlerini tutýardylar. Bahar şeýle geleni üçin mallaryñ köpelişi hem iki esse bolupdy.
Dünýäsi giñän çopan-çoluklar: "Bu ýylyñ ýaz otunyñ bedesi indiki ýyl hem iýmäge bolar" diýip aýdýardylar.
Mämmetsähet aga-da uly iliñ bolçulygyna guwanyp iki bolup bilenokdy. "Eý, Allam, jan Hudaý uly iliñe yrsgal berdiñ, döwlet hem bereweri" diýip, Tañrynyñ öñünde tagzym ederdi.
Mämmetsähet aganyñ böwründe az-kem iñkisi, ýüreginde aladasy bardy. Ol agşam öýe geleninde ogly Gurbannazar mollanyñ ýüzüni sallap oturyşyny öz göwnüne jaý görmedi. Otuz ýaşy arka atan Gurbannazar añyrdan gelen kakasyna ýüzlendi:
- Sag-aman geldiñmi, kaka!
- Hawa, geldim. Sähra çykýarsyñ welin, ýüregiñ giñeýär. Darykma, oglum, entek ýaş başyñyz bar. Ogluñyzam bolar, gyzyñyzam bolar. Yrsgal beren Hudaýym döwlet hem berer, ogul-gyzam. Allany çagyr-da umyt ediber.
Şol ýylyñ gyşy yzly-yzyna gurak geldi. Mämmetsähet molla Nowruzyñ yz ýanlarynda öýüñ güneşine çykyp, bir köne howudy söküp otyrdy. Ol añyrdan eşeginden düşüp, özüne garşy ýöräp gelýän Pälwan agany garşylamak üçin ýerinden turdy. Gyzylgözler taýpasynyñ ýaşulysy bolan Pälwan aga bilen iki elini uzadyp, garpyşyp, gadyrly görüşdiler.
- Molla aga, maýyljak güni howut bejeräýin diýdiñmi? - diýip sorady.
- Ýok, Pälwan aga. Şu köne sowudyñ içindäki selini hol çöküp oturan arryk düýä beräýeýin diýdim. Bu janawar, diýseñ, gowy mal, tohum mal. Onuñ yzyna bäş-on sany köşekli düýe eýerdi - diýip, Mämmetsähet molla beýleräkde çöküp oturan düýäni görkezdi.
Mämmetsähet mollanyñ elini salgap görkezen düýesi diýseñ-diýmeseñ hem juda arryk düşüpdi. Dodagyny sallap oturan janawaryñ ýanyna barmaga däl, eýsem beýleräginden geçseñ hem garrylykdan we açlykdan lagr-lagr edip zeýrener durardy. Janawaryñ gapyrgalary mese-mälim somalyşyp, zordan örküjiniñ sudury bildirýärdi. Ýöne bir topbak ýüñ bolup durdy.
Mämmetsähet molla Pälwan agany alyp öýe girdi. Ortada ýanyp duran oduñ üstündäki gaýnap oturan mis tüñçäni yşgyndan demlediler.
Pälwan aga çaý başynda ýylyñ guraklygyndan uly iliñ zeýrenýändigini gürrüb berdi. "Öýli gyzyl" çulbasynyñ sebirlerinde-de, Derweze, Diñli sebitlerinde-de ygal düşmeýändigini gürrüñ berdi.
- Düýn-öññün Tejen sebitlerinden myhman geldi. "Ýolbarslyda, Götükde, Çölaýda, Annaöweziñ beýginiñ" töwereklerem juda gurak - diýip, Molla aga aýtdy. Ol gürrüñ berdi.
- Pälwan aga bir sellem dymyp oturdy. Ýaýdanyp gürledi. Şol wagt Gurbannazar molla-da olaryñ ýanyna geldi. Amanlyk-saglykdan soñ Mämmetsähet aga ýüzlendi.
- Molla aga, töwerekdäki guýularda ýaşaýan çarwalaryñ köpüsi öñümizdäki anna güni siziñ ýanyñyza sala salmaga geljekler. Olar iki ýyla çeken agyr guraklykdan juda basylýarlar. Maldan çykyp gelýärler. Sarahsa bolarmy, Mäne-Çäçäniñ düzlügine bolarmy agzybirlik bilen göçüp gidäýsek diýýärler.
Gurbannazar molla gürrüñe goşulmady-da, Pälwan aganyñ ýüzüne çiññerilip seretdi. Mämmetsähet aga aşak bakyp oturyşyna ýuwaşja gürledi:
- Ol-a bolmaz, bu giden agyr märeke maly-garasy bilen göçüp-gidip nirä ýerleşsin. Babadaýhana gideliñ diýsek, olaryñ hem güni biziñkiden gowy däl. Mäne-Çäçäniñ düzlügem özlerine-de darlyk edýär. Sarahsyñ düzlüginde otuz-kyrk ýyldan ozal göçüp baranlaryñam öri meýdanam özlerine ýetäýse boldygy. Añryk, Amyderýanyñ günortasyna "Tutly-Gyzylaýak" sebitlerine aşjak bolsañam, bu mallara başartjak däl, ýöne sen, Pälwan aga gabat gelenlerini köşeşdir. Allanyñ yrsgalyny gözläp tapyp bolmaz - diýdi.
Pälwan aganyñ aýdyşy ýaly boldy. Anna günem, öñküsi günem gumuñ içinde oturan çarwalardan baýy, garyby molla aganyñ üstüne maslahata geldiler. Jemagat agyrdy, gelenler köpdi. Çaý-suw içdiler, edil bir toýa-sadaka ýygnanan ýaly märeke hyñ berýärdi.
Mämmetsähet molla märekäniñ öñüne çykyp, şeýle diýdi:
- Jemagat, maslahatyñyz gowy zat. Ýylyñ gurak gelmegi ýeñil däl. Ýöne şunuñ ýaly kynçylykda aljyraññylyga düşüp, ýene-de bir bolmasy işiñ üstünden baraýmalyñ. Mallarymyz juda arryk ahyryn. Şulary sürüp başlasak, "Çölaýa" ýetjegimizem gümana ahyry. Onsoñam yrsgal kowalanyp alynýan zat däldir. Her ki musulman bendesiniñ yrsgy ölçegli bolmalydyr, ol Alla tarapyndyr.
Pälwan aga, Ata aga, Sapar aga, ýaşulular, ýigitler ýene-de bir zada düşüniñ. Ýurduñy taşlap alys ýere gitmek, göbek ganyñ daman ýerinden jyda düşmegiñ alamaty. Adamynyñ, musulman bendesiniñ göbek ganynyñ dökülen ýeri, onuñ üçin dünýäniñ ähli malyndan gymmatlydyr. Maslahatymy alsañyz, göçmäliñ. Nesip bolsa, ygalam bolar, nuram ýagar, yrsgalam geler, döwletlem bolarys.
Maslahata gelenler Mämmetsähet mollanyñ akylyna eýerdiler, göçmek bolmaz, şol gürrüñlerden soñ molla aganyñ aýdanlaryna olaryñ umytlary artdy.
- Öýle namazyndan soñ, ýagşy dilegler edilende, Tañrydan nur ýagmagyny diläliñ - diýip, Mämmetsähet aga maslahat berdiler.
Märekäniñ ortarasynda oturan Pälwan aga ýerinden turdy. Onuñ agaryp başlan gürzelek sakgaly, iki gat geýnen donunyñ üstünden guşalan guşagy, her baldyrynda-da çokaýly aýagynyñ güberilip duran üç gulaç dolagy, seçelenip duran buýra-buýra ullakan, özüçe gelşip duran telpegi, ýaşulyny hasam haýbatly görkezdi. Ol ýerinden turdy-da, şeýle diýdi:
- Adamlar, maslahat bilseñiz, Pygamber zamanynda nur ýagdyrmak üçin sadaka edilipdir. Munuñ özi Gurhany Kerimde hem bar ahyryn. Sadaka edeliñ, onsoñam Mämmmetsähet aga siziñ özüñizem, Gurbannazar aga hem maslahat bilseñiz, jemagat size ýüz tutmakçy. Juma namazyndan soñ, biz Gurbannazar inimize perzent diläp bermekçi - diýdi.
Märekäniñ içinde uly güwwüldi peýda boldy. "Belki, Alla, ýa Hudaý! Bizi nazaryñda sakla" diýen sesler asmana göterildi.
Öýle namazyna duruldy. Mämmetsähet molla ogly Gurbannazar mollanyñ ymam bolmagyny sorady. Sebäbi musulmançylykda ýaşy 60-dan geçen sowatly adam özünden ýaş adam barka ymamlygy şoña ynanmalydy. Juma namazyndan soñ molla agalaryñ ojagyna Beýik Perwerdigärden, ýalñyz Alladan perzent dilediler. Nur dilediler "Allahu Ekber!" diýip, namazlykdan turan batlaryna garalyp başlan bulut ýagmyra öwrüldi.
Aradan birnäçe gün geçipdi, ygal düşýärdi. Garagumuñ lybasy gün geldigiçe täzelenip barýardy. Gurbannazar molla näme üçindir oýa batyp otyrdy. Mämmetsähet molla: "Näme pikire çümüpsiñ, oglum?" diýip sorady.
Gurbannazar molla özüniñ birki günlükde düýş görendigini aýtdy.
- Mal gözläp, gumuñ içinde ol goldan bu gola, bütin gumuñ içi i suwsap söküp ýörmikäm öýdüpdirin. Haýsy gola barsam, içi doly uly-kiçi ýaşly aýal-erkek adamdan hyryn-dykyn, olaryñ hemmesi meñ ýüzüme seredişip, sessiz boýur-boýur aglaýardylar.
Pygamberler ýorgudy bola, Biribar Alla.
Gurbannazar molla öz gören düýşüni aýdyp bermegi dowam etdi.
- Ol adamlar maña seredip aglasalar-da, onuñ sebäbini näçe sorasam hem olaryñ ýekejesem maña jogap bermän şol aglap oturyşlarydy. Olaryñ sag gapdalynda, baş ujynda tugy şemala yrgyldap duran juda könelişen bir mazar bardy. Çep ýüzlerinde bolsa ýylagyñ, gyrtyjyñ, dürli ýaz otlarynyñ, gülleriniñ arasynda, ýene-de bir täze mazar edil gökde asylan ýaly bolup, howanyñ ýüzünde gymyldaman durdy. Men şu pursatda oýanypdyryn. Ynha, indem üç gün bäri şu zatlary pikir edip, kellämden çykaryp bilemok, kakama bir aýdyp göreýin - diýip, size gürrüñ berşim.
- Gürrüñ bereniñ gowy zat, oglum. Gowy düýş görüpsiñ, oraşan görüpsiñ. Ol gol doly adamlaryn hemmesiniñ aglamagy, gözýaşly bolmagy gynandyryjy zatdyr. Düýşüñde gynanmak oýalykda begenmekdir. Ikinjiden, olaryñ hiç biriniñ ýekejesiniñem, siziñ soragyñyza jogap bermezliginiñ düýp sebäbi, olaryñ hiç birisi entäk jahanda ýok. Olar indi dünýä inmeli seniñ uzak ýyllaryñ dowamynda ýaşap geçjek nesilleriñdir. Sag ýüzündäki örän könelişen ýalñyz gubur seniñ nesilleriñden haýsydyr biriniñ uzak ýaşajakdygyny añladýar. Çep ýüzlerindäki gülleriñ içinde howanyñ ýüzünde ýaly bolup duran täze mazar bolsa, seniñ nesilleriñden haýsydyr bir juwanyñ ýaş wagtynda arşa göterleninde şehit boljagyny güman berýär.
Ýa Biribar Alla, oglumyñ öz düýşüni oraşan gördügi bolsun. Biziñem perzende ýüzümiz düşsün - diýip, Mämmetsähet molla Gurhanyñ sürelerinden aýatlary okady. Kakasynyñ ýorup beren düýşüni ähli ünsi bilen diñläp oturan Gurbannazar mollanyñ nazaryna şöhle çaýylan ýaly boldy. Ýüregine nur dökülip, ýüregi giñedi. "Belki, Alla agzyndan beýik Perwerdigär eşitsin!" diýip, Gurbannazar molla begenip aýtdy.
Aradan ýyl aýlandy geçdi. Güýzüñ başynda ygal düşmedi. Emma soñabaka ýyl maýyl gelip, bassyr-bassyr ýagan ýagşa Garagym lybasyny täzeledi. Baharyñ başynda, mylaýym gar ýagyp, dyz boýy boldy. Ýyljak garyñ aşagynda gök otlar gününi sanap ösýärdiler. Emma ýene-de uzakly gije gar ýagdy. Çar tarapdaky alañlar duw-ak bolany üçin giden alyslar bir sydyrgyn düzlük ýaly bolup görünýärdi. Birdenem, ýaş gelinleriñ biri ep-eslije oglanyñ elinden tutup gelip, Mämmetsähet molla ýüzlendiler: "Molla aga, ogul jigimiz boldy, buşluk!" Mämmetsähet aga oglanjygyñ etegine bir goşawuç sap-sary, altyn suwy berlen ýaly lowurdap duran sargan guýdy.
- Gözüñiz aýdyñ, balalarym. Berildigi bolsun. Musulmany bolsun - diýip, molla aga hem daş çykdy, onuñ ýüregi giñän ýaly boldy. Dañdanyñ ümüş-tamyşlygy, çar tarapyñ, on dördi gijäniñ ýagtylygy bilen goşulyp töwerek aýyl-saýyl görnüp başlady. Gurbannazar mollanyñ ýöreýşi, kakasynyñ ýanyna haýdap gelşi öñkülerinden üýtgeşikdi. Molla aga ogluna hem agtygyna hem dileg edip: "Musulmany bolsun!" diýdi. Oglanjygyñ adyna Akmämmet goýdular. Çaga azan aýdan Pälwan aganyñ azanyndan soñ töwürinde: "Eý musulmany perzent, ýagşy adyñy enäñ-atañ, garyndaşlaryñ goýdy. Uzak ömrüñi Alla bersin!" diýen sözleri Garagumuñ içine ýanlanyp gitdi.
Aradan birnäçe ýyl geçdi. Mämmetsähet aga dünýäden ötdi. Oña entek agyr ýatan günleri köp adam üýşüpdi. Jynaza namazyna duranlarynda, tomsuñ başydygyna garamazdan, Gün çykyp lowurdap dursa-da, harasat gopup başlady. "Bismillahir Rahman Rahym" diýip, dört ýerden tabydy göterenlerinde, bir bölek gara bulut harasat bilen gatyşyp, olaryñ üstüne nur ýagdy. Şol bada-da Gün lowurdap çykdy-da, edil harasat bolmadyk ýaly asudalyk boldy.
Gölegçiler gonamçylyga tarap ýola düşdüler. Bir gapdalda 10-12 ýaşly bir oglanjyk dik depesine seredip, gözlerinden boýur-boýur ýaş döküp, şol bir nokada gözüni dikip durdy. Pälwan aga oglanjygyñ bolup durşuny geñ görüp, ol hem ýokaryk çaganyñ nazaryny dikip duran ugruna tarap seretdi. Ol çaga Gurbannazar mollanyñ ogly Akmämmetdi. Ýokarda bolsa duw-ak bir uly guş emaý bilen pelpelläp, olaryñ ak öýüniñ üstünden iki-üç öwrüm etdi-de, gölegçileriñ üsti bilen olaryñ yzyndan uçup gitdi. Ol guş gonamçylygyñ beýle ýanynda gum depeleriniñ iñ beýik ýerinds gonup, olara tarap tiñkesini dikip otyrdy.
Olar Mämmetsähet agany jaýlap gaýtmak üçin ýola düşdüler. Ak guş hem asmana göterilip, molla aganyñ mazarynyñ ýokarsynda asuda asmanda dört-bäş gezek öwrüm edip, onuñ guburynyñ baş ujyna gondy. Gölegçiler bolsa eýýäm gözden ýitip barýardylar...
4
141
sahet_ashyrov
11.09.2020 08:47
ZÜLKEFIL PYGAMBER (a.s)

Zülkefil pygamber. (ibrany dilinde Ezekiel). "Gurhanda" ady agzalyp geçilen 25 pygamberden biri. "Gurhanda" "Enbiýa" we "Sad" sürelerinde ondan söz açylýar.

■ Zülkefil pygamber kim bolupdyr?

Zülkefiliñ pygamber däldigini aýdýanlar baram bolsa, yslam alymlarynyñ aglabasynyñ pikirine görä pygamberdir we iñ ynamly pikir-de şoldur. Aýatda ady agzalan "Zülkefil" pygamberiñ (a.s) ady däl-de lakamydyr we "Zülkefil" "nesip we kysmat eýesi" diýen manylary añladýar. Emma bu ýerde "Zülkefil" sözi onuñ bu dünýä degişli baýlygyny, derejesini däl-de, pygamberiñ ýokary ahlagyny we ahyretdäki derejesini kesgitlemek üçin ulanylypdyr. Onuñ hakyky ady hakynda birnäçe rowaýatlar we çaklamalar bar. Ýewreýler Zülkefil pygamberiñ (a.s) Ysraýyl ogullarynyñ sürgün edilen ýyllarynda Pygamber edilip ugradylan we Habur derýasynyñ ýakynlarynda bir ýerde Pygamberlik eden Herekseldigini aýdýarlar. Alymlaryñ käbiri bolsa, onuñ Eýýup pygamberiñ (a.s) özünden soñky pygamber bolan ogly Bişr bolandygyny orta atýarlar. Emma bu iki çaklama hem ylmy taýdan anyk subut edilen däldir. Şeýle-de bolsa, Zülkefiliñ Eýýup pygamberiñ ogly bolandygy we adynyñ Bişr bolandygy baradaky maglumat onuñ ýurdumyzyñ Baýramaly etrabynda ýerleşen aramgähindäki tanyşdyryş sütünine-de ýazylypdyr.
"Gurhanda" Eýýup pygamberiñ (a.s) kyssasy beýan edilenden soñra pygamberleriñ käbirleri ýatlanýar we öwülýär. Ol pygamberleriñ biri hem Zülkefildir.

■ Sowukganlylyga berilen kepil

Allatagalanyñ ýewreýlere ugradan pygamberlerinden biri bolan Elýesanyñ panydan bakyýete göçmeli pursaty golaýlaşanda, Alla onuñ ruhuny aljakdygy barada wahyý üsti bilen: "Mülküñi Ysraýyl ogullarynyñ arasynda daña çenli ybadat edýän, namaz okaýan, gündizlerine oraza tutýan we adamlara azgyrylman aýdanyny etdirip bilýän birine tabşyr" diýýär. Elýesa pygamber (a.s) özüne gelen bu emri halka aýan edýär. Köpçüligiñ arasyndan bir ýaş ýigit ýerinden turup: "Men muña kepil geçýän!" diýip, bu bildirilen talaplary özüniñ ýerine ýetirjekdigini aýdýar. Hezreti Elýesa (a.s) oña: "Bu kowmuñ içinde senden has ululary bar, sen oturyber" diýýär. Soñra ol gelen emirleri ýene iki gezek gaýtalaýar. Her gezegem ýene şol ýaş ýigit turýar. Üçünji gezekden soñ Elýesa pygamber ony öz oruntutary edip belleýär. Ol ýaş ýigidiñ ady Bişr ekeni. "Men kepil geçerin!" diýeni üçin oña “Zül-kefil” ("Kepil geçiji") lakamy galýar. Bişr boýnuna alan borçlaryny gylyny gymşatman ýerine ýetirip ýörkä näletsiñen Iblis ony büdretmek isleýär we ony ýalñyşdyrmak üçin her dürli hilegärlige ýüz urýar. Emma ol Iblisiñ hilelerine aldanmazdan boýnuna alan borçlaryny ýerine ýetirmegiñ hötdesinden gelipdir.
Hezreti Zülkefil (a.s) gijelerine ýatman ybadat edýändigi üçin guşluk wagty azajyk uklap dynjyny alar eken. Şolar ýaly wagtda Iblis öz kömekçilerini onuñ üstüne ugradyp, pygamberi eden ähtinden dändermäge çalyşýanam bolsa, her gezekde-de şowsuzlyga uçraýarmyşyn. "Aýakçylarynyñ" iş oñarmajagyna göz ýetiren Iblisiñ hut özi onuñ üstüne gaýdýar. Hemişeki uklaýan wagtynda dynjyny almak üçin ýerine geçjek bolup durka, şeýtan gapyny kakýar. Pygamber: "Kim bu?" diýip seslenýär. Iblis: "Kemsidilen bir biçäre garry" diýip jogap berýär. Hezreti Zülkefil (a.s) gapyny açýar we “Näme meseläñ bar?” diýip soraýar. İblis aleýhyragna “Şeýle-şeýle meseläm bar. Pylany meniñ hakymy iýdi, pysmydan maña zulum etdi.." we ş.m birtopar toslama patarrakysyny otarýar. Şeýlelik bilenem pygamberiñ uklamaly möhleti geçipdi. Hezreti Zülkefil oña “Men ertir arz-şikaýatlara seretjek wagtymda gelip bu meseläñi aýtgyn" diýýär.
Adam sypatyna giren Iblis ertesi gün aýdylan wagtda gelmeýär we ýene guşluk çagy pygamberiñ dynç aljak wagtynda gapyny kakýar. Zülkefil pygamber ondan: "Näme üçin aýdylan wagtda gelmediñ" diýip sorasa, Iblis: “Aýdan wagtyñda gelsem, olar senden çekinýärler we hakymy gaýdyp berýärler, seniñ ýok ýeriñde bolsa ýene maña zulum edip başlaýarlar" diýip jogap berýär. Pygamber oña ýene erte aýdylan wagtda gelmegi tabşyrýar. Iblis ýene gelmeýär. Zülkefil pygamberem eýýäm birnäçe gün ukudan galansoñ, ep-eslije tapdan düşüpdi. Şonuñ üçin adamlaryna kim gelse-de, ýanyna goýbermezligi berk sargap gözüniñ awusyny almak üçin ýerine geçýär. Gojanyñ sypatyna giren melgun şeýtan ýene gelenem bolsa, ony içerik salmaýarlar. Şonuñ üçin näletsiñen Iblis gönüden-göni içerde peýda bolýar we zenzele turuzýar. Ýakymsyz sese başyny galdyran Zülkefil pygamber bir seretse, ýene düýn-öññinki garry öñünde duranmyşyn. Gapa seretse, gapy-da içinden kilitlenişi ýalymyşyn. Pygamber bu gezek onuñ şeýtandygyny magat bilýär we gaharlanman pessaýja ses bilen: “Sen Allanyñ duşmany Iblis gerek?” diýip soraýar. Iblis bolsa: “Hawa, meni hemişe edişiñ ýaly zelil hala saldyñ. Şu gezeg-ä seniñ gaharyñy getirip bilerin öýdüp, ahyrynda şu ýola baş goşup gördüm. Emma bu gezegem paşmady" diýip jogap berýär.

■ Ölüleriñ tobasyna berilen kepil

...Birwagtlar Rum (Kiçi Aziýa) obalarynyñ birine mergi keseli ýaýraýar. Özüni oñaranlar gaçyp, daga siñýärler. Obada galanlar welin, keselläp ölüpdirler. Soñky ýyl ýene bu ýagdaý gaýtalanýar. Ýene-de ýagdaýy bolanlar mal-garalaryny alyp daga gaçýarlar. Allatagala adamlaryñ toba etmegiñ deregine, berilen jezadan gaçyp ýörmeklerini halamaýar we olaryñ hemmesini, mal-garasyna çenli janlaryny alýar. Bir sebäp bilen olaryñ gyrlan ýeriniñ üstünden Harkyýl pygamber geçýär. Ol gören ahwalyna nebsi agyryp durka, oña Alladan owaz gelýär: "Sen näme bulardan bir nyşan bilesiñ gelýärmi?" Harkyýl "Hawa" diýende, Allatagala oña: "Sen bulara ýüzlen-de: "Alladan emir boldy, turuñ diý-de gygyr" diýýär. Harkyýl buýrugy ýerine ýetirýär welin, olaryñ hemmesi mal-garalary bilen birlikde direlýärler. Harkyýl şeýle ýagdaýa başga ýerlerde-de duşupdyr we ýene-de olaryñ direlmegine sebäp bolupdyr. Adamlaryñ toba etmeklerine kepil geçip, olaryñ direlmeklerini Allatagaladan diläp alyp ýörensoñ, Harkyýl pygambere Zülkefil at galypdyr. Zül - Eýe, Hudaý, kefil - kepil geçmek, güwä geçmek (Hudaýa kepillik beren) manylaryny berýär.
(Seret: "Gurhan" /türkmen dilinde/, "Bakara" süresiniñ 245-nji aýatyna Hoja Ahmet ahunyñ beren düşündirişi).

■ Zülkefil pygamberiñ "Gurhandaky" keşbi

"Ysmaýyl, Idris we Zülkefil, hemmesi sabyr edenlerdendi. Olary rehmetimize gowuşdyrdyk. Şübhesiz olar salyhlardandy".
("Enbiýa" süresi, 85, 86-njy aýatlar).

"Kuwwatly we basyretli gullarymyz Ybraýymy, Yshaky we Ýakuby-da ýatla. Biz olary ahyret ýurduny düşünme aýratynlygy bilen tämizläp, özümize halys (gul) eýledik. Olar biziñ ýanymyzda saýlamalardandyr, haýyrlylardandyr. Ysmaýyly, Elýesany, Zülkefili hem ýatla. Olaryñ hemmesi-de ýagşylardandyr".
(Seret: "Sad" süresi, 38/45, 46, 47, 48).

■ Zülkefil pygamberiñ Türkiýedäki mazary

Taberiniñ "Taryhynda" ýer alan bir rowaýata görä, Zülkefil pygamber (a.s) Şamda (Damaskda) ýaşapdyr. Ol ýerdäki halky Alla ynanmaga, Oña ybadat etmäge, dogruçyl ýaşamaga çagyrypdyr we ol ýerde hem aradan çykypdyr.
Mazarynyñ Türkiýäniñ Diýarbekir şäheriniñ Egil raýonynyñ Elýesa pygamber (a.s) bilen bile Makam dagyndaky kümmetde ýatandygy çak edilýär.

■ Zülkefil pygamberiñ Türkmenistandaky mazary

Şeýle hem Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziñ Mary welaýatynyñ Baýramaly etrabynda hem "Zülkefil baba" diýip, Zülkefil pygamberiñ (a.s) ýatandygyna ynanylýan we halkyñ zyýarata barýan ýeriniñ bardygyny hem aýtmak gerek.
Anygyny Alla bilýär, emma Zülkefil pygamberiñ (a.s) Baýramaly etrabynda ýatandygy hakykat bolsa, onda Hezreti Muhammet Pygamberimiziñ (s.a.w) ilkinji baýdak göterijisi Bureýde el-Esleminiñ (r.a) hem Arabystandan gelip-gelip Baýramalyda jaýlanmagy tötänlik däl bolsa gerek. Zülkefil pygamberiñ Türkmenistandaky guburyna daşary ýurtlardan hem bir ýarym zyýarata gelýänleriñ barlygy guburyñ Zülkefil pygambere degişli bolup çykmak ähtimallygyny hasam güýçlendirýän bir faktdyr. Gelen myhmanlar "Zülkefil pygamberiñ gubury Marydadyr" diýip köne kitaplarda okandyklaryny aýdýarlar. Munuñ ýaly gyzyldan gymmatly maglumatlardan daşary ýurtlularyñ habarly bolup, heniz biziñ bihabarlygymyz bolsa, öz taryhymyza juda ýüzleý seredýänligimizden gelip çykýar.
Her garyş topragy keramata ýugrulan mukaddes Watanymyzyñ taryhyny, bu mukaddes watanda kimleriñ gelip-geçendigini, nähili beýik şahsyýetleriñ ýatandygyny doly öwrenmek biziñ üçin parzdyr, wajypdyr.

■ Peýdalanylan çeşmeler:

1. Kurtuby "el Jamyly Ahkamy'l Kur'ân";
2. Alusy "Ruhu'l Meani";
3. Mewdudy "Tefhimu'l Kur'an";
4. "Gurhan", (türkmen dilindäki neşiri), 1-nji tom, "Bakara" süresi, 245;
5. Öwelek Durdymyradow "Pygamberiñ gubury Baýramalyda", "Watan" gazeti, 1997 ý;
8
169
sahet_ashyrov
10.09.2020 12:54
OGUZ TARYHY WE DÜNÝÄ ROWAÝATLARY

Biz oguz taryhynyň başlanyşy bilen, ýunan hudaýlarynyň döreýşi, olaryň jümle-jahany we adamzady ýokdan bar edişi, Aý, Gün, ýyldyzlar, Asman we Asman jisimleri, umuman kosmosyň güýji, şeýle hem “Nuhuň tupany”, baradaky Bütindünýä rowaýatlarynyň arasynda birnäçe meňzeşliklere gabat geldik. Geliň, muňa bir ujundan seredip geçeliň.
Gadymyýetide dürli halklaryň medeniýetini birekden birege geçirijilik roluny oýnan ýunanlar ýurdunyň rowaýatlaryna görä, başda älem-jahanda uç-gyraksyz baky tümlük – Haos höküm sürüpdir. Haosdan Ýer hudaýy Geýa emele gelipdir. Söýgi hudaýy Eros, tümlük hudaýy Ereb, garaňky gije Hýukta hem Haosdan emele gelipdir. Ereb bilen Nýuktadan Efir (ýagtylyk) we Gemer (gündiz) döräpdir. Kuwwatly Geýa Urany, Asmany ýaradypdyr. Uran Geýany, ýagny, Asman Zemini aýallyga alypdyr. Ol ikisinden alty ogul, alty sanam gyz bolupdyr.
XVII asyr taryhçysy, Hywa hany Abylgazy Bahadur hanyň “Türkmenleriň nesil daragty” atly kitabynda görkezilmegine görä, türkmenleriň we türki halklaryň aglabasyň ata-babalary bolan oguzlaryň taryhy hem öz gözbaşyny uzaga çeken Haosdan, soň Biribaryň dünýäni ýaradyşy, perişdelerine palçykdan adam ýasamaklygy buýrup, ýer ýüzünde ýaşaýyşy berkarar edişinden alyp gaýdýar. Soňra “Nuhuň tupany” baradaky söhbet başlanýar.
XIV asyr musul Man taryhçysy Fazlallah Reşideddin, XVI asyr türkmen taryhçysy Salyr Baba Gulaly ogly ýaly bilermenleriň “Oguznamalary” hem Nuh pygamberden başlanýar.
Abylgazynyň ýazmagyna görä, Adam atadan Nuh pygambere çenli on arka bar: şiş – Berd – Yhnuh (Idris) – Mutawyşlyk – Leýmek – Nuh.
Tupandan soň Nuh pygamber adam tohumy ýitmez ýaly, Ham, Sim, Ýafys atly üç oglunyň hersini ýeriň bir künjüne iberipdir. Kiçi ogly Ýafysa (Ýafet) zeminiň kutby-şemal tarapy, şindiki Türküstan ýurdy düşüpdir. Ýafys nesli dokuz arka aýlanandan soň Oguz döräpdir. Şerejäniň zynjyr düzümi şu şekilde: Ýafys – Türk – Tütek – Emleje – Dip – Bakuý – Gök han – Alynja – Tatar – Mogul atly ekizler, – Moguldan Gara han, Gara handan – Oguz.
Oguzdan alty ogul önüp ösýär. Ine, hut şu ýerdenem oguz taryhy bilen Bütindünýä rowaýatlarynyň arasyndaky meňzeşlikler ýüze çykyp başlaýar.
“Oguznamanyň” uýgur wariantynda meňzeşlik has hem golaýlaşýar. Ýagny, beýleki “Oguznamalarda” Oguz hanyň alty oglunyň altysam ýönekeý oguz gyzlaryndan bolan bolsa, bu wariantda edil ýunan rowaýatlarynda alty ogluň Asman bilen Zeminiň, ýagny Uran bilen Geýanyň nikasyndan bolşy kimin Oguz hanyň ogullarynyňam üçüsi şöhle bilen ýere inen asman perisinden, üçüsem zemin gözelinden bolýar. Ýöne, bu entek diňe san babatdaky meňzeşlik.
Indi bolsa Oguz hanyň ogullarynyň we gadymy ýunan hudaýlarynyň atlaryndaky meňzeşliklere garap geçeliň.
Uranyň bir ogly – Okean. Oguz hanyň bir oglunyň ady Deňiz. Uranyň ogly Gipperiondan we Teýadan Gün hudaýy Gelios, Aý hudaýy Selena döreýär. Oguz hanyňam bir oglunyň ady Gün, ýagny Gün han, ýene bir oglunyň ady Aý. Aý han. Uranyň başga bir oglunyň ady Astreýa. Bu ýunan dilinde Astron sözünden bolup, ýyldyz diýmekligi aňladýar. Şeýlelikde, o-da Oguz hanyň Ýyldyz, ýagny Ýyldyz han atly ogly bilen atdaşdyr.
Indi bolsa Oguz hanyň ogullary bilen atdaş çykan dört sany ýunan hudaýynyň atasy Uranyň öz adynyň Asmany, ýagny, Gögi aňladýandygyny ýatlalyň we Oguz hanyň Gök han atly ogly bilen şeýle hem şejere boýunça dördünji arkadaky babasy Gök han bilen atdaşdygyny, üstesine-de oguzlaryň bir döwürde göge, asmana uýandyklaryny belläp geçeliň.
Görşümiz ýaly, Oguz hanyň bäş ogly ýunan hudaýlary bilen atdaş bolup çykdy. Ýunan hudaýlarynyň içinde diňe Oguz hanyň, Dag han atly ogly bilen atdaşy ýok. Ýöne, bu ýagdaý megerem gürrüňi edilýän döwrüň has irkiligi, o döwürler entek daga gudrat hökmünde garal Mandygy bilen bagly bolsa gerek. Daga diňe miladydan ozalky birinji hem-de ikinji müňýyllyklaryň sepgidinde garalyp ugralandygyna otparazçylyk dininiň mukaddes kitaby bolan Awestada gabat gelmek bolýar. Ol ýerde daglaryň gudrat bilen döremegine bagyşlanan ýörite ýaş-gimn hem bar. Şol ýerde Badhyz daglarynyňam ady agzalýar.
“Oguzanamanyň” uýgur wariantynda Oguz hanyň asman perisinden bolan ogullarynyň atlary: Aý han, Gün han, Ýyldyz han. Zemin gözelinden bolan oglanlarynyň atlary: Dag han, Deňiz han, Gök han. Şu wariatda Gök han adynyň asmany, gögi däl-de, zeminiň üstünde bitýän gök oty, umuman ösümlik dünýäsini aňladýandygyny belläp geçmek gerek.
Oguznamanyň uýgur wariantyndaky Mantyk hem, edil ýunan rowaýatlaryndaky ýalydyr. Ýagny, Asman – Aýdan, Günden, Ýyldyzlardan, Ýer – toprakdan, suwdan, otdan, ýagny ösümlikler dünýäsinden ybaratdyr. Ähli zat Asman bilen Zeminiň, Uran bilen Geýanyň gatnaşygyndan emele gelýär.
Oguz hanyň ogullary bilen atdaşýan Hudaýlaryň atlary diňe bir hudaýlaryň döreýşi baradaky ýunan rowaýatlarynda däl, eýsem, Müsür, Semit, Assiriýa, Wawilon wersiýalarynda hem gabat gelýär. Bütindünýä gark alyş, ýagny, “Nuhuň tupany” barada aýdanymyzda-da ýagdaý şeýle.
Eýsem bu meňzeşlikler nämäniň alamatyka?
Munuň esasy sebäbi birinjiden-ä gadymyýetde köp zady ylmy suratda däl-de, rowaýatlar arkaly aňlan, dünýäniň döreýşine rowaýatlar arkaly akyl ýetirmäge çalşan adam ähliniň başda köküniň bir bolup, belli bir ýerde, belli-belli zatlar barada umumy düşünjeler döredip, soňam dürli sebäplere görä zeminiň dürli künjeklerine dargandyklary we baran ýerlerinde şol düşünjäni özleriçe, ýerli ýagdaýa, syýasy we yksydady şertlere görä täzeden işläp düzendikleri bilen baglydyr. Ikinjidenem, gadymyýetde dünýäniň döreýşi we hudaýlar baradaky rowaýatlar haýsydyr bir ýurtda döwlet gurluşynyň başlanmagy bilen bagly bolupdyr. Mysal üçin, miladydan öňki IV müňýyllygyň ortalarynda, entek Aşaky hem Ýokarky Müsür şalyklary emele gelmezinden öň, Geliopolyň žresleri jümle-jahany asman hudaýlarynyň ýaradandyklary baradaky öz pikirlerini orta atypdyrlar. Hatda iki şalyk emele gelenden soňam, şu barada olaryň hersi öz wersiýalaryny işläp düzüpdirler. Olaryň hersi öz hudaýlaryny älem-jahany ýaradyjy ýeke-täk, ähli hudaýlaryň atasy hökmünde, özlerini hem şol hudaýlaryň mirasdüşeri, adamzadyň başy hökmünde görkezmäge çalşypdyrlar.
Iki şalyk birigip, bir döwlete öwrülenden soňam, jümle-jahanyň ýaradylyşy barada Müsüriň medeni merkezleri bolan Germopolyň, Geliopolyň, Memfisiň hersinde bir dürli pikir aýdylypdyr. Mysal üçin Geliopolyň žresleri dünýäni Gün hudaýy Ra ýaradypdyr diýer wersiýany işläp düzüpdirler.
“Piramidalar tekstiniň” habar bermegine görä, Ra öz-özüni Nun atly Haosdan – ilkinji okeandan ýaradypdyr. Ra şondan soň özi üçin aýak basar ýaly “Ben-ben” atly depe döredipdir we şol adajykda durubam, beýleki eli bilen asman hudaýlaryny ýaradyp başlapdyr.
Älem içre ýalňyz özi bolansoň, hudaýlaryň ilkinji jübütini – Şu (howa) we Tefnut (çyglyk) atly hudaýlary Ranyň özi dogurmaly bolupdyr. Şol jübütden Ýer hudaýy Geba, asman hudaýy Nun doglupdyr. Öz gezeklerinde olaram iki jübüt hudaýlary: Osirisi we Seti, şeýle hem Isidany we Neftidany dogrupdyrlar. Düzüjileriň ündewlerine görä, Ra asmandaky ähli hudaýlaryň we ýer ýüzündäki barça janly-jemendeleriň hökümdary bolupdyr.
Görşümiz ýaly, Hudaýlar baradaky döwlet strukrutasy görnüşinde düzülen müsür rowaýatlary hem edil ýunan rowaýatlary hem-de oguz taryhynyň gözbaşy kimin şol bir asman, Gün, Okean, toprak, şeýle hem ilkinji Haos bilen baglanyşykly.
Bu düşünjeleriň hemmesiniň aňyrsynda gadymyýetde bolup geçen güýçli tebigy hadysalar, weýran ediji suw joşgunlary, älem-jahany ýakyp-ýandyryp barýan güýçli ýangynlar, ölüm howply gurakçylyklar we beýleki tebigy hadysalar, şol hadysalaryň adam aňynda döreden gorkusy ýatandyr. Çünki, adamlar tebigatyň özlerinden kän güýçlidigine, özleriniň ondan ejizdigine, ähli babatlarda şoňa baglydyklaryna has ir göz ýetiripdirler.
Has takygy kosmosyň güýjüni duýupdyrlar we oňa tagzym edipidrler, ondan haraý isläpdirler, birsyhly göz görkezip duran asman we zemin jisimlerini hudaý tutunypdyrlar, guran döwletlerini berkitmek üçin özlerinem, özlerine we nesillerine goýýan atlarynam, gelip çykyşlarynam asmana, asman jisimlerine, şeýle hem heýhat getiriji suwa, sile, gaýnag pürküji daglara golaý edip görkezmek isläpdirler. Öň her haýsy bir jandara ýa jisime uýup ýören bölek-bölek taýpalary, halkyýetleri bir döwlete birikdirmek, bir agyza bakdyrmak üçin umumy hudaýlary oýlap tapmak we olar barada dürli-dürli rowaýatlaryň täze-täze wersiýalaryny işläp düzmek zerurlygy ýüze çykypdyr we bu zatlar belli bir derejede döwlet möçberindäki syýasy ähmiýete eýe bolupdyr. Şonuň üçinem hatda özüni Hudaýyň ogly diýip yglan eden patyşalaram bolupdyr. Halk hem olara ynanypdyr.
Çünki, o döwürler entek olar Hudaýyň ýeke-täkdigine akyl ýetirip bilmändirler. Hut şonuň üçinem, dagynyklyk adamzadyň başynda uzak wagtlap dowam edipdir. Käte bir hudaýlyga çagyrýan adamlar – resullar peýda bolupdyr. Emma rowaýatlara görä, halklaryň agyzlarynyň birleşmegini islemedik hökimdarlar halkyň isleggine-de, Hudaýyň birligine-de garşy gidipdirler.
Hudaýyň resullaryny jezalandyrypdyrlar. Netijede ýer ýüzünde azgynçylyk köpelipdir. Resullar bolsa ýene-de peýda bolupdyrlar. Ýene-de Hudaýyň birligini ündäpdirler. Ahyrsoňy bolmandan soň Hudaý öz resullaryndan özge ähli adamlara gazap edipdir. Ýer ýüzüni suw alypdyr, Gün ýakypdyr, daglar lerzana gelipdir. Bu baradaky rowaýat müňlerçe ýyllap adamlaryň aňynda ýaşapdyr. Çünki, düýbi çynam bolsa, ýalanam bolsa, ol ynanjyň Mantyky Manysy uly bolupdyr. Ýagny, azgynçylyk etmeli däl, tebigatyň, Hudaýyň garşysyna gitmeli däl, onuň birligini inkär etmeli däl. Eger-de şu zatlary berjaý etmeseň, Asman, Zemin bilen ylalaşykly ýaşamasaň, Hudaý seni öz gazabyna duçar eder.
Her niçik-de bolsa wagtyň geçmegi bilen jemgyýet özgeripdir, adamlaryň aňy ösürdir, öňki ynanç, ygtykat, din, belli-belli möwritleriň geçmegi bilen könelipdir, täze ygtykat zerurlygy ýüze çykypdyr. Bu ýagdaý käte tebigy ýagdaýda ýüze çyksa käbir ýagdaýlarda ýene-de ýokary gatlagyň bähbitlerini aramak maksady bilen amala aşyrylypdyr. Bu işde olara iň ýakyn hem ähtibarly kömekçiler hökmünde ruhanylar çykyş edipdirler. Käte bolsa köne ygtykada uýýanlar bilen täze ygtykady girizmek isleýänleriň arasynda konflikt, güýçli çaknyşyklar ýüze çykypdyr.
Mysal üçin, miladydan öňki 1347-nji ýylda, müsür faraony Amenhetep IV öz halkyny müň ýyl bäri sejde edip gelýän ygtykadyndan – Gün hudaýy Amon Radan ýüz öwrüp, Atonyň kultyny kabul etmäge mejbur edipdir. Ol dürli-dürli totamlara gulluk edip ýören taýpalary hem Atona uýmaga mejbur edipdir. Özüniň bu reformasyny syýasy bähbitleriniň biziň her esgerimiz elinde öz hudaýynyň suraty çekilen baýdagy göterip gidýardi, indi olaryň ählisi bir baýdagyň astynda ýörişe giderler” diýmäni gowy görer ekeni.
Şeýle hem ol özüniň “Amon razy” diýen Manydaky “Amenhetep” adyny aýryp, “Aton üçin peýdaly” diýen Manyny berýän Ehnaton adyny alypdyr. Onuň golaý-goltumlary hem onuň bu göreldesine eýeripdirler. Haýsynyň ady Amonyň ady bilen bagly bolan bolsa, Atonyň adyna ýanap üýtgedipdir. Köne ýadygärliklerden hem Amonyň ady, şekili aýrylypdyr we Atonyňky bilen çalşyrylypdyr. Ehnaton hatda öz merkezi şäherini hem üýtgedipdir we oňa “Atonyň gözýetimi” diýen Manydaky “Ahet – Aton” diýen at beripdir.
Mälim bolşy ýaly, Muhammet pygamber hem hersi bir hudaýa uýup ýören we agzalalyk zerarly pese düşen arap taýpalaryny bir ynanja uýduryp, ýurdy maddy taýdan galdyrmaklygy, adamlary ruhy taýdan arassalap, päklik ýolundan ýöretmekligi göz öňünde tutupdyr. Ýöne ol Ehnaton ýaly özünden öň dörän ygtykatlary ret etmändir, gaýtam olara daýanypdyr, ösdüripdir. Şonuň üçinem, ýalowaçlyk derejesine ýetipdir.
Oguz hanyňam haýsydyr bir ygtykady we syýasy reforma geçirendigi Reşeddiniň “Oguznamasynda” göze kaklyşýar. Ýagny, ol dogluşy ýaly enesiniň düýşüne girip: “Biribara iman getirmeseň seni emjek däl” diýýär. Ýagny, entek dil bitmänkä, enesinden musulman bolmaklygy talap edýär. Bu meseläni ol soň öz hatynlarynyňam öňüne goýýar. Ahyram atasy bilen garpyşýar.
Ýöne, Oguz hanyň öz öňünde goýan meselesi Muhammet aleýhysalamyň girizen musulmançylygy bilen bagly bolmaly däl. Çünki, soňky musulmançylyk dininiň dörän wagty Oguz han döwründen iň bolmanda iki müň, üç müň ýyl giç. Bu ýerde aýdyjylaryň, düzüjileriň soňky döwrüň syýasy we dini şertlerine görä, tekstiň mazmunyny düýpgöter başga tarapa alyp gaçandyklary görnüň dur.
Oguz han megerem öz döwründe hersi bir zada uýup ýören dürli oguz taýpalaryny, Güne uýup ýören kaýylary, baýatlary, alkarewlileri, garaewlileri; Aýa uýup ýören ýazyrlary, dükerleri, dudurgalary, ýapyrlylary; Ýyldyza uýup ýören owşarlary, kazyklary, bekdilileri, garkynlary; Göge (Asmana) uýup ýören baýandyrlary, bejeneleri, çawuldyrlary, jebnileri; Daga uýup ýören salyrlary eýmürleri, bükdüzleri, ýiweleri, kynyklary bir ýere birleşdirip, harby taýdan güýçli oguzlar döwletini döreden bolsa gerek.
Biziň pikirimizçe, Oguz hanyň reformasy döwründe oguzlaryň urany – “öküz” hem “gök böri” bilen çalşyrylýan bolmaly. Bu ýagdaý oguzlaryň gadymy mekanlaryndan çykyp, Mongol, Hytaý serhetlerine aralaşandyklaryny we ýerli şertlere görä, täze bir syýasy zerurlygyň ýüze üykandygy bilen bagly bolmagy mümkin. Çünki, gadymy Hytaýda hem Asmana uýupdyrlar. Çingiz han hem özüni “Asmanyň ogly” diýip atlandyrypýan eken. Bu oguzlaryň Hytaýa ýa mongollara eden täsirimi ýa olaryň oguzlara eden täsirimi, ony aýtmak kyn, ýöne, “böri” bilen baglanyşykly mesele welin köp babatda oguzlaryň täze goňşularynyň täsiri bilen baglanyşyklydyr.
Oguz hanyň hem-de onuň ogullarynyň Asman we Zemin jisimleri arkaly hudaýlaşdyrylmagy hem edil ýunan, müsür döwletlerinde bolşy ýaly, täze döwlet gurluşygy bilen baglydyr. Ýöne, oguzlaryň Oguz handan kän uludygy, kosmiki güýçler baradaky ynanjyň, ygtykadyň oguzlaryň aňyna Oguz handan kän öň girendigini, olaryň Oguz handan öňem kosmiki güýçleri, Aýy, Güni, ýyldyzlary, umuman Asmany penalandyklary, ýer jisimlerini, käbir haýwanlary totam tutunandyklary gürrüňsizdir. Oguz hanyň esasy hyzmaty bolsa, olaryň ählisini bir bir ynanja birikdirendigi, şeýdibem bir bitewi döwlet döredenligi bilen baglydyr.
Oguz han döwründe oguzlaryň Asmana – Göge uýandyklary, gök börini uran edinendikleri barada jedel bolup bilmez. Çünki, bu barada Oguz hanyň özi aýdyp dur.

“...Men sizlerge kagan boldum,
Mundan bu ýana buýan (eşret)
bize tamga bolsun,
Gök böri uran (nyşan) bolsun,
Täki deňiz, täki muran (derýa) bolsun,
Gün tug bolsun, gök kurikan (çadyr)”

Oguz han bu ýerde gök asmany özüne pena, “gök börini” uran, Güni hem baýdak edinendigini nygtaýar.
Ömrüniň ahyrlarynda bolsa ol ogullaryna ýüzleniň şeýle diýýär:

...Duşmanlarymy
men ýyglatdym,
Dostlarymy men
Güldürdim,
Gök taňryga gulluk etdim,
Sizlerge men berýän ýurdum”.

Gök taňrynyň gök asmandygyny düşündirip oturmagyň geregi ýokmuka diýýäs.

* * *

Indi oguz taryhynyň başlangyjy bilen badaşýan asman hudaýlary we hudaýlaşdyrylan asman hem-de zemin jisimleri baradaky Bütindünýä rowaýatlarynyň hersi ýeriň bir künjünde ýaşaýan halklaryň haýsy birinde öň dörändigi, haýsy toprakda emele gelendigi, kimiň-kimden täsirlenendigi barada pikir ýöretmäge çalşalyň. Onuň üçin bolsa öňi bilen, şol rowaýatlaryň gözbaşynda durýan we owal elbetde şol mifiki obrazlaryň döremegine sebäp bolan Bütindünýä gark alyş kataklizminiň – “Nuhuň tupanynyň” nirede we haçan dörändigini kesgitlemegimiz gerek.
“Tupan” baradaky dürli halklaryň arasynda aýdylýan ähli gürrüňleri bir ýere ýygnap ýörite iş ýazan iňlis alymy Jeýms Frezeriň gelen netijesine, görä, ýer ýüzi boýunça umumy gark alyş hiç haçanam bolmandyr. Onuň pikiriçe tupan dürli sebäplere görä – ýer titremesi, suwlarynyň galmagy, güýçli harasat gopup uzak wagtlap ýagyş ýagmagy, sil joşgunlary we şuňa meňzeş hadysalaryň netijesinde ýer ýüzüniň her ýerinde bir hiliräk , bölekleýinräk, dürli-dürli döwürderäk bolup geçipdir. “Tupan” barada halklaryň hersinde bir hiliräk rowaýatyň aýdylýandygyny hem ol şonuň bilen düşündirýär.
Munuň şeýle bolmagy mümkin, ýöne her niçik hem bolsa tebigatyň, Hudaýyň garşysyna giden gadymky garyndaşlarynyň äpet bir umumyadamzat heläkçiligine uçrandyklary baradaky rowaýat, düşünje henize bu güne çenli ynsan balasynyň serinden nämüçindir çykyb-a gitmändir. Şonuň üçinem, Jeýms Frezeriň ýokarky pikirine has soňraky döwrüň netijeleri hökmünde garamak we umumyadamzat tragediýasy haçanam bolsa bir wagt, barybir bolandyr, ýöne gaty irki eýýämlarda bolandyr diýip çaklamak mümkin. Muny bir gijäniň içinde ýok bolup giden we ine indi nijembir müňýyllyklar bäri ýeriň dürli künjeklerinden, hatda Demirgazyk buzly okeanyň içindenem gözlenip ýörlen gadymy şäher – “Atlantidanyň” mysalynda-da, Gün hudaýy Geliosyň ogly Faetonyň emelsiz halyna Güne erk etjek bolup ony öz ýolundan sowşy, şeýdibem jümle-jahany oda, ýalyna berşi baradaky rowaýatlaryň mysalynda hem görmek bolýar. Käbir alymlaryň, bilermenleriň çaklamasyna görä bolsa, kä halatlarda hakykatdanam jümle-jahany gurşap alan tümlük – Haos bilen bagly bolan umumyadamzat tragediýasy bir gezegem däl-de, telim gezek, her gezeginde-de her hiliräk görnüşde bolup geçipdir. Ýöne, adamzat şonuň diňe iň soňkusyny, “Nuhuň tupanyny” bilýärmişin. Ondan öňkülerini ýadyndan çykaranmyşyn.
Tebigatyň gudratyny, Hudaýyň hökmürowanlygyny, zemin üzre ýaşap ýören ähli janly-jandarlaryň, şol sanda ösümlik dünýäsiniňem erk-ygtyýarlarynyň kosmiki güýçlerie baglydygyny nazara alanymyzda şol aýdylýanlara ynanmazlyk mümkinem däl. Ýöne, bizem öz mümkinçiligimiziň çägine hem-de şu bölümiň başynda söz berşimize görä, iň bolmanda şol heläkçiligiň iň soňkusynyň – “Nuhuň tupanynyň” haçan, esasanam nirede bolup geçendigi baradaky pikirlere garap geçeliň.
Miladydanbirnäçe müň ýyl ozal, semitler, arap çölüstanlyklaryndan çykyp, Ýewfrat derýasynyň mes toprakly jülgelerine süsňäp girenlerinde, ol berdäki ösen, gadymy şumer medeniýetiniň şaýady bolupdyrlar. Şumerleriň özleri bolsa, ol wagt eýýäm halk hökmünde ýer ýüzünden ýok bolup giden ekenler.
Taryhçylaryň tassyklamalaryna görä, “Nuhuň tupany” baradaky rowaýaty semitlerem ana, şol gadymy halkyň – şumerleriň galdyryp giden medeni miraslaryndan öwrenipdirler we şondan soň ähli ugurlar boýunça-da şumer medeniýetine daýanyp ösüpdirler. “Tupan” baradaky rowaýaty soň-soňlar Müsür we Ýunan ýurtlaryna, Assiriýa, Wawilon döwletlerine hem hut şolar ýaýradypdyrlar.
Oguz taryhynyň içinden eriş-argaç bolup geçýän kosmiki güýjüň hökmürowanlygyny tassyk edýän, soň Töwrada, Injile, Gurhana girip giden Aý, Gün, ýyldyzlar, ýer, suw, asman, dag, derýa, ilkinji Haos, umuman jümle-jahanyň ýaradylyşy, Hudaýlaryň döreýşi baradaky düşünjeler, rowaýatlar hem şol halklara semitleriň üsti bilen şumerlerden, has takygy şumerleriň galdyryp giden medeni miraslaryndan geçipdir.
Dünýädäki iň irki siwilizasiýanyň düýbüni tutujylaryň biri hasap edilýän şumerler bolsa, miladydanöňki IV müňýyllykda Änew töwereklerinden örňäp Mesopotamiýa giden sümerlerdir. Ýöne, professor N.Gulla olary bizip eýýamymyzdan öňki IV müňýyllygyň ahyrynda, III müňýyllygyň başlarynda Öküz derýasynyň, ýagny, häzirki Tejen derýasynyň boýunda ýerleşen Göksüýriden gidendirler öýdýär.
Eger-de sümerler hakykatdanam Änewden däl-de, Göksüýriden giden bolsalar, onda olar oguzlar bilen bir derýanyň suwuny içen halk bolup çykýarlar. Emma welin Änewden giden bolaýanlarynda-da, barybir oguzlar watandaş, garyndaş.
Ýene bir bellemeli zat – o-da Mesopotamiýa baran sümerleriň arasynda hem edil oguzlaryň Türkmenistanyň häzirki çäginde, hususan-da Öküz derýasynyň boýunda oturan döwürleri bolşy ýaly, öküziň gudratly saýylanlygydyr. Öküze gudrat hökmünde garamak, Mesopotamiýada sümerlerden soň ýaşan hetlerde hem dowam edipdir.
Medeni babatda semitleriň üsti bilen sümerlerden täsirlenen döwletleriň biri hasap edilýän Müsürde hem öküz mukaddes saýylypdyr. Olar öküze önüm öndürýän güýç çeşmesi, hasyllylygyň simwoly hökmünde garapdyrlar. Hususan-da olarda öküze Gün Hudaýy Ranyň obrazy hökmünde garalypdyr. Öküziň kulty soňabaka ýerdäki “hudaýlaryň” – patyşalaryň kulty bilen garyşyp gidipdir. Mysal üçin, Memfisde ýerli “hudaý” Ptahyň jany Alis atly öküz hasap edilipdir.
Umuman alanyňda sümerler – şumerler bilen oguzlary – öküzleri – turlary golaýlaşdyrýan faktlar sanap çykardan kän. Ýöne, bizi esasy gyzyklandyrýan zat, göz ýetýän ýerdäki Bütindünýä siwilizasiýasynyň düýbüni tutujylar bolan sümerleriň iňňän irki döwürlerde oguzlar bilen watandaş bolup çykmaklary, “tupan” baradaky Bütindünýä rowaýatlarynyň gözbaşynyň sümerleriň üsti bilen gelip-gelip Türkmenistanyň häzirki çäklerine direlmegi, şeýle hem şol iki halkyň ynanç ygtykatlarynyň, medeniýetleriniň, sungatlarynyň biri-biriniňki bilen berk badaşmaklary.
Orta Aziýada, şol sanda Türkmenistanyň çäginde hem ullakan “Tupanyň” gopandygy baradaky maglumat “Awestada” hem duş gelýär. Ikinjidenem, ummasyz Garagum birmahallar uly bir okeanyň düýbi bolupdyr diýen gürrüňi biz häli-şindi eşidýäris. Şoňa ynanýarysam. Suw kimin akyp duran ürgün çägäni goşawujymyza alyp, syňraklarymyzdan syrykdyryp durşumyza tutuş Garagumyň üstüni örtüp ýatan göm-gök suwy göz öňümize getirjek bolup dyrjaşýarys. Hazar deňziniň häli-şindi kenaryndan kä daşyp, kä yzyna çekilip durşuny bolsa gözümiz bilen görýäris.
Geolog alymlaryň tassyklamalaryna görä, häzirki Aral deňzi, Hazar deňzi, Gara deňiz, birmahallar häzirkileri ýaly aýry-aýry däl-de, tutuş Ponto-Aral-Ortaýer deňzini emele getirýän ekeni. Häzirki Bosfor bogazynyň ýerinde bolsa, Kiçi Aziýa bilen Ýewropany çäklendirip duran, ýüzlerçe fut belentlikdäki gury ýer zolagy – tebigy bent bolup, ol Gara deňziň öňüni saklaýan ekeni.
Ponto-Aral hem Ortaýer deňziniň arasyndaky tebigy gaçynyň böwsülmegi bilen (Bosfor we Dardanel bogazlary) Ponto-Aral deňziniň suwy assa-ýuwaş çekilmäge başlapdyr.
Bu zatlar elbetde, oýlanyp görmek üçin maglumat. Üstesine-de juda irki, geologiki termin bilen aýtsak, pleýstosen döwrüne, ýagny, mundan millionlarça ýyl ozalky zamanlara degişli maglumat. Ýöne, “tupanyň” bolup geçen döwrem bäri-bäri möhlet bolmaly däl. Şonuň üçinem, haçan bolup geçendigi belli bolmadyk birnäçe Bütindünýä kataklizmleri hakynda ýatlamalary aňynda saklabilen ynsan balasy. Ponto-Aral deňzi hakynda hem hakydasynda saklandyr diýip pikir edýäris. Çünki, adam aňynyň oýlanyş we hakydasynyň ýatda saklaýyş mümkinçiligi çäksiz. Galyberse-de, ol uly tebigy özgerişlikler birbada bolup geçen däldir. Ponto-Aral deňziniň suwy hem birbada tötänlikden emele geläýen däldir. Çekilende-de birbada çekilen däldir.
Eýsem şol uly suwlaryň hereketi heýhatsyz boldumyka? Ýeriň ýüzüni gaplap alan “Nuhuň tupany” bilen, şu aýdylanlaryň arasynda ir-u-giç hiç hili arabaglanyşyk bolmadymyka? Belki-de, iň bolmanda “Awestadan” görnüşi ýaly, Orta Aziýada bolup geçen ägirt uly suw heläkçiligi bilen, Ponto-Aral suw süýşmeleriniň arasynda haýsydyr bir hakykat ýatandyr? Sümerleriň üsti bilen dürli halklara ýaýrap, soň Bütindünýä rowaýatlaryna öwrülip giden “tupan” belki şoldur?”
Mümkin. Çünki, Orta Aziýada dörän umumyadamzat heläkçiligi barada maglumat berýän “Awestanyň” özeni bolan otparazçylyk (zooastrizm) dini hem özünden 26 müň ýyl ozal dowam edip gelen taglymatyň esasynda döräpdir.

Juma HUDAÝGULY.

"Watan" gazeti, 23.12.1997-05.02.1998 ý.
2
166
sahet_ashyrov
09.09.2020 08:41
ALAMBERDAR ROWAÝATY

Adalat Tuguny dünýäniň depesine dikmek üçin kän menzil külterlän goşun uç-gyraksyz sähranyň gujagynda goş ýazdyranda tulumlaryň iň soňkujalarynyň hem bujagy çözülip, teşnelige ölmez-ödülik edilipdi. Külterlenen menzilleriň ýadawlygyna goşulyp, esgerleriň bokurdagyna ýapyşan suwsuzlyk derdi hemmesinden erbedidi. Oňa heniz dünýäden gijäniň garaňkylygy syrylmanka çäre görülmese, goşunyň heläk boljakdygy jedelsiz hakykatdy. Beýle ahwalda goşun söweşmeg-ä beýlede dursun, öz derdinden hem asgyn geljekdi. Bu ýagdaýda ýeketäk çykalga — ol hem, her damjasy gyzyla barabar saýylýan suwy her edip, hesip edip tapmakdy. Emma hany, näbelet ýeriniň guýusynyň gözlegine gitjek höwesek kişi?! Hiç kesiň ýagdaýy birek-birekden öwerlik däldi, guran dodaklary ýalaýan dilleriň özem gurap, agzyň içinde zordan aýlanýardy. Ýöne her näme bolanda-da, kimdir biri hökman bütin goşunyň halasgärine öwrülmek üçin bu ýola düşäýmelidi. Şeýle maksat bilen serkerde esgerleriň ýüzüne köpmanyly seredende, argyn goşunyň içinde gowur köpelen ýaly boldy. Elinde goşunyň synmaz ruhuna öwrülen Tugy berk gysymlap duran deşliden daýaw kişi hemmeden öňe omzady. Daş-töwerekden «Muntasyr gitmek isleýär» diýen sesler, oňa goşulmaga höwesek esgerler köpelip ugrady. Tugy henizem gujurly gollarynda pasyrdadyp duran ýigidi boýdan-başa synlan serkerde, ony alamberdar saýlap ýalňyşmandygyna düşündi. Bu agyr ýumşy onuň bitirjekdigine jany-teni bilen ynandy. Belentde pasyrdap duran Tugy synlan esgerleriň hem sussupes ýadawlygynyň ornuny umytmy, ruhubelentlikmi, garaz, täsin bir duýgy gaplap alan ýaly boldy. Iň agyr darkaşlarda-da çyglanmadyk dideleri buýsançdan ýaşaran serkerdäniň beren buýrugy gysgadan düşnükli ýaňlandy: «Iň ýakyn guýyny tapyň we daň atmanka yzyňyza dolanyň. Azaşmazlygyňyz üçin bolsa, belent alaňyň üstünde uzak gije ýakyljak otdan çelgi alyň!».
«Düşündim» diýen terzde çalaja baş atan Muntasyr bary-ýogy birnäçe atlyny ýanyna tirkäp, yzynda inçejik tozan galdyryp, gijäniň garaňkylygyna siňip gitdi. Ol kerwengyran düzleriň syry kimin depeleriň üstüne degäýjek-degäýjek bolýan ýyldyzlar gündizleriň Gögünde gözden ýitmänkä suwa ýetirjek ýodany tapmalydy. Çar ýana alakjaýan atlylar töwerege seresap göz aýlap baryşlaryna bäri-bärden suw tapmajakdygyna düşündiler-de, atlary gözýetimden has uzaklara, nähilidir bir gatnawlyrak ýodanyň gözlegine tarap gyssadylar.
Alaňdan-alaňa aşyp baryşlaryna Muntasyryň ýadyna bir wagt garry atasyndan eşiden rowaýaty düşdi. Rowaýata görä, uç-gyraksyz çölde ýyldyzboýly guýular salnyp, gijelerine ýyldyzlaryň has köp üýşmegi şol guýynyň üstünde tegelenip durarmyş. Henize çenli synap görmedik bu rowaýatynyň näderejede hakykatdygyny görmek isleýän ýaly sarç bedewiň üstünde mäkäm oturyşyna, ol umyt bilen Gögüň ýüzüne üşerildi. Göwnüne bolmasa, barýan ugurlaryndan biraz gündogarrakda bir topbajyk ýyldyz üýşüp, ýyldyzboýly guýyny boýlap duran ýalydylar. Alamberdar ömründe ilkinji gezek rowaýata bil baglap görmek isledi. Ol şeýle maksat bilen hem atynyň başyny şol tarapa öwürdi. Jüp gamçynyň badyna ýyldyrym deý süýnüp giden bedew ony şol çaklanylýan ýere getirende bolsa, alamberdar atasynyň rowaýatyndaky hakykat bilen ýüzleşdi duruberdi. Dogrudanam, atlylaryň öňlerinde düýbünde ýyldyzlar ýyldyraşyp duran çuňňur guýy bardy. Gözlerine ynanman çalasynlyk bilen atdan inişlerine onuň bal ýaly suwundan gananlaryndan soň hem, olar bu ýagdaýyň düýşmi ýa huşdugyny bilmän esli salym oýurganyp durdular. Ýöne bu hakykatdy. Özem, düýşkybap gijäniň bütin goşunyň ykbalyny halas etjek hakykatydy. Begençden argyn göwrelere jan gelen ýaly bolan, atlar hem mazaly suwdan gandyrylandan soň, bar bolan meşikler suwdan doldurylyp, bu hoş habary goşuna ýetirmek üçin gelen yzlaryna tarap at goýdular. Depe-depe, gol-gol aşyp baryşlaryna özlerine çelgi boljak oduň şuglasyny agtardylar. Emma bäri-bärde ot görmedik atlylar, diňe şonda bu gözlegiň özlerini ummadan çykarandygyny bilip galdylar. Halys ýadawlykdan ýaňa ýene-de Gökdäki ýyldyzlardan haraý gözlän Muntasyr olaryň hem kem-kemden seýrekläp barýandygyny gördi hem-de diňe töwekgellige baş uraýmasa, özge çykalgasynyň galmandygyny duýup, gelen yzyny ýatkeşligine we atynyň syzgyrlygyna görä çalyp gitmegi makul bildi. Daň atmanka özüniňkilere ýetişmek umydy bilen agzyna kelam agyz söz almazdan atynyň badyna birigip, öňe tarap süýnüp barýan ýigit petiş gijäniň derdinden ýaňa hamala atyň üstünde oturman, özi ylgap barýan ýaly daljykdy. Bütin düýrmegi bilen göze öwrülip gijäniň bagryny elek deý eläp barýan göwre, birdenem, hol öňde çalaja ýylpyldap duran alawy görüp, ýitigini tapan deý tolgundy. Diýmek, ýene-de birazajyk gaýrat etseler, özleriniňkä gowşup biljekdiler. Şol begenç bilenem halys ganat açan deý gaýyp barýan ýigit, atynyň badyna kanagat etmän, howlukdy. Özüne halasgär bolup görnen alawyň aýtymyndan kürsäp girişine, suw tapandygyny buşlamak üçin galkyjaklap, eýeriň gaşyna galanam şoldy welin, birdenkä bütin göwresi bilen sarsyp gitdi. Asyl, oduň albaý deý ýylpyldysyny yzarlap, ol duşman ordasynyň göni üstüne gelen bolsa näme?! Belent depäniň üstünde galgap duran duşman tuguny görenden nämäniň-nämedigine düşünen alamberdar yzyna at salmak üçin atynyň başyny öwrende, öz aýagy bilen gelen oljalarynyň daşyny eýýäm gabap ýetişen duşman esgerlerini görüp galdy. Biriň daşyna müň bolup geçilýän bu namart oýundan gutulmaga umydy bolmasa-da, töwekgellige ýüz urmagy maksat edinen Muntasyr, darkaşlarda haýbaty bilen haýykdyrýan atyny çarpaýa galdyryşyna «Bir başa — bir ölüm» diýlenine eýerip, duşmanyň garaşmaýan tarapyna — baýdak dikilen depä tarap at saldy. Çar tarapdan ýagan peýkamlaryň yzasy janyna ornanam bolsa, duşman serkerdesine agzyny açdyryp, bady bilen duşman tuguny ýykyp geçişine, ol yzyndaky gaýda-gaýmalaşygy görmesede, ummadan çykyp gitmegi başardy. Ähli zada düşünýän ýaly agzyny hatap dek açyp, burnuny parladyp çapyp barýan bedew hem, ynsanyňka meňzeş ýiti duýgurlygy bilen halys ysgyn-mydary galmadyk alamberdary daňdanyň ümüş-tamşynda özüniňkilere ýetirmegi başardy. Ähli ýeri ýaradan zerzaw bolan ýigit, suwuň şu ýakynlardadygyny aýdyşyna, derrew atyň üstünde oturan ýerinde öňki wezipesine girişmek üçin goşunyň Tuguny eline aldy. Bejergä mätäçdigini ýaňzydan tebibe-de wezipesini hiç kese ynanyp bilmejekdigini aýdan Muntasyr, eýýäm goşun gizlin ýoldan şol suwly guýa tarap ýola düşende hem onuň öňünde Tugy belentden galgadyp barýardy. Sag-aman suwa ýeten goşunyň şol günki jeňinde hem Alla olaryň tarapynda boldy. Depäniň üstünde atynyň boýnundan gujaklan alamberdaryň belentden galgadyp duran Tugunyň owsunyndan güýç alan goşunyň ýaga topulyşam öňkülerden üýtgeşik boldy. Ýeňiş gazanyldy, surnaýlar çalnyp, deprekler kakylyp, adalatyň şatlygy bütin töwerege ýaýyldy. Begençden ikibir-ikibir gujaklaşan esgerler ýeňşiň hormatyna ýazylan saçagyň başyna üýşmek üçin ýerlerinden gobsunanlarynda, alamberdaryň henizem özlerine goşulman, şol depäniň üstünde Tuguny galgadyp oturandygyny gördüler. Duran ýerlerinden gygyryşyp, ýerli-ýerden onam saçak başyna mürähet etdiler. Äweýin hem diýmeýän ýigidiň serkerdäniň buýrugyna garaşýanynamy ýa halys çuňňur oýa gidendiginemi düşünip bilmän üşerilişdiler. Haçan-da serkerdäniň hem buýrugyna jogap bermedik esgere has ýakyn baranlarynda, onuň endamyny pers-ala eden on ikä golaý peýkamyň yzasyna gaşyny-da çytman, henizem gollaryndan goýmadyk Tugy bilen bakylyga siňip gidendigini görüp, doňup galdylar.
...Henize çenli hiç bir darkaşda belent başyny egmedik serkerde, ilkinji gezek bu mertligiň öňünde dyzyna çöküşine, alamberdaryň hormatyna gadymy Meýmarkyň iň gözel ýerinde üýtgeşik bir bina galdyrmaga buýruk berdi. Her gysym gumy alkyşa eýlenip, baýtalyň süýdi bilen ýugrulan ol gümmeziň Muntasyryň başyndaky tuwalga meňzeş keşbi bolsa, goja dünýäniň unudylmaz hakykaty ýaly bolup, henizlerem şol seleňläp dur, şol seleňläp dur...

Aknur Rozyýewa.
1
36
sahet_ashyrov
08.09.2020 11:48
GÜNLEÑ BIRINDE

Bir gün ömür kakar iñ sonky teblin,
Şol gün ýagyş ýagar ,asmany ýaryp,
Onsoñ meni ak topraga duwlarlar,
Dirileriñ hasabyndan aýyryp.

Pelegiñ çarhyna saralyp ýüp deý,
Ýyl yzyna ýyllar geçer zybyrdap,
Ýyljak ýagyş bolsa zol ýagar durar,
Ýagar durar meñ üstüme şybyrdap...

Soñra geçer gider bir giden eýýam...

Onsañ güneş dogar çoýaýyn diýip,
Meniñ çyg topraga garylar ruhum,
Men bu dünýä ýene gelerin gaýdyp
Gezerin aralap dirileñ gohun.

Nur bolup ýanaryn gülleñ gözünde
Bug bolup siñerin zemin ýüzüne.
Dañ şemaly bolup sesim goşaryn,
Gambar babañ çalman giden sazyna..

Ýene geçer eýýam yzyna eýýam..

Ak durnalañ toýnagyna garylyp,
Ak ýaýlañ üstünde ganat kakaryn.
Seni mahmal gijelerden gabanyp.
Ülkeleriñ deñinden saña bakaryn.

Akmaýanyñ seçip giden süýdünden ,
Goşawuçlap ,goşawuçlap ganaryn.
Soñ bir gün sen säher bolup dogarsyñ ,
Men ýokarda güneş bolup ýanaryn..

Geçer gider eýýam yzyna eýýam...

Seniñ ruhuñ dünýä sen bolup iner
Meniñ ruhum ýene meni gaýtalar,
Duşyr bizi bir darajyk çatrykda ,
Ikimize dellal bolan şol ykbal..

Maral ANNANUROWA.
2
39
sahet_ashyrov
05.09.2020 10:58
KERTIGIŇ BIRGÄD BOLAN ÝYLY

– Haçan?
– Kertigiň birgäd bolan ýyly.
– Hä, o ýylmy?

* * *

Kertik pilini brigadiriň eline tutdurdy-da:
– Adamlary çürkäp ýörmän, oňarmaýan zadyňy oňaramok diýip aýdaýarlar – diýdi. – Sen meniň işimi ediber. Şu günden şeýläk men birgäd boljak. Görersiň, plany ýüz elli ederin.
Brigadiriň omaçaly hasaplaýan wezipesini elden sypdyrasy gelip durmy?! Ol ilki degişmedir öýdüp, Kertigiň ýüzüne ýylgyryp bakdy. Pil gahar bilen ikinji gezek eline tutdurylanda bolsa, gürrüňiň degişme däldigine düşündi. Eňkini agdaryp, nämedir bir düşüniksiz zatlary hüňürdäp, zut gitdi. Kertik onuň yzyndan gygyryp galdy. Barybir, şunuň bilen gürrüň gutarmady. Şol günüň ertesi Kertik ýene brigadiriň ýanyna geldi:
– Bizi bu ýylam ät goýjak bolma. Men seniň ýeriňe birgäd bolup, planymyzy doljak. Etsem-petsemlerim bar meniň. Al pili menden!
Adamlaryň birkisi ara düşmedik bolsa, şu sapar brigadire pili berjegi Kertigiň gara çynydy. «Beýle bolmaz» diýşip, Kertige töwella etdiler.
– Ol näme üçin bolmazmyş? – diýip, Kertik gaharlandy. Pili almajak bolup, elden-aýakdan galyp elewräp duran brigadiriň üstüne süründi. – Sen, şu günden başlap, meniň ýerime suwçy.
– Kertik dogry aýdýar. «Oňararyn!» diýýän bolsa, oňarar. Goý, ol birgäd bolsun! Iki ýyl bäri planymyzy dolup bilmän ýörüs – diýip, Kertigiň uguny ýekelänlerem boldy.
Adamlara tomaşa gerek. Olaryň köpüsi Kertigiň brigadir boljak bolup dyzap durmasyna hezil edip ýylgyryşdylar. Käsi ogryn, käsi dogryn kikirdedi. Kertige meçew berdiler:
– Kertik, al ondan birgädligi. Bize sen ýaly işeňňir ýolbaşçy gerek. Sen hökman plany dolarsyň.
Kertik brigadiriň yzyna kelte tirkelen ýaly bolup, nirä barsa yzyndan galmady. Göterip ýören pilini nädibem bolsa oňa berjek boldy. Hamala, pilini oňa berip bilse, wezipe çalşylaýjak ýalydy. Brigadirem elini arkasynda gizläp, başga-başga gepler bilen onuň ünsüni böljek boldy. Kertik soňabaka ir bilen brigadiriň ýoluny peýläp, öýüniň ýanynda garaşmagy çykardy.
Kertigiňki çüwdi. Şeýle gürrüň bolup durka, kolhozyň başlygy geldi. Kertik gürrüňi nagt etdi:
– Birgädligi ber maňa! – diýdi.
Başlyk beýle talaby öň eşidip görmedik bolarly: egnini ýygyryp, bir Kertige, birem kolhozçylara seretdi.
Kolhozçylar:
– Bize Kertigi birgäd goýuň! Besdir iki ýyllap yzda süýrenenimiz – diýdiler.
Başlyk:
– Adamlary ýygnaň! – diýdi.
Ýygnak geçirmegiň näme kynçylygy bar? Brigadanyň adamlary oňa halys öwrenişen. Olar ökdelän işlerine derrew girişdiler: «Häzir ýygnak boljak. Meýdan düşelgä barmaly» diýen tanyş habar sähel salymda oba aýlanyp çykdy-da, hemme adamy öňüne düşürip geldi. Brigadiri hem bir ýerden tapyp geldiler.
Ýygnak öňkülerden üýtgeşik boldy: uzaga çekmedi, üç minudyň içinde gutardy.
Başlyk ýygnagy açmak üçin ýerinden turdy. Gürlemäge ýetişmedi.
Kolhozçylar:
– Kertik bize birgäd bolsun! – diýip, ýerli-ýerden gygyryp, el göterdiler.
Ýygnak gutardy.
Başlyk sähel salymda geçen ýygnagyň täsirinden oňly aýňalyp bilmän ýerinden turanda Hemra Illew atly kelte boýly, garaýagyz, Kertik ilen gözlüje ýaşyt suwçy kolhozçylaryň işli-işine ugranyna üns bermän, piline söýenip nutuk sözledi:
– Kertik jany öňräk birgäd goýmalydyk. Şunuň ýaly gowy adam ýok. Oglankak bileje oýnardyk. Ol şo wagtam ökdedi. «Kertigi birgäd goýalyň» diýip aýtmakçy bolup ýördüm...
Adamlar oňa känbir ünsem berip durman, oljalary oňan ýaly ýylgyryşdylar. Meýdan düşelgesinde üç adam – başlyk, Kertik birgäd, Hemra galdy. Başlyk Kertige ýüzlenip:
– Ýüňsakgal edäýmegin! – diýdi.
Hemra Illew:
– Kertik jan ýüňsakgal etmez, başlyk! Oňarar! Siz arkaýyn bolaýyň! – diýdi.
Kertik birgäd ony gözi bilen iýäýjek bolýan ýaly, alarylyp seretdi-de:
– Sömelip durma-da, işiňe ugra! – diýdi.
– Derrew gygyrybermeli däl – diýip, Hemra Illew täze brigadirden öýkeledi.
– Ýene gaýtalaýynmy?
Hemra Illew ýeňsesini tüňňerdip, hüňürdäp gitdi. Başlygam gitdi. Kertik birgädiň bir özi galdy. Ol töweregine eýe hökmünde göz aýlady.
Etmeli işler kän. Bu ýyl-a bolmady. Indiki ýyl on gektar ýer açmaly. Soňkusy ýyl ýene şonçarak. «Hoja tokaý» atlandyrylýan atyz bilen «Dokuzlygyň» arasyndan ýap geçirmeli, ýogsa ol atyzlara suw çykanok. Azody köpräk tapmaly. Kolhozyň bereni bilen oňşup oturmaly däl, başlyk bilen dikleşibem bolsa almaly. Ýene näme? Kolhozçylaram-a haýdaşyp işläberenok. Olar edibilse, işlejek däl, muňa öwrenişipdirler. Eýdip-de bolsa, beýdip-de bolsa brigadadaky zatlary öýlerine daşajaklar. Sözüňi diňleýän ýok. Aýal-gyzlar-a haýsy tuduň aşagyny görseň otyrlar. Soň: «Kolhoz aýlygy az berýär» diýip gürrüň edýärler. Olar işlemeli wagtlaryny oturyp geçirýärler. Çaý içýärler, keşde çekýärler. Olaryň gürrüňleri hiç gutaranok. Olaryň towguna: «Tok!» diýýänem ýok. Indi näme diýmeli bolsa-da diýmeli. Işletmeli, plan dolmaly. Keşdelerini öýlerinde, gürrüňlerini işden soň etsinler. Her zadyň çeni-çaky bar...
Kertik şeýleräk pikirleri serinde aýlap, kolhozçylaryň otag otap ýören ýerine ugrady.
Aýal-gyzlar:
– Birgäd gelýär – diýşip, oňa ýylgyryp seretdiler.
Kertik birgäd:
– Ertirden başlap işe ir çykyň. Ýogsam menden eýgilige garaşmaň! Işläň, plan dolalyň – diýip, hemleli gürledi.
– Ilki aýalyň ir çyksyn! Şu ömrümize biz-ä Aýjanyň işe wagtynda gelenini göremzok.
– Çykmanam görsüň!
– Ony görübiýris. Ýöne sen uly gepleme.
– Çykmaly bolar.
Kertik birgäd traktorçylaryň işläp ýören ýerine bardy. Olaryň külte geçirişlerini barlady. Işe göwni ýetmedi. Başlygyň daşgynrak garyndaşynyň eden kültesi-hä hijem bolanok. Kültäni ýüzleý edip ýör. Ýa onuň başlygyň daşgynrak garyndaşylygy, ýa-da brigadirliginiň birinji günüligi üçin Kertik hyrçyny dişledi. Ertirki suw tutmaga başlan atyzyna bardy. Täze suwça etmeli işlerini düşündirdi. Ol garaňky gatlyşyberende ýola çykdy. Öýüne ugran kolhozçylara närazylyk bilen seretdi. Seredişi, olara uzynly gije işläň diýjege meňzeýärdi.
Şol günüň ertesi kolhozçylar işe ugranda hem Kertik birgäd ilkagşamky duran ýerinde durdy. Ol işe gijiräk çykan adamlara abyr-zabyr etdi. Käbiri bilen gygyryşyp, tas ýaka tutuşlyga-da barypdy.
Birmeýdan işlän kolhozçylar çäş çaýyna oturdylar. Her kim ýany bilen getiren termosyndan çaý içmäge başlady. Her tuduň kölegesi aýal-gyzlardan doly. Olaryň oturmasyna öňden bäri jany ýanyp ýören Kertik birgäd çydap bilmedi:
– Işe geleniňize iki sagadam bolanok. Eýýäm otyrsyňyz. Hany, derrew turuň. Meniň bilen oýun etmäň.
– Gygyrybermesene, oglan! Bir käse çaý içeli, derrew turarys – diýip, aýallaryň biri mylaýym gürledi.
– Çaýy günortan içersiňiz. Gowaça ota basylyp ýatyr. Plan dolmaly! Men söz berdim! Işläň!
– Biziň üstümize gygyryp durman, ilki öz aýalyňy turuz. Biz-ä Aýjan oturansoň oturdyk, ýogsam oturjagam däldik.
– Şol-a oturmaz!
– Otyr şol-a!
Kertik birgäd hasanaklap gitdi. Yzyndan çykan kikirdileri-de eşitmedi.
– Aýalym bolman, Hudaýym bolsaňam, işlemeseň gözüňde ot ýakaryn – diýip, Kertik baryş ugruna gygyrdy. – Tur ýeriňden! Gir atyza!
– Goýsana, Kertik – diýip, Aýjan gyzardy. – Şumat oturdyk ahyryn. Bir käsejik çaý içdigimiz – turarys.
Kertik birgäd aýalynyň termosyny aldy-da, ýere gütüledip urdy:
– Tur!
Hemme zadyň mazasy gaçdy. Gülesleri gelip duran aýal-gyzlar alahasyrdy bolup ýerlerinden turdular, howlukmaç atyza girdiler.
Kertik birgäd gözüne ýaş aýlan aýalynyň üstüne abaýly gygyrdy:
– Bu ýere çaý içmäge geldiňmi? Hä? Ýa meni masgara etjek bolýaňmy? Bar, işle, gözüň ýaşyny ýandak bilen süpür!
Tuduň kölegesinde Kertigiň ýeke özi galdy. Ol külte geçirilip ýören atyza bardy. Gör ahyryn edýän işlerini! Heý, gaharyň gelmez ýalymy? Traktor gyradan aýlananda birki düýp gowaçany mynjyradyp gidipdir. Her sapar gyradan aýlananda iki düýp gowaça mynjyradylsa, ýygyma çenli hiç zat galjagam däl. Seresaplyja bolaýmaly ahyryn! Eli ruldadyr, aňy bolsa başga bir ýerdedir. Öňki brigadir, başlygyň daşgynrak garyndaşy bolansoň, traktorça ýagşydan-ýamandan hiç zat diýen däldir. Ynha-da adamlaň bolşy! Arkasy güýçli göwnüne gelenini edip ýör. Ýok, beýle zada ýol berip bolmaz. Bolsa bolsun başlygyň garyndaşy! Kertik birgäd ýene bir düýp gowaça mynjyradylsa, eýgiligiň bolmajakdygyny traktorça «düşündirdi».
Kertik birgäd Hemra Illewiň suw tutýan atyzyna bardy. Atyzyň käbir keşi suwdan dolupdyr. Gaýra gyradaky ýaňy iki gulak bolan gowaçalar suwuň aşagynda görnenogam. Böwet böwsülipdir. Hany Hemra Illew!?
Kertik birgäd:
– Hemra, Hemra! – diýip gygyrdy.
Töwerekde hiç kim ýok. Kertik birgäd dalda isläp, hemme ýere seredip çykdy. Ol iki ýüz metr çemesi aňyrdaky – tuduň gapdalyndaky bir gara zada gözi düşüp çiňerildi. Pil ýere urlup goýlupdyr. Onuň ujuna bolsa ala-mula papak geýdirilipdir. Şol! Hemra Illewiň öýlenjek uçurlary alan ala-mula papagy! Ýatandyr! Ýogsa Kertik birgädiň ýogyn sesini eşiderdi.
Kertik Hemra Illewi urar ýaly degerlije zat agtardy. Eline ilen çybygy garbap aldy-da, bardy bärden. Hemra Illew goýy kölegede ýeňiljek hor çekip ýatyr. Täze birgäd pile geýdirilen papagy wazyrdadyp goýberdi-de, aşagyna ganar ýazyp, ädiginem ýassyk edinip ýatan Hemra Illewiň pökgerip duran garnynyň üstünden saldy çybygy. Suwçy ýalpa gözüni açdy. Üstüne abanyp duran Kertik birgäde nazary kaklyşanda nämäniň-nämedigine derrew düşündi. Ýetişdiginden yza süýşenem bolsa, ikinji, üçünji gezegem çybyk «iýdi». Süýşenekläp gutulmajagyny bilip, zöwwe ýerinden turup, göterdi ökjäni. Ynanar ýaly däl! Ýöremäge ýaltanyp ýören Hemra Illewe nirelerdendir bir ýerden güýç gelipdir: baş açyk, aýakýalaňaç dazlap barýar. Baý-ba, töwella etmek üçin dursa, uruljagyna gözi ýetik Hemra Illew bu mahal näçe ýyndam bolsaňam ýetdirer ýaly däl. Respublikan ýaryş geçirilse, gürrüňsiz birinji orny aljak ol. Gahardan ýaňa gözleri hanasyndan çykaýjak-çykaýjak bolan Kertik-de alarladyp barýar. Ol:
– Mert bolsaň dur! – diýip, Hemra Illewiň yzyndan sojap gygyrýar.
Hemra Illewe mertlik gerek däl bolarly, ýa ol Kertigiň sözüni eşidenok, pökgüje garnyny selkildedip, yzyna garaman gaçyp barýar. O pökgüje garnyň ýolda gaçyp galmaýşyna şükür!
Ol ikisiniň bolup baryşlaryny gören kolhozçylar işlerini goýup, olara tomaşa etmäge durdular, gülüşdiler. Hemra Illewiň welin agysy tutdy. Ol öýüne kürsäp girdi-de, gapysyny içinden kiltledi. Kertik gapyny näçe çekse-de, açyp bilmedi:
– Hemra, çyk daşary! Almytyňy al!
– Jan Kertik, janlar Kertik, indi ömürylla uklamaýyn! Şu saparlykça hiç zat diýme.
– Meniň öýümi otla, günäňi öteýin. Ýöne kolhoza eden zyýanyň üçin günäňi ötüp biljek däl.
– Indi gaýtalamaryn...
– Hemra, namart bolma, çyk! Ikimiz deň-duş ahyryn. Düşün maňa. Ýene üç gezek ursam – bolany! Onuň bilen ölmersiň.
Hemra Illewi daşary çykaryp bilmänsoň, Kertik birgäd yzyna gaýtdy. Obadan çykmanka onuň yzyndan on-on iki ýaşlaryndaky ogly ýetdi.
– Kaka, bu gün günorta çaý içmäge barmadyň-a? Enem saňa nahar bişirip garaşdy. Ol: «Oglumyň öňki işi gowy ekeni. Öň günortan çaýyny arkaýyn içýärdi. Birazajyk uklaýardam» diýýär.
– Onsoň näme? – Kertik birgädiň bolşy Hemra Illewden çykaryp bilmedik ahmyryny oglundan çykararly göründi.
– Enem iýer ýaly zat iberdi. «Çaýy öýlän çaý içýän kolhozçylaryň ýanyna baryp içäýsin» diýdi.
– Baý, bularyň ökdedigini! Ertir çaýy, çäş çaýy, günorta çaýy, öýlän çaýy. Haçan işlemeli, haçan? Getir zatlaryňy. Indem göni ejeň ýanyna eň. Köp gaýtalatmaň maňa, ejeňe kömekleş.
Kertik birgäd ýadady, lüti çykyp ýadady. Öýde oňa ejesi töwella etdi:
– Wah, jan oglum, sen-ä birgädlik diýip, dynç başyňy gowga saldyň. Eýýäm garört bolupsyň. Taşla bu käriňi! Suwçulygyňy ediber. Sen bu işde saralyp soljak. Ertiriň özünde tabşyr, oglum.
– Ýok, eje, men birgädiň abraýyny galdyrmasam bolmaz. Işlemän aýlyk alyp ýören kän. Aýyň ahyrynda biler olar nämäniň-nämedigini. Adamlar işlemän aýlyk almaga öwrenişdiler. «Küýze döwenem bir, suw getirenem» diýilýäni boldy. Men muňa ýol berjek däl. Öňki birgäd ýaly, kolhozyň puluny ýele sowurjak däl. Onsoňam bu ýyl-a diýmäýin, indiki ýyldan başlap, pagtany hasam köp tabşyraryn.
– Ýamanatly bolma, oglum...
Kertik ejesiniň pendini tutmady. Aňynda müň pikir aýlamaga başlady. Bir ýerden ýap gazmaga girişdi. Käbir kolhozçy bilen sögüşdi. «Birgadadan çykararyn» diýip haýbat atdy. Daň atýança janyny ýakan zady, gygyryşan adamy köp boldy. Daňdan aýalyna, çagalaryna abyr-zabyr edip, olary işe ugratdy. Ýola çykyp, kolhozçylaryň işe çykyşlaryny barlady. Işe wagtynda çykýan adamyň azdygyna jany ýandy. «Diňe pitjiň atyp ýörmek gowy eken...» diýip hüňürdedi.
Ol entek günorta bolmanka adamlaryň meýdan düşelgä howlugyp baryşlaryna geň galdy. Gahary geldi. Ol birki adamy saklajak boldy:
– Entek ir ahyryn. «Işe» diýip öýden çykyp, çaý içmekden, nahar iýmekden başga edýän işiňiz ýok siziň. Nirä eňip barýaňyz? – diýip, ol öwran-öwran gaýtalady.
Oňa:
– Ýygnak bar – diýdiler.
– Ol nämäniň ýygnagy? Men ýygnagy indiki aýyň ýigrimi sekizinde geçirjek. Öňküler ýaly, ýygnagy köp geçirjek däl.
Hana, üç-dört sany kolhozçy başlygy alyp geldi. Başlyk gaharly görünýär. Ol Kertik bilen sowuk-sala salamlaşdy. Nätse şeýtsin! Kertik birgäd onuň bilen köp zatlary düşünişjegine begendi.
– Başlyk, her gün agşam ýygnak geçirişiň bolanok. Ýygnagy halamaýandygym üçin, öten agşam ýygnagyňa barmadym. Indem barmaryn. Üýtgeşik iş çyksa welin, men seni nirede bolsaňam taparyn. Häzir geleniň gowy boldy. Maňa beren azodyň az. Ýene azyndan iki maşyn azot bermeseň boljak däl. Soňky gün menden pagta sorarsyň. Meýdan düşelgä berilýän etiňem çorbasy çykanok. Heý, ýagy çykar ýalysy ýokmy?
Başlyk:
– Nämäniň ýagy çykar ýalysy? – diýip, geňirgendi.
– Goýnuň...
– Ýok...
Adamlar ýygnanyşdy.
Ýygnak ýene uzaga çekmedi.
Başlyk gürlemäge ýetişmänkä, adamlar ýerli-ýerden:
– Kertik bize birgäd bolmasyn! – diýdiler.
Hemmeler el göterdi.
Ýygnak gutaranam bolsa, gaharyna titir-titir edýän Hemra Illew ala-mula papagyny eline alyp, nutuk sözledi.

* * *
– Bul aýdýanyň haçan bolupdy?
– Kertigiň birgäd bolan ýyly...

1986 ý.

Osman ÖDE
2
59
sahet_ashyrov
04.09.2020 15:06
Nägile işgär.

Ol işe tulum ýaly çişip geldi.
Lomaý söwda bilen meşgullanýan, edeni şowlaýan hojalyk jemgyýetiniň edara binasynyň ýap-ýagty dälizi bilen iş otagyna garşy ýöräp gelşine ol, özüne sataşýan işdeşlerine sowuk-sala baş atan bolup, deňelerinde säginmän ötüp barýardy. Kellesinde-de aýalynyň öten agşam uzak gijeläp gulagyny gazalan jümleleri hyň berýär.
Seniň ondan nämäň kemmiş? Hä?!
Ikiňem wezipäň bir, derejäň bir, emma alýan aýlygyňyz welin, onuňky seniňkä tas iki esse. Hä?!
Ýa nä, boýuň-syratyň onuňkydan egmi?! Hä?!
Ýa nä, heleýiň boýy-syraty şonuň şonsundan kemmi?! Hä?!
Biler bolsaň, bizler-ä özümizleri şonuň ýalylaryň şolaryndan on-a dä, ýüz, müňem dä, milliard esse-de artykmaç, agdykmaç saýýas! Biler bolsaň! Hä?!
Ýa nä, sen o “başlyk” diýilýän haýranyň berenini iýmediňmi? Hä?!
Uzadanyny almadyňmy?! Hä?!
Sowgadyna seňrigiňi ýygyrdyňmy?! Hä?!
Ýa nä, “men” diýen jahyl wagtyň, toýda, göz-gülban edip tumşugyny pytratdyňmy?! Hä?!
Ah-he-e-e-ý! Tumşuk pytradybilýän jemende bolan bolsaň, heýem bir men garamaňlaý bedibagtyň maňlaýyndan çykarmydyň?! Hä?!
Ýa nä, ýaşlykda onyýnyň bajysyny alyp gaçyp, soňam öýlenmän yzyna kowduňmy?! Hä?!...
Biler bolsaňyz, adamzat ähli dogup-döräli bäri, ynsanyýet tohumynyň hatyn halkynyň edäheti şeýle. Erkek kişi neneň bir: “Uşak-düşek gaýgy-aladadan doly, gowgaly gündizleriň ýene-de birisi-ä sag-aman başymyzdan sowuldy-ow! Ind-ä bir aýagymy uzyn salyp dyýynç alaryn-ow, nesip edeninden, bissimyllasy bilen!” diýip, ýaňy bir düşegine geçer welin, olam şo pille gapdalynda gyşarar-da, bagra düşen gurt deýin onyýnyň meýnisiniňem hut mazgisiniň süýji maňzyny gemrip başlar. Munuňkam öten gije şeýtdi.
Belanyň körügem, özi bilen bir bölümde işleýän kärdeşine berilýän aýlygyň onuňkydan, hatynynyň lap urup aýdyşy ýaly: “iki esse” bolmasa-da, ep-esli köpdügini, şonuň aýaly bilen bazarda tötänden sataşanda eşidenligi boldy.
Uzak gije ine-gana ukusyny almaga goýulman gulagyndan garradylandan soňam, ol irden ýüzüni kürşerdip işine gaýtdy. Kanunda berkidilen deňhukuklylyga bolan hukugynyň göz-görtele, jinnek ýalam müýnürgelmän, aç-açan hem gödeksi diýseňem gelişmän durmajak derejede kemsidilýändigine hatyny tarapyndan gözleri açylan ol, kalbynda dyňzap duran kinesine bäs gelip bilmän, niýetini ýamanam bir berke düwüpdi.
Onuň baş maksady, edarasynyň bosagasyndan ätlän dessine, ýüzüniň ugruna, birjigem säginmän-sakynman-çekinmän, başlygynyň çat maňlaýynda desbi-dähil söm-saýak bolakga, oňa öte dogumlylyk bilen özüniň, öten agşam hatyny aýtmyşlaýyn: “paşmak süpürilýän trwapka” däldigini aýtmakdy.
Soňam birki agyz sözde, ýene-de öten agşam hatyny aýtmyşlaýyn: “näm-me üç-çin, howwa, howwa, hany sen-n-j-jagaz-z ýek-ke-je-surunjyk, aýt bakaly, nämme üççin, şumada çenli ol pelanyň äri bolan bolup ýören kişä şonça aýlyk alyp ýörüpdir, munuň ýaly sada hem jepakeş kişem munçajyk-wiççijek zagara tötege ýeterlik dadymlyk bilen oňmaly bolýandan bolup ýör?! Hä?! Nämme üççin?!” diýäkge, başlyk bolan bolup ýören tüntawyň öň ýanyny dolan diýdimzordan hasabat soramak isleýärdi.
Ýöne, näme üçindir, ol hojalyk jemgyýetiniň başlygynyň kabulhanasyna golaýladygyça, onuň öýünden çykyp gaýdaly bäri, bäriligine ädýän her ädimi bilen tapgyr-tapgyr barha möwjäp, çişip, tüweleýläp gelýän dogumam, kinesem öz-özünden kiparlap, pessaýlap başlady. Kabulhanaň gapysynyň deňesine ýetende bolsa, onuň kalbynda gopýan özüniň kanuny esasda berkidilen deňhukuklylyga bolan hak-hukugyny goramak niýeti bilen örç alyp galan kineli aýgydyndan nam-nyşan galmady. Ol kabulhanaň haýbatly hem goňur gapysynyň öňünden dem salymlygam aýak çekmän, ýüzüniň ugruna öz iş otagyna garşy geçip gitdi.
“Bumat, ir ertir bilen onuň nastroýennisi tos-togalak noldyr. Onnoň menem güpür-tapyr ýanyna girip, kellämde tozgalaýan şeýlekin pugta hem dogumly jümleleri suňşuryp goýbersem, o zaňňaryň çagasy, gahardan ýaňa püre-pür bolup duran gazap taňňyryny men bendiwanyň depesinden eňterip goýberämesin birdenkä!” diýen ätiýaçly pikir bilenem ol öz ýöwselligini aklajak boldy.
“Onnoňam” diýip ol iş otagynyň işigine ýakynlanda ol dana hem seresap oýlanmagyny dowam etdirdi: “Munuň ýaly çylşyrymly meseleler, durmuşda beýdip, öten agşam öýdäki aýtmyşlaýyn: “ýazylyp-ýaýrap ýatan ýazlagyň üstüne alaman çozan ýaly çapawullap” çözülmeýär. Megerem, meniň çakym çak bolsa, iňňän uly ebeteýdir-usul bilen, “moh-moh, juk-juk” diýip, towakga edilýäniň gerşiniň tüýüni dürslikgän sypalap, onuň gulagyna hoş ýakaýjak, ýakymlydan-mylaýym sözleri hetjikläp-hetjikläp çözülýän bolmaly”.
“Ýohha-da, şu başlyga ýüzlenip, ony taryplap goşgy düzäýseň neneň-niçik bolarka, onuň haly?!” diýip, ol iş otagynyň gapysyny açanda, onuň aňyna täze bir ajap pikir geldi. Onuň ýüzi ýagtylyp gitdi. Bada-badam bu täze pikirini ýüzüniň ugruna kämilleşdirip goýberdi: “Şol goşguda-da özümiň ondan isleýän zadymy öwgüli setirleriň arasyna bildirer-bildirmez sepläp goýberseň-ä, hasam edil ýöne eşrepi damdyrylan dek ýerine düşäkge şapylaşar durar! Hä?!”.
Öňki pikirini kämilleşdirýän soňky oýlanmasy onuň hasam hoşuna geldi. Şol sebäplem ol iş otagynyň bosagasyndan ätlände gül-gül açylyp, ýylgyrjaklap girdi. Daýysy: “ölemde ulagymam-jaýymam saňa wesýet etjek” diýen dek ýyrş-ýyrş edip, öz iş ornuna ýönelişine-de, ol misli özüniň aňyndaky pikiriniň emele gelşini giden bir otuz müň adamlyk stadion doly tomaşaçy demi tutulyp synlap duran mysaly: “Neneň görýäňizler, hä?! Görseňiz, akgaňlaňňam kellesi az-maz ony-muny gaýnatman duran dädir! Diňe öýdäkisiniň akly bilen akylly dädir, bi adamlaram! Özleriniň meýnisinde-de mazgisi ýok dädir!” diýene çalymdaş badyhowa oýlanmalar ony beýnisini gorjalady.
Kürsüsinde jaýlaşyp, otagdaşynyň heniz boş ornuna göwnüýetmezçilik bilen nazaryny aýlandan soň-a onuň hasam ylhamy joşdy. Ol henizem elinde saklap duran içi günortanlykly gaýyş sebedini gündeki goýýan ýerinde goýdy-da, öňüne galam bilen ýandepderçesini dartdy.
Ýeňsesini gaşady. Gözlerini süzdi-de, nazaryny hakykat-da, bäş ädim gabat-garşysyndaky sarymtyl-ala reňkli diwara, hyýalynda bolsa, gözýetmez-nämälim-ümmülmez alyslara dikdi.
Birsellem şeýle halda oturandan soňra, kellesine ýekeje setiriň birje sözem gelmänden soňra, ol mundan buýanky beýlekileriňki ýaly: “Şü goşgy diýilýän zadam şu pille sapsym ýazylman ýatyr-aýt! Äý bolýa-laý, menden şahyr çykyp, menem mundan buýanky eýlekileriňki ondan nan iýip başlamak derejesine ýetinçäm, kyýamat-ahyram boluberer-le!” diýip, derrew ruhdan düşjek bolup başlabermedi.
Hasyr-husur kompýuterini açdy-da, “syçanjygy” şyrkyldadyp: “Serçänem gassap soýsa köp ýahşy buladi!” diýip, burnuna siňdirip pyşyrdap, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň elektron kitabyny tapdy. Az wagtyň içinde onuň sahypalaryny ekranyň ýüzünde akdyryp, özüne üýtgetmek barypýatandanam beter ap-aňsatjak bolar ýalysyny saýlap aldy. Dessine-de göwnüne gelşine görä, Pyragynyň setirlerini üýtgedişdirmäge girişdi. Bir çäýnek çaý içer salym geçip-geçmänkä-de “döredijiligini” dyndy. Dodaklaryny müňk-müňk edip, gaýtadan okap gördi:
- “Islärin”

Rehim etseň, eziz başlyk,
Işdekäm boş wagt islärin.
Aýlygym geçen aý almyş,
Awansymy nagt islärin.

Pulsuzlyk bir ýaman ýoldur,
Pakyr menem, golum galdyr,
Gaşyň keman, ýüzüň güldür,
Başlyk jana bagt islärin.

Dükan-bazara ýörmäge,
Aýlyk ber, aşret sürmäge,
Seň saýaňda gün görmäge,
Pensýä çen pursat islärin.

Başlyk jan, derde ugraşdym,
Işe girdim, saňa duşdum,
Galdyrarňa kän garaşdym,
Ýarym stawka ştat islärin.
-Mbäh! Meniň eden dagy bolaýşym-aýt!-diýip öz-özündenem, öz “döredijiligindenem” monça bolan ol, keýpiçaglyk bilen ýeňsesini gaşalaşdyrdy.
Şol pursadam, edil: “Ýylanyň ýigreneni narpyz, olam hiniň agzynda gögerer” diýlişi ýaly, gapy emaý bilen açyldy-da, bosagadan otagdaş kärdeşi:
-Essalawmaleýkim!-diýip ätledi.
Şol özüniňkiden aýlygy iki esse köp alýan bölümdeşi...
Onuň ýüzi biygtyýar boz-ýaz boldy. Bada-badam hatynynyň öten agşamky awuly sözleri gulagynda ýaňlanyp başlady.
Ol sähel artyk eglense özüniň otagdaşyna gaharly jabjynyp başlabermeginden heder edip, çaltlyk bilen ýerinden turdy-da, kärdeşiniň hal-ahwal soraşmasyna gümmük-sümmük jogap gaýtaryp-gaýtarman otagdan çykdy. Ýene-de kalbynda joşan kemsinjine erk edip bilmänem, göni başlygyň kabulhanasyna ýüzlendi. Ýap-ýaňyja düze “şygry” hem ýatdan çykdy, başlygyň “gerşiniň tüýüni düzüwligine sypamak” hakyndaky “parasatly” pikirlerem huşundan uçdy.
Ýüzüni gara-ört edip, şol badyna-da, süsdürilip kabulhana girdi. Kätibiň ornunyň boşlugyna-dolulygyna üns bermänem, başlygyň iş otagynyň gapysyny çekdi. Işigi özüne dartmanka ony kakdymy-kakmadymy, oňa-da aň salmady.
-Salawmaleýkim. Mümkinmi?
-Hä, gel inim!-diýip öňündäki kagyzlara dümtünip oturan başlyk, başyny galdyrdy. Ýerinden turup onuň bilen ikelläp salamlaşdy. Aňy gyzyp duran ol bolsa, ýaşy özünden ep-esli uly adamyň bu sypaýyçylykly hereketine dynnym ýalyjagam ähmiýet bermän, ýüzüniň ugruna öz nägileligini beýan edip ugrady:
-Başlyk, menem edil öz bölümdeş otagdaşym ýalaky bu hojalyk jemgyýetiniň marketing bölüminde nijeme ýyllar bäri äkýürekden zähmet çekip gelýärin. Ýyl sanaşmaly bolsa-ha, hatda ondan birneme köprägem işländirin şu ýanda. Ýöne onda-da, näme üçin ol menden tas iki essä golaý köp aýlyk alýar-a? Ýa nä, meniň öz iş ýerime hyýanat eden ýagdaýym ýa-da öz işimi oňarmadyk gezegim bolmadymy?!...
Gepledigisaýy gany gyzyp barýan ol, entegem şu hojalyk jemgyýetinde işlän ýyllarynda göwnüne deglip-deglip, gursagynda gert baglap giden kän zatlar barada aýtjakdy. Hernä, köp çarşenbäni başyndan geçiren başlygy, onuň ýagdaýyna agzyny açandan düşünmäge ýetişäýdi. Başlyk gaharlanmady. Ol elini galdyrdy-da:
-Bolýar inim. Seniň nägileligiňe düşündim. Ýöne, inim men saňa aýdaýyn. Bu hojalyk jemgyýeti meniň hususy kärhanam. Men onsoň şu kärhana haýsy işgäriň näçe girdeji getirýändiginden we işini näderejede şu kärhana üçin bähbitli alyp barýanlygyndan ugur alybam, her biriňize aýlyk töleýärin. Şuny hem adalatly diýip hasap edýärin. Sebäbi, o nähili bolar ahyry, eger-de Türkmen aga aýtmyşlaýyn: “Suw getirenem bir, küýze döwenem bir” bolup, hemmeler biraýakdan sürlüp ýatsa?!-diýip, äwmän-alňasaman öz nukdaýnazaryny düşündirip ugrady.
-Başlyk, onda nä, men bu kärhana şondan iki esse az girdeji getirýänmi? Menem-ä: “Çörek iýýän, çagalarymy ekleýän ýerim-le” diýip, şu taýynyň ody bilen girip, küli bilen çykyp ýörün...-diýip, henizem kemsinji içini ot aldyryp gelýän ol başlygyň sözüni bölmäge howlukdy.
Başlyk ýene-de darykmady. Elini galdyrdy.
-Bolýar inim, görýän welin, sen gaty kemsinipsiň öýdýän. Gel hany, men saňa seniň bilen bölümdeşiň ikiňiziň işleýşiňizdäki tapawudy tejribede görkezjek bolup synanyşaýyn. Razymy şuňa?
Başlygyň görkezen kürsüsine-de geçmän, henizem dikilgazyk bolup duran ol, ylalaşyjylyk bilen baş atdy.
Başlyk öňündäki kagyzlary dörüşdirdi-de, olaryň arasyndan birini saýlap aldy:
-Ine inim, şu gün irden bazar monitoringi bölümi maňa Mary welaýatynda bir hususy telekeçide biziň ýerleýän harytlarymyzyň uly möçberiniň bardygyny habar berdi. Bar sen git-de, şol harydyň bahasyny bilip gelsene!
Ol göwnübir halda egnini gysdy-da, başlygyň uzadan kagyzyny alyp, çykdy. Iş ýerine barybam, otagdaşynyň ýüzüne-de garaman, satyjy bilen jaňlaşyp, derrew teklip edilýän harydyň umumy bahasyny anyklady. Başlygyň tabşyrygyny gaty bahym ýerine ýetirip bilýändigini subut etmek üçinem, aldyrany bar ýaly haýdap, yzyna, kabulhana dolandy. Girdi. Aýtdy.
-Bu diňe harydyň tutuş möçberiniň umumy bahasymy?-diýip, öz işine gümra başlyk başyny galdyrman sorady.
-Hawa.
-Onda harydyň bir birliginiň bahasynam soraýmaly ekeni. Sebäbi bizden satyn alanlarynda müşderilerimiz şol maglumatam hökman sorarlar.
-Häzir, bejit bilip gelýän, başlyk.
Ol ýene-de öz iş otagyna eňdi.
Jaňlaşdy. Bildi. Dolandy. Aýtdy.
Başlyk ýene-de edip oturan işinden ünsüni sowman, sowal berdi:
-Harydyň öndürilen ýurdy nire ekeni?
-Häzir bilip gelýän, başlyk.
Ýene-de iş otagyna tarap atylyp gitdi.
Jaňlaşdy. Bildi. Dolandy. Aýtdy.
-Harydyň öndürilen wagty we kepillik möhletiniň dolýan wagty haçan ekeni?-diýip, başlyk äýneginiň üstaşyr oňa äňetdi.
Onuň ýüzi çalaja gyzarjak boldy.
-Häzir bilip gelýän, başlyk.
Ýene-de kabulhana bilen iş otagynyň arasyndaky aralygy dem salymda geçdi.
Jaňlaşdy. Bildi. Dolandy. Aýtdy.
-Harydyň hemmesini bir gezekde satyn alsak, satyjy bahasyndan näçe eglişik edip bilýär?
-Häzir bilip gelýän, başlyk.
Eýýäm näçinji sapar geçen ýoluny ýene-de gaýtalady.
Jaňlaşdy. Bildi. Dolandy. Aýtdy.
...Soňam, takmynan otuz-kyrk minudyň içinde bu haryt babatda başlyk bilen onuň arasyndaky sowal-jogap alyşmak birnäçe sapar gaýtalandy. Kabulhana bilen iş otagynyň arasynda zygyr-zygyr gatnabam, ol gara dere batdy...
-Harydy biziň ammarymyza satyjynyň özi getirýärmi ýa-da ony daşamaly?
-Häzir bilip gelýän, başlyk...
-Bu harydy ýerlemek boýunça bazarlary öwrendiňmi? Haýsy bazarlarda ony çalt we özümiz üçin bähbitli ýerläp bolar? Içerki bazarlardamy ýa-da ýurduň daşyna çykarsak has peýdalymy?
-Häzir bilip gelýän, başlyk...
-Bu harydy diňe içerki bazarlarda ýerlesek, ony näçe wagtda ýerläp dynarys?
-Häzir bilip gelýän, başlyk...
Garaz, ol bu haryt boýunça başlygy gyzyklandyrýan hemme sowallara jogap berýänçä, ýagyrnysy öl-myžžyk bolup, maňlaýyndan deri joralanyp akyp durana döndi. Onuň agyrdan-agyr “haş-haşlap” durşuny äýneginiň üstaşyr synlan başlyk, uludan demini aldy-da:
-Indi bolsa, bärik seniň bölümdeşiňi çagyraly!-diýip, telefony galdyrdy. Gysgajyk:
-Hany, inim meniň ýanyma bir gelip git!-diýdi.
Biraz wagtdan işik kakyldy. “Geliber!” diýen sesi eşidenden soň, bosagadan bölümdeşi ätledi.
Başlyk gep çagaladyp durmady. Ýaňky haryt baradaky resminamany garasuw bolup, bugaryp duran onuň elinden aldy-da, bölümdeşine uzatdy:
-Inim, şu harydy hödürleýärler diýip, bazara gözegçilik bölümi maglumat berdi. Şony bir öwrensene!
Bölümdeşi başlygyň uzadýan kagyzyny aljagam bolmady. Oňa çala gözüniň gyýtagyny aýlady-da:
-Başlyk, irden işe gelenimde gündeki edişim ýaly monitoring bölümine baryp, olaryň bize ýaramly bolan harytlar baradaky maglumatlarynyň hemmesiniň göçürmesini aldym. Teklip edilýän harytlaryň biziň kärhanamyza ýaramlylaryny saýlabam, olaryň biz üçin bähbitliligi derejesinden ugur alyp, olary doly öwrenip otyrdym. Bu haryt barada bolsa zerur maglumatlary häli topladym. Onuň möçberi, her birliginiň bahasy, öndürilen ýurdy, daşaýyş usuly, şertleri we tertibi, öndürilen wagty, kepillik möhletiniň dowamlylygy, içerki we daşarky bazarlardaky isleglilik derejesi, satyn alan ýagdaýymyzda biziň ony ýerläp biljek bahamyz hem-de möhletlerimiz hakyndaky çaklamalar we beýleki zerur maglumatlaryň hemmesi barada gysgajyk, gysby kepilnama taýýarladym. Soňam gündeki edişim ýaly kepilnamany kärhanamyzyň içerki elektron resminama dolanyşyk ulgamyndaky siziň bukjaňyzda-da, monitoring bölüminiň bukjasynda-da goýdum...-diýip pert-pert jogap berdi.
Başlyk kelam agyz geplemän aýlygyndan nägile işgärine köpmanyly seretdi.
Ýüzi dym-gyzyl bolup gyzaran ol bolsa, başyny aşak salyp köwşüniň burnuna bakdy...
2
76
sahet_ashyrov
03.09.2020 08:51
Stambully Zoýa...
Wizantiýa imperatorynyñ owadanlygy bilen daş-töweregine ýalkym saçan kyrk sekiz ýaşly durmuşa çykmadyk boý gyzy.
Onuñ şahsy durmuşy kakabaşlykdan doludy, erkege garaşly bolmagy halamaýardy. Parfýumeriýa we hoşboý ysly ýaglary çalynmagy gowy görýärdi. Hut özi bulary ýasap ulanýardy, onuñ aýak basan ýerinden gülüñ ysy kükeýärdi.
Kakasynyñ, ýagny Wizantiýa imperatory Konstantin VIII-niñ yzynda tagtda oturtmaga ogly ýokdy, ol ölüm ýassygynda ýatyrdy.
Şonuñ üçin ol Zoýany ýanyna çagyryp, oña Roman Argire durmuşa çykmagy towakga etdi.
Imperatora giýew boljak zaññar Zoýadan ýigrimi ýaş uludy, üstesine maşgalaly adamdy.
Zoýa bialaç kabul etdi, kakasynyñ raýyny ýykmady.
Argir aýalyndan aýrylyşyp, Zoýa bilen nikalaşdy.
Imperator Konstantin üç günden soñ aradan çykdy.
Zoýa bilen durmuş guran Argir imperator tagtyna oturdy. Zoýa hem melike boldy.
Şeýdip alty ýyl ýaşaşdylar.
Zoýanyñ ýaşy ötüşen bolansoñ, çagalary bolmady.
Syýasy mejburyýet bilen gurlan maşgala bagtsyzdy. Zoýanyñ aslynda äriniñ daşyndan Mihail adyndaky obaly "gezýän" oglany bardy. Mihailiñ görmegeýligi şäherde dillere dessandy, ol köşkde hyzmatkär bolup işleýärdi.
Zoýa gören badyna oña aşyk boldy, ony ýörite hyzmatçy edip yanyna aldy.
Imperator Roman Argir, elbetde, Zoýadan şübhelenýärdi, emma, oña diýenini etdirip bilenokdy, her edip hesip etse-de, Mihaili hem köşkden daşlaşdyryp bilenokdy.
Bu gabanjañlyk duýgusy bilen ol Zoýa gödek çemeleşmäge başlady, ony köpçüligiñ içinde masgaralamaga çalyşdy.
Gümp-tamp...
Imperator öldi duruberdi.
Bir rowaýata görä ol hammamyñ howuzynda gark edilip öldürilipdir, başga bir rowaýata görä awy berlipdir.
Kimiñ edendigi köre hasa.
Zoýa dessine Mihaile durmuşa çykdy.
Ol özünden ýigrimi ýaş uly ärini ýere gömüpdi, özünden otuz ýaş kiçi täze ärini bolsa tagta çykarypdy.
Şeýdip olar ýedi ýyl döwran sürdüler.
Mihail heýkel ýaly belent başly ýigitdi, emma, sowatsyzdy, ol köşk intrigalaryna garşy göreşmekden ejiz geldi, aljyrady, elini-aýagyny ýitirdi, özüni dine bagyşlady, monahlyga baş goşdy, imperatorlyk ygtyýarlygyndan el çekip, monah eşiklerini geýdi we buthanadan çykmady, ömrüniñ iki ýylyny şeýdip geçirdi, şol ýerde-de öldi.
Altmyş bir ýaşyna gadam basan Zoýa ýene dul galypdy.
Onuñ monah äri Mihailiñ ýigrimi alty bir ýegeni bardy, onuñam ady Mihaildi.
Zoýa ýaşajyk Mihaili ogullyga aldy.
Ogly kimin imperator tagtyna çykardy.
Elbetde, ogullyk-ýene näme-pylan-pysmydan... bularyñ barsy boş pyrryldak, onuñ näme etjek bolýanyny bilmeýän ýokdy.
Imperator agasynyñ monahlyga baş goşup, buthanadan örüp başlany bäri, ýaş Mihailiñ Zoýa bilen ýakynlaşyp başlanyny añşyrmadyk ýok diýen ýalydy.
Şeýlelikde, ýaş Mihail tagta çykdy.
Hökümdarlygyñ berýän ýelginine ýeñildi...
Zoýany köşkden uzaklaşdyrmaga synanyşdy.
Zoýany Büýükadada buthana gabady, gapysyna-da nobatçy dikdi.
Emma Zoýany öte äsgermezlige salypdy.
Gümp-tamp...
Zoýa ýakyn durýan serkerdeler gozgalañ turuzdy.
Şäher oda berildi, köşgüñ dašy gabaldy, ýaş imperator Mihail tussag edildi, gözlerine mil çekilip, sokur kör edildi, Sakyz adasyna sürgün edildi.
Zoýa altmyş iki ýaşapdy.
Howul-hara Kontantin Monomah bilen nikalaşdy, ony imperator tagtyna oturtdy. Bu gezekki äri özi bilen deñ-duşdy.
Şeýdip sekiz ýyl ýaşaşdylar.
Melike Zoýa ýetmiş ýaşyndaka aradan çykdy.
Wizantiýanyñ iñ haýbatly zenany Zoýanyñ taryha geçen başga bir täsin aýratynlygy bardy.
Zoýa melike bolanda Aýasofýada mozaikasyny çekdiripdi.
Bir tarapda özi, bir tarapda birinji äri Roman Argir, ikisiniñ ortasynda bolsa olara sag elini uzadyp duran Hezreti Isanyñ (a.s) suraty bardy. bilen olary
Bu olaryñ Hezreti Isanyñ (a.s) huzurynda nikalaşmalaryna yşarat edýärdi.
Bigünä bakyşly Zoýanyn başynyñ üstünde "Örän dindar Zoýa" diýlen ýazgy bardy.
Zoýa garry adamsyny öldürdi, ýaş oýnaşy bilen nikalaşdy.
Aýasofýadaky mozaikany täzeletdi…
Birinji äri Roman Argiriñ suratdaky göwresi şodurşyna galdyryldy, ýüz keşbi oýulyp aýryldy.
Garry äriniñ ýüzüniñ suratynyñ ýerine ýaş äriniñ ýüz keşbini çekdirdi!
Ýaş äriniñem "başyny iýdi", üçünji gezek äre çykdy.
Aýasofýadaky mozaikany ýene täzeletdi...
Birinji äriniñ göwre bölegi ýene şodurşyna goýuldy, ikinji äriniñ ýüz keşbi oýulyp aýryldy. Onuñ ýerine üçünji äriniñ suraty çekildi!
Häzir Aýasofýadaky mozaikada onuñ birinji äriniñ göwresi bar. Ikinji ärinden nam-nyşan ýok. Üçünji äriniñ ýüzüniñ suraty bar.
Hezreti Isa (a.s) olaryñ başyny "sypamaga" dowam edýär.
Zoýanyñ seriniñ üstünde "Örän dindar Zoýa" diýen ýazgy bar.
Aýasofýadaky mozaikalar diýlende, Hezreti Isadan (a.s), Merýem eneden, hristian apostollaryndan söz açýarlar, emma, menden sorasañyz-a, Aýasofýafaky iñ ähmiýetli mozaika Zoýañkydyr.
Çünki, Aýasofýanyñ takdyry-da şuña meñzeşräk.
Buthanady, metjit boldy. Muzeý boldy. Ýene metjit boldy. Bina - şol bir bina...
Surat çalyşmak ýoñ bolupdyr, başga üýtgän zat ýok.
Hem bu gün "Eýýamyñ lideriniñ" eli bilen açylyp, Aýasofýada namaz okalmaly.
Gün - taryhy gün.
Hernäçe "dindardyklaryny" görkezmek üçin "örän dindar" Zoýanyñ gülümsiremesi astynda namaz okajak bolmalary bolsa, bolubilse ylahy takdyr bolmaly!

Awtor: Ýylmaz Özdil

Terjime eden: Guwanç Mämiliýew
1
61
sahet_ashyrov
02.09.2020 10:43
…Kuhy-Kap dagynyň gaýalaryny böwsüp çykan ýabany hem elhenç äjit-mäjitler deýin, çypar Çingiz hanyň wagşy leşgeri, gül-gülzarlyk meýdanyň çetinden giren ýalmawuz çekirtge sürüsine öwrülip, ilki ýeňilmez gaznaly türkmenleriň, soň at-awazalary jahana dolan seljuk türkmenleriniň, soňra durnuklylygyň hem ösüşiň nusgasyna öwrülen köneürgenç türkmenleriniň saýasynda, ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda, beýle-beýle heýhatly günleri başlaryndan geçirip görmedik halklaryň depesinden towky bolup inýärdi. Girdenek atlaryna atlanan mongollar, Uzboýuň kenaryna hünji deýin düzülen şäher-kentleri, obalary toýnak astyna alyp, talap, oda berýärdiler. Gazaply Temuçiniň dört ogly zynjyrdan sypdyrylan dört sany möjek deýin, öz ýabany ordalary bilen Köneürgenç şalygynyň çar ýanyndan topulyp, başsyz galan döwletiň süňňüni çekeleýärdiler. Kakalarynyň öňünde beýleki doganlaryndan öňe saýlanmaga ymtylýan ogullaryň her biri, şäherleri syndyrmakda biri-birinden aýylganç usullary ulanýardylar. Öz bendileri bolan çynly ussalaryň ýasan, äpet-äpet daş harsaňlaryny we öz-özünden tutaşyp, çar-töwerege syçrap, beleň alyp barýan otly golçalary atýan manjynyklar, diwar deşiji gurallar, şähere ýakyn derýanyň bendini ýykmak, ilata rehim-şepagaty wada berip, aldawa salyp derwezeleri açdyrmak…garaz hilesi köp ýagy, ýeňiş gazanmak üçin hiç bir peslikden gaýtmaýardy.
Gündogaryň şamçyragy, “jahanyň şasy” tahalluslaryny alan Merwe, mongollaryň beýik Kaganynyň körpe ogly Tuli han hüjüm edýärdi. Nijeme wagta çeken gabawyň dowamynda ulanan hiç bir hile-pirimi ýol almadyk basybalyjylar, ahbetin, şäheriň içine ugradan jansyzlarynyň biriniň, gybatkeşleriň dilinden gapyp alyp, tapyp getiren tärini ulandylar. Marguş derýasynyň ençeme asyrlaryň dowamynda, ýüz müňlerçe adamlara dirilik paýlap duran bendini ýykdylar. Erkinlige çykan däli derýa, dem salymda, gadymy Merwiň synmajak ýaly bolup görnen diwarynyň bir ganatyny ýalmap-ýuwdup, ýüzüniň ugruna aldy ötägitdi.
…Aýylganç güwwüldiden ýaňa çar-töwerek tolkun atyp, sarsyp gitdi. Misli, haýsydyr bir äpet benijan, döşünden penjäni urup, rehimsizlik bilen idenekledip, silkip-silkip goýberen ýaly, tutuş Zemin durky-düýrmegi bilen titräp, sandyrady. Ýer goduklanda, senetçileriň syýrgynyndaky, gaýym eýlenen palçykdan gurlan öýüň binýady berkden tutulanam bolsa, tas çamalagy çaşýardy.
-Waý, Alla janlarym, bi nämäniň ahyrzamanyka?!-diýip ýakasyna tüýküren Hajarbike, ylgap daş çykdy. Daşyny ýagy gabap, başyndan magşar güni inderilýän şäheriň içinde, ençeme gün bäri depelerinden ýagýan daş bölekleriniň jaýlara degip, olary opurandaky güpürdisine, çar-töwereklerinde tutaşýan ýangyna, gyzyl-ot bolup ýanýan jaýlaryň arasynda iki-baka ylgaşýan adamlaryň gykylygyna endikli gyzjagazy bilen oguljygy, soňky döwür ejeleriniň elem-tas bolup ýörmegine halys öwrenişip gidipdiler. Şonuň üçin olar, duýdansyz işige okdurylan ejeleriniň eteginden aslyşjagam bolmadylar.
Hajarbike etek alty ýeň ýedi bolup daş çykan dessine, üstüne möjek sürüsi hüjüm edýän ýaraly gaplaň ýaly, soňkuja güýç-gaýratyny jemläp, janhowluna garpyşýan şäheriň maňlaý diwarynyň bir ganatynyň mähnet bolup, oýulyp, zym-zyýat bolup gidendigini, çar-töweregi-de burugsap, palçykly suwuň ysyna, tot-tozana eýlenen goýy tüssäniň gaplandygyny gördi. Ol allaniçigsi bolup içini çekdi. “Hiýh! Işimiz gaýtdy! Indi bosup gelýän wagşylaryň öňüni nädip bentlärkäler?!”.
Şol pille-de, onuň özüne beren sowalynyň oslagsyz jogaby ýaly, goýy tüssäniň içinden, ýüzi-gözüni tot-tozandyr gurum basan ýanýoldaşy Ýüwrük itenek-çomanak bolup çykdy. Atyny idip gelşine Ýüwrük, Hajarbikä gözi düşenden, üsgürinjiräp gygyrdy:
-Üh-he, üh-he… Bejit bol, çagalary alyp çyk!
Dyrnak ýaly çagalykdan erkek kişiniň beren tabşyrygyny, aňşyryp-aňşyrman ýerine ýetirmek üçin topulmaga werziş bolan Hajarbike, ýanýoldaşynyň aýdanlary aňyna ýetip-ýetmänkä eýýäm, çagalaryny garbap almak üçin öýe girip gitdi. Üç ýaşlyja ogly bilen ýaňy dördüni dolduran gyzyny goltugyna gysyp daşary çykanda, Ýüwrük eýýäm atyna atlanyp, taýýar durdy. Ol atynyň gulagyna eglip, assajadan boýnuny sypaýardy. Hajarbike olara ýakyn gelende Ýüwrügiň: “Gaýrat et gardaşym, ýene-de azajyk gaýrat et! Başyňa başym sadaga, janawerim! Gaýrat et-de çagalarymy bi allajydan alyp çyk!” diýip ýalbarýan äheňde pyşyrdaýandygyny eşitdi. Üsti-başyny basan gum-gumursydan ýaňa reňki saýgarar ýaly bolmadyk Demirgyr bolsa, göýä: “Hojaýyn, halys eňkim agdy, meniň!” diýýän dek, argyn halda başyny aşak salyp durdy.
Hajarbike haýdaşlap gelşine, ogluny Ýüwrüge uzatdy. Ýüwrük ony öňüne aldy:
-Oglum, şundan berk ýapyş!-diýip, eýeriň gaşyny görkezdi-de, özüne uzadylan gyzyny eline aldy. Arkasynda jaýlaşdyrdy. Onýança Hajarbike ylgap gidip, öýünden köne gyňajyny alyp geldi:
-Daňaýsana!
-Getir!-diýip Ýüwrük gyzynyň arkasyndan aýlap, gyňajy biline daňdy. Ýeňsesine gaňrylybam:-Gyzym, gorkmagyn! Berk ýapyşyp oturgyn!-diýdi.
Soňam öýe garşy ylgan Hajarbikä gygyrdy:
-Nirä tutduryp barýarsyň, gel, ýapyş üzeňňiden! Gitdik!
Hajarbike sakga durdy.
-Bi şaý-seplerimi bir…-diýip ol ýuwdundy.
-Zat janyňy alsyn! Ajalyň mekgäňe münüp gelýärkä, zady başyňa ýapjakmy?! Gitdik!
-Wah, iň bolmanda, bolanja gaty-guty çöregim bilen suwly meşigi bir alaýyn ahyry!-diýip ýanýoldaşyna tarap ýöräp barşyna Hajarbike, öýüne garşy gaňrylyp-gaňrylyp, delmindi.
-Häý, muňa gara! Entek öýlänligiňe ajygar çene çenli diri galjagyň gümana ahyry, seniň! Suw-beýleki meniň horjunymda-da bar. Ýapyş! Gitdik! Mongollar Soltanbendi ýykdylar. Şäheriň diwarynyň tutuş bir ganatyny, üstündäkiler bilen bilelikde däli derýa dem salymda ýuwutdy. Duşmanlar eýýäm şähere girdiler. Heniz häli aman sypjagymyz hem näbelli! Hälem, nakyp Abu Halyl ibn Hasan: “Ýigitler, indi her biriňiz ýanyp duran ot bolanyňyzda-da bitirjek işiňiz ýok, gidiň-de başardygyňyzdan maşgalaňyzy alyp çykyň. Bi gara topragyň, baý, göwni bitendir-ow sizlerden, gaty bitendir” diýäýdi. Ýogsa, ol ýerde barymyz tükel gyrylýardyk. Mongollar birimizem aman goýmazdylar-diýişdirdi-de Ýüwrük, Hajarbikäniň üzeňňiden ýapyşandygyny gören dessine, Demirgyryň böwrüne debisgiledi:-Çüw, janawer! Ýa gardaşym, mydarymyzam sensiň, halasgärimizem! Gaýrat et!
At gorgunlap ugranda üzeňňiden berk ýapyşan Hajarbikäniň eli şalkyldap Ýüwrügiň buduna degdi. Onuň jalbary öl-myžžykdy. Diňe şol pille Hajarbike çar ýany gurşan tot-tozanyň, goýy tüssäniň arasynda ýanýoldaşynyň aýagynyň gara gana boýalandygyny saýgardy. Ol daljygyp gitdi. Gorgunyna haýdap barýan bedewiň aýagyna eýerjek bolup elem-tas bolup barsa-da Hajarbike aýal jandurmazlygyny edip, demi-demine ýetmän, zordan:
-Bi…ýaralandyňmy, Ýüwrük?!.... Aýagyň garagan-la!-diýmegiň hötdesinden geldi.
Yzan-da-çuwan bolup barýan bosgunlaryň arasy bilen, synan şäheriň ýeňseki derwezesine garşy jylawuny gönüläp barýan Ýüwrügiň jogaby gysgajyk boldy:
-Arkamdanam. Dogrusy peýkamlaryn-a sogurdylaram welin, ganym diňmeýär-dä.
Şol pille gözlerini göteren Hajarbike ýoldaşynyň arkasyndaky siňe seredeniňde bildirýän gyzyl tegmili gördi-de, nädip içini çekenini duýman galdy:
-Hiýh! Waý, gara bagtym! Ganyň gidip dur ahyry!
-Tolgunma! Aman-esen gaýraky alaňlaryň arasyna bir özümizi ataly, şol ýerde saraşdyrar ýörersiň-dä!
Soň olara gepleşmäge puryja bermediler. Ala-burugsy bolup ýanýan jaýlaryň arasy bilen, bosgunlardan ýaňa hyryn-dykyn darajyk köçelerden saýlanyp, şäheriň derwezesinden saýlananlary hem şoldy welin, yzlarynda-da, gapdallarynda-da bir aýylganç gykylyk gopdy. Batlaryny saklaman gaçyp baryşlaryna, töwereklerine garanjaklaşanlarynda, eginleri possunly, kirden ýaňa keşpleri saýgartmaýan ýüzlerinde gyýyk gözleri deriň deşigi ýaly bolup, wagşyýana ýyldyraşýan mongol atlylarynyň, garawsyz bosgunlaryň depesinden gyrgy sürüsi dek inip ugrandyklaryny gördüler. Ýaşam bolsa, şihnäniň gulamlarynyň arasynda birnäçe ýyl bäri gulluk edip, juda köp gowgalary başyndan geçiren Ýüwrügiň aňy örän çalt işledi.
-Köpüň arasy bilen gitsek, Demirgyryň bu ýadawlygy, seniň bu elem-tas bolup gelşiň bilen ikuçsyz mongollaryň oljasy bolarys-diýdi-de ol, atyň jylawuny gapdala burup ugrady. Emaý bilenem yňan ugruna eňip barýan bosgunlaryň mähellesinden saýlandy-da, tary-mar edilýän şäheriň diwarynyň düýbüni gyýalap, demirgazyga tutdurdy. Birsellem şäheriň diwarynadyr, çar ýany gaplan goýy tüssä, toz-tozana duwlanyp gidenlerinden soň, olar şäherden ep-esli daşlykdaky gür ýylgynlyga ýetdiler. Hajarbike Ýüwrük bu ýerde biraz säginip ýaralaryna em eder öýtdi. Emma Ýüwrük göýä onuň pikirini okan ýaly:
-“Ýagydan ýaý boýy” diýipdirler. Entek birneme gideliň. Ýogsa häzir esasy kowgy gidenden soňra onuň pyýada saklawlary gaçyp-tezeniň, gizlenip galanyň gözleginde bu töweregi gyzyl-dörjük ederler-diýdi.
Olar ýene-de birsalym ýöränlerinden soň ýylgynlyk selçeňleşdi. Sähel aralykdan soň bolsa, kä ýerinde bir çeti-çerkez heşşerilip duran sap gum depeleri başlandy. Ýüwrük ýene-de saklanmady. Şol gitdi bardy. Olar kän ýörediler. Soňabaka Hajarbikäniň halys aňkasy aşdy. Diňe gorgunlap barýarka ýadawlykdan ýaňa, käte bir, gadam urşy bulaşyp, süssenekläp gidýän Demirgyryň aýagyna eýerjek bolup, dem alşyny sazlap barmakdan başga hiç zadyň pikirini edip bilmedi. Megerem, Ýüwrük entegem giderdi welin, birdenkä hälden bäri ak köpük bolup derleýän Demirgyr öz aýagyna çolaşan ýaly, takyr ýerde büdräp gitdi. Ýykylman zordan saklandy.
-Düz ýerde büdräp ugradyň-ow, janawerim! Az-maz demiňi-dynjyňy bermesek bolmaz indi!-diýip hümürdän Ýüwrük atyň jylawuny çekdi. Hajarbike gurap giden ellerini üzeňňiden zordan sypdyrdy-da, şol duran-duran ýerinde aşak çökdi. Demi-demine ýetmän sojap ugrady. Oňa tarap nazaryny öwrende, Ýüwrük hatynynyň horugmakdan ýaňa reňki solup, çalaryp giden, küljümek öwüsýän ýüzüni görüp, haýykdy. Dözmedi.
-Hajar, saňa-da öte agram salaýdym öýdýän! Ilkibaşky niýetim, Demirgyra çagalar bilen seni mündürip, özüm gapdalyňyzdan ylgamakdy welin, diwarlardan mazaly saýlananymdan soň, şäheriň çetinden girip ugran allajylaryň biriniň kemanyndan sypan peýkam budumdan giräýdi-dä! Ýagyrnymdaky ýara bilen oňşardym hem welin, şondan soň atyň aýagyna eýgermejekdigime magat göz ýetirdim-dä, şonda!-diýip Ýüwrük özüni aklaýan ýaly müýnli dil ýardy. Howandaryny boýnuny burmaga mejbur edenine Hajarbikäniň ýüzi gyzaryp gitdi. Ýadawlykdan ýaňa aýaklary özüniňki däl ýaly bolup dursa-da, ol özüne zor salyp ýerinden galdy. Tagaşyksyz ýylgyran boldy. Kepäp galan dodaklaryny zoraýakdan gymyldadyp:
-Ýok-la, bu oglany! Maňa-ha üýtgeşik agram düşmedi. Esasy zat allajy mongollaryň deminden sag-aman sypdyk, şoňa begenip biraz arkaýynlaşyp oturaýdym, men-ä!-diýişdirdi. Soňam Ýüwrüge elini uzatdy:
-Hany, getir çagalary! Ýere düşüreli-de, ýaralaryňy saraly, ýogsa bolanja mydaryň hem gider.
-Bolýar, düşürsek düşüreli. Ýöne bu ýerde kän eglenmäliň. Häzir mongollar atlylaryny saklawlara böler-de, biziň bölek-büçek galan-gaçan ýigitlerimiziň öz üstlerine gaça uruş etmekleriniň öňüni almakdan ötri, çar ýana aňtawçy toparlaryny ugradar. Şolaryň biri-ýarymy üstümizden gelmegi ähtimal. Ine, ilki muny al!-diýip Ýüwrük usurgap oturan ogluny Hajarbikä uzatdy. Hajarbike ogluny alyp ýerde goýany hem şoldy welin, Ýüwrügiň birdenkä ýüzüniň reňki üýtgäp gitdi.
-Hajar, men-ä birhili bolup barýandyryn…-diýip ol ysgynsyz pyşyrdady-da, atyndan bir ýanlygyna agyp ugrady. Hajarbike ony saklamaga zordan ýetişdi. Itenek-çomanak bolup, kellesini, gyralygyna gyşaryp duran bihuş adamsynyň böwrüne diräp, bir eli bilen onuň biline daňlan gyňajy çözdi. Haş-haşlap zoraýakdan gyzyny atyň syrtyndan düşürdi. Adamsyny gujaklap diýen ýaly atdan düşürýänçä bolsa, bolanja ysgyn-mydary-da gitdi. Ony ýerde ýatyrandan soňra birsalym demini dürsäp oturdy. Gözüniň öňünde gaýmalaşýan gara nokatjyklar aýrylandan soň, hasyr-husur, henizem huşsuz ýatan Ýüwrügiň kellesinden tuwulgasyny sypyrdy, bilinden aksaplysyny, gylyçly guşagyny aýyrdy, egninden ýeňiljek sowudyny, donuny, içinden geýen oýlukçasyny çykardy. Ony gyralygyna gyşardyp, köýnegini galdyrdy-da ýarasyny gördi. Soňra howlukmaçlyk bilen turdy-da, atyň eýerine bökderilgi horjundan ýoldaşynyň suwly mytarasyny aldy. Sähel salymda, ilki ýagyrnysyndaky ýarasyny, soň aýagyndakyny ýuwup, gaýym daňdy. Ondan soň gyrada biri-birine ýanaşyp, garaja gözlerini tegeleşip oturan çagalaryna mytaradan suw içirdi. Soň özi içdi. Soň Ýüwrügiň ýüzüne azajyk suw sepdi. Dodaklaryny ölledi. Ol yňranjyrap özüne gelip ugrady. Kellesini galdyrjak boldy.
Hajarbike ümzügini öňe atdy-da, onuň egninden basdy:
-Ýat, ýat, gymyldama! Ilki gyzgynyňa bilmedigem bolsaň, bi mahal sowaşanyňdan soň süňňüňe gowşaklyk aralaşdy. Az-kem dynjyňy al, soň atlanarys.
Emma Ýüwrük diýen etmedi. Kellesini galdyrdy:
-Beýdip, eljirän bolup ýatmaga wagt ýok, Hajar! Häzir üstümizd…
Gözlerini günorta tarap diken Ýüwrük birdenkä sözüni kesdi-de, gözýetime garşy siňe-siňe seretdi. Seretdigiçe-de onuň ýüzi daşdan çapylana dönüp ugrady. Ol hyrçyny dişledi. Gepläp başlanda bolsa onuň sesi birhili sop-sowuk hem boguk çykdy:
-Häk! Aýtdym-a men häzir mongol aňtawçylary kaňkap başlarlar diýip!
Allaniçigsi bolan Hajarbike adamsynyň seredýän tarapyna tiňkesini dikende, hol gözýetimde birnäçe sany gara nokatlaryň eýläk-beýläk erew-berew gaýmalaşýandyklaryny saýgardy. Olary has oňat synlamak üçin ýerinden tarsa turanam şoldy welin, Ýüwrük ysgynsyz elleri bilen onuň goşaryndan tutdy-da, aşak dartyp goýberdi:
-Otur aşak, nirä galkyjaklaýaň! Heniz bizi görenoklar. Seret, hanha, hol allaowarrada pelesaň kakyşyp ýörler, gören bolsalar, göni bize garşy at goýardylar. Ýeriňden dikelme. Demirgyry ýakyna gelmeseler saýgarmazlar, ol çägede gaty bildirmeýär, sen welin dym-gyzyl bolup ep-esli daşlykdanam görner durarsyň!-diýdi. Soňra Ýüwrük biraz nepesini durlamak isleýän ýaly, kellesini ýere goýdy-da gözlerini ýumdy. Göz açyp-ýumasy salym şeýdip ýatanyndan soňam, gabaklaryny göterdi. Ýaryk-ýaryk bolup, ganjaryp duran dodagyny ýalady:
-Indi meni berk diňle, Hajar! Häzir maňa şol depä galmaga kömek et. Özüm ýerimden turup bilmerin. Soň atyň eýerine berkidilgi ok-ýaýly sagdagymy alyp ber. Galkanymy aýyr-da, taşla. Size onuň derkary ýok. Dogrusy bu äjit-mäjitleriň atlarynyň boýy pessejigem bolsa özler-ä ýyndamdyr welin, onda-da Demirgyr biraz dynjyny alandyr, garaz gaýrat eder. Soňra çagalary al-da, atlan. Jylawy berk tut-da, birki ýola gamçy çal. Janawer düşüşdir, ömrüne gamçy çalnyp görlen däldir, ýokuş görüp güýjünden baryny edip çapar. Enşalla, Alla bizlik bolsa ol sizi alyp çykar!...Bulardan arany açanyňyzdan soň bolsa gumuň içine çuňlaşyberiň, ahyry özümiziňkileriň üstlerinden bararsyňyz-diýdi.
Hajarbike düşünmedi:
-A sen?! Sen näme?!
Ýüwrük oňa jogap bermedi.
-Hany, balalarym, geliň bärik!-diýip çagalaryny çagyrdy. Olar ýanyna gelenlerinden soň her haýsynyň ýaňagyndan taýly gezek öpdi:
-Maňlaýyňyza gowusyny ýazan bolsun-da, hernä, mähribanlarym! Bu wagşylaryň eline düşmek bir siziň nesibäňizde bolmawersin!
Ýanýoldaşynyň bolşy Hajarbikäni elheder aldyrdy. Kalbyny gaplan aýylganç gorkudan ýaňa, ol ömründe etmedigini etdi. Ýoldaşyna sesini gataltdy:
-A sen näme diýýän, men saňa?!
Ýüwrük Hajarbikäniň elini mähir bilen gysymyna gysdy:
-Ýuwaş! Üstümizi basdyrdyk, Hajar. Olar häzir ikuçsyz biziň üstümizden gelerler. Şonuň üçin bärde galyp olary biraz güýmemesem bolmaz. Üstesine Demirgyram ýadaw, biziň ählimizi alyp çykyp bilmez. Men size biraz wagt utaryn, siz bolsa oňa çenli bulardan arany açarsyňyz!
Hajarbike bar zada düşündi. Düşünmekden ýaňa-da şol oturan ýerinde doňňara-daşa öwrüldi galaýdy. Ol wagty bilen gymyldamandan soň Ýüwrügiň gahary gelip ugrady:
-Bol ahyry, indi näme otyrsyň? Bi mahal her pursat gyzyldan gymmatly! Olar golaýladygyça soň sypmak kynlaşar!
Adamsynyň sözlerine Hajarbike ukudan açylan ýaly boldy:
-Häh, häzir! Häzir bolýar!-diýdi-de ýerinden turup beýleräkde duran Demirgyra garşy ýöneldi. Hajarbikäniň dälirän ýaly bolup barşyna Ýüwrügiň hasam dünýäsi daraldy:
-Saňa diýýän-how, nirä barýarsyň?! Ilki maňa hol depä galmaga kömek et diýýän-ä men saňa!
Äriniň buýrugyny eşiden Hajarbike sakga durdy. Ýene-de ýaňkysy ýaly, sähel salym hiç hili gymyldy-hereketsiz doňup durdy-da, birdenem aýgyt bilen yzyna öwrüldi. Haýdap olaryň ýanyna geldi-de, birhili aýgytly hyruç bilen çagalaryny gezekli-gezegine bagryna basdy. Gyzjagazyny biraz köpräk gujagyna gysyp durdy-da:
-Gyzym, kakaň bilen jigiňe göz-gulak bolawergin!-diýip pyşyrdady.
Aýalynyň bolşuna heýýaty göçen Ýüwrük ýerinden turjak bolup dyzap durşuna, mejalsyzlygy zerarly turup bilmän sesine bat berdi:
-Eý, edýäniň näme-eý, seniň?!
Hajarbike oňa diýýämisiňem diýmän, çaltlyk bilen Ýüwrügiň donuny, sowudyny egnine geýdi, guşagyny guşandy. Börügini sypyrdy-da, adamsynyň tuwulgasyny geýdi. Ok-ýaýly sagdagyny, kelte naýzasyny, galkanyny gyzynyň ýanyna oklady-da:
-Gyzym, men gidenimden soň bulary kakaňa bergin!-diýdi.
Alaçsyz galan Ýüwrük näme etjegini bilmedi:
-Eý saňa diýýän men?! Edýäniň näme diýýän men saňa?!
Onýança Hajarbike Demirgyra atlandy-da, horjuny ýere taşlady, eýere berkidilgi Ýüwrügiň gyljyny eline aldy. Gözýaşdan hem mähir-muhabbetden ýaňa püre-pür gözlerini, zordan kellesini galdyran adamsynyň gözlerine dikdi. Onuň ýüz-keşbini gözleri bilen sypady:
-Özümi bilelim bäri sen diýip ýaşadym, mähribanym! Alla saňa gowşurdy, seniň bilen ýaşaşmak, seniň bilen çaga söýmek bagtyny maňa miýesser etdirdi. Şonuň üçin täleýimden müň kerem yrzadyryn! Indem seni pida berip, ýaşadym nä, ýaşamadym nä! Üçüňiz üçinem başym sadaga! Bu äjit-mäjitleriň aňtawçylaryny özüm yzyma düşürip alyp giderin! Günämi öt, mähribanym! Sizem bagyşlaň, guzujyklarym!-diýdi-de Hajarbike ata jüp gamçy çaldy. Başyny aşak salyp duran Demirgyr argyn bolsa-da, Ýüwrügiň aýdyşy ýaly, özüne gamçy çalnandygyny ýokuş görüp, öňe towusdy-da, takyryň gapagyny toýnagynyň astyndan zyňyp, öňe okduryldy. Sähel salym geçip-geçmänkä-de, hol allaowarradan mongollaryň “urragh, urragh” diýşip gygyryşýan wagşyýana sesleri eşidilip başlady…
…Şondan soň üçülenji gün diýlende, ýykylyp-sürşüp, zordan dähedem-dessemläp barýan Ýüwrük bilen çagalary, gum depeleriniň arasynda gizlenip ýören, özleri ýaly bosgunlaryň çaklaňja kerwenine sataşdylar. Hajarbikäniň bolsa şol gidişi gidiş boldy. Ýöne, şol pajygaly wakalaryň üstünden asyrlar ötse-de, häzirki güne çenli il arasynda, mähribanlaryny halas etmek üçin özüni pida eden türkmen zenanynyň gaýraty hakynda rowaýat heniz-henizlerem agyzdan-agza geçip, aýlanyp ýör.
5
54
sahet_ashyrov
01.09.2020 15:45
Dowamy...
Soňky bölüm (20)...

Bagtyýar bu hekaýaty aýdyp bolansoň:
– Eý, patyşa! Indi meni öldürmäge gyssanmagyn. Bir gün meniň hem halym äşgär bolup, päkligim belli bolar – diýdi.
Muny eşiden patyşa:
– Baryň, zyndana eltiň! – diýdi.
Wezirler:
– Eý, patyşa! Bu oglany öldürersiň ýa-da hut bu ilden gider ýaly bize perman berersiň – diýip, gykylyk turuzdylar.
Patyşa:
– Baryň, äkidiň, asyň! – diýip, buýruk berdi.
Jellatlar Bagtyýary patyşanyň gaşyndan daşary süýräp çykardylar hem-de öldürmäge dar astyna getirdiler. Bagtyýar özünden umydyny üzüp, janyna haýpy geldi. Daryň düýbüne älem halky üýşdi. Är-aýal bary birden gygyryşdylar.
Taňry enaýat etdi. Bagtyýary guýynyň gyrasyndan tapyp, öýüne getirip, özüne ogul edinen aýýar şol wagt şähere gelipdi. Ol bu gowgany görüp, kimkä diýip ýüwrüp, geldi. Görse, ogly Hudadady öldürmäge alyp barýarlar. Ol:
– Haý, haý! Meniň oglumy näme üçin öldürer siz? – diýip topuldy.
Oňa:
– Patyşanyň buýrugy şeýle – diýdiler.
Ol aýýar jellatlardan möhlet diledi. Jellatlar:
– Ýüwür patyşanyň gaşyna, belki medet-ýardam edip, bu ýigit ölümden gutular – diýdiler.
Aýýar ylgap patyşanyň gaşyna geldi hem-de:
– Eý, patyşahy älem! Perýadyma ýetiş, maňa medet eýle. Oglumy asyň diýip buýrupsyňyz. Patyşanyň neslinden bolan şunuň kibi bir nowjuwany bir töhmet bilen öldürmek haýp dälmi? – diýip zarynlady.
Muny eşiden patyşa:
– Haý, haý, ne diýr sen? Bir meniň oglum diýýäň, bir patyşanyň neslidir diýýäň. Haýsy çyn? – diýip sorady.
Onda aýýar:
– Patyşahy äleme mälim bolsun, meniň kyssam uzakdyr, derdim agyrdyr – diýdi.
Onda patyşa:
– Hany, Allanyň haky üçin aýt, eşideliň – diýdi.
Aýýar:
– Eý, älemiň şasy! Kerman ilinde garakçylyk edýärdim. Bir gün bir guýynyň gyrasyna bardyk. Görsem, bir oglanjyk ýatyr. Ony gymmatbaha parça bilen sarap, goluna-da bir gymmatbaha monjuk baglapdyrlar – diýip söze başlanda, patyşa:
– Ondan soň, ondan soň näme boldy – diýip gygyrdy.
Aýýar:
– Ony alyp, öýüme eltdim, ogul edindim. Bir gün garakçylykda tutuldy. Başga näme bolandygy hakda hiç zat bilemok – diýdi.
Patyşa ýerinden turup:
– Oglany tiz getiriň. Ol gözümiň nury, ýüregimiň parasy eken. Ol goşa didämiň garagy eken, oglum eken, janymyň parasy eken – diýip gygyrdy.
Ähli halaýyk ýüwürşip geldiler. Üstünden göwherler seçdiler. Ak donlar geýdirip, Bagtyýary atasynyň gaşyna getirdiler. Atasy öňünden çykyp, oguljygyny bagryna basdy. Onuň elini açdylar. Patyşa onuň elinden öz baglan bazubendini öz eli bilen çykaryp aldy. Ony wezirleriň öňüne oklap:
– Gümanyňyz galdymy? – diýip gygyrdy.
Soňra onuň buýrugy bilen wezirleri tutdular. Buşlukçylar Bagtyýaryň enesine tarap ýügürdiler hem-de: «Ol oglan seniň ogluň eken» diýip buşladylar.
Atasy oglunyň elini eline alyp, köşge girdi. Oglanyň enesi aglap, öňlerinden çykdy. Patyşa:
– Eý, Gyz Banu! Bu oglan Kerman ilinde guýynyň gyrasynda goýup giden oguljygymyzdyr. Ine, bu-da eline baglan çiginbendimiz. Hakykat, bilgin sen munuň enesi, men atasy. Bu bolsa, biziň oglumyzdyr, bagrymyzyň parasydyr – diýdi.
Wessalam, hemişe etsin dowam. Rehim et, eý, Rehimdarlaryň Rehimdary! Älemleriň eýesi we ýardam berijileriň iň haýyrlysy Allatagala hamdy-senalar bolsun! Bu hekaýat sahawatlylaryň patyşasy Allatagalanyň ýardamy bilen tamam boldy.

Soňy.
6
51