sahet_ashyrov
09.09.2020 08:41
ALAMBERDAR ROWAÝATY

Adalat Tuguny dünýäniň depesine dikmek üçin kän menzil külterlän goşun uç-gyraksyz sähranyň gujagynda goş ýazdyranda tulumlaryň iň soňkujalarynyň hem bujagy çözülip, teşnelige ölmez-ödülik edilipdi. Külterlenen menzilleriň ýadawlygyna goşulyp, esgerleriň bokurdagyna ýapyşan suwsuzlyk derdi hemmesinden erbedidi. Oňa heniz dünýäden gijäniň garaňkylygy syrylmanka çäre görülmese, goşunyň heläk boljakdygy jedelsiz hakykatdy. Beýle ahwalda goşun söweşmeg-ä beýlede dursun, öz derdinden hem asgyn geljekdi. Bu ýagdaýda ýeketäk çykalga — ol hem, her damjasy gyzyla barabar saýylýan suwy her edip, hesip edip tapmakdy. Emma hany, näbelet ýeriniň guýusynyň gözlegine gitjek höwesek kişi?! Hiç kesiň ýagdaýy birek-birekden öwerlik däldi, guran dodaklary ýalaýan dilleriň özem gurap, agzyň içinde zordan aýlanýardy. Ýöne her näme bolanda-da, kimdir biri hökman bütin goşunyň halasgärine öwrülmek üçin bu ýola düşäýmelidi. Şeýle maksat bilen serkerde esgerleriň ýüzüne köpmanyly seredende, argyn goşunyň içinde gowur köpelen ýaly boldy. Elinde goşunyň synmaz ruhuna öwrülen Tugy berk gysymlap duran deşliden daýaw kişi hemmeden öňe omzady. Daş-töwerekden «Muntasyr gitmek isleýär» diýen sesler, oňa goşulmaga höwesek esgerler köpelip ugrady. Tugy henizem gujurly gollarynda pasyrdadyp duran ýigidi boýdan-başa synlan serkerde, ony alamberdar saýlap ýalňyşmandygyna düşündi. Bu agyr ýumşy onuň bitirjekdigine jany-teni bilen ynandy. Belentde pasyrdap duran Tugy synlan esgerleriň hem sussupes ýadawlygynyň ornuny umytmy, ruhubelentlikmi, garaz, täsin bir duýgy gaplap alan ýaly boldy. Iň agyr darkaşlarda-da çyglanmadyk dideleri buýsançdan ýaşaran serkerdäniň beren buýrugy gysgadan düşnükli ýaňlandy: «Iň ýakyn guýyny tapyň we daň atmanka yzyňyza dolanyň. Azaşmazlygyňyz üçin bolsa, belent alaňyň üstünde uzak gije ýakyljak otdan çelgi alyň!».
«Düşündim» diýen terzde çalaja baş atan Muntasyr bary-ýogy birnäçe atlyny ýanyna tirkäp, yzynda inçejik tozan galdyryp, gijäniň garaňkylygyna siňip gitdi. Ol kerwengyran düzleriň syry kimin depeleriň üstüne degäýjek-degäýjek bolýan ýyldyzlar gündizleriň Gögünde gözden ýitmänkä suwa ýetirjek ýodany tapmalydy. Çar ýana alakjaýan atlylar töwerege seresap göz aýlap baryşlaryna bäri-bärden suw tapmajakdygyna düşündiler-de, atlary gözýetimden has uzaklara, nähilidir bir gatnawlyrak ýodanyň gözlegine tarap gyssadylar.
Alaňdan-alaňa aşyp baryşlaryna Muntasyryň ýadyna bir wagt garry atasyndan eşiden rowaýaty düşdi. Rowaýata görä, uç-gyraksyz çölde ýyldyzboýly guýular salnyp, gijelerine ýyldyzlaryň has köp üýşmegi şol guýynyň üstünde tegelenip durarmyş. Henize çenli synap görmedik bu rowaýatynyň näderejede hakykatdygyny görmek isleýän ýaly sarç bedewiň üstünde mäkäm oturyşyna, ol umyt bilen Gögüň ýüzüne üşerildi. Göwnüne bolmasa, barýan ugurlaryndan biraz gündogarrakda bir topbajyk ýyldyz üýşüp, ýyldyzboýly guýyny boýlap duran ýalydylar. Alamberdar ömründe ilkinji gezek rowaýata bil baglap görmek isledi. Ol şeýle maksat bilen hem atynyň başyny şol tarapa öwürdi. Jüp gamçynyň badyna ýyldyrym deý süýnüp giden bedew ony şol çaklanylýan ýere getirende bolsa, alamberdar atasynyň rowaýatyndaky hakykat bilen ýüzleşdi duruberdi. Dogrudanam, atlylaryň öňlerinde düýbünde ýyldyzlar ýyldyraşyp duran çuňňur guýy bardy. Gözlerine ynanman çalasynlyk bilen atdan inişlerine onuň bal ýaly suwundan gananlaryndan soň hem, olar bu ýagdaýyň düýşmi ýa huşdugyny bilmän esli salym oýurganyp durdular. Ýöne bu hakykatdy. Özem, düýşkybap gijäniň bütin goşunyň ykbalyny halas etjek hakykatydy. Begençden argyn göwrelere jan gelen ýaly bolan, atlar hem mazaly suwdan gandyrylandan soň, bar bolan meşikler suwdan doldurylyp, bu hoş habary goşuna ýetirmek üçin gelen yzlaryna tarap at goýdular. Depe-depe, gol-gol aşyp baryşlaryna özlerine çelgi boljak oduň şuglasyny agtardylar. Emma bäri-bärde ot görmedik atlylar, diňe şonda bu gözlegiň özlerini ummadan çykarandygyny bilip galdylar. Halys ýadawlykdan ýaňa ýene-de Gökdäki ýyldyzlardan haraý gözlän Muntasyr olaryň hem kem-kemden seýrekläp barýandygyny gördi hem-de diňe töwekgellige baş uraýmasa, özge çykalgasynyň galmandygyny duýup, gelen yzyny ýatkeşligine we atynyň syzgyrlygyna görä çalyp gitmegi makul bildi. Daň atmanka özüniňkilere ýetişmek umydy bilen agzyna kelam agyz söz almazdan atynyň badyna birigip, öňe tarap süýnüp barýan ýigit petiş gijäniň derdinden ýaňa hamala atyň üstünde oturman, özi ylgap barýan ýaly daljykdy. Bütin düýrmegi bilen göze öwrülip gijäniň bagryny elek deý eläp barýan göwre, birdenem, hol öňde çalaja ýylpyldap duran alawy görüp, ýitigini tapan deý tolgundy. Diýmek, ýene-de birazajyk gaýrat etseler, özleriniňkä gowşup biljekdiler. Şol begenç bilenem halys ganat açan deý gaýyp barýan ýigit, atynyň badyna kanagat etmän, howlukdy. Özüne halasgär bolup görnen alawyň aýtymyndan kürsäp girişine, suw tapandygyny buşlamak üçin galkyjaklap, eýeriň gaşyna galanam şoldy welin, birdenkä bütin göwresi bilen sarsyp gitdi. Asyl, oduň albaý deý ýylpyldysyny yzarlap, ol duşman ordasynyň göni üstüne gelen bolsa näme?! Belent depäniň üstünde galgap duran duşman tuguny görenden nämäniň-nämedigine düşünen alamberdar yzyna at salmak üçin atynyň başyny öwrende, öz aýagy bilen gelen oljalarynyň daşyny eýýäm gabap ýetişen duşman esgerlerini görüp galdy. Biriň daşyna müň bolup geçilýän bu namart oýundan gutulmaga umydy bolmasa-da, töwekgellige ýüz urmagy maksat edinen Muntasyr, darkaşlarda haýbaty bilen haýykdyrýan atyny çarpaýa galdyryşyna «Bir başa — bir ölüm» diýlenine eýerip, duşmanyň garaşmaýan tarapyna — baýdak dikilen depä tarap at saldy. Çar tarapdan ýagan peýkamlaryň yzasy janyna ornanam bolsa, duşman serkerdesine agzyny açdyryp, bady bilen duşman tuguny ýykyp geçişine, ol yzyndaky gaýda-gaýmalaşygy görmesede, ummadan çykyp gitmegi başardy. Ähli zada düşünýän ýaly agzyny hatap dek açyp, burnuny parladyp çapyp barýan bedew hem, ynsanyňka meňzeş ýiti duýgurlygy bilen halys ysgyn-mydary galmadyk alamberdary daňdanyň ümüş-tamşynda özüniňkilere ýetirmegi başardy. Ähli ýeri ýaradan zerzaw bolan ýigit, suwuň şu ýakynlardadygyny aýdyşyna, derrew atyň üstünde oturan ýerinde öňki wezipesine girişmek üçin goşunyň Tuguny eline aldy. Bejergä mätäçdigini ýaňzydan tebibe-de wezipesini hiç kese ynanyp bilmejekdigini aýdan Muntasyr, eýýäm goşun gizlin ýoldan şol suwly guýa tarap ýola düşende hem onuň öňünde Tugy belentden galgadyp barýardy. Sag-aman suwa ýeten goşunyň şol günki jeňinde hem Alla olaryň tarapynda boldy. Depäniň üstünde atynyň boýnundan gujaklan alamberdaryň belentden galgadyp duran Tugunyň owsunyndan güýç alan goşunyň ýaga topulyşam öňkülerden üýtgeşik boldy. Ýeňiş gazanyldy, surnaýlar çalnyp, deprekler kakylyp, adalatyň şatlygy bütin töwerege ýaýyldy. Begençden ikibir-ikibir gujaklaşan esgerler ýeňşiň hormatyna ýazylan saçagyň başyna üýşmek üçin ýerlerinden gobsunanlarynda, alamberdaryň henizem özlerine goşulman, şol depäniň üstünde Tuguny galgadyp oturandygyny gördüler. Duran ýerlerinden gygyryşyp, ýerli-ýerden onam saçak başyna mürähet etdiler. Äweýin hem diýmeýän ýigidiň serkerdäniň buýrugyna garaşýanynamy ýa halys çuňňur oýa gidendiginemi düşünip bilmän üşerilişdiler. Haçan-da serkerdäniň hem buýrugyna jogap bermedik esgere has ýakyn baranlarynda, onuň endamyny pers-ala eden on ikä golaý peýkamyň yzasyna gaşyny-da çytman, henizem gollaryndan goýmadyk Tugy bilen bakylyga siňip gidendigini görüp, doňup galdylar.
...Henize çenli hiç bir darkaşda belent başyny egmedik serkerde, ilkinji gezek bu mertligiň öňünde dyzyna çöküşine, alamberdaryň hormatyna gadymy Meýmarkyň iň gözel ýerinde üýtgeşik bir bina galdyrmaga buýruk berdi. Her gysym gumy alkyşa eýlenip, baýtalyň süýdi bilen ýugrulan ol gümmeziň Muntasyryň başyndaky tuwalga meňzeş keşbi bolsa, goja dünýäniň unudylmaz hakykaty ýaly bolup, henizlerem şol seleňläp dur, şol seleňläp dur...

Aknur Rozyýewa.
1
36
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.