Nägile işgär.
Ol işe tulum ýaly çişip geldi.
Lomaý söwda bilen meşgullanýan, edeni şowlaýan hojalyk jemgyýetiniň edara binasynyň ýap-ýagty dälizi bilen iş otagyna garşy ýöräp gelşine ol, özüne sataşýan işdeşlerine sowuk-sala baş atan bolup, deňelerinde säginmän ötüp barýardy. Kellesinde-de aýalynyň öten agşam uzak gijeläp gulagyny gazalan jümleleri hyň berýär.
Seniň ondan nämäň kemmiş? Hä?!
Ikiňem wezipäň bir, derejäň bir, emma alýan aýlygyňyz welin, onuňky seniňkä tas iki esse. Hä?!
Ýa nä, boýuň-syratyň onuňkydan egmi?! Hä?!
Ýa nä, heleýiň boýy-syraty şonuň şonsundan kemmi?! Hä?!
Biler bolsaň, bizler-ä özümizleri şonuň ýalylaryň şolaryndan on-a dä, ýüz, müňem dä, milliard esse-de artykmaç, agdykmaç saýýas! Biler bolsaň! Hä?!
Ýa nä, sen o “başlyk” diýilýän haýranyň berenini iýmediňmi? Hä?!
Uzadanyny almadyňmy?! Hä?!
Sowgadyna seňrigiňi ýygyrdyňmy?! Hä?!
Ýa nä, “men” diýen jahyl wagtyň, toýda, göz-gülban edip tumşugyny pytratdyňmy?! Hä?!
Ah-he-e-e-ý! Tumşuk pytradybilýän jemende bolan bolsaň, heýem bir men garamaňlaý bedibagtyň maňlaýyndan çykarmydyň?! Hä?!
Ýa nä, ýaşlykda onyýnyň bajysyny alyp gaçyp, soňam öýlenmän yzyna kowduňmy?! Hä?!...
Biler bolsaňyz, adamzat ähli dogup-döräli bäri, ynsanyýet tohumynyň hatyn halkynyň edäheti şeýle. Erkek kişi neneň bir: “Uşak-düşek gaýgy-aladadan doly, gowgaly gündizleriň ýene-de birisi-ä sag-aman başymyzdan sowuldy-ow! Ind-ä bir aýagymy uzyn salyp dyýynç alaryn-ow, nesip edeninden, bissimyllasy bilen!” diýip, ýaňy bir düşegine geçer welin, olam şo pille gapdalynda gyşarar-da, bagra düşen gurt deýin onyýnyň meýnisiniňem hut mazgisiniň süýji maňzyny gemrip başlar. Munuňkam öten gije şeýtdi.
Belanyň körügem, özi bilen bir bölümde işleýän kärdeşine berilýän aýlygyň onuňkydan, hatynynyň lap urup aýdyşy ýaly: “iki esse” bolmasa-da, ep-esli köpdügini, şonuň aýaly bilen bazarda tötänden sataşanda eşidenligi boldy.
Uzak gije ine-gana ukusyny almaga goýulman gulagyndan garradylandan soňam, ol irden ýüzüni kürşerdip işine gaýtdy. Kanunda berkidilen deňhukuklylyga bolan hukugynyň göz-görtele, jinnek ýalam müýnürgelmän, aç-açan hem gödeksi diýseňem gelişmän durmajak derejede kemsidilýändigine hatyny tarapyndan gözleri açylan ol, kalbynda dyňzap duran kinesine bäs gelip bilmän, niýetini ýamanam bir berke düwüpdi.
Onuň baş maksady, edarasynyň bosagasyndan ätlän dessine, ýüzüniň ugruna, birjigem säginmän-sakynman-çekinmän, başlygynyň çat maňlaýynda desbi-dähil söm-saýak bolakga, oňa öte dogumlylyk bilen özüniň, öten agşam hatyny aýtmyşlaýyn: “paşmak süpürilýän trwapka” däldigini aýtmakdy.
Soňam birki agyz sözde, ýene-de öten agşam hatyny aýtmyşlaýyn: “näm-me üç-çin, howwa, howwa, hany sen-n-j-jagaz-z ýek-ke-je-surunjyk, aýt bakaly, nämme üççin, şumada çenli ol pelanyň äri bolan bolup ýören kişä şonça aýlyk alyp ýörüpdir, munuň ýaly sada hem jepakeş kişem munçajyk-wiççijek zagara tötege ýeterlik dadymlyk bilen oňmaly bolýandan bolup ýör?! Hä?! Nämme üççin?!” diýäkge, başlyk bolan bolup ýören tüntawyň öň ýanyny dolan diýdimzordan hasabat soramak isleýärdi.
Ýöne, näme üçindir, ol hojalyk jemgyýetiniň başlygynyň kabulhanasyna golaýladygyça, onuň öýünden çykyp gaýdaly bäri, bäriligine ädýän her ädimi bilen tapgyr-tapgyr barha möwjäp, çişip, tüweleýläp gelýän dogumam, kinesem öz-özünden kiparlap, pessaýlap başlady. Kabulhanaň gapysynyň deňesine ýetende bolsa, onuň kalbynda gopýan özüniň kanuny esasda berkidilen deňhukuklylyga bolan hak-hukugyny goramak niýeti bilen örç alyp galan kineli aýgydyndan nam-nyşan galmady. Ol kabulhanaň haýbatly hem goňur gapysynyň öňünden dem salymlygam aýak çekmän, ýüzüniň ugruna öz iş otagyna garşy geçip gitdi.
“Bumat, ir ertir bilen onuň nastroýennisi tos-togalak noldyr. Onnoň menem güpür-tapyr ýanyna girip, kellämde tozgalaýan şeýlekin pugta hem dogumly jümleleri suňşuryp goýbersem, o zaňňaryň çagasy, gahardan ýaňa püre-pür bolup duran gazap taňňyryny men bendiwanyň depesinden eňterip goýberämesin birdenkä!” diýen ätiýaçly pikir bilenem ol öz ýöwselligini aklajak boldy.
“Onnoňam” diýip ol iş otagynyň işigine ýakynlanda ol dana hem seresap oýlanmagyny dowam etdirdi: “Munuň ýaly çylşyrymly meseleler, durmuşda beýdip, öten agşam öýdäki aýtmyşlaýyn: “ýazylyp-ýaýrap ýatan ýazlagyň üstüne alaman çozan ýaly çapawullap” çözülmeýär. Megerem, meniň çakym çak bolsa, iňňän uly ebeteýdir-usul bilen, “moh-moh, juk-juk” diýip, towakga edilýäniň gerşiniň tüýüni dürslikgän sypalap, onuň gulagyna hoş ýakaýjak, ýakymlydan-mylaýym sözleri hetjikläp-hetjikläp çözülýän bolmaly”.
“Ýohha-da, şu başlyga ýüzlenip, ony taryplap goşgy düzäýseň neneň-niçik bolarka, onuň haly?!” diýip, ol iş otagynyň gapysyny açanda, onuň aňyna täze bir ajap pikir geldi. Onuň ýüzi ýagtylyp gitdi. Bada-badam bu täze pikirini ýüzüniň ugruna kämilleşdirip goýberdi: “Şol goşguda-da özümiň ondan isleýän zadymy öwgüli setirleriň arasyna bildirer-bildirmez sepläp goýberseň-ä, hasam edil ýöne eşrepi damdyrylan dek ýerine düşäkge şapylaşar durar! Hä?!”.
Öňki pikirini kämilleşdirýän soňky oýlanmasy onuň hasam hoşuna geldi. Şol sebäplem ol iş otagynyň bosagasyndan ätlände gül-gül açylyp, ýylgyrjaklap girdi. Daýysy: “ölemde ulagymam-jaýymam saňa wesýet etjek” diýen dek ýyrş-ýyrş edip, öz iş ornuna ýönelişine-de, ol misli özüniň aňyndaky pikiriniň emele gelşini giden bir otuz müň adamlyk stadion doly tomaşaçy demi tutulyp synlap duran mysaly: “Neneň görýäňizler, hä?! Görseňiz, akgaňlaňňam kellesi az-maz ony-muny gaýnatman duran dädir! Diňe öýdäkisiniň akly bilen akylly dädir, bi adamlaram! Özleriniň meýnisinde-de mazgisi ýok dädir!” diýene çalymdaş badyhowa oýlanmalar ony beýnisini gorjalady.
Kürsüsinde jaýlaşyp, otagdaşynyň heniz boş ornuna göwnüýetmezçilik bilen nazaryny aýlandan soň-a onuň hasam ylhamy joşdy. Ol henizem elinde saklap duran içi günortanlykly gaýyş sebedini gündeki goýýan ýerinde goýdy-da, öňüne galam bilen ýandepderçesini dartdy.
Ýeňsesini gaşady. Gözlerini süzdi-de, nazaryny hakykat-da, bäş ädim gabat-garşysyndaky sarymtyl-ala reňkli diwara, hyýalynda bolsa, gözýetmez-nämälim-ümmülmez alyslara dikdi.
Birsellem şeýle halda oturandan soňra, kellesine ýekeje setiriň birje sözem gelmänden soňra, ol mundan buýanky beýlekileriňki ýaly: “Şü goşgy diýilýän zadam şu pille sapsym ýazylman ýatyr-aýt! Äý bolýa-laý, menden şahyr çykyp, menem mundan buýanky eýlekileriňki ondan nan iýip başlamak derejesine ýetinçäm, kyýamat-ahyram boluberer-le!” diýip, derrew ruhdan düşjek bolup başlabermedi.
Hasyr-husur kompýuterini açdy-da, “syçanjygy” şyrkyldadyp: “Serçänem gassap soýsa köp ýahşy buladi!” diýip, burnuna siňdirip pyşyrdap, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň elektron kitabyny tapdy. Az wagtyň içinde onuň sahypalaryny ekranyň ýüzünde akdyryp, özüne üýtgetmek barypýatandanam beter ap-aňsatjak bolar ýalysyny saýlap aldy. Dessine-de göwnüne gelşine görä, Pyragynyň setirlerini üýtgedişdirmäge girişdi. Bir çäýnek çaý içer salym geçip-geçmänkä-de “döredijiligini” dyndy. Dodaklaryny müňk-müňk edip, gaýtadan okap gördi:
- “Islärin”
Rehim etseň, eziz başlyk,
Işdekäm boş wagt islärin.
Aýlygym geçen aý almyş,
Awansymy nagt islärin.
Pulsuzlyk bir ýaman ýoldur,
Pakyr menem, golum galdyr,
Gaşyň keman, ýüzüň güldür,
Başlyk jana bagt islärin.
Dükan-bazara ýörmäge,
Aýlyk ber, aşret sürmäge,
Seň saýaňda gün görmäge,
Pensýä çen pursat islärin.
Başlyk jan, derde ugraşdym,
Işe girdim, saňa duşdum,
Galdyrarňa kän garaşdym,
Ýarym stawka ştat islärin.
-Mbäh! Meniň eden dagy bolaýşym-aýt!-diýip öz-özündenem, öz “döredijiligindenem” monça bolan ol, keýpiçaglyk bilen ýeňsesini gaşalaşdyrdy.
Şol pursadam, edil: “Ýylanyň ýigreneni narpyz, olam hiniň agzynda gögerer” diýlişi ýaly, gapy emaý bilen açyldy-da, bosagadan otagdaş kärdeşi:
-Essalawmaleýkim!-diýip ätledi.
Şol özüniňkiden aýlygy iki esse köp alýan bölümdeşi...
Onuň ýüzi biygtyýar boz-ýaz boldy. Bada-badam hatynynyň öten agşamky awuly sözleri gulagynda ýaňlanyp başlady.
Ol sähel artyk eglense özüniň otagdaşyna gaharly jabjynyp başlabermeginden heder edip, çaltlyk bilen ýerinden turdy-da, kärdeşiniň hal-ahwal soraşmasyna gümmük-sümmük jogap gaýtaryp-gaýtarman otagdan çykdy. Ýene-de kalbynda joşan kemsinjine erk edip bilmänem, göni başlygyň kabulhanasyna ýüzlendi. Ýap-ýaňyja düze “şygry” hem ýatdan çykdy, başlygyň “gerşiniň tüýüni düzüwligine sypamak” hakyndaky “parasatly” pikirlerem huşundan uçdy.
Ýüzüni gara-ört edip, şol badyna-da, süsdürilip kabulhana girdi. Kätibiň ornunyň boşlugyna-dolulygyna üns bermänem, başlygyň iş otagynyň gapysyny çekdi. Işigi özüne dartmanka ony kakdymy-kakmadymy, oňa-da aň salmady.
-Salawmaleýkim. Mümkinmi?
-Hä, gel inim!-diýip öňündäki kagyzlara dümtünip oturan başlyk, başyny galdyrdy. Ýerinden turup onuň bilen ikelläp salamlaşdy. Aňy gyzyp duran ol bolsa, ýaşy özünden ep-esli uly adamyň bu sypaýyçylykly hereketine dynnym ýalyjagam ähmiýet bermän, ýüzüniň ugruna öz nägileligini beýan edip ugrady:
-Başlyk, menem edil öz bölümdeş otagdaşym ýalaky bu hojalyk jemgyýetiniň marketing bölüminde nijeme ýyllar bäri äkýürekden zähmet çekip gelýärin. Ýyl sanaşmaly bolsa-ha, hatda ondan birneme köprägem işländirin şu ýanda. Ýöne onda-da, näme üçin ol menden tas iki essä golaý köp aýlyk alýar-a? Ýa nä, meniň öz iş ýerime hyýanat eden ýagdaýym ýa-da öz işimi oňarmadyk gezegim bolmadymy?!...
Gepledigisaýy gany gyzyp barýan ol, entegem şu hojalyk jemgyýetinde işlän ýyllarynda göwnüne deglip-deglip, gursagynda gert baglap giden kän zatlar barada aýtjakdy. Hernä, köp çarşenbäni başyndan geçiren başlygy, onuň ýagdaýyna agzyny açandan düşünmäge ýetişäýdi. Başlyk gaharlanmady. Ol elini galdyrdy-da:
-Bolýar inim. Seniň nägileligiňe düşündim. Ýöne, inim men saňa aýdaýyn. Bu hojalyk jemgyýeti meniň hususy kärhanam. Men onsoň şu kärhana haýsy işgäriň näçe girdeji getirýändiginden we işini näderejede şu kärhana üçin bähbitli alyp barýanlygyndan ugur alybam, her biriňize aýlyk töleýärin. Şuny hem adalatly diýip hasap edýärin. Sebäbi, o nähili bolar ahyry, eger-de Türkmen aga aýtmyşlaýyn: “Suw getirenem bir, küýze döwenem bir” bolup, hemmeler biraýakdan sürlüp ýatsa?!-diýip, äwmän-alňasaman öz nukdaýnazaryny düşündirip ugrady.
-Başlyk, onda nä, men bu kärhana şondan iki esse az girdeji getirýänmi? Menem-ä: “Çörek iýýän, çagalarymy ekleýän ýerim-le” diýip, şu taýynyň ody bilen girip, küli bilen çykyp ýörün...-diýip, henizem kemsinji içini ot aldyryp gelýän ol başlygyň sözüni bölmäge howlukdy.
Başlyk ýene-de darykmady. Elini galdyrdy.
-Bolýar inim, görýän welin, sen gaty kemsinipsiň öýdýän. Gel hany, men saňa seniň bilen bölümdeşiň ikiňiziň işleýşiňizdäki tapawudy tejribede görkezjek bolup synanyşaýyn. Razymy şuňa?
Başlygyň görkezen kürsüsine-de geçmän, henizem dikilgazyk bolup duran ol, ylalaşyjylyk bilen baş atdy.
Başlyk öňündäki kagyzlary dörüşdirdi-de, olaryň arasyndan birini saýlap aldy:
-Ine inim, şu gün irden bazar monitoringi bölümi maňa Mary welaýatynda bir hususy telekeçide biziň ýerleýän harytlarymyzyň uly möçberiniň bardygyny habar berdi. Bar sen git-de, şol harydyň bahasyny bilip gelsene!
Ol göwnübir halda egnini gysdy-da, başlygyň uzadan kagyzyny alyp, çykdy. Iş ýerine barybam, otagdaşynyň ýüzüne-de garaman, satyjy bilen jaňlaşyp, derrew teklip edilýän harydyň umumy bahasyny anyklady. Başlygyň tabşyrygyny gaty bahym ýerine ýetirip bilýändigini subut etmek üçinem, aldyrany bar ýaly haýdap, yzyna, kabulhana dolandy. Girdi. Aýtdy.
-Bu diňe harydyň tutuş möçberiniň umumy bahasymy?-diýip, öz işine gümra başlyk başyny galdyrman sorady.
-Hawa.
-Onda harydyň bir birliginiň bahasynam soraýmaly ekeni. Sebäbi bizden satyn alanlarynda müşderilerimiz şol maglumatam hökman sorarlar.
-Häzir, bejit bilip gelýän, başlyk.
Ol ýene-de öz iş otagyna eňdi.
Jaňlaşdy. Bildi. Dolandy. Aýtdy.
Başlyk ýene-de edip oturan işinden ünsüni sowman, sowal berdi:
-Harydyň öndürilen ýurdy nire ekeni?
-Häzir bilip gelýän, başlyk.
Ýene-de iş otagyna tarap atylyp gitdi.
Jaňlaşdy. Bildi. Dolandy. Aýtdy.
-Harydyň öndürilen wagty we kepillik möhletiniň dolýan wagty haçan ekeni?-diýip, başlyk äýneginiň üstaşyr oňa äňetdi.
Onuň ýüzi çalaja gyzarjak boldy.
-Häzir bilip gelýän, başlyk.
Ýene-de kabulhana bilen iş otagynyň arasyndaky aralygy dem salymda geçdi.
Jaňlaşdy. Bildi. Dolandy. Aýtdy.
-Harydyň hemmesini bir gezekde satyn alsak, satyjy bahasyndan näçe eglişik edip bilýär?
-Häzir bilip gelýän, başlyk.
Eýýäm näçinji sapar geçen ýoluny ýene-de gaýtalady.
Jaňlaşdy. Bildi. Dolandy. Aýtdy.
...Soňam, takmynan otuz-kyrk minudyň içinde bu haryt babatda başlyk bilen onuň arasyndaky sowal-jogap alyşmak birnäçe sapar gaýtalandy. Kabulhana bilen iş otagynyň arasynda zygyr-zygyr gatnabam, ol gara dere batdy...
-Harydy biziň ammarymyza satyjynyň özi getirýärmi ýa-da ony daşamaly?
-Häzir bilip gelýän, başlyk...
-Bu harydy ýerlemek boýunça bazarlary öwrendiňmi? Haýsy bazarlarda ony çalt we özümiz üçin bähbitli ýerläp bolar? Içerki bazarlardamy ýa-da ýurduň daşyna çykarsak has peýdalymy?
-Häzir bilip gelýän, başlyk...
-Bu harydy diňe içerki bazarlarda ýerlesek, ony näçe wagtda ýerläp dynarys?
-Häzir bilip gelýän, başlyk...
Garaz, ol bu haryt boýunça başlygy gyzyklandyrýan hemme sowallara jogap berýänçä, ýagyrnysy öl-myžžyk bolup, maňlaýyndan deri joralanyp akyp durana döndi. Onuň agyrdan-agyr “haş-haşlap” durşuny äýneginiň üstaşyr synlan başlyk, uludan demini aldy-da:
-Indi bolsa, bärik seniň bölümdeşiňi çagyraly!-diýip, telefony galdyrdy. Gysgajyk:
-Hany, inim meniň ýanyma bir gelip git!-diýdi.
Biraz wagtdan işik kakyldy. “Geliber!” diýen sesi eşidenden soň, bosagadan bölümdeşi ätledi.
Başlyk gep çagaladyp durmady. Ýaňky haryt baradaky resminamany garasuw bolup, bugaryp duran onuň elinden aldy-da, bölümdeşine uzatdy:
-Inim, şu harydy hödürleýärler diýip, bazara gözegçilik bölümi maglumat berdi. Şony bir öwrensene!
Bölümdeşi başlygyň uzadýan kagyzyny aljagam bolmady. Oňa çala gözüniň gyýtagyny aýlady-da:
-Başlyk, irden işe gelenimde gündeki edişim ýaly monitoring bölümine baryp, olaryň bize ýaramly bolan harytlar baradaky maglumatlarynyň hemmesiniň göçürmesini aldym. Teklip edilýän harytlaryň biziň kärhanamyza ýaramlylaryny saýlabam, olaryň biz üçin bähbitliligi derejesinden ugur alyp, olary doly öwrenip otyrdym. Bu haryt barada bolsa zerur maglumatlary häli topladym. Onuň möçberi, her birliginiň bahasy, öndürilen ýurdy, daşaýyş usuly, şertleri we tertibi, öndürilen wagty, kepillik möhletiniň dowamlylygy, içerki we daşarky bazarlardaky isleglilik derejesi, satyn alan ýagdaýymyzda biziň ony ýerläp biljek bahamyz hem-de möhletlerimiz hakyndaky çaklamalar we beýleki zerur maglumatlaryň hemmesi barada gysgajyk, gysby kepilnama taýýarladym. Soňam gündeki edişim ýaly kepilnamany kärhanamyzyň içerki elektron resminama dolanyşyk ulgamyndaky siziň bukjaňyzda-da, monitoring bölüminiň bukjasynda-da goýdum...-diýip pert-pert jogap berdi.
Başlyk kelam agyz geplemän aýlygyndan nägile işgärine köpmanyly seretdi.
Ýüzi dym-gyzyl bolup gyzaran ol bolsa, başyny aşak salyp köwşüniň burnuna bakdy...