sahet_ashyrov
05.09.2020 10:58
KERTIGIŇ BIRGÄD BOLAN ÝYLY

– Haçan?
– Kertigiň birgäd bolan ýyly.
– Hä, o ýylmy?

* * *

Kertik pilini brigadiriň eline tutdurdy-da:
– Adamlary çürkäp ýörmän, oňarmaýan zadyňy oňaramok diýip aýdaýarlar – diýdi. – Sen meniň işimi ediber. Şu günden şeýläk men birgäd boljak. Görersiň, plany ýüz elli ederin.
Brigadiriň omaçaly hasaplaýan wezipesini elden sypdyrasy gelip durmy?! Ol ilki degişmedir öýdüp, Kertigiň ýüzüne ýylgyryp bakdy. Pil gahar bilen ikinji gezek eline tutdurylanda bolsa, gürrüňiň degişme däldigine düşündi. Eňkini agdaryp, nämedir bir düşüniksiz zatlary hüňürdäp, zut gitdi. Kertik onuň yzyndan gygyryp galdy. Barybir, şunuň bilen gürrüň gutarmady. Şol günüň ertesi Kertik ýene brigadiriň ýanyna geldi:
– Bizi bu ýylam ät goýjak bolma. Men seniň ýeriňe birgäd bolup, planymyzy doljak. Etsem-petsemlerim bar meniň. Al pili menden!
Adamlaryň birkisi ara düşmedik bolsa, şu sapar brigadire pili berjegi Kertigiň gara çynydy. «Beýle bolmaz» diýşip, Kertige töwella etdiler.
– Ol näme üçin bolmazmyş? – diýip, Kertik gaharlandy. Pili almajak bolup, elden-aýakdan galyp elewräp duran brigadiriň üstüne süründi. – Sen, şu günden başlap, meniň ýerime suwçy.
– Kertik dogry aýdýar. «Oňararyn!» diýýän bolsa, oňarar. Goý, ol birgäd bolsun! Iki ýyl bäri planymyzy dolup bilmän ýörüs – diýip, Kertigiň uguny ýekelänlerem boldy.
Adamlara tomaşa gerek. Olaryň köpüsi Kertigiň brigadir boljak bolup dyzap durmasyna hezil edip ýylgyryşdylar. Käsi ogryn, käsi dogryn kikirdedi. Kertige meçew berdiler:
– Kertik, al ondan birgädligi. Bize sen ýaly işeňňir ýolbaşçy gerek. Sen hökman plany dolarsyň.
Kertik brigadiriň yzyna kelte tirkelen ýaly bolup, nirä barsa yzyndan galmady. Göterip ýören pilini nädibem bolsa oňa berjek boldy. Hamala, pilini oňa berip bilse, wezipe çalşylaýjak ýalydy. Brigadirem elini arkasynda gizläp, başga-başga gepler bilen onuň ünsüni böljek boldy. Kertik soňabaka ir bilen brigadiriň ýoluny peýläp, öýüniň ýanynda garaşmagy çykardy.
Kertigiňki çüwdi. Şeýle gürrüň bolup durka, kolhozyň başlygy geldi. Kertik gürrüňi nagt etdi:
– Birgädligi ber maňa! – diýdi.
Başlyk beýle talaby öň eşidip görmedik bolarly: egnini ýygyryp, bir Kertige, birem kolhozçylara seretdi.
Kolhozçylar:
– Bize Kertigi birgäd goýuň! Besdir iki ýyllap yzda süýrenenimiz – diýdiler.
Başlyk:
– Adamlary ýygnaň! – diýdi.
Ýygnak geçirmegiň näme kynçylygy bar? Brigadanyň adamlary oňa halys öwrenişen. Olar ökdelän işlerine derrew girişdiler: «Häzir ýygnak boljak. Meýdan düşelgä barmaly» diýen tanyş habar sähel salymda oba aýlanyp çykdy-da, hemme adamy öňüne düşürip geldi. Brigadiri hem bir ýerden tapyp geldiler.
Ýygnak öňkülerden üýtgeşik boldy: uzaga çekmedi, üç minudyň içinde gutardy.
Başlyk ýygnagy açmak üçin ýerinden turdy. Gürlemäge ýetişmedi.
Kolhozçylar:
– Kertik bize birgäd bolsun! – diýip, ýerli-ýerden gygyryp, el göterdiler.
Ýygnak gutardy.
Başlyk sähel salymda geçen ýygnagyň täsirinden oňly aýňalyp bilmän ýerinden turanda Hemra Illew atly kelte boýly, garaýagyz, Kertik ilen gözlüje ýaşyt suwçy kolhozçylaryň işli-işine ugranyna üns bermän, piline söýenip nutuk sözledi:
– Kertik jany öňräk birgäd goýmalydyk. Şunuň ýaly gowy adam ýok. Oglankak bileje oýnardyk. Ol şo wagtam ökdedi. «Kertigi birgäd goýalyň» diýip aýtmakçy bolup ýördüm...
Adamlar oňa känbir ünsem berip durman, oljalary oňan ýaly ýylgyryşdylar. Meýdan düşelgesinde üç adam – başlyk, Kertik birgäd, Hemra galdy. Başlyk Kertige ýüzlenip:
– Ýüňsakgal edäýmegin! – diýdi.
Hemra Illew:
– Kertik jan ýüňsakgal etmez, başlyk! Oňarar! Siz arkaýyn bolaýyň! – diýdi.
Kertik birgäd ony gözi bilen iýäýjek bolýan ýaly, alarylyp seretdi-de:
– Sömelip durma-da, işiňe ugra! – diýdi.
– Derrew gygyrybermeli däl – diýip, Hemra Illew täze brigadirden öýkeledi.
– Ýene gaýtalaýynmy?
Hemra Illew ýeňsesini tüňňerdip, hüňürdäp gitdi. Başlygam gitdi. Kertik birgädiň bir özi galdy. Ol töweregine eýe hökmünde göz aýlady.
Etmeli işler kän. Bu ýyl-a bolmady. Indiki ýyl on gektar ýer açmaly. Soňkusy ýyl ýene şonçarak. «Hoja tokaý» atlandyrylýan atyz bilen «Dokuzlygyň» arasyndan ýap geçirmeli, ýogsa ol atyzlara suw çykanok. Azody köpräk tapmaly. Kolhozyň bereni bilen oňşup oturmaly däl, başlyk bilen dikleşibem bolsa almaly. Ýene näme? Kolhozçylaram-a haýdaşyp işläberenok. Olar edibilse, işlejek däl, muňa öwrenişipdirler. Eýdip-de bolsa, beýdip-de bolsa brigadadaky zatlary öýlerine daşajaklar. Sözüňi diňleýän ýok. Aýal-gyzlar-a haýsy tuduň aşagyny görseň otyrlar. Soň: «Kolhoz aýlygy az berýär» diýip gürrüň edýärler. Olar işlemeli wagtlaryny oturyp geçirýärler. Çaý içýärler, keşde çekýärler. Olaryň gürrüňleri hiç gutaranok. Olaryň towguna: «Tok!» diýýänem ýok. Indi näme diýmeli bolsa-da diýmeli. Işletmeli, plan dolmaly. Keşdelerini öýlerinde, gürrüňlerini işden soň etsinler. Her zadyň çeni-çaky bar...
Kertik şeýleräk pikirleri serinde aýlap, kolhozçylaryň otag otap ýören ýerine ugrady.
Aýal-gyzlar:
– Birgäd gelýär – diýşip, oňa ýylgyryp seretdiler.
Kertik birgäd:
– Ertirden başlap işe ir çykyň. Ýogsam menden eýgilige garaşmaň! Işläň, plan dolalyň – diýip, hemleli gürledi.
– Ilki aýalyň ir çyksyn! Şu ömrümize biz-ä Aýjanyň işe wagtynda gelenini göremzok.
– Çykmanam görsüň!
– Ony görübiýris. Ýöne sen uly gepleme.
– Çykmaly bolar.
Kertik birgäd traktorçylaryň işläp ýören ýerine bardy. Olaryň külte geçirişlerini barlady. Işe göwni ýetmedi. Başlygyň daşgynrak garyndaşynyň eden kültesi-hä hijem bolanok. Kültäni ýüzleý edip ýör. Ýa onuň başlygyň daşgynrak garyndaşylygy, ýa-da brigadirliginiň birinji günüligi üçin Kertik hyrçyny dişledi. Ertirki suw tutmaga başlan atyzyna bardy. Täze suwça etmeli işlerini düşündirdi. Ol garaňky gatlyşyberende ýola çykdy. Öýüne ugran kolhozçylara närazylyk bilen seretdi. Seredişi, olara uzynly gije işläň diýjege meňzeýärdi.
Şol günüň ertesi kolhozçylar işe ugranda hem Kertik birgäd ilkagşamky duran ýerinde durdy. Ol işe gijiräk çykan adamlara abyr-zabyr etdi. Käbiri bilen gygyryşyp, tas ýaka tutuşlyga-da barypdy.
Birmeýdan işlän kolhozçylar çäş çaýyna oturdylar. Her kim ýany bilen getiren termosyndan çaý içmäge başlady. Her tuduň kölegesi aýal-gyzlardan doly. Olaryň oturmasyna öňden bäri jany ýanyp ýören Kertik birgäd çydap bilmedi:
– Işe geleniňize iki sagadam bolanok. Eýýäm otyrsyňyz. Hany, derrew turuň. Meniň bilen oýun etmäň.
– Gygyrybermesene, oglan! Bir käse çaý içeli, derrew turarys – diýip, aýallaryň biri mylaýym gürledi.
– Çaýy günortan içersiňiz. Gowaça ota basylyp ýatyr. Plan dolmaly! Men söz berdim! Işläň!
– Biziň üstümize gygyryp durman, ilki öz aýalyňy turuz. Biz-ä Aýjan oturansoň oturdyk, ýogsam oturjagam däldik.
– Şol-a oturmaz!
– Otyr şol-a!
Kertik birgäd hasanaklap gitdi. Yzyndan çykan kikirdileri-de eşitmedi.
– Aýalym bolman, Hudaýym bolsaňam, işlemeseň gözüňde ot ýakaryn – diýip, Kertik baryş ugruna gygyrdy. – Tur ýeriňden! Gir atyza!
– Goýsana, Kertik – diýip, Aýjan gyzardy. – Şumat oturdyk ahyryn. Bir käsejik çaý içdigimiz – turarys.
Kertik birgäd aýalynyň termosyny aldy-da, ýere gütüledip urdy:
– Tur!
Hemme zadyň mazasy gaçdy. Gülesleri gelip duran aýal-gyzlar alahasyrdy bolup ýerlerinden turdular, howlukmaç atyza girdiler.
Kertik birgäd gözüne ýaş aýlan aýalynyň üstüne abaýly gygyrdy:
– Bu ýere çaý içmäge geldiňmi? Hä? Ýa meni masgara etjek bolýaňmy? Bar, işle, gözüň ýaşyny ýandak bilen süpür!
Tuduň kölegesinde Kertigiň ýeke özi galdy. Ol külte geçirilip ýören atyza bardy. Gör ahyryn edýän işlerini! Heý, gaharyň gelmez ýalymy? Traktor gyradan aýlananda birki düýp gowaçany mynjyradyp gidipdir. Her sapar gyradan aýlananda iki düýp gowaça mynjyradylsa, ýygyma çenli hiç zat galjagam däl. Seresaplyja bolaýmaly ahyryn! Eli ruldadyr, aňy bolsa başga bir ýerdedir. Öňki brigadir, başlygyň daşgynrak garyndaşy bolansoň, traktorça ýagşydan-ýamandan hiç zat diýen däldir. Ynha-da adamlaň bolşy! Arkasy güýçli göwnüne gelenini edip ýör. Ýok, beýle zada ýol berip bolmaz. Bolsa bolsun başlygyň garyndaşy! Kertik birgäd ýene bir düýp gowaça mynjyradylsa, eýgiligiň bolmajakdygyny traktorça «düşündirdi».
Kertik birgäd Hemra Illewiň suw tutýan atyzyna bardy. Atyzyň käbir keşi suwdan dolupdyr. Gaýra gyradaky ýaňy iki gulak bolan gowaçalar suwuň aşagynda görnenogam. Böwet böwsülipdir. Hany Hemra Illew!?
Kertik birgäd:
– Hemra, Hemra! – diýip gygyrdy.
Töwerekde hiç kim ýok. Kertik birgäd dalda isläp, hemme ýere seredip çykdy. Ol iki ýüz metr çemesi aňyrdaky – tuduň gapdalyndaky bir gara zada gözi düşüp çiňerildi. Pil ýere urlup goýlupdyr. Onuň ujuna bolsa ala-mula papak geýdirilipdir. Şol! Hemra Illewiň öýlenjek uçurlary alan ala-mula papagy! Ýatandyr! Ýogsa Kertik birgädiň ýogyn sesini eşiderdi.
Kertik Hemra Illewi urar ýaly degerlije zat agtardy. Eline ilen çybygy garbap aldy-da, bardy bärden. Hemra Illew goýy kölegede ýeňiljek hor çekip ýatyr. Täze birgäd pile geýdirilen papagy wazyrdadyp goýberdi-de, aşagyna ganar ýazyp, ädiginem ýassyk edinip ýatan Hemra Illewiň pökgerip duran garnynyň üstünden saldy çybygy. Suwçy ýalpa gözüni açdy. Üstüne abanyp duran Kertik birgäde nazary kaklyşanda nämäniň-nämedigine derrew düşündi. Ýetişdiginden yza süýşenem bolsa, ikinji, üçünji gezegem çybyk «iýdi». Süýşenekläp gutulmajagyny bilip, zöwwe ýerinden turup, göterdi ökjäni. Ynanar ýaly däl! Ýöremäge ýaltanyp ýören Hemra Illewe nirelerdendir bir ýerden güýç gelipdir: baş açyk, aýakýalaňaç dazlap barýar. Baý-ba, töwella etmek üçin dursa, uruljagyna gözi ýetik Hemra Illew bu mahal näçe ýyndam bolsaňam ýetdirer ýaly däl. Respublikan ýaryş geçirilse, gürrüňsiz birinji orny aljak ol. Gahardan ýaňa gözleri hanasyndan çykaýjak-çykaýjak bolan Kertik-de alarladyp barýar. Ol:
– Mert bolsaň dur! – diýip, Hemra Illewiň yzyndan sojap gygyrýar.
Hemra Illewe mertlik gerek däl bolarly, ýa ol Kertigiň sözüni eşidenok, pökgüje garnyny selkildedip, yzyna garaman gaçyp barýar. O pökgüje garnyň ýolda gaçyp galmaýşyna şükür!
Ol ikisiniň bolup baryşlaryny gören kolhozçylar işlerini goýup, olara tomaşa etmäge durdular, gülüşdiler. Hemra Illewiň welin agysy tutdy. Ol öýüne kürsäp girdi-de, gapysyny içinden kiltledi. Kertik gapyny näçe çekse-de, açyp bilmedi:
– Hemra, çyk daşary! Almytyňy al!
– Jan Kertik, janlar Kertik, indi ömürylla uklamaýyn! Şu saparlykça hiç zat diýme.
– Meniň öýümi otla, günäňi öteýin. Ýöne kolhoza eden zyýanyň üçin günäňi ötüp biljek däl.
– Indi gaýtalamaryn...
– Hemra, namart bolma, çyk! Ikimiz deň-duş ahyryn. Düşün maňa. Ýene üç gezek ursam – bolany! Onuň bilen ölmersiň.
Hemra Illewi daşary çykaryp bilmänsoň, Kertik birgäd yzyna gaýtdy. Obadan çykmanka onuň yzyndan on-on iki ýaşlaryndaky ogly ýetdi.
– Kaka, bu gün günorta çaý içmäge barmadyň-a? Enem saňa nahar bişirip garaşdy. Ol: «Oglumyň öňki işi gowy ekeni. Öň günortan çaýyny arkaýyn içýärdi. Birazajyk uklaýardam» diýýär.
– Onsoň näme? – Kertik birgädiň bolşy Hemra Illewden çykaryp bilmedik ahmyryny oglundan çykararly göründi.
– Enem iýer ýaly zat iberdi. «Çaýy öýlän çaý içýän kolhozçylaryň ýanyna baryp içäýsin» diýdi.
– Baý, bularyň ökdedigini! Ertir çaýy, çäş çaýy, günorta çaýy, öýlän çaýy. Haçan işlemeli, haçan? Getir zatlaryňy. Indem göni ejeň ýanyna eň. Köp gaýtalatmaň maňa, ejeňe kömekleş.
Kertik birgäd ýadady, lüti çykyp ýadady. Öýde oňa ejesi töwella etdi:
– Wah, jan oglum, sen-ä birgädlik diýip, dynç başyňy gowga saldyň. Eýýäm garört bolupsyň. Taşla bu käriňi! Suwçulygyňy ediber. Sen bu işde saralyp soljak. Ertiriň özünde tabşyr, oglum.
– Ýok, eje, men birgädiň abraýyny galdyrmasam bolmaz. Işlemän aýlyk alyp ýören kän. Aýyň ahyrynda biler olar nämäniň-nämedigini. Adamlar işlemän aýlyk almaga öwrenişdiler. «Küýze döwenem bir, suw getirenem» diýilýäni boldy. Men muňa ýol berjek däl. Öňki birgäd ýaly, kolhozyň puluny ýele sowurjak däl. Onsoňam bu ýyl-a diýmäýin, indiki ýyldan başlap, pagtany hasam köp tabşyraryn.
– Ýamanatly bolma, oglum...
Kertik ejesiniň pendini tutmady. Aňynda müň pikir aýlamaga başlady. Bir ýerden ýap gazmaga girişdi. Käbir kolhozçy bilen sögüşdi. «Birgadadan çykararyn» diýip haýbat atdy. Daň atýança janyny ýakan zady, gygyryşan adamy köp boldy. Daňdan aýalyna, çagalaryna abyr-zabyr edip, olary işe ugratdy. Ýola çykyp, kolhozçylaryň işe çykyşlaryny barlady. Işe wagtynda çykýan adamyň azdygyna jany ýandy. «Diňe pitjiň atyp ýörmek gowy eken...» diýip hüňürdedi.
Ol entek günorta bolmanka adamlaryň meýdan düşelgä howlugyp baryşlaryna geň galdy. Gahary geldi. Ol birki adamy saklajak boldy:
– Entek ir ahyryn. «Işe» diýip öýden çykyp, çaý içmekden, nahar iýmekden başga edýän işiňiz ýok siziň. Nirä eňip barýaňyz? – diýip, ol öwran-öwran gaýtalady.
Oňa:
– Ýygnak bar – diýdiler.
– Ol nämäniň ýygnagy? Men ýygnagy indiki aýyň ýigrimi sekizinde geçirjek. Öňküler ýaly, ýygnagy köp geçirjek däl.
Hana, üç-dört sany kolhozçy başlygy alyp geldi. Başlyk gaharly görünýär. Ol Kertik bilen sowuk-sala salamlaşdy. Nätse şeýtsin! Kertik birgäd onuň bilen köp zatlary düşünişjegine begendi.
– Başlyk, her gün agşam ýygnak geçirişiň bolanok. Ýygnagy halamaýandygym üçin, öten agşam ýygnagyňa barmadym. Indem barmaryn. Üýtgeşik iş çyksa welin, men seni nirede bolsaňam taparyn. Häzir geleniň gowy boldy. Maňa beren azodyň az. Ýene azyndan iki maşyn azot bermeseň boljak däl. Soňky gün menden pagta sorarsyň. Meýdan düşelgä berilýän etiňem çorbasy çykanok. Heý, ýagy çykar ýalysy ýokmy?
Başlyk:
– Nämäniň ýagy çykar ýalysy? – diýip, geňirgendi.
– Goýnuň...
– Ýok...
Adamlar ýygnanyşdy.
Ýygnak ýene uzaga çekmedi.
Başlyk gürlemäge ýetişmänkä, adamlar ýerli-ýerden:
– Kertik bize birgäd bolmasyn! – diýdiler.
Hemmeler el göterdi.
Ýygnak gutaranam bolsa, gaharyna titir-titir edýän Hemra Illew ala-mula papagyny eline alyp, nutuk sözledi.

* * *
– Bul aýdýanyň haçan bolupdy?
– Kertigiň birgäd bolan ýyly...

1986 ý.

Osman ÖDE
2
59
BagtyýarGeldiýew
5 Sentýabr 2020
Ajaýyp eserler, so dusunjamizin pesligini gorkezyada son
sahet_ashyrov
5 Sentýabr 2020
BagtyýarGeldiýew,hakyky talapkar bolsa halananok
BagtyýarGeldiýew
5 Sentýabr 2020
Beh basa gowy ekende sony gynanclylay bir adam gowy is etjek bolsa adamlar islanok solardan talap edenink

BagtyýarGeldiýew,ozlerinden talap edenini islanok emma gowy netije alynmasa hemme narazy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.