sahet_ashyrov
04.12.2020 11:52
NIREDEN GELEN JÄHENNEMÇILIK?
Türkmenlerde: “Şu günlügiňi tapsaň ertirligiňi gaýgy etme”diýen söz bar. Many taýdan ol köp derejede jähennemçiligi aňladýar. Gahrymançylyk eposymyzyň gahrymany Görogly begem ertirini gaýgy edip oturan adam däl. Elbetde, ýokarky söz döwlet syýasatynyň ýörelgesine gabat gelenok. Hakyky döwlet ertirki durmuşyň aladasy bilen ýaşamaly. Türkmenleriň telim asyr döwletiniň bolmandygy, tire-taýpa pytraňňylygynda ýaşan adamlaryň diňe bir günki güzeran üçin alada galyp ýörmekleri şeýle psihologiýany döreden bolmasyn? Mahal-mahal öz halkymyzyň jähennemçilik meýillerinde görkezýän biagyrlyklaryny aýyplamaga-da dilimiz barýar. Emma halkyň asyrlaryň dowamynda hakyky sungat derejesine göterlip bilen seneti döredenligi bir günlik döwrana kaýyl bolup ýaşanmandygynyň aýdyň mysalydyr. Eýse, jähennemçilik meýilleri nireden döräpdir?
Yslamyň taryhynda sopuçylyk (sufizm) ugry orta asyrlarda has täsir ediji güýje öwrülýär. Sopuçylygyň esasy taglymatlarynyň biri-de, dünýäniň eşretinden özüňi binesip etmek, diňe hudaýa sygynmak. Iýmek, içmek, geýmek keýp-sapa adamyň aladasy bolmaly däldir, esasy alada hakyň ýolunda ejir çekmek, ruhy päklikde hakyň nuruny özüňe siňdirmek, oňa golaýlaşmak.
Sopuçylygyň düýp maksadyny durky bilen kabul eden, onuň ýowuz düzgünlerine laýyk ýaşaýan adamlaryň bir toparyna derwüşler diýilýär. Olarda öý-öwzar, mal-emläk bolmaly däl. Diňe hudaýa söýgi olaryň ýüregine melhem bolýar. Derwüşler güzeranyň aladasyny asla etmeýärler, gedaýçylyk edenlerinde-de şu günki iýjeginden artyk owkat ýygnamak olar üçin gadagan.
Sopuçylygyň aýratyn ösen ýeri diýlende Horasanyň hem ady tutulýar. Bu pukiriň dogrudygyny nygtamakdan ötri, ady musulman ýurtlaryna dolan belli pirleriň häzirki Türkmenistanyň territoriýasynda ýaşandyklaryny aýtmagam ýeterlik bolsun gerek. Olardan häzir Saragtbaba ady bilen tanalýan, XI asyrda ýaşan Abu-l-Fazl Saragsy, ondan tälim alan Mänebaba- Abu Seýd Meýheni, Merwde jaýlanan Hoja Ýusup Hemedany, Köneürgençde jaýlanan Najmeddin Kubra we başgalaryň adyny tutsa bolar. Sopuçylygyň asyrlar dowamynda türkmen halkyna, onuň medeniýetine, aýratynam poeziýasyna täsir edendigini bellemeli. Eger bagşylaryň owazy bilen halkyň ruhuna siňen poeziýanyň obrazly aňlatmalary arkaly ýalançy dünýäniň şerinden gaça durmagy çagyryşlar edilen bolsa, şol poeziýa sarpa goýýan halkyň belli bir derejede oňa eýerjegi, ýa-da eýermäge ymtylmagy bolup biljek zat. Magtymguly “Boldum imdi” şygrynda şeýle diýýär:
Dünýä menden hezil etmez, men hem bähre almaz men,
Odum ötgür, derdim köp, hoşbagt bolup gülmez men.
Agyr baha älemni alty pulga almaz men,
Dost kaýsy, duşman kaýsy, parhyn edip bilmez men.
Hiç kimse aňmaz halym, aýana boldum imdi...
Durkuň bilen haka sygynmak, rysgyň hakda alada etmän, Alla- nyň merhemedine tabyn bolmak, ertiriň gamyny iýmezlik pakyrlaryň ýa-da derwüşleriň edasydyr. Ýöne bu taglymat juda gadymydyr. Muňa göz ýetirjek bolsaň Mattanyň Injiliniň altynjy babyndan aşakdaky jümleleri okap göreliň:
“25. Şonuň üçin size aýdýaryn: näme iýmeli, näme içmeli diýip, öz janyňyzyň aladasyny etmäň, egniňize näme geýmegiň aladasyny etmäň. Jan iýmitden, beden geýmitden belent dälmidir eýsem?
26. Asmandaky guşlara garaň: olar ekenoklar, oranoklar, ýygnanoklar, Arşdaky Ataňyz olary ekleýär. Siz olardan has zyýat dälmi?
27. Alada edeniňiz bilen boýuňyzy bir garyş ösdürip bilermisiňiz.
28. Näme sebäbe geýimiň aladasyny etmeli? Meýdan güllerine syn ediň, olaryň nahili ösýändigini görüň, alada-da edenoklar, egrenoklaram, dokanoklaram.
29. Emma size aýdaýyn ki, Solomon şöhratyň çür depesindekä olaryň biriçe-de geýnip bilmändi.
30. Eger şu gun ösüp oturan meýdan oty ertir oda ýakyljagam bolsa, Hudaý ony sizden zyýat geýindirýär.
31. Şeýlelikde alada galmaň: “näme iýeris?” ýa-da: “näme içeris?” ýa-da: “näme geýineris” diýmäň.
32. Sebäbi, bu zatlary butparazlar gözleýändir, siziň bu zatlary gerekleýändigiňiz Arşdaky Ataňyza aýandyr.
33. Siz öňinçä Hudaýyň patyşalygyny, onuň hak ýoluny gözläň, galan zatlaryň hemmesi siziň üçin biter gider.
34. Şeýle bolansoň ertirki günüň gamyny iýmäň, ertiriň özi öz aladasyny görer: her günüň öz aladasy özüne ýetikdir”.
Gördüňizmi, biziň jähennemçilik hökmünde kabul edýän häsiýetimiziň kökleri aňyrdan gelýän ekeni. Ol Injilden-de gadymydyr. Bu örän uly mesele, häzir oňa başymyzy sokjak bolup oturman, bir pikiri tekrarlamak bilen oňaýalyň: jähennemçilige aýratyn bir halkyň gylygy hökmünde garamak ýalňyş bolar.
Tirkiş JUMAGELDI.
5
160
sahet_ashyrov
03.12.2020 09:00
Meşhur kezzaplar
Dowamy...
Doganlar Popowlar – çaý kezzaplary
XIX asyryň soňunda Rus patyşalygynda tütjar baý söwdagär doganlar Popowlar ilatdan öň ulanylan çaý şemmesiniň guradylan görnüşini sähel bahadan satyn alyp, soňra ol şemmä guradylan iwan-çaý ýaly dürli ot-çöpleri goşup hem-de şol önümiň reňkiniň hakyky gara çaýyň reňki ýaly bolmagy üçin ony gurum we gökdaş (kuporos) bilen garyp, täzeden ilata ýokary hilli hytaý çaýy hökmünde satypdyrlar.
Doganlar Popowlar bu pişeleri bilen 10 ýyldan gowrak wagt meşgullanyp, Rus patyşalygynyň iň meşhur çaý söwdagärlerine öwrülmegiň hötdesinden gelipdirler. Ýöne muňa garamazdan 1888-nji ýylyň maýynda doganlar Popowlaryň ähli pyrryldaklary paş edilipdir. Derňewiň dowamynda olaryň diňe bir çaý önümlerini däl-de, eýsem derman serişdelerini hem galplaşdyryp ýasandyklary anyklanypdyr. Onsoň doganlaryň ulusy Aleksandr ähli günäni öz boýnuna alyp, Sibire sürgün edilipdir. Doganlaryň kiçisi Iwany bolsa aklapdyrlar.
Aleksandr Politkowskiý – humarbaz begzada
Pessejik boýly, garynlak, garaýagyzja rus begzada neslinden bolan Aleksandr Politkowskiý 1839-njy ýylda Napoleon bilen urşuň weterany, knýaz Aleksandr Çernyşýowyň ynamyna girip, 1812-nji ýylyň urşunda ýaralananlaryň we maýyp bolanlaryň komitetiniň direktory wezipesine bellenýär. A.Politkowskiý öz wezipesinden peýdalanyp, weteranlaryň işlerini galplaşdyryp, galp resminamalar bilen ýok adamlaryň adyndan döwlet nepaga pullaryny almaga başlaýar.
Ol 1853-nji ýylda örän geň ýagdaýda – özüni heläkläpmi ýa-da iýmitden zäherlenipmi ýa-da kimdir biri tarapyndan awy berlipmi – aradan çykýar. Şoňa çenlem ol özüniň görkezilen komitete ýolbaşçylyk eden 14 ýylynyň dowamynda Rus patyşalygynyň jemi million rubla golaý puluny ýom-ýok edýär. Häzirki döwrüň pulunyň hümmetinden hasaplananda A.Politkowskiýniň kezzaplyk edip gazanan pullary, jemi 22 857 142,9 amerikan dollary töweregi bolýar.
A.Politkowskiý öz kezzaplygynyň üsti açylmanka aradan çykmagyň hötdesinden gelenem bolsa, onuň yzynda uly möçberde emläk galmandyr. Sebäbi ol ölemen humarbaz bolup, bir gijede şol döwrüň pulundan 30 000 rubly ýa-da 100 000 rubly hem kartda utduryp ýa-da utup biler ekeni. 100 000 rubl bolsa, häzirki döwrüň pulunyň hümmetinde, takmynan 2 142 857 amerikan dollary bolýar.
Entoni Žinýak – 30 ýyllap galp şazada
2017-nji ýylda ABŞ-da özüni 1991-nji ýyldan bäri hemmelere Saud Arabystany Patyşalygynyň mirasdüşer şazadasy hökmünde tanadyp gelen 47 ýaşyndaky kezzap Entoni Žinýak tutulyp saklanýar. Onuň soňky kezzapçylygy bolsa, ol telekeçi Jeffri Safferi, onuň myhmanhanalar ulgamyny ösdürmek üçin özüniň 400 million amerikan dollary möçberinde maýa goýjakdygyna ynandyrmaga çytraşmagy bilen bagly bolupdyr.
Onuň kezzapdygynyň üstüniň açylmagyna-da onuň doňuz etinden taýýarlanan tagamlary çakdan aşa halaýandygy sebäp bolupdyr. E.Žinýagyň J.Saffer bilen nobatdaky duşuşyk-naharynda doňuz etinden kakmajy işdämenlik bilen iýýändigi, musulmanlaryň doňuz etini iýmeýändiklerini daş gulakdan eşiden telekeçide müňkürligiň döremegine getiripdir.
Şol müňkürligi bilenem J.Saffer özüniň howpsuzlyk gullugynyň başlygyna “arap şazadasy” barada degişli maglumatlary anyklamak hakda buýruk bermegine getiripdir. Şondan soňam “şazadanyň” şazada däldigi örän tiz ýüze çykarylypdyr.
Soň anyklanyşyna görä, E.Žinýak 30 ýylyň dowamynda şol bir “arap şazadasynyň” şekilini ýerine ýetirip, ynanjaň adamlary dürli möçberde çürkäp gelipdir. 2008-nji ýylda bolsa ol hatda “şazada” hökmünde ýaşan bir myhmanhanasyna ýetiren 10 müň amerikan dollary möçberindäki zyýany üçin azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza çäresinem çekipdir. Ondan başga-da ol birnäçe gezek tutulyp saklananda-da girewine uly möçberde pul töläp, jezadan gaçmagyň hötdesinden gelipdir.
Maýkl Nýu – Nigeriýaly şazadanyň hatlary
ABŞ-nyň Luiziana ştatynda polisiýa, özüni ýetginjek ýaşyndaky, garaýagyz Nigeriýaly şazada hökmünde tanadyp, e-mail poçtanyň üsti bilen internet ulanyjylara elektron hatlary ýollap, olary özüniň kyn maddy ýagdaýa düşendigine we maddy goldawa mätäçdigini ynandyryp, adamlardan aldap pul almak bilen meşgullanýan 67 ýaşly, akýagyz, pensiýadaky Maýkl Nýuny tutup saklapdyr.
M.Nýu bildirilen günäde onuň 269 adamy aldap, puluny alandygy bellenilipdir. Ýöne, polisiýanyň çaklamalaryna görä, “nigeriýaly şazadanyň” öz “gözýaşly, naýynjar hatlarynyň” üsti bilen ynanjaň adamlardan millionlap amerikan dollaryny gazanan bolmagy ähtimal.
Demir Maýk we jellada öwrülen kezzaplar
Elbetde “kezzapçylyk” diýlende, zorluksyz jenaýatlar göz öňünde tutulýanam bolsa, adamzadyň taryhynda hemme kezzapçylyklar beýle häsiýetlem bolmaýar. 1933-nji ýylyň gyşynda Nýu-Ýorkda gizlin gammarhanaň hojaýyny Toni Marino ganhorluk etmezden adam öldürmegiň we şonuň üsti bilenem pul gazanmagyň kül-külüne düşýär.
Ol şu maksat bilen Maýkl Malloý atly 60 ýaşyndaky öýsüz ykmanda alkogolige öz gammarhanasynda çäklendirilmedik möçberde spirtli içgileri içmäge ygtyýar berýär. Soňra bolsa M.Malloýyň ömrüni 3,5 müň amerikan dollary möçberinde ätiýaçlandyrýar. T.Marinonyň niýetine görä, M.Malloý içip-içip, gaty bahym ölmeli ekeni, ol bolsa onuň ätiýaçlandyrylan puluna eýe bolmaly ekeni.
Emma...
Sergezdan Maýkl çüýşe yzyna çüýşe boşadýandygyna garamazdan, ol hiç ölmeýär. Şonda T.Marino öz kisesine ätiýaçlyk pullarynyň tizräk girmegini üpjün etmek üçin, bu işi çaltlaşdyrmaga özüniň jenaýatçy dostlary Jozef Merfini, Frensis Paskuany, Herşi Grini we Deniel Krisbergi çekýär.
Ülpetler üýşüp awara Maýkla antifriz bilen garylan wiski içirýärler.
Maýkl ölmeýär.
Gaýta, bu içginiň öňkülerden has berk kellesini sämedýändigini aýdyp, ýene-de şondan guýup bermeklerini soraýar.
Ülpetler sergezdan Maýkla skipidar garylan brendi içirýärler.
Maýkl ölmeýär.
Ülpetler Maýkla alakalary zäherlenýän awy goşulan içgi içirýärler.
Maýkl ölmeýär.
Ülpetler Maýkla üstüne metanol guýlan ustrisa iýdirýärler.
Maýkl ölmeýär.
Ülpetler Maýkla porsan balykdan taýýarlanan we içine kindiwanja çüý bölejikleri sepelenen sendwiç iýdirýärler.
Maýkl ölmeýär.
Ülpetler öz aralarynda Maýkl Malloýy “Demir Maýk” ýa-da “Mizemez Maýk” diýip guwanç bilen atlandyryp başlaýarlar we günlerde bir gün Maýkly lül-gammar bolýança içirip, ony minus 26 graduslyk doňaklyk howa çykarýarlar-da, onuň üstünden bedreläp, buz ýaly suw eňterip, uzak gijelik aýazda taşlaýarlar.
Maýkl...
Ölmeýär.
Gaýta ertesi irden hiç zat bolmadyk ýaly Toni Marinonyň gammarhanasyna gelip girýär-de, ýene-de şerap haýyş edýär.
Sabyr käseleri dolan ülpetler Maýkl içgisini içip köçä çykýança garaşýarlar-da, ony ulaga kakdyrýarlar. Soňam ulagdan düşüp, Maýklyň buljum köçäniň gyrasynda bulam-delem bolup dem-düýtsüz ýatandygyny barlap görýärler-de, ertesi gün ätiýaçlandyryş guramasyna Maýkl pahyryň ömrüniň bahasyny almaga barýarlar.
Ol ýerde-de...
Maýklyň ölmändigini aýdýarlar...
Ülpetleriň sabyr käsesi çym-pytrak bolýar. Olar Maýklyň garyplar üçin hassahanadan çalak-çulak bejergi berlip çykarylaryna garaşýarlar-da, ony çola ýerde tutup, onuň agzyna gaz plitanyň şlangasyny dykýarlar.
Bu gezek...
Ajal ýeňýär.
Mizemez Maýk ahbetin aradan çykýar.
Ülpetler Maýkl Malloýyň janynyň bahasyny alýarlar.
Wakanyň iň esasy ýerem, ülpetleriň eden jenaýatynyň üsti hiç haçanam açyljak däl ekeni.
Eger-de olar, Mizemez Maýk we onuň bilen özleriniň goparan hokgalary barada gabat gelen ýerde lakgyldap ýörmedik bolsalar...
Ahyrynda ýaňra ülpetler tussag edilýärler we aýratyn zalymlyk bilen eden ganhorluklary üçin ABŞ-nyň şol wagtky kanunçylygyna laýyklykda ölüm jezasyna höküm edilýärler. Ülpetlerden diňe Herşi Grin deslapky derňewiň geçirilmegine ýardam berendigi üçin uzak möhletleýin azatlykdan mahrum edilmek jezasyna höküm edilip, diri galýar.
Nikolaý Pawlenko – ýok bölümiň serkerdesi
Näderejede haýran galdyryjy eşidilse-de, sowet döwrüniň iň uly kezzapçylyklarynyň biri Beýik Watançylyk Urşy ýyllarynda amala aşyrylypdyr. 1941-nji ýylda, Russiýanyň Twer şäherinde (şol wagtky Kalinin şäheri) frontdan gaçyp gaýdan Gyzyl Goşunyň serkerdesi Nikolaý Pawlenko galp resminamalar bilen “Kalinin frontynyň harby-gurluşyk şahamçasy №5” (UWSR-5) atly harby bölümi döredýär. Ýok harby bölümiň möhrüni N.Pawlenkonyň meslekdeşi Lýudwig Rudniçenko köwşüň ökjesinden kesip ýasaýar.
N.Pawlenko özüni ýok harby bölümiň serkerdesi edip belleýär we özüne maýor habry derejesini berýär. Galp resminamalaryň esasynda alnan pullar bilen ýok harby bölüm dürli iri harby birikmeleriň tabşyrygynyň esasynda ýollary gurýar, harby lybaslary tikýär. Eger-de bank işgärleri ýok harby bölüm babatda nämedir bir zatlary güman edip başlasalar, olara uly möçberde para bermek arkaly olaryň “agyzlarynam, gözlerinem ýumdurýarlar”.
Ondan başga-da N.Pawlenko harby komendaturalar bilen sowgat-salamly hyzmatdaşlyk edip, özüniň ýok harby bölümine ýaralanyp bejergi alan esgerleri gulluk etmäge ýolladýar. Şeýdibem 1945-nji ýyla çenli ýok harby bölümde 300-den gowrak şahsy düzüm gulluk edýär, ýok bölümde aýlanýan serişdeler bolsa üç million rubldanam geçip gidýär. Şol bir wagtda-da ýok harby bölüme berilýän ähli tabşyryklar boýunça işler öz wagtynda we ýokary hilli berjaý edilipdir.
Beýik Watançylyk Urşy tamamlanandan soň N.Pawlenko “Kalinin frontynyň harby-gurluşyk şahamçasy №5” (UWSR-5) harby bölüminiň işini bes edýär-de, 1-nji Harby gurluşyk müdirligini (UWS-1) döredýär.
Tä 1952-nji ýyla çenlem bu ýok bölüm öz işini üstünlikli dowam etdirýär.
Kezzapçylygyň üstüniň açylmagyna-da tötänlik sebäp bolýar. Bir ýalňyşlyk bilen UWS-1 bölümine işe kabul edilen harby däl (raýat) işgärleriniň birine ýerine ýetiren işi üçin zähmet haky tölenilmän galýar. Ol işgärem milisiýa arza bilen ýüz tutýar. Barlagyň dowamynda-da SSSR-iň Goranmak ministrliginde “UWSR-5” atly we “UWS-1” atly harby bölümleriň hasaba alynmandygy anyklanýar. N.Pawlenkony şol ýyl Kişinew şäherinde polkownik harby derejesindekä tutup saklaýarlar. Onuň ýangoşlary dökülende bolsa general harby derejesiniň pogonlary tapylýar. N.Pawlenko ölüm jezasyna höküm edilýär.
Geň ýerem, ýok harby bölümde gulluk eden esgerleriň aglaba köpüsi özleriniň bu kezzapçylygyň ýarany bolandyklarynam bilmän, hatda birnäçe döwlet sylaglaryna-da mynasyp bolup gezipdirler.
Dürli internet maglumatlaryndan terjime edilip taýýarlanyldy.
1
94
sahet_ashyrov
02.12.2020 12:49
MEŞHUR KEZZAPLAR
Dowamy...
● Pawel Şpeýer – “Gyzyl walet”
Moskwada, 1867-nji ýylda Pawel Şpeýer “Gyzyl waletler” atly kezzaplaryň toparyny döredýär. Kezzaplaryň bu toparynyň ilkinji uly aldawy ätiýaçlandyryş işi bilen baglanyşykly bolýar. Kezzaplar Russiýanyň dürli ýerlerine taýyn ýorgan-düşek daşlary we içki eşikler salnan köp sanly sandyklary ýollaýarlar. Sandyklaryň her birine-de 950 manat baha kesip, olary şol baha bilenem ätiýaçlandyrýarlar. Şol döwrüň kadalaryna laýyklykda, şeýle ätiýaçlandyryş dilhatylary tugraly kagyzda berlip, banklar tarapyndan karz alyş gymmatly kagyzlary (wekseller) bilen deň derejede alnan karz üçin girewine kabul edilýär ekeni.
Kezzaplaryň ýollan sandyklary ahyrky nokadynda kabul edijiler alýançalar “Gyzyl waletler” şol ätiýaçlandyryş dilhatylaryny banklarda girewine goýup, olaryň deregine-de nagt pul alypdyrlar. Haçan-da “Deňiz, derýa we guryýer ätiýaçlandyryşynyň hem-de ýük daşaýyşynyň rus jemgyýeti” banklaryň talapnamasy boýunça, olaryň ýitiren pullarynyň öwezini dolmak üçin şol sandyklary açanda, olaryň içinden biri-biriniň içine goýlan birnäçe çelekler çykypdyr. Iň soňky çelekde bolsa, daşy gaýym edilip dolanan “Imperatrisa Ýekaterina Ikinjiniň ýadygärliginiň açylmagy mynasybetli onuň ýatlamalary” atly kitap bar ekeni.
Ýöne “Gyzyl waletleriň” iň belli kezzapçylygy Moskwa şäheriniň Twerskaýa köçesiniň 13-nji jaýy salgysynda ýerleşýän Moskwanyň şol wagtky general-gubernatorynyň jaýynyň satylmagy bolupdyr. Pawel Şpeýer eýdip-beýdip general-gubernatoryň ynamyna giripdir we onuň öýüni özüniň tanyş iňlis begzadasyna (lorduna) görkezmäge generalyň razylygyny alypdyr.
Knýaz (rus hany) iňlis begzadasynyň öz öýüni arkaýyn, gysynman synlamagy üçin maşgalasy bilen özüniň şäher etegindäki mülküne gidipdir. Haçan-da yzyna dolanyp gelende bolsa, ol iňlis begzadasynyň hyzmatkärleri bilen bilelikde öz öýüne göçüp gelýändigini görüpdir. Soň anyklanylanda P.Şpeýer general-gubernatoryň öýüni iňlis begzadasyna 100 000 rubl bahasyna satypdyr ekeni.
Dergazaba münen Moskwanyň general-gubernatory “Gyzyl waletleriň” ählijesini gysga wagtda anyklap, tussag etmegä buýruk berýär. Şonda bu kezzaplar toparynyň 48 sany agzasy tutulyp saklanylýar. Olardan 36 sanysy bolsa Rus patyşalygynyň ýokary begzadalar gatlagynyň wekilleridigi ýüze çykarylýar. Şonda-da kazyýetiň hökümi bilen bu kezzaplar toparynyň esasy guramaçylary Sibire sürgün edilýärler, galanlary bolsa, tussaglaryň goşun bölümlerine höküm edilýärler.
● Graf de Tuluz-Lotrek, şol hem kornet Sawin – Gyş köşgüniň dellaly
XX asyryň başynda kornet (rus patyşa atly goşunlarynda kiçi harby dereje) Nikolaý Sawin, San-Fransisko şäherine gelip, iň gymmatbahaly myhmanhana otagyna ýerleşýär we graf Tuluz-Lotrek hökmünde özüni tanatmaga başlaýar. Ol gazetlere berýän interwýusynda özüni rus hökümetiniň Transsibir demirýol magistralynyň gurluşygy üçin materiallary satyp biljek gowy we jogapkär amerikan senagatçylaryny tapmak hem-de olar bilen geleşik baglaşmak hakynda gepleşikleri geçirmek barada ýörite tabşyryk bilen ugradylandygyny gürrüň berýär.
Ynanjaň telekeçiler onuň bilen tanyşmak üçin onuň işiginde ir ertirden agşama çenli nobata durýarlar. Her telekeçem “grafyň” göwnüni awlamak üçin oňa gymmatbaha sowgat-serpaý berýär. Graf Tuluz-Lotrek Kaliforniýa ştatynda birsellem syýahat edip, uly möçberde pul toplandan soňra, birdenkä hemmeleriň gözünden zym uçana dönýär.
Soňra N.Sawin Ýewropa – Rim şäherine ýüzlenýär. Ol ýerde N.Sawin Italiýa korollygynyň harby ministrliginiň tutuş atly goşun üçin atlary satyn almak isleýändigini eşidýär. N.Sawin özüniň ummasyz baş tohum atlary ýetişdirýän athanalarynyň bardygyny yglan edýär-de, italýan hökümeti bilen atlary getirmek barada şertnama baglaşýar. Hakujy tölenen dessine-de N.Sawin ol ýurtdan gaýyp bolýar.
Biraz wagtdan soň bolsa ol Bolgariýanyň paýtagtynda beýik knýaz Konstantin Nikolaýewiç Romanowyň keşbinde peýda bolýar. Şol ýerde-de onuň özüni iňňän ynandyryjy alyp barandygy sebäpli, bolgar begzadalary oňa Bolgar patyşalygyny tagtyna çykmagy teklip edýärler. Ýöne, haýp, birmahallar hakyky beýik knýaz Konstantin Nikolaýewiçiň saçyny timarlamak miýesset eden Sofiýaly sertaraş N.Sawiniň rus şazadasy däldiginiň üstüni açaýýar.
Emma, Bolgariýadan ölümiň öýünde gaçyp sypan N.Sawin munuň bilenem köşeşmeýär. Ol amerikali tütjar baý telekeçä rus patyşalarynyň köşgi bolan Gyş köşgüni satmagyňam hötdesinden gelipdir. 1917-nji ýylda rus ynkylabynyň tutaşmagy bolsa N.Sawiniň ýene-de jeza çäresini çekmän aman sypmagyna mümkinçilik döredipdir.
● Sofýa Blýuwşteýn – Sonka Altyn Eljagaz
Sofýa Iwanowna Blýuwşteýn, şol hem Şeýndlýa-Sura Leýbowna Solomoniak – Rus patyşalygynyň jenaýatçylyk dünýäsiniň iň meşhur şahslarynyň biri bolup, onuň tanalýan lakamy “Sonka Altyn Eljagaz” bolup durýar. Öz terjimehalyny yhlas bilen ýaşyrandygy sebäpli S.Blýuwşteýniň gelip çykyşy baradaky maglumatlar özleriniň dürlüligi bilen tapawutlanýarlar.
S.Blýuwşteýn öz döwrüniň okumyş hem bilimli zenanlarynyň biri bolmak bilen birnäçe daşary ýurt dillerinde erkin gepleşip bilipdir, uly artistlik zehininden peýdalanypdyr. Maglumatlara görä, bu kezzap zenan birnäçe gezek durmuşa çykypdyr. Onuň soňky äri – humar leýlaçy (şuleri) we kezzap Mihail Blýuwşteýnden S.Blýuwşteýniň iki sany gyzy bolupdyr.
S.Blýuwşteýn özüniň ilkinji ogurlygyny ýetginjek döwürlerinde amala aşyrypdyr. Şonda-da bu pişe ýaşajyk gyzyň şeýlebir hoşuna gelipdir welin, ol bütin ömrüni şu pişe bilen meşgullanyp geçiripdir. Onuň amala aşyrýan ogurlyklaram, kezzapçylyklaram özleriniň inçe tilsimliligi we mekirligi bilen tapawutlanypdyr. Çünki hiç kim begzada sypatly, ajaýyp keşpli zenanda ogurlygy we kezzaplygy özüne kesp-kär edinen aýýary güman etmändir.
S.Blýuwşteýniň emelleri juda köp ekeni.
Ol zergäriň dükanyna girip, ondan gymmatbaha daşlary görkezmegini haýyş edipdir, soňam daşlary synlap durka, haýsydyr bir başga zada satyjynyň ünsüni sowup, ýörite ösdürilen dyrnaklarynyň astyna gymmatbaha daşjagazlaryň birnäçesini dykmaga ýetişipdir.
Ýa-da ebeteýsizlik bilen gymmatbaha daşlary ýere seçen kişi bolup, olaryň birnäçesini özüniň köwşüniň ýörite ýumşak ökjesine ýelmeşdirmäge ýetişipdir.
Ýa-da ol mata dükanyna halta ýaly giň köýnegi geýip baryp, satyjynyň gözüne güýdüşip, şol köýneginiň astynda gymmatbaha matanyň ep-esli bölegini gizlemäge ýetişipdir.
Ýa-da ol dükana baranda ýanyna ýörite tälim berlen maýmynjygy alyp barypdyr. Haçan-da S.Blýuwşteýn satyjynyň ünsüni sowanda bolsa ýörite yşarata endik etdirilen janawer gymmatbaha bezegi alyp, hasyr-husur ýuwdupdyr. Soňra öýlerinde-de S.Blýuwşteýn maýmynjygy ýörite klizma edip, onuň aşgazanyndan ogurlan gymmatbaha şaý-sepini çykarypdyr.
Ýöne, her näçe sypjyk bolsa-da S.Blýuwşteýn ahyry tutulyp saklanyp, 34 ýaşynda azatlykdan mahrum edilipdir. S.Blýuwşteýn bendilikden üç gezek gaçypdyr. Emma her gezegem ony gaýtadan tutupdyrlar. Onuň jeza çäresiniň möhleti tamamlanandan soň bolsa ol Sahalin adasynda ömürlik sürgün edilipdir.
● Artur Fergýuson – Ýadygärlikleriň söwdagäri
Şotlandiýaly kezzap Artur Fergýuson amerikan jahankeşdelerine Angliýanyň milli ýadygärligi bolan Big-Ben minarasyny müň funt sterlinge, Bukingem köşgüni bolsa iki müň funt sterlinge satandan soňra onuň ady dünýä ýaýrapdyr. Ondan başga-da A.Fergýuson Teksan atly bankire Waşingtondaky Ak Tamy iki million amerikan dollaryna kärendesine bermegiň hötdesinden gelipdir.
Ol bu kezzapçylygyny amala aşyranda, bankyň eýesini amerikan hökümetiniň şol wagtda maliýe kynçylyklaryna sezewar bolandygyny, şonuň üçinem Ak Tamy kärendesine bermegiň kül-külüne düşendiklerini, özüniň bolsa bu “ýagşy işde” dellalçylyk edýändigini ynandyrmagy başarypdyr.
Mundan başga-da A.Fergýusonyň sada amerikaly jahankeşdelere Trafalgar meýdanyndaky admiral Nelsonyň ýadygärliginem alty müň funt sterlinge satandygy hakyndaky waka-da bar.
1925-nji ýylda bolsa ol ABŞ-a gelip, Nýur-Ýorkdaky Azatlygyň heýkeli satmakçy bolup duran wagty tussag edilipdir. Onuň şol etmişi üçin şol wagtky amerikan kanunçylygyna laýyklykda ol ömürlik azatlykdan mahrum edilmek jezasyna höküm edilmeli ekeni. Emma, kazyýet seljerişinde kezzaby, bu agyr jezadan halas eden ýekeje ýagdaý ýüze çykypdyr. Görlüp oturylsa, A.Fergýuson ABŞ-nyň çäginde syýahat edip ýörkä, Tehas ştatynda ýaşaýan bir dul aýalyň hojalygy ýananda oňa özüniň ýalan-ýaşrykdan toplan ähli pullaryny haýyr-sahawat diýip beren ekeni. Şonda-da A.Fergýuson ol dul aýala özüniň Gonkongly şazadadygyny we özüniň bütin Zemin togalagynda diňe şu pisint haýyr işleri etmek bilen meşgullanyp ýörendigini aýdypdyr.
Kezzabyň şu jomartlygy üçinem kazyýet oňa bary-ýogy bäş ýyl azatlykdan mahrum etmek jezasyny belläpdir.
● Kristofer Rokankurt – galp Rokfeller
Kristofer Rokankurt atly kezzap adamzadyň taryhynda galp Rokfeller bolup galmagyň hötdesinden gelipdir. Ol birnäçe ýylyň dowamynda özüniň Rokfellerleriň maşgalasyndandygyny aýdyp gezipdir we ABŞ-nyň prezidenti Bill Klintonyň ýegre dosty bolupdyr. K.Rokankurta kezzapçylyklaryny amala aşyrmaga onuň aýaly – “Playboy” žurnalynyň öňki modeli Mariýa Piýa Reýes ýardam beripdir.
K.Rokankurt ilkinji kezzapçylygyny Fransiýada amala aşyrypdyr. Ol öz eýeçiliginde bolmadyk emlägiň resminamalaryny galplaşdyryp ýasapdyr-da, ony 1,4 million amerikan dollaryna satypdyr.
1991-nji ýylda K.Rokankurt Ženewa şäherinde zergärçilik dükanyny talap, ol ýerden birnäçe ýüz müň şweýsar frank bahaly altyn şaý-sepleri ogurlapdyr. Soňra ol geçen asyryň 90-njy ýyllarynda özüni kinoprodýuser Dino de Laurentisiň ýegeni, aktrisa Sofi Loreniň ogly, Dodi Al-Faýediň dogany hökmünde tanadyp, ýalňyz ýaşaýan baý zenanlaryň ynamyna girip, olaryň başyny-gözüni aýlap, iň soňunda-da olary talap, gürüm-jürüm bolup gezipdir.
Ýöne, gaty bahym K.Rokankurt eger-de dünýä belli tütjar baýlar Rokfellerleriň “garyndaşy” bolmagyň, öz kezzapçylyklarynyň hemmesindenem beter bähbitli boljakdygyna göz ýetiripdir. Onsoň K.Rokankurt wagt ýitirmezden “Rokfeller” bolmaga başlapdyr. Ol bu keşpde örän çalt meşhur artistler Žan Klod Wan Damm, Mikki Rurk dagylar bilen dostlaşypdyr. Ol hatda Ž.K. Wan Damma onuň täze düşürmekçi bolýan filmini düşürmek üçin 40 million amerikan dollaryny bermegi hem boýun alypdyr.
Ýöne, bu kino ýyldyzlar K.Rokankurtyň amala aşyrýan pyssy-pyjurlyklary üçin örtgi bolup hyzmat edipdirler. Ol öz tanyşlyklarynyň hasabyna dürli işewürleriň ynamyna girip, olardan maýa goýum hökmünde iri möçberlerde pul alypdyr. 2001-nji ýylda-da K.Rokankurt aýaly bilen bilelikde tussag edilipdir. Kazyýet mejlisinde-de K.Rokankurt telekeçilerden umumy 40 million amerikan dollaryny aldap alandygyny boýnuna alypdyr.
Dürli internet maglumatlarynyň esasynda, terjime eden Serdar ATAÝEW.
Dowamy bar....
5
118
sahet_ashyrov
01.12.2020 17:14
MEŞHUR KEZZAPLAR
Beýik adamlaryň şan-şöhradynyň Ýeriň ýüzüne jar bolşy ýaly, ynsanyýetiň taryhynda meşhurlyga eýe bolan kezzaplaram bar. Şolaryň käbiri barada gysgaça maglumatlar okyjylar üçinem gyzykly bolmagy ahmal.
Wiktor Lýustig – Eýfel diňini satan kezzap
Özüniň ilkinji kezzapçylygyny Wiktor Lýustig 1910-njy ýylda – 20 ýaşyndaka amala aşyrypdyr. Ol ynanjaň işewürleriň birine özi tarapyndan oýlanyp tapylan ýüz dollarlyk puly neşir edýän ykjamja enjamy görkezipdir we bu enjamyň ýekeje ýetmeziniň bardygyny – onuň örän haýal işleýändigini, ýagny her alty sagatda birje ýüz dollarlyk puly çykarýandygyny aýdyp, ony ynandyrmagyň hötdesinden gelipdir. Wiktor Lýustig öz enjamynyň işleýşini müşderisine doly derejede subut edenden soňra, ol 30 000 amerikan dollaryna ony şoňa satypdyr-da, dessine-de ökjesine tüýkürip, şol jelegaýlardan gürüm-jürüm bolupdyr. Pul çykarýan enjamyň eýesi bolsa, öýüne gelip, enjamy işledende ol on iki sagadyň dowamynda hakykatdanam iki sany ýüz dollarlyk puly çap edipdir...Soňra bolsa ol arassa kagyz bölejiklerini çykaryp ugrapdyr. Çünki, W.Lýustig müşderini ynandyrmak üçin, şol enjamyna bary-ýogy dört sany ýüz dollarlyk pul salyp goýan ekeni.
Ýöne, W.Lýustig özüniň iň meşhur kezzapçylygyny, şondan 15 ýyl soň, Parižde Eýfeliň diňiniň abatlaýyş işlerini geçirmekligiň meýilleşdirilýändigini eşidenden soňra amala aşyrypdyr. Ol bu myş-myş gulagyna ilen badyna öz adyna Fransiýanyň Poçtalar we telegraflar ministrliginiň ýokary wezipeli emeldarynyň galp resminamalaryny taýýaplapdyr we şol döwürde Parižde ýaşaýan köne-küşül demir (metallolom) söwdasy bilen meşgullanýan işewürleriň bäş sanysyna özüniň täze, galp adyndan çakylyk hatyny ýollapdyr.
Işewürler bilen duşuşanda-da, Eýfeliň diňiniň öz garamagyndadygyny, onuň halys könelendigi we ýykylmak howpunyň bardygy sebäpli, Parižiň häkimliginiň ony ýykyp aýyrmagy meýilleşdirýändigini, ýöne bu maglumatyň Eýfeliň diňine buýsanýan şäherlileriň gaharyny getirmeginiň mümkindigi sebäpli, özüne Eýfel diňini ýykmak we onuň demrini satmak boýunça potratyň ýapyk auksionyny (kim ýokary söwdasyny) geçirmegiň tabşyrylandygyny aýdypdyr. W.Lýustig şol ýerde-de ýapyk auksion geçirip “bäşleşikde utan” işewüre Eýfel diňini 250 000 franka satypdyr-da, şol günüň özünde-de ýurduň çäginden sumat bolupdyr.
Wilgelm Foýgt – häkimligi basyp alan galp-serkerde
1906-njy ýylda, ýurtda hiç hili rugsatnamasyz ýaşaýan işsiz ykmanda Wilgelm Foýgt Berliniň etegindäki Kýopenik şäherçesinde prus (nemes, german) goşunynyň kapitanynyň köneräk lybasyny satyn alypdyr-da, bada-bat ony geýip, şäherçäniň garnizonynyň ýerleşýän ýerine ugrapdyr. Ol ýerde dört sany esger bilen bir seržanta gabat gelip, W.Foýgt olara öz yzyna düşmek hakynda buýruk beripdir. Düzgün-nyzam aňlaryna berk guýlan esgerler serkerdäniň buýrugyna ikirjiňlenmesiz tabyn bolupdyrlar.
W.Foýgt soňra şol esgerleri yzyna düşüribem haýbat bilen şäheriň häkimligine giripdir-de, ol ýerde işläp oturan emeldarlara, olaryň döwlet gaznasynyň serişdelerini bikanun eýeländikleri üçin olaryň hemmesiniň tussag edilýändiklerini yglan edipdir. Soňra W.Foýgt ýanyndaky esgerlere tussag edilen emeldarlary garawullamagy tabşyryp, özem maddy subutnama hökmünde alnan häkimliginiň gaznasyndaky ähli pullary alyp, demirýol menziline ýönelipdir.
Kezzap 10 günden soňra tutulyp saklanypdyr we kazyýet tarapyndan 4 ýyl azatlykdan mahrum edilipdir. Emma, bu waka üstünden iki ýyl geçenden soň German kaýzeri (imperatory) Wilgelm II gulagyna ýetipdir we onuň hoşuna gelipdir. Şonda-da Wilgelim II gülüp keýpden çykandan soňra özüniň şahsy permany bilen W.Foýgta rehim edip, ony azatlyga goýberdipdir.
1909-njy ýylda bu täsin waka barada kitap ýazylypdyr, soňra bolsa çeper film düşürilipdir hem-de sahna eseri döredilipdir. Häzirki wagtda bolsa Kýopenik şäheriniň häkimliginiň basgançagynyň öňünde rowaýaty “kapitan” Foýgtyň heýkeli lowurdap dur. W.Foýgtyň özi bolsa baý adam bolup nepaga çykypdyr.
Jozef Ueýl – Benito Mussolinini aldan kezzap
Jozef Ueýl XX asyryň ortalarynda öz meşhurlygy sebäpli “kezzaplaryň patyşasy” diýen lakamy hem göteripdir. Bir gezek, J.Ueýl saý-sebäp bilen Italiýanyň Milli Söwda Banky – Munsiniň täze ýere göçýändigini eşidipdir. Şonda ol boş ýatan jaýy satyn alypdyr-da, onuň içini bankyň içi ýaly goş-golamlar bilen üpjün edip, galp kätipleriň we galp müşderileriň toparyny hakyna tutup, şol ýerde gyzgalaňly bank işiniň gidýändigini şekillendiripdir. Bu uly sahnadaky hemmeje zadam J.Ueýl tarapyndan dörtden bir bahasyna hödürlenýän ýer şahamçalaryny satyn almaga meýil bildiren ýerli millioner üçin gurnalypdyr. Müşderi, ýagny şol millioner bankyň hojaýynyna – Jozef Ueýle garaşyp oturan wagtynda bankyň işiniň juda şüweleňli dowam edýändigini gyzyklanma bilen synlapdyr. Biraz wagtdan soňra bankyň hojaýyny – J.Ueýl müşderini argyn hem-de nägile keşpde kabul edipdir we çeňňege ilen millionere özüni eýdip-beýdip, ýer şahamçalaryny satmaga yrdyrypdyr. Haçan-da “söwdasy oňan” millioner ýer şahamçasy üçin tölegini geçiren gününiň ertesi bolsa, geleşigiň galpdygyny bilip, haýrany hekgeripdir. Baryp görseler, düýnki “gyzgalaňly işleýän bank” hem ýokmuş!
Şonuň ýaly usul bilen Jozef Ueýl Italiýanyň diktatory Benito Mussolinä-de Kolorado ştatyndaky baý magdanly ýerleri iki million amerikan dollaryna satmagyň hötdesinden gelipdir. Haçan-da Mussoliniň ýörite gulluklary J.Ueýliň kezzapçylygynyň üstüni açanlarynda ol diktatoryň gazabyndan gaçyp gutulmagam başarypdyr. J.Ueýl jemi 101 ýaşap, birnäçe gezek türmä düşüp-çykypdyr.
Frenk Abigneýl – FBR-de (Federal Derňew Býurosynda) işleýän eks-kezzap
Frenk Abigneýl-kiçisiniň amala aşyran kezzapçylyklary barada Golliwudda düşürilen we meşhur artist Leonardo Di Kaprionyň baş keşbi janlandyran “Eger-de başarsaň, meni tut” atly çeper filminden bilmek bolar. Frenk Abigneýl 16 ýaşynda özünde çekleri (bank töleg tabşyryknamalaryny) galplaşdyrmaga bolan ägirt uly zehiniň bardygyny anyklaýar. Biraz wagtdan soňra F.Abigneýl talanty bilen “dünýä inderilen”, jemi 2,5 amerikan dollarlyk çekler Ýer ýüzüniň 26 ýurdunda dolanyşykda ýüze çykarylýar. F.Abigneýl “Pan Am” uçar kompaniýasynyň uçarmanynyň galp şahsyýetnamasyny we ýörite lybasyny edinip, bu kompaniýanyň öz işgärlerine ýeňillik hökmünde öz uçarlarynda mugt gatnamaga berýän rugsadyndan peýdalanyp, özüniň ýasan şol çeklerini “aýagynyň ýeten” ýurdunda nagtlaşdyryp gezipdir.
Täze Orlean şäheriniň uçar menzilinde F.Abigneýl tasdanam polisiýanyň eline düşmän zordan sypandan soňra, ol hemme ýerde özüni çaga lukmany (pediatr) hökmünde tanatmaga başlaýar. Ondanam beteri, ol ABŞ-nyň Jorjiýa ştatyndaky hassahananyň çagalar bölümine çaga lukmany hökmünde galp resminamalar bilen işe girip, birnäçe wagtlap şol bölümiň müdiri wezipesinde-de işleýär. Soňra bolsa F.Abigneýl ABŞ-nyň Luiziana ştatynyň baş prokurorynyň edarasyna hünärmen hökmünde öz ýasan galp resminamalary bilen işe ýerleşýär. Ol işe ýerleşende-de, şol ýerde hukukçy hökmünde hünär synaglaryndan üstünlikli geçýär. Ýeri gelende, F.Abigneýliň hiç haçanam hukuk ýa-da lukmançylyk ugrundan bilim almandygyny bellemek gerekdir.
1971-nji ýylyň aprelinde ABŞ-nyň Wirginiýa ştatynyň Ýokary kazyýeti F.Abigneýli 12 ýyl azatlykdan mahrum etmek jezasyna höküm edipdir. Ýöne ABŞ-nyň Federal Derňew Býurosy onuň deňsiz-taýsyz zehinini ýurtdaky dürli kezzapçylyklaryň üstüni açmak üçin ulanmagy meýilleşdiripdir we F.Abigneýle ylalaşyk baglaşmagy teklip edipdir. Şonuň netijesinde-de F.Abigneýl bary-ýogy 4 ýyldan soň azatlyga çykypdyr. Häzirki wagtda F.Abigneýl FBR-de işleýär, ol resmi millioner, onuň aýaly we üç ogly bar. Ogullarynyň biri onuň edil özi ýaly FBR-de işleýär. Ýaşlygynda birnäçe ýyllap ony tutjak bolup jepa çeken FBR-iň agenti bolsa onuň ýegre dosty.
Ferdinand Demara – lukman däl lukman
1950-1953-nji ýyllarda bolup geçen Koreýa urşy ýyllarynda “Kaýuga” atly kanada harby gämisine on bäş sany ýaraly esgerleri getiripdirler. Olaryň hemmesem gämi lukmany Jozef Kaýr tarapyndan operasiýa edilipdir we olaryň hemmesi soňra sagalypdyr. Jozef Kaýr tarapyndan geçirilen şol operasiýalaryň iň çylşyrymlysy bolan – döş kapasasyndan gülläni aýyrmak bolsa Kanadanyň ýörite lukmançylyk žurnalyna-da girizilipdir. Bu wakanyň žurnalda neşir edilmegem ula giden dawa-jenjeliň başlanmagyna sebäp bolupdyr.
Habarçylaryň geçiren derňewiniň netijesinde Jozef Kaýryň Kanadanyň harby-deňiz güýçlerine galp at bilen gulluga girendigi, hakykat-da bolsa onuň hatda Kanadanyň raýatam däldigi, onuň çyn adynyň Ferdinand Demara bolup, onuň ABŞ-nyň raýatydygy anyklanypdyr. Iň täsin ýerem, F.Demaranyň lukmançylyga düýbünden dahylly zady ýok ekeni. Paş edilen F.Demara özüniň çagalykdan fotografiki ýatkeşliginiň bardygyny we özüniň ummasyz göwrümli tekstleri sözme-söz ýat tutup bilýändigini gürrüň beripdir. Lukmançylyk bilimleri bolmazdan şol ýaraly esgerleri operasiýa edende-de, F.Demara her operasiýa girmezinden ozal hirurgiýa boýunça okuw kitabyndan degişli bölümlerini ýat tutupdyr.
Ondan başga-da F.Demara ömrüniň dowamynda gurluşykçy-inžener, şerifiň (ABŞ-da polisiýa ygtyýarly wezipeli adam) orunbasary, türmäniň başlygy, psihologiýa ylymlarynyň doktory, adwokat, Çagalaryň hukuklaryny goramak gullugynyň bilermeni, benediktin monahy, gazetiň redaktory, düwnük kesellerini bejeriji hünärmen, hirurg-lukman, mugallym bolup üstünlikli işlemegiň hötdesinden gelipdir. Iň geň galdyrýan zadam, şol kezzapçylyklaryny amala aşyranda F.Demara hiç wagtam maddy bähbit agtarmandyr. Diňe özüne we özgelere başarmagy başarýandygyny subut etmäge ymtylypdyr.
Meri Beýker – şagyzy Karabu
Meri Beýker atly kezzap zenanam öz kezzapçylyklaryndan maddy bähbit gözlemedikleriň biri bolup durýar. Ol 1817-nji ýylda Glosterşir şäherinde geň-enaýy eşiklerde, başy selleli şekilde duýdansyz peýda bolýar we şähere gele-gelmäşe baglara dyrmaşmaga, täsin, düşnüksiz dildäki aýdymlara gygyrmaga, käte bolsa çuw-ýalaňaç halda derýajykda suwa düşmäge başlaýar. Gyzyň dilini hiç kim bilmeýändigi sebäpli, ony ilkibada eýdip-beýdip ýerli dünýewi kazynyň öýünde ýerleşdirýärler, soň bolsa şäherjigiň hassahanasynda otag berýärler.
Bir gezegem şähere gelen portugal deňizçisi Manuel Eýnesso gyzyň dilini bilýändigini aýdýar, soňam onuň aýdýan sözlerini terjime edip, gyzyň Hindi ummanyndaky adanyň şasynyň gyzy Karabudygyny aýdýar. Şeýle-de, şagyzy Karabuny deňiz garakçylarynyň öýünden ogurlap gaýdandyklaryny, soňam şol garakçylaryň gämisiniň deňizde heläkçilige uçrandygyny, şeýdibem Karabunyň bu şähere gelip düşendigini habar berýär. Bu habar şäheriň ýaşaýjylarynyň şagyzy Karabu gynanç bildirmeklerine we oňa ýerli-ýerden ýardam bermäge başlamaklaryna getirýär. Emma, şagyzy Karabunyň suraty gazetde neşir edilenden soňra başga şäherli zenan onda öz goňşusy bolan ädikçiniň gyzyny tanaýar. Kazyýet kezzap zenany temmi hökmünde Filadelfiýa sürgün edýär. Emma ol ýerde-de Meri Beýker ýene-de “şagyzy Karabu” bolmagyny dowam edip ugraýar.
M.Beýkeriň terjimehalynyň esasynda Golliwud tarapyndan “Şagyzy Karabu” atly çeper film düşürilipdir.
Sergeý Mawrodi – “MMM”-iň atasy
Sergeý Mawrodi tarapyndan esaslandyrylan “MMM” atly kooperatiw kärhanasy 1993-nji ýylda gymmatly kagyzlary çykarmaga başlaýar. Kän wagt geçmänkä “MMM” Russiýanyň taryhyndaky ägirt uly maliýe piramidasyna öwrülýär. Maglumatlara görä, “MMM” kärhanasynyň gymmatly kagyzlaryny ol ýa-da beýleki möçberlerine 10-15 milliondan gowrak adam satyn alypdyr. “MMM”-iň paýnamalary 1994-nji ýylyň 4-nji awgustyna çenli ýagdaýda ilkibaşky bahasyndan 127 esse gymmatlap, diňe Moskwa şäherinde S.Mawrodi bir günde 50 million amerikan dollaryna barabar puly gazanmaga başlapdyr. Haçan-da S.Mawrodiniň maliýe piramidasy ýykylanda şol millionlap adamlaryň jemi 80 milliard emrikan dollaryna golaý puly ýitirendikleri çaklanýar. S.Mawrodi bolsa bary-ýogy 4,5 ýyllyk azatlykdan mahrum ediliş çäresine höküm edilýär.
Doganlar Gohmanlar – Luwry awundyran Odessaly täjirler
Doganlar Gohmanlar XIX asyrda Odessa şäherinde ýaşapdyrlar we olar özlerine degişli bolan antikwar harytlar dükanynda taryhy gymmatlygy bolan dürli harytlary satmak bilen meşgullanypdyrlar. 1896-njy ýylda olar Fransiýanyň Luwr muzeýine skifleriň patyşasy Saýtafarnyň täjini 200 000 franka satypdyrlar. Şondan soň ýedi ýyllap adamlar Luwrdaky skif şasynyň täjine aňk bolup tomaşa edip gezipdirler. Ýöne, şondan soň sekizilenji ýyl diýlende, Monmartrly nakgaş we heýkeltaraş Ellin Maýens täjiň galpdygyny çürt-ke subut edipdir. Emma, muňa garamazdan doganlar Gohmanlar jogapkärçilige çekilmändirler.
Çeşmesi: https://pravo.ru/process/view/142944/. 23.11.2020ý.
Dowamy bar...
4
121
sahet_ashyrov
30.11.2020 10:31
BAÝDAK HEM KEPEN
Baýdak bilen kepeniň bir ýerde agzalmagynyň size geň görünmegi-de ahmal. Baýdagyň, kepeniň nämedigini düşündirip oturmagyň hajaty ýok. Döwletiň esasy simwollarynyň biri baýdakdyr. Baýdagyň taryhy gelip çykyşy, döwürleriň dolanmagy bilen onuň nähili üýtgeşmelere sezewar bolandygyny bilmek gyzykly.
Türkmenlerde-de goňşy musulman halklar ýaly öwülýä zyýarata barlanda gadyr agajyna, keramatly mazarlaryň başyndaky daragtlaryň şahasyna ak mata daňýarlar. Bu hakda “Adat” kitabynda şeýle ýazýar: “Adata görä, guburyň başyna zyýarata baran her adam gadyr agajyna mata-pürçük dakyp gaýdýan ekeni. Il içinde kimiň sarpasy uly bolup, ölensoň hem gadyrlanýan bolsa, onda onuň gadyr agajy mydama pürçüge basyrlyp oturýan ekeni. Türkmenlerdä- ki: “Ylahym gadyr agajyň mydama gül-pürçük bolup dursun” diýen alkyş hem şol esasda dörän bolmaly... Yslam dininde halky ilki döwürde gabyrlara zyýarat etmek ýok ekeni. Bu butparazlyk dininiň alamaty diýlip gabyra zyýarat etmegi öleniň gubruna çokunmak diýip düşünipdirler”. “Bu butparazlyk dininiň alamaty” diýleni dogry, ýöne awtor şol alamatlar hakynda hiç zat aýtmaýar. Men butparazlykdan galan alamatlara ünsi çekmekçi bolýaryn. Kepeniň reňki ak bolmaly, bu yslamdan öňki däplere degişli. Ilki baýdagyň reňkem ak bolupdyr. Bu ynançlaryň gadymylygyna, galapyn bir kökden gaýdýanlygyna A. Golanyň “Mif we simwol” kitabyny okanlar göz ýetirse gerek. Men hem şol ýerdäki materiallara gol ýapmakçy bolýaryn, sebäbi ol kitap hemmelere elýeterli däl.
Dokmaçylygyň hudaýy aýal bolupdyr. Şol hudaýyň esasy alamatyny agaçda görüpdirler, elbetde, munuň sebäbi düşnükli. Dokma gurallary agaçdan ýasalýar. Hudaýa sowgat, sadaka hökmünde bir bölek mata bagyş edilipdir. Şu ýerden hem agaja mata daňmak däbi döreýär. Adamlaryň ýagşy dilegleriniň amala aşmagyny isläp, keramatly saýylýan agaçlaryň şahalaryna hudaýyň simwolyna öwrülen mata bölegini daňmagy özlerine dessur edip alýarlar. Gadymy za- manda kult simwollaryny uzyn taýaga, has türkmençe aýtsak, syrygyň ujuna berkidýän ekenler, şeýdip dabaraly ýörüşlerde depede göteripdirler. Şol görnüşde olary emblema hökmünde oturtmak hem kada öwrülýär gidýär. Şeýle emblemalaryň biri-de syrygyň ujuna daňylan matadyr. Başda dokma hudaýynyň emblemasyny aňladýan simwoldan soňra baýdak döreýär. Gadymy Müsürde baýdagy şekillendirýän iýeroglif “hudaý” diýen manyny beripdir. Bu ynanjyň saklanyp galan ýerlerine duş gelse bolýar. Meselem, geçen asyrda ýaşan bir awtoryň ýazgysynda Osetiýada merhum bilen hoşlaşmaga gelen adam gapdaldaky daş diwaryň jaýrygyna esgi daňylan taýajygy gyssyrýan ekeni.
Gadymy german dilinde “flag” sözüniň gelip çykyşy beýle bir aý- dyň bolmasa-da, onuň baýdak diýen manydan başga-da, “ýelek pero” diýmegi aňladandygy mälim, ýöne “baýdak” manysy has meşhurlyk alyp gidipdir. Aýal hudaýyň obrazynyň päkligini mata böleginiň aklygynda görüpdirler. Şeýle garaýyşdan soň taýaga daňylýan matanyň ak reňkde bolmalydygy düşnüklidir. Ak reňki esaslandyrýan ýene bir sebäp bar. Aýal hudaý diýlende öňi bilen asman göz öňüne gelýär, ýagtylyk asmandan inýär, onuň reňki-de ak. Bu ýerde asman bilen bagly ak reňkiň Beýik Aýal hudaý bilen baglanyşdyrylmagynda-da degerli esas bolupdyr, ol süýdüň reňki. Beýik Aýal hudaýa ene hökmünde, jandarlary ekleýji hökmünde garalypdyr.
Eger-de ak reňk Beýik Aýal hudaý bilen bagly bolsa, ak baýdaga onuň simwoly hökmünde seredilen bolsa, onda kepeniň aklygyny näme bilen delillendirse bolar? Eger adamlar Aýal hudaýyň erkine görä ölýän bolsalar, (şeýle diýibem düşünipdirler) onda ak reňkiň ölümi alamatlandyrandygyna geň galjak ýok. Gündogarda ak reňk ýasyň simwolyna öwrülipdir. Ýewropada gara reňk. Gara reňkem gyzyl reňk ýaly ýerasty hudaýynyň alamaty. Diýmek, Gündogar as- manyň, Günbatar ýerastynyň simwolyndan ugur alypdyr. Halklaryň ynanjynda merhum adam ak lybasda göz öňüne getirilipdir. Ýewreýlerde, musulmanlarda-da şeýle. Ýöne ýewropalylar-da öleni ak mata dolaýarlar, ak kepene dolamak amerikanyň indeýlerinde-de däp. Hat-da Ukrainada merhumy mazarystana-da ak öküzler bilen alyp gidilýän eken. Rossiýada tabydy (groby) gabra ak biýz bilen sallapdyrlar, soňra matany alyp gaýtman, mazaryň başyna dikilýän ha- ja daňypdyrlar.
Musulmanlarda, şol sanda türkmenlerde-de, ak matany, ýaglygy mazaryň başyndaky agaja daňmak däbi bar. Indi siz başda aýdylany ýatlaň. Agaja bir bölek mata daňmak Aýal hudaýyň simwolyndan galýar. Dagystanda henizem merhumyň mazarynda ýa-da wepat bolan ýerinde ak baýdak dikmek däbi dowam edip gelýär. Rossiýada tabydy (groby) ak mata, erkekleriňki gyzyl mata bilen örtülýär, sebäbi aýallar asmanyň Aýal hudaýynyň, erkekler ýerasty erkek hudaýynyň alamatyna baglanýar.
Tirkiş JUMAGELDI
7
128
sahet_ashyrov
28.11.2020 09:15
KABUL ETME DIKTATURASY
AIDS/HIV-iñ waksinasy tapyldymy?
Otuz ýyl bäri şoñ üstünde işleýärler, häzirem tapylanok.
Ebolanyñ waksinasy tapyldymy?
Ebola wirusynyñ 1976-njy ýyldan bäri bardygy belli, emma onuñ waksinasy taýýar bolýança kyrk üç ýyl gerek boldy, ýañy-ýañy - geçen 2019-njy ýylda oñlandy.
Uzak wagta çekipdir diýmäñ. Waksinalary tapmak hemişe uzaga çekýär. Mysal üçin:
Rotawirusyñky 26 ýyla çekdi. (1980-2006)
Papillomañky 23 ýyla çekdi. (1983-2006)
Gepatit A-ñky 24 ýyla çekdi. (1967-1991)
Garamyk 34 ýyla çekdi. (1954-1988)
Gepatit B-ñki 38 ýyla çekdi. (1943-1981)
Pnewmokokk 66 ýyla çekdi. (1911-1977)
Ensefalit 39 ýyla çekdi. (1937-1976)
Menengit 68 ýyla çekdi. (1906-1974)
Hapgyrtma 22 ýyla çekdi (1945-1967)
Gyzamyk 9 ýyla çekdi. (1954-1963)
Poliomiýelit 20 ýyla çekdi. (1935-1955)
Ýapon ensefaliti 20 ýyla çekdi. (1934-1954)
Sary lihoradka 27 ýyla çekdi. (1912-1939)
Inçekesel 21 ýyla çekdi. (1900-1921)
Ondan biraz öñräkki taryha seredenimizde-de şundan onçakly tapawutly däl:
Tetanos 40 ýyla çekdi. (1884-1924)
Difteriýa 40 ýyla çekdi. (1883-1923)
Holera 30 ýyla çekdi. (1854-1884)
Ospa waksinasy 26 ýyla çekdi. (1770-1796)
Tif 58 ýyla çekdi. (1838-1896)
Biz neneñsi bagtly ekenik! Kowid-19-yñ waksinasyny on aýda tapdylar! Özem bir ýerde däl, ylaýyk dört ýerde!..
Ýeri, nädip "ýagtylygyñ tizliginde" tapylaýdyka bu?
■ AZYNDAN ON ÝYL
Kowid-19...
2019-njy ýylyñ 1-nji dekabrynda Hytaýda ýüze çykdy.
Heniz bir ýyl bolmanda (barlag abzalyny-da dogry işledip bilmeýärkäler) waksina tapyldy, deñiz jojuklarynda (gryzunlarda) synag edildi, satuwa çykaryldy!
Geçen ýyla çenli muña meñzeş derman däriniñ üstünde başyndan-ahyryna deñiç azyndan on ýyl işlenýärdi. Çünki:
- Laboratoriýa şertlerinde etmeli birgiden işler bar.
Waksina tapylaýan ýagdaýynda-da synag işleri-tapgyrlaýyn sanjym işleri bar. Mysal üçin:
- Synag edilýän haýwanlara we adamlare mikrokapsula görnüşinde etmeli sanjym işleri bar.
- Bioulanyşy ýa-da goşmaça täsirleriñ ujypsyz mukdarda sagdyn meýletinçide synag etme işleri bar.
- Waksinanyñ täsirli kapsula möçberiniñ az sanly näsagda synag etme işleri bar.
- Waksinanyñ täsirini we howpsuzlygyny kepillendirmek üçin optimum-dogry kapsulany we kapsula aralyklaryny hasaplama işi bar.
- Waksinanyñ goşmaça täsirlerine gözegçilik etmek üçin has köpräk kişilerde synag edilme işleri bar.
- Plasebo garşylykly işler bilen waksinanyñ ygtybarlylygynyñ, täsirliginiñ barlag işleri bar.
Ony hasaba alyp, resmileşdirmegiñ özüne azyndan 1-2 ýyl gerekdi...
Birdenem... öñ ady-sory eşdilmedik koronawirus orta çykdy duruberdi. Yzyndanam kliniki-synag işleri bilen waksinasy tapylyp, adamzada-da ýaramly hasaplanyp, satuwa çykaryldy? Bu ne beýle çalt?
Kimde sorag bar? Ses ýok.
Sorag ýok bolýan bolsa: Ýörüñ onda, hemmämiz, waksina tarap!
■ HOWUL-HARA OÝLAP TAPYŞ
Dünýäde az sanly adamdan başga waksina boýunça sorag berip bilýän hiç kim ýok. Bardy-geldi soralaýanda-da, ony aklyndan azaşan “däli” hasaplanýar…
“Ylmyñ duşmany” diýibem, medisina boýunça gyzyklanmaz ýaly ýagdaýa getirdiler.
Hiç kimiñ koronawirusy (ýaýraýyş tizliginiñ aýratynlyklaryny) ýok saýanok. Ýöne “wirusyñ çeşmesi” ýaly köp taraply çekişmelere ýol berilmeýşi size-de täsin görnenokmy? Şeýle, şeýle...
Adamlar bedeniniñ üstünden ele geçirildi. Kabul etme (algı, воспроиятие) diktaturasy bilenem robotlaşdyryldy- beýnä näme ýükleseñiz, şolar ýaly garşylyk berer derejä getirildi!
Global gözegçilik astyndaky herkes ytagatkär boldy. Bolmanda-da, ölüm bilen dowamly gorkuzylan adam näme edip biler öýdýärsiñiz?
Hernäme-de bolsa, kapitalistik medisina-saglyk gegemoniýasyna şübheli göz bilen garaýanlar bar. Gören ýerlerinde menden soraýarlar:
- Waksinany dünýä satmaga taýýarlanýan "Pfizer" amerikan derman öndüriji şereketi barada ýazsañyzlañ?!
Men bu barada "Gara gapyrjak" ("Kara Kutu") kitabymda onlarça sahypa ýazdym. Başga näme ýazaýyn?
("Pfizer" birinji tapgyrda bir kapsulany 15.50 euro-dan Ýewropa bileleşigine 300 million kapsula, 19,5 dollardan ABŞ-na 100 million, Ýaponiýa 120 million, Angliýa 30 million, Kanada 20 million kapsula satdy.
Men bu barada ýokarda adyny agzan kitabymda onlarça sahypa ýazdym, başga näme ýazaýyn?
Şübhe gözi bilen seretmän, hakykaty gözleýän kişiler kitabymy açyp okap bilerler…
Ýazgymy şu sorag bilen jemläýin:
Wirus çaltlyk bilen mutasiýa geçirip, ýagny, adaty prostuda, hatda näbelli dümewe öwrülip ýörkä, waksinanyñ howul-hara tapylyp, satuwa çykarylmagynyñ arasynda nähili baglanşyk bardyr öýdýäñiz?
Saglygyñ-medisinanyñ ykdysady-syýasy taraplaryny bilmegiñiz hökmany şert.
Soner ÝALÇYN.
"SÖZCÜ" gazeti, 26.11.2020 ý.
Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
6
113
sahet_ashyrov
27.11.2020 12:08
"ENTEK BIRAZ UKLAMA!"
Hyýalynda sypap akja ýaryny,
Aý çekipdir leblerine ýaşmagyn.
Barka munda dünýäm, garagöz ýaryñ,
Hergiz özge-özge ýollar aşmagyn!
Uçup gitdi Horasanyñ durnasam,
Hasratyny gözlerinden akdyryp,
Gama batma, meni bu ýigitleriñ
Bilmez indi senden özgesi yryp.
Gije meni gujagynda yraýar,
Diýýär hemem: "Entek biraz uklama!"
Ýekeje gününem unutman ömrüñ,
Bolar durar maña ýalñyşlam ýama.
Bahar maña ýene sowgat ýollapdyr,
Güýz atly ol sarymeñiz dostumdan.
Meni daglañ depesine çagyryp,
Guşlar uçar ýörer meniñ üstümden.
Söýsün diýip şu ene- ýer-topragy,
Tañry maña beren däldir ganaty.
Söýän bolsañ ýetiş meniñ dadyma,
Erikleriñ gülün döken halaty.
Kökläp ýaşyl ýyldyrymyñ keýpini,
Ak jöwenek ýagar ýene şabyrdap.
Bardyr munda dünýäm, garagöz ýaryñ,
Çykaryn men señ öñüñden lowurdap.
Ogultäç ORAZTAGANOWA.
5
119
sahet_ashyrov
26.11.2020 14:52
Nurberdi han
AGZYBIRLIK BILEN BEÝIKLIK TAPAN NURBERDI HAN HAKYNDA BUÝSANÇLY SÖHBET
Ýaradanyň özi ýalkajak bolanda ýol tapýar. Taryhyň ýowuz pursatlary hasap edilýän ýyllarda-da ilagasy bolup, öz halkyny döş gerip gorap biljek ärler döräberýär eken. Gürrüň türkmeniň gerçek ýigidi Nurberdi han hakynda. Emma ondan öňürti üns bermeli käbir maglumatlara ser salmak gerek. Arçmanda doglup, önüp-ösüp kemala gelen Myrat serdar 20 ýyllap ile ýolbaşçylyk edýär.
ХIХ asyryň gowgaly döwründe çärýek asyr öz halkyna ýolbaşçylyk edip, öz döwrüniň dört sany uly söweşlerinde toply-tüpeňli, düzgün-nyzamly, tälim berlen (regulýar) keseki ýurtly goşunlary özüniň halky bilen ýeňen türkmeniň gaýduwsyz, batyry Onbegi kethudanyň taňlygy, Kermene serdaryň geňligi, Garry batyryň gowlugy, Anan onbeginiň ýuwlugy, Garry baýyň çowlugy, Mürrük baýyň agtygy, Döwletýar baýyň ogly Hanlar hany Nurberdi handyr.
Aýdyşlaryna görä, türkmeniň ägirt ogullarynyň biri bolan Amangeldi Gönibek geň düýş görüpdir. Onuň düýşinde säher bilen dogan Gün Nurberdiniň boýnundan halka bolup dakylypdyr. Döwletýar baý, düýşi ýorup, Nurberdiniň han boljagyny aýdypdyr.
Nurberdi hanyň doglan senesi barada halk arasynda kän çekişmeler bolandygyna garamazdan, ýaşuly alym Atabaý Nazarow «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2016-njy ýylyň 19-njy maýyndaky 21 (2938) belgili sanynda «Nurberdi han haçan doglupdyr» atly makalasynda öňki çap edilen makalara seljerme-syn geçirip, hakykatdanam Nurberdi hanyň 1826-njy ýylda doglandygyny deliller bilen subut edipdir.
Döwletýar baý ilki bilen oglyny ýedi ýaşynda Gökdepeli Nyýazdurdy molla okuwa berip, gerekli sowadyny alanyndan soň bolsa Baharlynyň Akdepe obasyndan bolan adybir garyndaşy Däli batyryň eline tälim bermek üçin beripdir. Nurberdi özi ýaly oglanlar bilen ömrüniň oglanlyk möwrütini külterläp geziberipdir. Ýetginjekler bir güni sözleri azaşyp, bir ejizräk, emelsizje oglanyň daşyna geçipdirler. Şonda Nurberdi: «Oglanlar, oňa degmäň, ol ozalam näsag. Oňa derek, meni uraýyň....» diýipdir. Öz islegi bilen ejize arka durmagy islän Nurberdi olara hiç gaýtawul bermän, diňe goranypdyr. Olaryň özleri ahyrsoňy ýadap aýrylýarlar. Şondan soň olar ýolda gelýärkäler, biri ellerini owkalap: «Endamy dagy nähili-aý, elimiň işini gördi...» diýipdir. «Iki aýakly iki günde» diýlişi ýaly, Nurberdi bugdaýdan doly ýedi putluk argyş çuwallary göterip, düýä ýükläp bilýän goç ýigit bolup ýetişýär. Gazy gazylanda iki-üç paý alyp, ilden öň tamamlaýar-da, ejizräklere kömek bermäge-de ýetişýär. Nurberdi hiç-haçanam ejize ganym bolmandyr. Büdräniň ezeneginden, ýykylanyň golundan tutup, goltgy beripdir. Il agysyny aglapdyr.
1850-nji ýylyň ahyrynda Gökdepede uly maslahat bolupdyr. Oňa Mary aýaklaryndaky ilatly mekanlardan, Tejen-Sarahs etraplaryndaky galalardan, Kürtüş, Gyzylarbat (häzirki Serdar) we Balkan sebitlerindäki ýaýlalardan il sylagly ýaşulular, sypaýylar, serdarlar, kethudalar... gelýär. Maslahatda keramatly Ak işan atamyz hem-de onuň ylym agzasy Atajyk molla maslahata gatnaşypdyr we maslahaty alyp barypdyr. Han bolmaga iki adam Nurberdi Döwletýar baý ogly hem-de Orazmämmet han Hajygurban ogly görkezilýär. Adalatly saýlawda artyk ses alan Orazmämmet hanlygy öz üstünden aýyrmaklaryny haýyş edip şeýle diýipdir: «Owaly Biribaryň güwäliginde, men hanlyk ornuny Nurberdi Döwletýar baý ogluna bagyşlaýaryn. Ol gadymy Was eýýamynda ýaşululyk eden teke türkmenleriniň Keýmirdenem öňki aksakgaly Döwletmämmet düýegöz aganyň tälimini alan Aman onbeginiň yzydyr. Munuň atasy Mürrük baý bilen kakasy Döwletýar baý örän çörekli-çykymly adamlardyr. Nurberdiniň ähli taraplaýyn ukyplaryny hem biz bilýäris. Han bolmak üçin goly giňligem gerek. Il-günden nökerlige çekmeli, olary at-ýarag bilenem üpjün etmeli. Şu nukdaýnazardanam men hanlyk-ýaşululyk mertebesini öz razylygym bilen Nurberdä bagyşlaýaryn». Şeýlelik bilen Nurberdi biragyzdan hanlyga göterilýär. Esasy mesele çözülenden soň toý dabarasynyň dowamyny Döwletýar baý aganyň toýhanasyna – gadymy we müdimi Yzgant obasyna geçirýärler. Atajyk molla ilki öz şägirdi Ak işan atamyzy orta çykaryp, oňa-da ak pata berdirýär. Atajyk mollanyň özi-de ak pata berensoň, «Hangöter» dabarasy berjaý edilýär.
N.W.Atamämmedowyň redaksiýasy bilen 1992-nji ýylda çykarylan «Türkmen hanlary we serdarlary» kitabynda Nurberdi hany şeýle sypatlandyrýarlar: «Nurberdi juda uzyn boýly, süňkbaşy iri, eginlek, süýrüräkden uly kelleli, tüňňüräk maňlaýy giňden ýaýbaň, gönüburunly, garasy köpräk goýun gözli, gaşlagrak, bugdaýreňk gyzgylt ýüzli, az-uz sözli, diňlemegi söýýän, synçy ýiti nazarly, ynanç-ygtykatly, nebsinden ynsaby ýokary, rehimli, ýürekli, gahar-gazabyna erk edip bilýän akyl-paýhasly, söweş-syýasatdan başy çykýan, berk bedenli, sabyr-kanagatly, sowatly sada adam bolupdyr.»
Patyşa goşunynyň harby serkerdeleriň biri bolan N.I.Grodekow: «Özüniň şahsy durmuşynda Nurberdi han adalatly we myhmana duz-çörekli bolmak bilen tapawutlanypdyr. Ol owadan, uzyn boýly, fiziki taýdan güýçli adam bolupdyr we onuň ägirt göwresi köpleri ätiýaç etdiripdir» diýip ýazýar.
Nurberdi han saýlanandan soňra, Orazmämmet serdar hanyň weziri bolýar. Garaja batyryň ogly Çopan kir söweş hereketleriniň baş serkerdesi, Börmäniň gala hany Öwezmyrat-Dykma serdar baş serdarlyga göterilipdir. Baş han saýlanan Nurberdi han Ahal etek obalaryna, Gyzylarbat (häzirki Serdar) -Tejen aralygyna aýlanyp, oba kethudalaryny, hanlaryny, serdarlaryny, oba kazylaryny, miraplaryny, mollalaryny halkyň razylygy bilen belläp, agzybirligi berkidip, her obada atly toparlary ýola goýup, duşman gelende, obalaryň bileleşip gaýtawul berilmegini gazanýar.
1862-nji ýylda bolsa hanlar hany Nurberdi han Mara gelende oňa abraýly ýeriň asylly maşgalasyny – Töre sokunyň gyzy Güljemaly nikalap alyp berýärler. Onuň mülki Baýramalyda tutulýar.
Nurberdi han bilen Gowşut han öz güýçlerini, baglanyşyklaryny barha berkidýärler. Olaryň «Ýedi ölçäp, bir kesip» hereket edýändikleri üçin garşydaşlaryň goşunlary güýçli ýitgilere sezewar bolýarlar. Onsoň olar türkmeniň şöhratly ogullaryny assyrynlyk bilen ýok etmekligiň hilegärlik meýilnamasyny düzüpdirler. Şeýlelikde, Gowşut han 1878-nji ýylda garşydaşlaryň jansyzy tarapyndan awulanyp öldürilýär. Nurberdi hanyň «Sag omurdanym goparylan dek boldum» diýmegi onuň şeýle agyr ýagdaýa düşendigini aňladýar.
Şeýle gowgaly günlerde müňde bir aladaly Nurberdi han keselleýär. 1878-nji ýylyň aýaklarynda we 1879-njy başlarynda Hazaryň kenarynda türkmenlere garşy hüjüme taýýarlyk görýändikleri barada Nurberdi han habarly bolupdyr. Trans-Kaspidäki goşun güýçlerine serkerde edilip, täzeden bellenen general (Lomakin) Ahaly eýelemek niýeti bilen gelipdir. Türküstanyň general-gubernatoryna Mary türkmenleriniň ünsüni sowmak we şunlukda Ahal türkmenlerine kömege barmagynyň öňüni almak maksady bilen Mara tarapa hüjüm edýän ýaly ýalan howsala döretmek barada telegramma arkaly buýruk berlipdir. Nurberdi han garşydaşyň Mara ýörüş etmeklerine garşylyk görkezmäge taýýarlyk görýär. Nurberdi hanyň ogullarynyň içinde iň ukuplysy, ugurtapyjysy bolan we geljekde halkyň umyt baglaýan gerçek ogly Berdimyrat Ahala han saýlanypdyr.
Nurberdi han nowbahar ogly Berdimyrat han söweşde wepat bolýar. Nurberdi han ýürek nalasyny halka şeýle mälim edipdir: «Ähli adamlar üçin şeýle agyr günde men we meniň maşgalam pida çekmedik bolsa, bu meniň üçin ullakan biabraýçylyk bolardy. Gönübegiň, Gara batyryň ölümi welin maňa agyr degdi. Bu biziň üçin öwezini dolup bolmajak agyr ýitgidir. Başga Gönübek, Gara batyr dünýä inmez» – diýýär.
1879-1880-nji ýyllarda türkmen topragynda bolup, häzirki Balkan we Daşoguz welaýatlaryna syýahat eden türk syýahatçysy, Stambulda neşir edilýän «Terjumany hakikat» gazetinde ýazarmany Mehmet Emin Efendiniň syýahatlary baradaky giňişleýin makalalary oňa örän uly meşhurlyk getiripdir. Mehmet Emin Efendi Gürjüstanyň paýtagty Tbilisiň üsti bilen Bakuwa, soňra bolsa Hazar deňziniň üsti bilen Krasnowodsk (häzirki Türkmenbaşy) şäherine gelýär. Şol ýerde oňa Nurberdi han bilen duşuşmaklyk nesibesi çekýär. Onuň «Stambuldan Merkezi Aziýa syýahat» atly eseri Stambulyň «Ewerest» neşirýaty tarapyndan 2007-nji ýylda neşir edilipdir. Mehmet Emin Efendi Balkan welaýatynyň çäginde Garagum çölündäki birikme mekanynda Nurberdi han bilen bolan duşuşygy barada şeýle ýazýar: «Nurberdi hanyň ýasawuly meniň bilen Käbeden gelen adam ýaly görüşdi. Onuň bilen bir ýarym sagat gürrüňdeşlikde boldum. Men general Lomakini ýeňen edermen hany görmegi arzuw edýändigimi aýtdym. Ol ýasawulyň özi hem 500-600 atlynyň ýolbaşçysy eken. Ady agzalan ýasawul bilen Nurberdi hanyň esgerleriniň ýerleşýän ýerine bardyk. Nurberdi han meniň Osmanly döwletinden gelendigimi bilenden soňra meni gaty uly hormat bilen kabul etdi. Ýanyndaky teke esgerleri örän agras we örän zehinli adamlardy. Olar duşmanlaryň ot açýan ýarag ulanýanyny görüp, derrew ot açýan ýaraglar bilen ýaraglanypdyrlar. Ot açýan ýaraglary şeýle bir çalt özleşdiripdirler welin, görseň asyrlardan bäri ot açýan ýarag ulanýan söweşijilerdir diýip pikir edersiň. Şoňa garamazdan, olar öz ýaýlaryny hem ýanlaryndan aýyrmandyrlar.
Türkmenler bütin Aziýada öz azatlygyny iň eý görýän milletdir. Şu wagta çenli hiç bir döwlete we hökümdara boýun egmän, öz ygtyýarlyklaryny gorap saklapdyrlar. Olar öz ýurtlaryna çozan döwletleriň goşunlaryny ýeňipdirler. Türkmenleriň general Lomakini ýeňendiklerini bolsa hemmeler bilýär. Seljuklaryň asly, ine şu türkmenlerdir. Olar öz seljukly ata-babalary bilen buýsanyp bilerler. Gadym döwürden bäri türkmenleriň üstüne köp sanly hökümdarlar goşun dartyp gelen hem bolsa, bularyň hemmesi ýeňildiler. Türkmenleriň Magtymguly atly meşhur şahyrlary bardyr, şygyrlary bilen öz milletini ruhlandyrandyr.
Biz Nurberdi han bilen köp zatlar barada gürrüň etdik. Nurberdi han örän parasatly we düşünjeli adam eken. Ol türkmen topragyna hüjüm eden Patyşa goşunlaryna garşy göreşleri we gazanan ýeňişleri barada kän gürrüň berdi».
Nurberdi han galanyň hemme tarapynda berkitmeleri, janpenalary dikeltdirýär. Ýigrimi iki müňe barabar goşuny jemläp, olary ýaraglandyrmak aladasy bilen bolýar. Azyk-galla ýetmezçiligine garamazdan, çar taraplara söwda-satyk edip, ok-ýaraglara çalyşýarlar. Ähli tarapdan gysylyp-gowrulýan tekeler ruhdan düşmän, garşydaşa garşy ykjam taýýarlanýarlar. Syryklaryň ujuna gyrkylyklary, syndylary berkidýärler. Sapanlara salyp atmak üçin golalar (logalalar) taýýarlaýarlar. Kement, pyçak, orak, keser, syndy ýaly ýönekeý ýaraglary-da elýeterlerinde goýýarlar. At üstünde, ýerde pyýada gylyçlaşmak, garpyşmak, goç, öküz, gaplaň, ýolbars topulyşlary, tilki sapalaklary, laçyn kakyşlary, iner serpişi, at depişi ýaly her hili söweşleri guraýarlar. Galada güýçli taýýarlyk-türgenleşik gidýär.
Türkmen ýigitlerinde diňe ýeňiş duýgusynyň ynamly durnuklaşmagynda ähmiýetli orny eýeleýän Nurberdi hanyň diriligi duşmanlary örän howatyrlandyrandygy üçin duşman serkerdeleri onuň kellesini getirene baýraklar goýup, jansyzlaryny ýerteýinden ýollaýardylar. Iki sany derwüş sypatly adamyň hanyň ynamyna girip, oňa däri-derman edendigi barada gürrüňler bar. Han az salymdan ganymatlaşýar. Olar gidensoň welin hanyň haly ýene peselip başlaýar. Haly teň ýagdaýdaka Nurberdi hanyň haýyşy boýunça ony işige çykarýarlar. Han gala-kybla tarapa garap: «Nähak gan ýerde ýatmaz» diýip, ahmyr-armanly, gahar-gazaply, namys-ardan doly gara gözlerini açyp jan berýär. Hanyň jynazasyna Akmolla ymam bolupdyr. Gurbanmyrat işan halka Hakyň eradasy bilen onuň arkasynda bäş barmagyň yzynyň bolandygyny yglan edipdir.
Nurberdi hanyň tabydyny belent mertebe we hormat bilen Gökdepäniň Diňlidepesinden takmynan 30 km aradaşlykdaky Baharly etrabynyň Hankäriz obasynyň gaýrasyndaky Döwletýar baýyň ýatan Şyhy (Seýitmyrat işan) gonamçylygyna egin-egne alyp, pyýada äkidip jaýlapdyrlar.
Ata Berdiýewiň «Edebiýat we sungat» gazetinde çap edilen «Nurberdi hanyň we Magtymguly hanyň nebereleri barada» makalasynda Nurberdi hanyň üç aýalynyň bolandygy aýdylýar. Uly aýaly Nurgözelden Berdimyrat han, ortanjy aýaly Nardan Magtymguly han we Döwlet beg, üçünji aýaly Güljemaldan bolsa Muhammetýusup (halk arasynda tutulýany Ýusup han) han bolupdyr. Nurberdi han nowbahar ogly Berdimyrat hana aýratyn uly umyt baglar eken. Ahaldan uzakda sapardaka Berdimyrat hany öz ornuna goýup, oňa geňeşdary ornunda hem Orazmämmet hany goýupdyr.
Nurberdi hanyň nesilleri Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Hankäriz, Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäherinde, Yzgant we gum obalarynda, Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde we obalarynda, Mary welaýatynyň etraplarynyň obalarynda, Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde ýaşaýarlar.
Ýurt Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan halk özüniň şöhratly ogly hanlar hany Nurberdi hanyň, onuň iki gapdal tarapynda ogullary: sagynda Magtymguly hanyň we solunda bolsa Döwlet begiň guburlarynyň üstüne halkymyz tarapyndan ýigrimi sekiz günüň içinde haşamly belent kümmet bina edildi.
Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň we Kaka etrabynyň Duşak şäherçesiniň köçelerine Nurberdi hanyň ady dakyldy.
Türkmen halkynyň taryhynda öçmejek yz galdyran şöhratly Nurberdi hanyň mertebesi ýurt Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda her bir güni üstünliklere beslenýän bagtyýarlyk zamanasynda has-da dabaralanýar. Mirasa sarpa goýmak arkaly Watany özgertmek syýasatyny öňe sürýän Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, mertebesi belent bolsun!
Çarymyrat GARAHANOW,
ätiýaçlykdaky podpolkownik.
4
122
sahet_ashyrov
23.11.2020 10:56
LAGNATKERDE OGUL
Maşgalada bäş sany zenan bardy… Olar maşgalabaşyny soňky menziline ugratdylar. Hatyn dul, gyzlar bolsa ýetim galdy. Ene dört gyzy bilen merhumyň märekelerini sowansoň, köp wagt geçmänkä işe girdi.
Köpçülik dul hatynlary nähak ýere rehimsiz we binamsyz diýip aýdýarlar… Hatynyň çekmeli hupbatlary nähili çökder bolsada, ol taktyryň agyr synaglarynyň öňünde teslim bolmady. Ýas tutup, gam çekip oturmakdan nep ýokdy. Hatyn, göz ýaş döküp diňeje ýüregi az-kem köşeşdirmegiň mümkindigini juda ýagşy bilýärdi.
Merhumyň dört gyzyndan daşgary ýakynda lukmançylyk institutyna okuwa giren ýigrimi ýaşly ogly hem bardy. Wi, ol barada gyzlardan öňinçä aýdylmalydy-ow. Eýsemde, ata-enäň ogulyndan umydy ýokmudy? Maşgalada ogul perzendiň dünýä inmegi şatlyk döredýär, ahyryn. Ogul, pederi garran çagy daýanç bolmaýarmy, onuň wepadyndan soňra dul galan ejesini, ýetim galan gyz jigilerini öz goragyna almaýarmy, ahyryn? Hawa, hemmesiniň şeýle bolmagy lazym.
Merhum depin edilen güni enäni gurşap alan adamlaryň biri:
— Şeýle ogly bar adam ölmeýär. Ol, ynha hä diýmän lukman bolup ýetişer, ejesi bilen jigilerini özi eklär— diýdi.
Adamlar şeýle diýýärdi. Hut şol sözleri ene gyzlaryna aýdýardy, olaryň agasy üçin agyr durmuş ýoluny geçmelidikleriniň gutulgysyzdygyny hem gaýtalaýardy.
Hemmeden owal gyzlaryň iň ulusy işe girdi. Ejesi ony aýal-gyzlaryň mekdepleriniň birine aýlygy bar-ýogy bäş funt bolan işe ýerleşdirdi. Bu ujypsyz aýlyk maşgalany dilegçilik etmän, açlyk we ýalaňaçlygy bir emelläp ýeňmäge ýetýärdy. Olar bagtyýar günleriň uzakda däldigine ynanyp ýaşaýardylar, ahbetin. Bäş funt— maşgaladan agyşyp ýaş ýigidiň harçlyklaryna ýetermi? Ýigit baý talyplara basdaşlyk edýärdi.
Kynçylykly günler dowam edýär, ýigidiň hem islegleri gün saýyn artýar. Agasynyň "abraýyny saklamak" üçin, ol baý dostlarynyň ýanynda kemsinmez ýaly, göwnüne ýaran döwrebap penjegi geýip, birinji derejeli wagona münbegi üçin, ikinji jigisem aýdym-saz mugallymy bolup işe girdi.
Iki gyzyň gazanjy hem ýigide zordan ýetýärdy.
Maşgalada işe girmedik diňe körpe gyz galdy. Ol mekdepde okaýardy, geljekde bir kesbiň başyny tutmakçydy. Bu arada maşgalaň uly gyzy durmuşa çykdy. Durmuş öňküsi deýin agyr ýagdaýda dowam edýärdi. Açlyk-horlykda köp närseden mahrum bolan pydakär zenanlar muşakgatly durmuş ýolunda gidýärdiler… Olaryň gözöňünde bulutlaryň arasyndan görünýän umyt yşygy "lukman agaň" simowylydy. Ol birnäçe ýyldan soňra kuwwatly gollaryny uzadyp olary bu agyr günlerden halas edýäjek ýalydy. Häzirlikçe barça kynçyllyklara döz gelip, "lukman agaň" geljekki kömegine garaşmak lazym.
Uzyn günler, ukusyz tünler bir sydyrgyn dowam edýärdi. Uzakly gije olar daňdana çenli geýim biçip-tikýärdiler.
Bular ýaly gijeleriň näçesi geçdikän? Ýigit lukmançylyk institutynda ýedi ýyl tälim aldy. Ana şol ýedi ýyl ýigidiň ejesi we jigileri üçin juda uzak dowam eden ýalydy. Olaryň her bir geçiren güni misli bir asyr deýin bolup geçipdi, zähmete dolup-daşan, damaklary guran, şol günlerde ýadawlyk bir pursatlygam olary terk etmändi.
Gyzlar maza, eşret görmän daşky dünýäden uzaklaşyp gitdiler. Olar söýgi-muhabbet diýen närseleriňem nämedigini bilmediler. Bular ýaly zatlar üçin olarda boş wagt ýokdy.
Bir näçe günden soňra lukman ejesi we jigileri bilen hoşlaşyp başga şähere işe ugrady. Olar ýigidi ýagşy dogaýy-dilegler bilen ugratdylar. Barçasynyň umytdan doly gözleri agalarynyň göçüp baran şäherine dikilipdi. Jigileri oňa yzly-yzyna hat ýazyp, şahsy durmuşyndaky bolýan özgerişleri, işindäki gazanýan ütünlikleri barada soraýardylar. Ol bolsa hatlara iň bärkisi jogabam ýazmaýardy. Ahyry beýle soraglar ýalňyz ogulyň degnasyna degen bolara çemeli, ol ejesiniň ýanyna gelip, egin-eşikleriniň görmeksizdigini, iş otagyndaky mebelleriniň ýönkeýdigini we gerekli lukmançylyk enjamlarynyň ýokdugyny aýtdy.
Olar gijesini gündiz edip işlemeklerini dowam etdiler, emma näçe işleselerde, aradan niçe wagtlar geçsede gyzlar agasyny bagtyýar halda görüp bilmediler…
Lukman dogduk mekanyna, owadan hatyny bilen ýeňil awtoulagynda dolanyp geldi…
Gelin bu ojaga gadam basan günlerinde dükanma-dükan gezip wagtyny şady-horramlykda geçirdi.
Ene bir gün oglundan durmuşa çykan uly jigisinden karzyna alan (jigisi tylla şaý-seplerini satypdy) ýüz funtyny haçan gaýtaryp berjekdigini sorady, onuň äriniň beýle etmişi üçin aýrylyşmakçy bolýandygyny aýtdy.
Lukman hatyny bilen öýüne dolanmakçy mahaly ulagyna münüp jigisine üç funt uzatdy:
— Men, saňa bergimiň köprägini gaýtarmakçydym, emma, gynansamda çykdaýjylarymdan agyşany, şu— diýdi.
Jigisi puly alman, saň-gaty bolup galdy. Jigisiniň heýkel kimin doňup durşy lukmanyň degasyna degip başlady, çünki ol "howlugýardy-da". Ol jigisinden näme üçin puly alman durandygyny sorady.
Jigisi bolsa gyzlara bakyp ýylgyrdy-da:
— Biz ony lukman edip ýetişdirmegi başarypdyrys, emma welin, hakyky adam edip ýetişdirmäge ejizlik edipdiris— diýdi.
Bint AŞ-ŞATY
Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI
5
194
sahet_ashyrov
21.11.2020 13:20
Eseriň göwrümi uludyr. Şonuň üçin okamana ýaltanmaň. Içinde siz üçin gerekli maglumatlaryň çykmagy mümkin!
BAÝZAWY WE «TARYHLARYÑ NYZAMY»
Gadymy oguz-türkmen halkynyň asyrlarboýy başyndan geçiren wakalarynyň taryhyň sahypalarynda arap, pars, türki we beýleki daşary ýurt dillerinde ýazylan golýazmalary düýpli öwrenilmäge mynasypdyr. Biz hem şu aýdylanlardan ugur alyp, türkmen taryhyna, geçmişine degişli golýazmalary öwrenip, okyjylar köpçüligine hödürlemegi makul bildik.
Şol golýazmalaryň biri hem Abylhasan Aly Baýzawynyň «Nyzamyt towaryh» («Taryhlaryň nyzamy») atly golýazmasydyr. Bu golýazmanyň nusgasy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň golýazmalar fondunda saklanýar. Golýazmanyň nusgasy Pakistan döwletinden getirildi. Eser pars dilinde ýazylyp, ählumumy taryha degişlidir.
Golýazma nusgasynda eseriň awtorynyň adyna Abylhasan Aly Baýzawy diýip ýazylypdyr. Abylhasan Aly Baýzawy baradaky maglumatlar dürli-dürli beýan edilipdir. Ýöne aglaba taryhçylaryň, hususanda, ýazar Seýit Aly Dawudyň öz işleriniň birinde beýan etmegine görä, onuň adynyň Kazy Abdylla Ibn Muhammet — Nasreddin Baýzawy bolandygy bellenilýär. Taryhçy alymlaryň we onuň aýdanlaryndan çen tutsak, golýazmanyň awtory Abylhasan Aly Baýzawy däl-de, Kazy Abdylla ibn Omar ibn Muhammet — Nasreddin Baýzawy bolmaly.
Seýit Aly Dawut şeýle ýazýar: «Samanylaryň döwründe wezir Abu Aly Belgamynyň başda durmagy bilen, arap dilindäki kitaplar pars diline terjime edilip başlanypdyr. «Taryh-y-Tabary» («Tabarynyň taryhy») atly kitap pars diline terjime edilenden soň, ählumumy taryh boýunça birnäçe kitaplar hem terjime edilipdir. Ol kitaplaryň iň meşhurlarynyň biri hem Kazy Baýzawynyň «Nyzamyt towaryh» atly kitabydyr. Baýzawynyň kitaplarynyň aglabasy arap dilinde bolup, onuň diňe «Taryhlaryň nyzamy» kitaby pars dilinde ýazylypdyr.
Baýzawy 1275-nji ýylda bu eserini soňlap, käbir taryhy wakalary onuň üstüne goşupdyr. Soňra başga bir şahsyň ýardamy bilen, kitap doly ýygnalypdyr. Maglumatlara görä, Tähran uniwersitetiniň merkezi kitaphanasynda saklanýan «Nyzamyt towaryh» atly golýazmada wakalaryň beýany 1295-nji ýyla çenli, käbirlerinde 1336-njy ýyla çenli dowam edipdir. Başga birinde bolsa 1534-nji ýyla çenli dowam edipdir. Umuman, bu eseriň golýazmasy köp ýaýran. Munuň esasy sebäbi, kätipleriň hyzmaty bolmaly. Kätipler hem gymmatly kitaplary ýazanlarynda bar bolan degerli maglumatlary toplap, golýazmanyň göwrümini ulaldypdyrlar.
Ýazar Ahmet Menzui pars golýazmalaryň hatarynda bu kitabyň 27 sanysyny görkezip, golýazmalaryň aglabasynyň Hindistanda we Pakistanda saklanýandygyny belläp geçipdir. Ýeri gelende bellesek, ýazaryň ýazan maglumatlary biziň elimizdäki golýazma eseri bilen gabat gelýär.
Baýzawynyň anyk doglan ýyly nämälim bolup, taryh sahypasynda onuň XIII asyryň şapygy mezhep alymlarynyň biri we atly-abraýly maşgalanyň agzasy bolandygy ýazylýar. Baýzawy öz bilimini, esasan, kakasynyň ýanynda alýar. 1281-nji ýylda ol Şirazyň Kazylarynyň kazysy mertebesine eýe bolýar. Baýzawy özüniň giň bilesigelijiligi we gyzyklanmasy bilen dürli ugurlarda, ýagny hukuk, grammatika, logika we Gurhan tefsiri (düşündirişi) we taryhy kitaplary taýýarlapdyr. Baýzawynyň kakasy Ymameddin Omar bin Muhammet Baýzawy hem pars Atabeglerinden bolup, Şirazyň Seljukly häkimi Abu Bekir bin Sagyň döwründe Pars welaýatynyň kazysy bolýar.
Baýzawynyň şapygy mezhepli alym bolmagy bilen, şol döwürlerde we ondan öňdäki asyrlarda, sebitde şapygy mezhebine uýan alymlar köp bolupdyr. Muňa mysal edip, türkmen topragynyň şapygy mezhepli görnükli alym ulamalary Mäne babany — (Abu Sagyt Abulhaýyr), Şyhalawy — (Abu Aly Dakkak) görkezmek bolar. Olar hem ylym ugrunda saparlarda bolup, türkmen topragyna, ýagny Merwe gadam basyp, Şyh Abu Bekir Gaffal Merweziden, Abu Abdylla Hezriden, Hydyry Merweziden ylym öwrenipdirler.
«Nyzamyt towaryh» atly kitabyň awtory Baýzawy golýazmasynyň sahypalarynda şeýle setirleri getirýär: «Beýik Biribaryň kömegi bilen maňa ýaşlyk döwrümde din ylmynyň ähli ugurlary boýunça kitap ýazmak miýesser etdi. Indi bolsa din we dünýe ylymlaryny, soltanlaryň we hökümdarlaryň ýerine ýetiren işleri hem-de olar barada wakalardyr hadysalary öz içine alýan gysga we düşnükli taryhy kitap ýazmaga girişeýin diýip umyt etdim. Kitapda Pygamberlerden başlap, ulamalardyr alymlar, keremli emeldarlar, beýik şa-soltanlar we olaryň başdan geçiren wakalarydyr hadysalaryny gysga we düşnükli görnüşde beýan etdim. Bu kitap ýazylanda, ygtybarly taryhy kitaplardan peýdalanyldy we adyna «Taryhlaryň nyzamy» ady goýuldy. Kitap pars dilinde ýazylyp, esasy dört bölümden ybarat boldy».
Golýazmanyň ýazary Baýzawy taryhy maglumatlary ygtybarly çeşmelerden jemläp, Fyrat (Ýefrat) derýasyndan tä Jeýhun derýasyna çenli meýdany we Turan ýurdunyň hökmürowan patyşalarynyň nesilşalygy barada ýatlap geçipdir. Eserde Gaznalylar barada söhbet açylyp, olaryň on iki patyşadan ybarat bolandygyny we bir ýüz altmyş bir ýyl höküm sürendikleri barada maglumat berilýär. Eseriň bäşinji bölümi Seljuk-türkmenlerine degişli edilip, Seljuk şalary on dört kişiden ybarat bolup, olaryň hökümdarlyk eden wagtlary ýazylypdyr. Munuň üstesine, Togrul beg, Alp Arslan, Mälik şa, Börgiýaryk Mälik şa, Muhammet Mälik şa, Soltan Sanjar we beýleki soltanlar barada ýatlanylyp geçilipdir.
Eserde Horezmşalar barada hem söz açylyp, Horezmşalaryň sekiz soltandan ybaratdygy nygtalyp, hökümdarlyk seneleri ýazylypdyr. Olardan Muhammet Anuştegin Horezmşa, Horezmşa Atsyz, Arslan Horezmşa, Alaeddin Tekeş, Soltan Jelaleddin we başgalar bar. Şeýle-de golýazmada Lukman hekimiň zehinli we arassa tämiz adam bolandygy, onuň aýdan hikmetli sözleri getirilipdir.
Lukman Hekimiň aýdan sözlerinden: «Men hikmet barada dört ýüz müň söz ýygnadym we olaryň içinden dört sözi saýlap aldym, hemişe iki zady unutmaň! Birinjisi, eden ýagşylygyňyzy ýatlamaň!
Ikinjisi, adamlaryň size eden ýamanlygyny unudyň!».
Eseriň dowamynda gadymy alymlaryň ýazan hikmetli sözleri getirilipdir. Biz makalanyň şu ýerinde hikmetli sözleri okyjylaryň dykgatyna ýetirmegi makul bildik.
Pifagoryň sözlerinden: «Aýbyňy ýüzüňe aýdan kişini, ýalan sözler bilen seni wasp edip begendiren adamdan, özüňe golaýrak bil we dost tutun»;
Meşhur tebip we akyldar Jamaspyň aýdan sözlerinden: «Iň uly gaýgy-hasrat — sahawatly we jomart adamyň husyt we gysganç adama işi düşüp, ondan bir zat dilemegidir. Günä näsaglykdyr. Onuň dermany bolsa tobadyr. Toba edip ötünç sorasaň, eden günäleriň geçiler»;
Gippokratyň sözlerinden: «Her bir adam şan-şöhrata ýetende ýa-da horluga düşende synag edilmelidir». «Hudaýy tanamaklyk ylmy ýüreklerde ýer tapsyn» diýseňiz, pany dünýäniň işlerini ýüregiňizden çykaryň!»;
Sokratyň sözlerinden: «Nadanyň öňünde pespällik etmek hanzala (hanzal - garpyza meňzeş ajy tagamly ösümlik) suw berlen kimindir, oňa her näçe suw berseň-de, ajylygy artar. Akyl bilen ylym ruh bilen beden ýalydyr. Ylymsyz akyl manysyz ýüzdür. Akylsyz ylym öwsüp geçen şemal ýalydyr»;
Platonyň sözlerinden: «Ondan sorapdyrlar: «Sen dünýede nädip ýaşadyň?» Platon: «Men bu dünýä gerek bolanym üçin geldim, gaýgy-hasratda ýaşadym, «Çünki şunça, bilýärmikäm» diýip pikir etsem-de, hiç zat bilmeýän ekenim» diýip jogap beripdir. Mundan başga-da ol: «Meniň janym we ruhum üç kişini görende ynjaýar. Birinjisi, baýlykdan pukaralyga düşen adamy görenimde, ikinjisi, öň hormatly bolup, soňra uly nygmatlary elden berip, hor-homsulyga düşen adamy görenimde, üçünjisi nadanlaryň haýpy gelýän alymyna». «Haýsydyr bir mätäje bir zat bermek isleseň, ondan: «Saňa näme gerek?» diýip sorama. Bu günki işiňi ertire goýma, ertir näme boljagy belli däldir. Adyllygyň bir ýüzi bardyr, zulumlygyň bolsa müň ýüzi bardyr. Adylyň bir görnüşi bardyr, zulumyň bolsa köp görnüşi bardyr. Şonuň üçin hem adyl bolmak kyn, zalym bolmak aňsatdyr»;
Salunyň sözlerinden: «Adamlar ondan: «Sahawatly adam kimdir? Gylyçdan ýiti näme bar?» diýip sorapdyrlar. Salun: «Sahawatly adam özi barly bolup, zadyna kanagat edip, kişi malyna göz dikmez. Adamlaryň aýbyny açýan sözlerdir jümleler gylyçdan kesgirräkdir» diýip jogap beripdir»;
Jalinusyň sözlerinden: «Gaýgy ruhy näsaglykdyr, elbetde, işdäli näsag adam, işdäsiz sagat adama görä sagdyndyr. Işdäli näsag sagalar, işdäsiz sagat adam bolsa barha ýaramazlaşar»;
Batlimusyň sözlerinden: «Ýagşy adamyň ölümi özüne rahatlykdyr, ýaman adamyň ölümi adamlara rahatlykdyr»;
Nowşirwan Adylyň weziri Büzürgmehiriň aýdanlaryndan: «Häkimleri ýa-da haýsydyr bir döwlet işgärlerini wezipä bellejek bolanlarynda, ýaşulular bilen maslahatlaşmalydyr». «Hakyky ýagşylyk üç görnüşlidir. Birinjisi, garaşsyz, soňundan bir zat umyt etmän ýagşylyk etmek we pespäl bolmak; ikinjisi, minnetsiz sahylyk etmek we pespäl bolmak; üçünjisi, sylaga tamakin bolmazdan hyzmat etmek».
Golýazmalar ylymda ilkinji çeşmeleriň hatarynda durýar. Olary dürli dillerden terjime edip, halkymyzyň şöhratly geçmiş-taryhyny baýlaşdyrmak, okyjylar köpçüligine ýetirmek bolsa alymlarymyzyň mukaddes borjudyr.
Geldimyrat MUHAMMEDOW,
Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bölüm müdiri.
Paylaşan: Sähet Aşyrow
4
156