Meşhur kezzaplar
Dowamy...
Doganlar Popowlar – çaý kezzaplary
XIX asyryň soňunda Rus patyşalygynda tütjar baý söwdagär doganlar Popowlar ilatdan öň ulanylan çaý şemmesiniň guradylan görnüşini sähel bahadan satyn alyp, soňra ol şemmä guradylan iwan-çaý ýaly dürli ot-çöpleri goşup hem-de şol önümiň reňkiniň hakyky gara çaýyň reňki ýaly bolmagy üçin ony gurum we gökdaş (kuporos) bilen garyp, täzeden ilata ýokary hilli hytaý çaýy hökmünde satypdyrlar.
Doganlar Popowlar bu pişeleri bilen 10 ýyldan gowrak wagt meşgullanyp, Rus patyşalygynyň iň meşhur çaý söwdagärlerine öwrülmegiň hötdesinden gelipdirler. Ýöne muňa garamazdan 1888-nji ýylyň maýynda doganlar Popowlaryň ähli pyrryldaklary paş edilipdir. Derňewiň dowamynda olaryň diňe bir çaý önümlerini däl-de, eýsem derman serişdelerini hem galplaşdyryp ýasandyklary anyklanypdyr. Onsoň doganlaryň ulusy Aleksandr ähli günäni öz boýnuna alyp, Sibire sürgün edilipdir. Doganlaryň kiçisi Iwany bolsa aklapdyrlar.
Aleksandr Politkowskiý – humarbaz begzada
Pessejik boýly, garynlak, garaýagyzja rus begzada neslinden bolan Aleksandr Politkowskiý 1839-njy ýylda Napoleon bilen urşuň weterany, knýaz Aleksandr Çernyşýowyň ynamyna girip, 1812-nji ýylyň urşunda ýaralananlaryň we maýyp bolanlaryň komitetiniň direktory wezipesine bellenýär. A.Politkowskiý öz wezipesinden peýdalanyp, weteranlaryň işlerini galplaşdyryp, galp resminamalar bilen ýok adamlaryň adyndan döwlet nepaga pullaryny almaga başlaýar.
Ol 1853-nji ýylda örän geň ýagdaýda – özüni heläkläpmi ýa-da iýmitden zäherlenipmi ýa-da kimdir biri tarapyndan awy berlipmi – aradan çykýar. Şoňa çenlem ol özüniň görkezilen komitete ýolbaşçylyk eden 14 ýylynyň dowamynda Rus patyşalygynyň jemi million rubla golaý puluny ýom-ýok edýär. Häzirki döwrüň pulunyň hümmetinden hasaplananda A.Politkowskiýniň kezzaplyk edip gazanan pullary, jemi 22 857 142,9 amerikan dollary töweregi bolýar.
A.Politkowskiý öz kezzaplygynyň üsti açylmanka aradan çykmagyň hötdesinden gelenem bolsa, onuň yzynda uly möçberde emläk galmandyr. Sebäbi ol ölemen humarbaz bolup, bir gijede şol döwrüň pulundan 30 000 rubly ýa-da 100 000 rubly hem kartda utduryp ýa-da utup biler ekeni. 100 000 rubl bolsa, häzirki döwrüň pulunyň hümmetinde, takmynan 2 142 857 amerikan dollary bolýar.
Entoni Žinýak – 30 ýyllap galp şazada
2017-nji ýylda ABŞ-da özüni 1991-nji ýyldan bäri hemmelere Saud Arabystany Patyşalygynyň mirasdüşer şazadasy hökmünde tanadyp gelen 47 ýaşyndaky kezzap Entoni Žinýak tutulyp saklanýar. Onuň soňky kezzapçylygy bolsa, ol telekeçi Jeffri Safferi, onuň myhmanhanalar ulgamyny ösdürmek üçin özüniň 400 million amerikan dollary möçberinde maýa goýjakdygyna ynandyrmaga çytraşmagy bilen bagly bolupdyr.
Onuň kezzapdygynyň üstüniň açylmagyna-da onuň doňuz etinden taýýarlanan tagamlary çakdan aşa halaýandygy sebäp bolupdyr. E.Žinýagyň J.Saffer bilen nobatdaky duşuşyk-naharynda doňuz etinden kakmajy işdämenlik bilen iýýändigi, musulmanlaryň doňuz etini iýmeýändiklerini daş gulakdan eşiden telekeçide müňkürligiň döremegine getiripdir.
Şol müňkürligi bilenem J.Saffer özüniň howpsuzlyk gullugynyň başlygyna “arap şazadasy” barada degişli maglumatlary anyklamak hakda buýruk bermegine getiripdir. Şondan soňam “şazadanyň” şazada däldigi örän tiz ýüze çykarylypdyr.
Soň anyklanyşyna görä, E.Žinýak 30 ýylyň dowamynda şol bir “arap şazadasynyň” şekilini ýerine ýetirip, ynanjaň adamlary dürli möçberde çürkäp gelipdir. 2008-nji ýylda bolsa ol hatda “şazada” hökmünde ýaşan bir myhmanhanasyna ýetiren 10 müň amerikan dollary möçberindäki zyýany üçin azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza çäresinem çekipdir. Ondan başga-da ol birnäçe gezek tutulyp saklananda-da girewine uly möçberde pul töläp, jezadan gaçmagyň hötdesinden gelipdir.
Maýkl Nýu – Nigeriýaly şazadanyň hatlary
ABŞ-nyň Luiziana ştatynda polisiýa, özüni ýetginjek ýaşyndaky, garaýagyz Nigeriýaly şazada hökmünde tanadyp, e-mail poçtanyň üsti bilen internet ulanyjylara elektron hatlary ýollap, olary özüniň kyn maddy ýagdaýa düşendigine we maddy goldawa mätäçdigini ynandyryp, adamlardan aldap pul almak bilen meşgullanýan 67 ýaşly, akýagyz, pensiýadaky Maýkl Nýuny tutup saklapdyr.
M.Nýu bildirilen günäde onuň 269 adamy aldap, puluny alandygy bellenilipdir. Ýöne, polisiýanyň çaklamalaryna görä, “nigeriýaly şazadanyň” öz “gözýaşly, naýynjar hatlarynyň” üsti bilen ynanjaň adamlardan millionlap amerikan dollaryny gazanan bolmagy ähtimal.
Demir Maýk we jellada öwrülen kezzaplar
Elbetde “kezzapçylyk” diýlende, zorluksyz jenaýatlar göz öňünde tutulýanam bolsa, adamzadyň taryhynda hemme kezzapçylyklar beýle häsiýetlem bolmaýar. 1933-nji ýylyň gyşynda Nýu-Ýorkda gizlin gammarhanaň hojaýyny Toni Marino ganhorluk etmezden adam öldürmegiň we şonuň üsti bilenem pul gazanmagyň kül-külüne düşýär.
Ol şu maksat bilen Maýkl Malloý atly 60 ýaşyndaky öýsüz ykmanda alkogolige öz gammarhanasynda çäklendirilmedik möçberde spirtli içgileri içmäge ygtyýar berýär. Soňra bolsa M.Malloýyň ömrüni 3,5 müň amerikan dollary möçberinde ätiýaçlandyrýar. T.Marinonyň niýetine görä, M.Malloý içip-içip, gaty bahym ölmeli ekeni, ol bolsa onuň ätiýaçlandyrylan puluna eýe bolmaly ekeni.
Emma...
Sergezdan Maýkl çüýşe yzyna çüýşe boşadýandygyna garamazdan, ol hiç ölmeýär. Şonda T.Marino öz kisesine ätiýaçlyk pullarynyň tizräk girmegini üpjün etmek üçin, bu işi çaltlaşdyrmaga özüniň jenaýatçy dostlary Jozef Merfini, Frensis Paskuany, Herşi Grini we Deniel Krisbergi çekýär.
Ülpetler üýşüp awara Maýkla antifriz bilen garylan wiski içirýärler.
Maýkl ölmeýär.
Gaýta, bu içginiň öňkülerden has berk kellesini sämedýändigini aýdyp, ýene-de şondan guýup bermeklerini soraýar.
Ülpetler sergezdan Maýkla skipidar garylan brendi içirýärler.
Maýkl ölmeýär.
Ülpetler Maýkla alakalary zäherlenýän awy goşulan içgi içirýärler.
Maýkl ölmeýär.
Ülpetler Maýkla üstüne metanol guýlan ustrisa iýdirýärler.
Maýkl ölmeýär.
Ülpetler Maýkla porsan balykdan taýýarlanan we içine kindiwanja çüý bölejikleri sepelenen sendwiç iýdirýärler.
Maýkl ölmeýär.
Ülpetler öz aralarynda Maýkl Malloýy “Demir Maýk” ýa-da “Mizemez Maýk” diýip guwanç bilen atlandyryp başlaýarlar we günlerde bir gün Maýkly lül-gammar bolýança içirip, ony minus 26 graduslyk doňaklyk howa çykarýarlar-da, onuň üstünden bedreläp, buz ýaly suw eňterip, uzak gijelik aýazda taşlaýarlar.
Maýkl...
Ölmeýär.
Gaýta ertesi irden hiç zat bolmadyk ýaly Toni Marinonyň gammarhanasyna gelip girýär-de, ýene-de şerap haýyş edýär.
Sabyr käseleri dolan ülpetler Maýkl içgisini içip köçä çykýança garaşýarlar-da, ony ulaga kakdyrýarlar. Soňam ulagdan düşüp, Maýklyň buljum köçäniň gyrasynda bulam-delem bolup dem-düýtsüz ýatandygyny barlap görýärler-de, ertesi gün ätiýaçlandyryş guramasyna Maýkl pahyryň ömrüniň bahasyny almaga barýarlar.
Ol ýerde-de...
Maýklyň ölmändigini aýdýarlar...
Ülpetleriň sabyr käsesi çym-pytrak bolýar. Olar Maýklyň garyplar üçin hassahanadan çalak-çulak bejergi berlip çykarylaryna garaşýarlar-da, ony çola ýerde tutup, onuň agzyna gaz plitanyň şlangasyny dykýarlar.
Bu gezek...
Ajal ýeňýär.
Mizemez Maýk ahbetin aradan çykýar.
Ülpetler Maýkl Malloýyň janynyň bahasyny alýarlar.
Wakanyň iň esasy ýerem, ülpetleriň eden jenaýatynyň üsti hiç haçanam açyljak däl ekeni.
Eger-de olar, Mizemez Maýk we onuň bilen özleriniň goparan hokgalary barada gabat gelen ýerde lakgyldap ýörmedik bolsalar...
Ahyrynda ýaňra ülpetler tussag edilýärler we aýratyn zalymlyk bilen eden ganhorluklary üçin ABŞ-nyň şol wagtky kanunçylygyna laýyklykda ölüm jezasyna höküm edilýärler. Ülpetlerden diňe Herşi Grin deslapky derňewiň geçirilmegine ýardam berendigi üçin uzak möhletleýin azatlykdan mahrum edilmek jezasyna höküm edilip, diri galýar.
Nikolaý Pawlenko – ýok bölümiň serkerdesi
Näderejede haýran galdyryjy eşidilse-de, sowet döwrüniň iň uly kezzapçylyklarynyň biri Beýik Watançylyk Urşy ýyllarynda amala aşyrylypdyr. 1941-nji ýylda, Russiýanyň Twer şäherinde (şol wagtky Kalinin şäheri) frontdan gaçyp gaýdan Gyzyl Goşunyň serkerdesi Nikolaý Pawlenko galp resminamalar bilen “Kalinin frontynyň harby-gurluşyk şahamçasy №5” (UWSR-5) atly harby bölümi döredýär. Ýok harby bölümiň möhrüni N.Pawlenkonyň meslekdeşi Lýudwig Rudniçenko köwşüň ökjesinden kesip ýasaýar.
N.Pawlenko özüni ýok harby bölümiň serkerdesi edip belleýär we özüne maýor habry derejesini berýär. Galp resminamalaryň esasynda alnan pullar bilen ýok harby bölüm dürli iri harby birikmeleriň tabşyrygynyň esasynda ýollary gurýar, harby lybaslary tikýär. Eger-de bank işgärleri ýok harby bölüm babatda nämedir bir zatlary güman edip başlasalar, olara uly möçberde para bermek arkaly olaryň “agyzlarynam, gözlerinem ýumdurýarlar”.
Ondan başga-da N.Pawlenko harby komendaturalar bilen sowgat-salamly hyzmatdaşlyk edip, özüniň ýok harby bölümine ýaralanyp bejergi alan esgerleri gulluk etmäge ýolladýar. Şeýdibem 1945-nji ýyla çenli ýok harby bölümde 300-den gowrak şahsy düzüm gulluk edýär, ýok bölümde aýlanýan serişdeler bolsa üç million rubldanam geçip gidýär. Şol bir wagtda-da ýok harby bölüme berilýän ähli tabşyryklar boýunça işler öz wagtynda we ýokary hilli berjaý edilipdir.
Beýik Watançylyk Urşy tamamlanandan soň N.Pawlenko “Kalinin frontynyň harby-gurluşyk şahamçasy №5” (UWSR-5) harby bölüminiň işini bes edýär-de, 1-nji Harby gurluşyk müdirligini (UWS-1) döredýär.
Tä 1952-nji ýyla çenlem bu ýok bölüm öz işini üstünlikli dowam etdirýär.
Kezzapçylygyň üstüniň açylmagyna-da tötänlik sebäp bolýar. Bir ýalňyşlyk bilen UWS-1 bölümine işe kabul edilen harby däl (raýat) işgärleriniň birine ýerine ýetiren işi üçin zähmet haky tölenilmän galýar. Ol işgärem milisiýa arza bilen ýüz tutýar. Barlagyň dowamynda-da SSSR-iň Goranmak ministrliginde “UWSR-5” atly we “UWS-1” atly harby bölümleriň hasaba alynmandygy anyklanýar. N.Pawlenkony şol ýyl Kişinew şäherinde polkownik harby derejesindekä tutup saklaýarlar. Onuň ýangoşlary dökülende bolsa general harby derejesiniň pogonlary tapylýar. N.Pawlenko ölüm jezasyna höküm edilýär.
Geň ýerem, ýok harby bölümde gulluk eden esgerleriň aglaba köpüsi özleriniň bu kezzapçylygyň ýarany bolandyklarynam bilmän, hatda birnäçe döwlet sylaglaryna-da mynasyp bolup gezipdirler.
Dürli internet maglumatlaryndan terjime edilip taýýarlanyldy.