sahet_ashyrov
04.12.2020 11:52
NIREDEN GELEN JÄHENNEMÇILIK?

Türkmenlerde: “Şu günlügiňi tapsaň ertirligiňi gaýgy etme”diýen söz bar. Many taýdan ol köp derejede jähennemçiligi aňladýar. Gahrymançylyk eposymyzyň gahrymany Görogly begem ertirini gaýgy edip oturan adam däl. Elbetde, ýokarky söz döwlet syýasatynyň ýörelgesine gabat gelenok. Hakyky döwlet ertirki durmuşyň aladasy bilen ýaşamaly. Türkmenleriň telim asyr döwletiniň bolmandygy, tire-taýpa pytraňňylygynda ýaşan adamlaryň diňe bir günki güzeran üçin alada galyp ýörmekleri şeýle psihologiýany döreden bolmasyn? Mahal-mahal öz halkymyzyň jähennemçilik meýillerinde görkezýän biagyrlyklaryny aýyplamaga-da dilimiz barýar. Emma halkyň asyrlaryň dowamynda hakyky sungat derejesine göterlip bilen seneti döredenligi bir günlik döwrana kaýyl bolup ýaşanmandygynyň aýdyň mysalydyr. Eýse, jähennemçilik meýilleri nireden döräpdir?
Yslamyň taryhynda sopuçylyk (sufizm) ugry orta asyrlarda has täsir ediji güýje öwrülýär. Sopuçylygyň esasy taglymatlarynyň biri-de, dünýäniň eşretinden özüňi binesip etmek, diňe hudaýa sygynmak. Iýmek, içmek, geýmek keýp-sapa adamyň aladasy bolmaly däldir, esasy alada hakyň ýolunda ejir çekmek, ruhy päklikde hakyň nuruny özüňe siňdirmek, oňa golaýlaşmak.
Sopuçylygyň düýp maksadyny durky bilen kabul eden, onuň ýowuz düzgünlerine laýyk ýaşaýan adamlaryň bir toparyna derwüşler diýilýär. Olarda öý-öwzar, mal-emläk bolmaly däl. Diňe hudaýa söýgi olaryň ýüregine melhem bolýar. Derwüşler güzeranyň aladasyny asla etmeýärler, gedaýçylyk edenlerinde-de şu günki iýjeginden artyk owkat ýygnamak olar üçin gadagan.
Sopuçylygyň aýratyn ösen ýeri diýlende Horasanyň hem ady tutulýar. Bu pukiriň dogrudygyny nygtamakdan ötri, ady musulman ýurtlaryna dolan belli pirleriň häzirki Türkmenistanyň territoriýasynda ýaşandyklaryny aýtmagam ýeterlik bolsun gerek. Olardan häzir Saragtbaba ady bilen tanalýan, XI asyrda ýaşan Abu-l-Fazl Saragsy, ondan tälim alan Mänebaba- Abu Seýd Meýheni, Merwde jaýlanan Hoja Ýusup Hemedany, Köneürgençde jaýlanan Najmeddin Kubra we başgalaryň adyny tutsa bolar. Sopuçylygyň asyrlar dowamynda türkmen halkyna, onuň medeniýetine, aýratynam poeziýasyna täsir edendigini bellemeli. Eger bagşylaryň owazy bilen halkyň ruhuna siňen poeziýanyň obrazly aňlatmalary arkaly ýalançy dünýäniň şerinden gaça durmagy çagyryşlar edilen bolsa, şol poeziýa sarpa goýýan halkyň belli bir derejede oňa eýerjegi, ýa-da eýermäge ymtylmagy bolup biljek zat. Magtymguly “Boldum imdi” şygrynda şeýle diýýär:

Dünýä menden hezil etmez, men hem bähre almaz men,
Odum ötgür, derdim köp, hoşbagt bolup gülmez men.
Agyr baha älemni alty pulga almaz men,
Dost kaýsy, duşman kaýsy, parhyn edip bilmez men.
Hiç kimse aňmaz halym, aýana boldum imdi...

Durkuň bilen haka sygynmak, rysgyň hakda alada etmän, Alla- nyň merhemedine tabyn bolmak, ertiriň gamyny iýmezlik pakyrlaryň ýa-da derwüşleriň edasydyr. Ýöne bu taglymat juda gadymydyr. Muňa göz ýetirjek bolsaň Mattanyň Injiliniň altynjy babyndan aşakdaky jümleleri okap göreliň:

“25. Şonuň üçin size aýdýaryn: näme iýmeli, näme içmeli diýip, öz janyňyzyň aladasyny etmäň, egniňize näme geýmegiň aladasyny etmäň. Jan iýmitden, beden geýmitden belent dälmidir eýsem?

26. Asmandaky guşlara garaň: olar ekenoklar, oranoklar, ýygnanoklar, Arşdaky Ataňyz olary ekleýär. Siz olardan has zyýat dälmi?

27. Alada edeniňiz bilen boýuňyzy bir garyş ösdürip bilermisiňiz.

28. Näme sebäbe geýimiň aladasyny etmeli? Meýdan güllerine syn ediň, olaryň nahili ösýändigini görüň, alada-da edenoklar, egrenoklaram, dokanoklaram.

29. Emma size aýdaýyn ki, Solomon şöhratyň çür depesindekä olaryň biriçe-de geýnip bilmändi.

30. Eger şu gun ösüp oturan meýdan oty ertir oda ýakyljagam bolsa, Hudaý ony sizden zyýat geýindirýär.

31. Şeýlelikde alada galmaň: “näme iýeris?” ýa-da: “näme içeris?” ýa-da: “näme geýineris” diýmäň.

32. Sebäbi, bu zatlary butparazlar gözleýändir, siziň bu zatlary gerekleýändigiňiz Arşdaky Ataňyza aýandyr.

33. Siz öňinçä Hudaýyň patyşalygyny, onuň hak ýoluny gözläň, galan zatlaryň hemmesi siziň üçin biter gider.

34. Şeýle bolansoň ertirki günüň gamyny iýmäň, ertiriň özi öz aladasyny görer: her günüň öz aladasy özüne ýetikdir”.

Gördüňizmi, biziň jähennemçilik hökmünde kabul edýän häsiýetimiziň kökleri aňyrdan gelýän ekeni. Ol Injilden-de gadymydyr. Bu örän uly mesele, häzir oňa başymyzy sokjak bolup oturman, bir pikiri tekrarlamak bilen oňaýalyň: jähennemçilige aýratyn bir halkyň gylygy hökmünde garamak ýalňyş bolar.

Tirkiş JUMAGELDI.
5
160
Doctor
5 Dekabr 2020
? ? ? ? ? ?
Myhman Myhman
4 Dekabr 2020
Gaty dogry ???
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.