LAGNATKERDE OGUL
Maşgalada bäş sany zenan bardy… Olar maşgalabaşyny soňky menziline ugratdylar. Hatyn dul, gyzlar bolsa ýetim galdy. Ene dört gyzy bilen merhumyň märekelerini sowansoň, köp wagt geçmänkä işe girdi.
Köpçülik dul hatynlary nähak ýere rehimsiz we binamsyz diýip aýdýarlar… Hatynyň çekmeli hupbatlary nähili çökder bolsada, ol taktyryň agyr synaglarynyň öňünde teslim bolmady. Ýas tutup, gam çekip oturmakdan nep ýokdy. Hatyn, göz ýaş döküp diňeje ýüregi az-kem köşeşdirmegiň mümkindigini juda ýagşy bilýärdi.
Merhumyň dört gyzyndan daşgary ýakynda lukmançylyk institutyna okuwa giren ýigrimi ýaşly ogly hem bardy. Wi, ol barada gyzlardan öňinçä aýdylmalydy-ow. Eýsemde, ata-enäň ogulyndan umydy ýokmudy? Maşgalada ogul perzendiň dünýä inmegi şatlyk döredýär, ahyryn. Ogul, pederi garran çagy daýanç bolmaýarmy, onuň wepadyndan soňra dul galan ejesini, ýetim galan gyz jigilerini öz goragyna almaýarmy, ahyryn? Hawa, hemmesiniň şeýle bolmagy lazym.
Merhum depin edilen güni enäni gurşap alan adamlaryň biri:
— Şeýle ogly bar adam ölmeýär. Ol, ynha hä diýmän lukman bolup ýetişer, ejesi bilen jigilerini özi eklär— diýdi.
Adamlar şeýle diýýärdi. Hut şol sözleri ene gyzlaryna aýdýardy, olaryň agasy üçin agyr durmuş ýoluny geçmelidikleriniň gutulgysyzdygyny hem gaýtalaýardy.
Hemmeden owal gyzlaryň iň ulusy işe girdi. Ejesi ony aýal-gyzlaryň mekdepleriniň birine aýlygy bar-ýogy bäş funt bolan işe ýerleşdirdi. Bu ujypsyz aýlyk maşgalany dilegçilik etmän, açlyk we ýalaňaçlygy bir emelläp ýeňmäge ýetýärdy. Olar bagtyýar günleriň uzakda däldigine ynanyp ýaşaýardylar, ahbetin. Bäş funt— maşgaladan agyşyp ýaş ýigidiň harçlyklaryna ýetermi? Ýigit baý talyplara basdaşlyk edýärdi.
Kynçylykly günler dowam edýär, ýigidiň hem islegleri gün saýyn artýar. Agasynyň "abraýyny saklamak" üçin, ol baý dostlarynyň ýanynda kemsinmez ýaly, göwnüne ýaran döwrebap penjegi geýip, birinji derejeli wagona münbegi üçin, ikinji jigisem aýdym-saz mugallymy bolup işe girdi.
Iki gyzyň gazanjy hem ýigide zordan ýetýärdy.
Maşgalada işe girmedik diňe körpe gyz galdy. Ol mekdepde okaýardy, geljekde bir kesbiň başyny tutmakçydy. Bu arada maşgalaň uly gyzy durmuşa çykdy. Durmuş öňküsi deýin agyr ýagdaýda dowam edýärdi. Açlyk-horlykda köp närseden mahrum bolan pydakär zenanlar muşakgatly durmuş ýolunda gidýärdiler… Olaryň gözöňünde bulutlaryň arasyndan görünýän umyt yşygy "lukman agaň" simowylydy. Ol birnäçe ýyldan soňra kuwwatly gollaryny uzadyp olary bu agyr günlerden halas edýäjek ýalydy. Häzirlikçe barça kynçyllyklara döz gelip, "lukman agaň" geljekki kömegine garaşmak lazym.
Uzyn günler, ukusyz tünler bir sydyrgyn dowam edýärdi. Uzakly gije olar daňdana çenli geýim biçip-tikýärdiler.
Bular ýaly gijeleriň näçesi geçdikän? Ýigit lukmançylyk institutynda ýedi ýyl tälim aldy. Ana şol ýedi ýyl ýigidiň ejesi we jigileri üçin juda uzak dowam eden ýalydy. Olaryň her bir geçiren güni misli bir asyr deýin bolup geçipdi, zähmete dolup-daşan, damaklary guran, şol günlerde ýadawlyk bir pursatlygam olary terk etmändi.
Gyzlar maza, eşret görmän daşky dünýäden uzaklaşyp gitdiler. Olar söýgi-muhabbet diýen närseleriňem nämedigini bilmediler. Bular ýaly zatlar üçin olarda boş wagt ýokdy.
Bir näçe günden soňra lukman ejesi we jigileri bilen hoşlaşyp başga şähere işe ugrady. Olar ýigidi ýagşy dogaýy-dilegler bilen ugratdylar. Barçasynyň umytdan doly gözleri agalarynyň göçüp baran şäherine dikilipdi. Jigileri oňa yzly-yzyna hat ýazyp, şahsy durmuşyndaky bolýan özgerişleri, işindäki gazanýan ütünlikleri barada soraýardylar. Ol bolsa hatlara iň bärkisi jogabam ýazmaýardy. Ahyry beýle soraglar ýalňyz ogulyň degnasyna degen bolara çemeli, ol ejesiniň ýanyna gelip, egin-eşikleriniň görmeksizdigini, iş otagyndaky mebelleriniň ýönkeýdigini we gerekli lukmançylyk enjamlarynyň ýokdugyny aýtdy.
Olar gijesini gündiz edip işlemeklerini dowam etdiler, emma näçe işleselerde, aradan niçe wagtlar geçsede gyzlar agasyny bagtyýar halda görüp bilmediler…
Lukman dogduk mekanyna, owadan hatyny bilen ýeňil awtoulagynda dolanyp geldi…
Gelin bu ojaga gadam basan günlerinde dükanma-dükan gezip wagtyny şady-horramlykda geçirdi.
Ene bir gün oglundan durmuşa çykan uly jigisinden karzyna alan (jigisi tylla şaý-seplerini satypdy) ýüz funtyny haçan gaýtaryp berjekdigini sorady, onuň äriniň beýle etmişi üçin aýrylyşmakçy bolýandygyny aýtdy.
Lukman hatyny bilen öýüne dolanmakçy mahaly ulagyna münüp jigisine üç funt uzatdy:
— Men, saňa bergimiň köprägini gaýtarmakçydym, emma, gynansamda çykdaýjylarymdan agyşany, şu— diýdi.
Jigisi puly alman, saň-gaty bolup galdy. Jigisiniň heýkel kimin doňup durşy lukmanyň degasyna degip başlady, çünki ol "howlugýardy-da". Ol jigisinden näme üçin puly alman durandygyny sorady.
Jigisi bolsa gyzlara bakyp ýylgyrdy-da:
— Biz ony lukman edip ýetişdirmegi başarypdyrys, emma welin, hakyky adam edip ýetişdirmäge ejizlik edipdiris— diýdi.
Bint AŞ-ŞATY
Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI