sahet_ashyrov
02.12.2020 12:49
MEŞHUR KEZZAPLAR

Dowamy...

● Pawel Şpeýer – “Gyzyl walet”

Moskwada, 1867-nji ýylda Pawel Şpeýer “Gyzyl waletler” atly kezzaplaryň toparyny döredýär. Kezzaplaryň bu toparynyň ilkinji uly aldawy ätiýaçlandyryş işi bilen baglanyşykly bolýar. Kezzaplar Russiýanyň dürli ýerlerine taýyn ýorgan-düşek daşlary we içki eşikler salnan köp sanly sandyklary ýollaýarlar. Sandyklaryň her birine-de 950 manat baha kesip, olary şol baha bilenem ätiýaçlandyrýarlar. Şol döwrüň kadalaryna laýyklykda, şeýle ätiýaçlandyryş dilhatylary tugraly kagyzda berlip, banklar tarapyndan karz alyş gymmatly kagyzlary (wekseller) bilen deň derejede alnan karz üçin girewine kabul edilýär ekeni.
Kezzaplaryň ýollan sandyklary ahyrky nokadynda kabul edijiler alýançalar “Gyzyl waletler” şol ätiýaçlandyryş dilhatylaryny banklarda girewine goýup, olaryň deregine-de nagt pul alypdyrlar. Haçan-da “Deňiz, derýa we guryýer ätiýaçlandyryşynyň hem-de ýük daşaýyşynyň rus jemgyýeti” banklaryň talapnamasy boýunça, olaryň ýitiren pullarynyň öwezini dolmak üçin şol sandyklary açanda, olaryň içinden biri-biriniň içine goýlan birnäçe çelekler çykypdyr. Iň soňky çelekde bolsa, daşy gaýym edilip dolanan “Imperatrisa Ýekaterina Ikinjiniň ýadygärliginiň açylmagy mynasybetli onuň ýatlamalary” atly kitap bar ekeni.
Ýöne “Gyzyl waletleriň” iň belli kezzapçylygy Moskwa şäheriniň Twerskaýa köçesiniň 13-nji jaýy salgysynda ýerleşýän Moskwanyň şol wagtky general-gubernatorynyň jaýynyň satylmagy bolupdyr. Pawel Şpeýer eýdip-beýdip general-gubernatoryň ynamyna giripdir we onuň öýüni özüniň tanyş iňlis begzadasyna (lorduna) görkezmäge generalyň razylygyny alypdyr.
Knýaz (rus hany) iňlis begzadasynyň öz öýüni arkaýyn, gysynman synlamagy üçin maşgalasy bilen özüniň şäher etegindäki mülküne gidipdir. Haçan-da yzyna dolanyp gelende bolsa, ol iňlis begzadasynyň hyzmatkärleri bilen bilelikde öz öýüne göçüp gelýändigini görüpdir. Soň anyklanylanda P.Şpeýer general-gubernatoryň öýüni iňlis begzadasyna 100 000 rubl bahasyna satypdyr ekeni.
Dergazaba münen Moskwanyň general-gubernatory “Gyzyl waletleriň” ählijesini gysga wagtda anyklap, tussag etmegä buýruk berýär. Şonda bu kezzaplar toparynyň 48 sany agzasy tutulyp saklanylýar. Olardan 36 sanysy bolsa Rus patyşalygynyň ýokary begzadalar gatlagynyň wekilleridigi ýüze çykarylýar. Şonda-da kazyýetiň hökümi bilen bu kezzaplar toparynyň esasy guramaçylary Sibire sürgün edilýärler, galanlary bolsa, tussaglaryň goşun bölümlerine höküm edilýärler.

● Graf de Tuluz-Lotrek, şol hem kornet Sawin – Gyş köşgüniň dellaly

XX asyryň başynda kornet (rus patyşa atly goşunlarynda kiçi harby dereje) Nikolaý Sawin, San-Fransisko şäherine gelip, iň gymmatbahaly myhmanhana otagyna ýerleşýär we graf Tuluz-Lotrek hökmünde özüni tanatmaga başlaýar. Ol gazetlere berýän interwýusynda özüni rus hökümetiniň Transsibir demirýol magistralynyň gurluşygy üçin materiallary satyp biljek gowy we jogapkär amerikan senagatçylaryny tapmak hem-de olar bilen geleşik baglaşmak hakynda gepleşikleri geçirmek barada ýörite tabşyryk bilen ugradylandygyny gürrüň berýär.
Ynanjaň telekeçiler onuň bilen tanyşmak üçin onuň işiginde ir ertirden agşama çenli nobata durýarlar. Her telekeçem “grafyň” göwnüni awlamak üçin oňa gymmatbaha sowgat-serpaý berýär. Graf Tuluz-Lotrek Kaliforniýa ştatynda birsellem syýahat edip, uly möçberde pul toplandan soňra, birdenkä hemmeleriň gözünden zym uçana dönýär.
Soňra N.Sawin Ýewropa – Rim şäherine ýüzlenýär. Ol ýerde N.Sawin Italiýa korollygynyň harby ministrliginiň tutuş atly goşun üçin atlary satyn almak isleýändigini eşidýär. N.Sawin özüniň ummasyz baş tohum atlary ýetişdirýän athanalarynyň bardygyny yglan edýär-de, italýan hökümeti bilen atlary getirmek barada şertnama baglaşýar. Hakujy tölenen dessine-de N.Sawin ol ýurtdan gaýyp bolýar.
Biraz wagtdan soň bolsa ol Bolgariýanyň paýtagtynda beýik knýaz Konstantin Nikolaýewiç Romanowyň keşbinde peýda bolýar. Şol ýerde-de onuň özüni iňňän ynandyryjy alyp barandygy sebäpli, bolgar begzadalary oňa Bolgar patyşalygyny tagtyna çykmagy teklip edýärler. Ýöne, haýp, birmahallar hakyky beýik knýaz Konstantin Nikolaýewiçiň saçyny timarlamak miýesset eden Sofiýaly sertaraş N.Sawiniň rus şazadasy däldiginiň üstüni açaýýar.
Emma, Bolgariýadan ölümiň öýünde gaçyp sypan N.Sawin munuň bilenem köşeşmeýär. Ol amerikali tütjar baý telekeçä rus patyşalarynyň köşgi bolan Gyş köşgüni satmagyňam hötdesinden gelipdir. 1917-nji ýylda rus ynkylabynyň tutaşmagy bolsa N.Sawiniň ýene-de jeza çäresini çekmän aman sypmagyna mümkinçilik döredipdir.

● Sofýa Blýuwşteýn – Sonka Altyn Eljagaz

Sofýa Iwanowna Blýuwşteýn, şol hem Şeýndlýa-Sura Leýbowna Solomoniak – Rus patyşalygynyň jenaýatçylyk dünýäsiniň iň meşhur şahslarynyň biri bolup, onuň tanalýan lakamy “Sonka Altyn Eljagaz” bolup durýar. Öz terjimehalyny yhlas bilen ýaşyrandygy sebäpli S.Blýuwşteýniň gelip çykyşy baradaky maglumatlar özleriniň dürlüligi bilen tapawutlanýarlar.
S.Blýuwşteýn öz döwrüniň okumyş hem bilimli zenanlarynyň biri bolmak bilen birnäçe daşary ýurt dillerinde erkin gepleşip bilipdir, uly artistlik zehininden peýdalanypdyr. Maglumatlara görä, bu kezzap zenan birnäçe gezek durmuşa çykypdyr. Onuň soňky äri – humar leýlaçy (şuleri) we kezzap Mihail Blýuwşteýnden S.Blýuwşteýniň iki sany gyzy bolupdyr.
S.Blýuwşteýn özüniň ilkinji ogurlygyny ýetginjek döwürlerinde amala aşyrypdyr. Şonda-da bu pişe ýaşajyk gyzyň şeýlebir hoşuna gelipdir welin, ol bütin ömrüni şu pişe bilen meşgullanyp geçiripdir. Onuň amala aşyrýan ogurlyklaram, kezzapçylyklaram özleriniň inçe tilsimliligi we mekirligi bilen tapawutlanypdyr. Çünki hiç kim begzada sypatly, ajaýyp keşpli zenanda ogurlygy we kezzaplygy özüne kesp-kär edinen aýýary güman etmändir.
S.Blýuwşteýniň emelleri juda köp ekeni.
Ol zergäriň dükanyna girip, ondan gymmatbaha daşlary görkezmegini haýyş edipdir, soňam daşlary synlap durka, haýsydyr bir başga zada satyjynyň ünsüni sowup, ýörite ösdürilen dyrnaklarynyň astyna gymmatbaha daşjagazlaryň birnäçesini dykmaga ýetişipdir.
Ýa-da ebeteýsizlik bilen gymmatbaha daşlary ýere seçen kişi bolup, olaryň birnäçesini özüniň köwşüniň ýörite ýumşak ökjesine ýelmeşdirmäge ýetişipdir.
Ýa-da ol mata dükanyna halta ýaly giň köýnegi geýip baryp, satyjynyň gözüne güýdüşip, şol köýneginiň astynda gymmatbaha matanyň ep-esli bölegini gizlemäge ýetişipdir.
Ýa-da ol dükana baranda ýanyna ýörite tälim berlen maýmynjygy alyp barypdyr. Haçan-da S.Blýuwşteýn satyjynyň ünsüni sowanda bolsa ýörite yşarata endik etdirilen janawer gymmatbaha bezegi alyp, hasyr-husur ýuwdupdyr. Soňra öýlerinde-de S.Blýuwşteýn maýmynjygy ýörite klizma edip, onuň aşgazanyndan ogurlan gymmatbaha şaý-sepini çykarypdyr.
Ýöne, her näçe sypjyk bolsa-da S.Blýuwşteýn ahyry tutulyp saklanyp, 34 ýaşynda azatlykdan mahrum edilipdir. S.Blýuwşteýn bendilikden üç gezek gaçypdyr. Emma her gezegem ony gaýtadan tutupdyrlar. Onuň jeza çäresiniň möhleti tamamlanandan soň bolsa ol Sahalin adasynda ömürlik sürgün edilipdir.

● Artur Fergýuson – Ýadygärlikleriň söwdagäri

Şotlandiýaly kezzap Artur Fergýuson amerikan jahankeşdelerine Angliýanyň milli ýadygärligi bolan Big-Ben minarasyny müň funt sterlinge, Bukingem köşgüni bolsa iki müň funt sterlinge satandan soňra onuň ady dünýä ýaýrapdyr. Ondan başga-da A.Fergýuson Teksan atly bankire Waşingtondaky Ak Tamy iki million amerikan dollaryna kärendesine bermegiň hötdesinden gelipdir.
Ol bu kezzapçylygyny amala aşyranda, bankyň eýesini amerikan hökümetiniň şol wagtda maliýe kynçylyklaryna sezewar bolandygyny, şonuň üçinem Ak Tamy kärendesine bermegiň kül-külüne düşendiklerini, özüniň bolsa bu “ýagşy işde” dellalçylyk edýändigini ynandyrmagy başarypdyr.
Mundan başga-da A.Fergýusonyň sada amerikaly jahankeşdelere Trafalgar meýdanyndaky admiral Nelsonyň ýadygärliginem alty müň funt sterlinge satandygy hakyndaky waka-da bar.
1925-nji ýylda bolsa ol ABŞ-a gelip, Nýur-Ýorkdaky Azatlygyň heýkeli satmakçy bolup duran wagty tussag edilipdir. Onuň şol etmişi üçin şol wagtky amerikan kanunçylygyna laýyklykda ol ömürlik azatlykdan mahrum edilmek jezasyna höküm edilmeli ekeni. Emma, kazyýet seljerişinde kezzaby, bu agyr jezadan halas eden ýekeje ýagdaý ýüze çykypdyr. Görlüp oturylsa, A.Fergýuson ABŞ-nyň çäginde syýahat edip ýörkä, Tehas ştatynda ýaşaýan bir dul aýalyň hojalygy ýananda oňa özüniň ýalan-ýaşrykdan toplan ähli pullaryny haýyr-sahawat diýip beren ekeni. Şonda-da A.Fergýuson ol dul aýala özüniň Gonkongly şazadadygyny we özüniň bütin Zemin togalagynda diňe şu pisint haýyr işleri etmek bilen meşgullanyp ýörendigini aýdypdyr.
Kezzabyň şu jomartlygy üçinem kazyýet oňa bary-ýogy bäş ýyl azatlykdan mahrum etmek jezasyny belläpdir.

● Kristofer Rokankurt – galp Rokfeller

Kristofer Rokankurt atly kezzap adamzadyň taryhynda galp Rokfeller bolup galmagyň hötdesinden gelipdir. Ol birnäçe ýylyň dowamynda özüniň Rokfellerleriň maşgalasyndandygyny aýdyp gezipdir we ABŞ-nyň prezidenti Bill Klintonyň ýegre dosty bolupdyr. K.Rokankurta kezzapçylyklaryny amala aşyrmaga onuň aýaly – “Playboy” žurnalynyň öňki modeli Mariýa Piýa Reýes ýardam beripdir.
K.Rokankurt ilkinji kezzapçylygyny Fransiýada amala aşyrypdyr. Ol öz eýeçiliginde bolmadyk emlägiň resminamalaryny galplaşdyryp ýasapdyr-da, ony 1,4 million amerikan dollaryna satypdyr.
1991-nji ýylda K.Rokankurt Ženewa şäherinde zergärçilik dükanyny talap, ol ýerden birnäçe ýüz müň şweýsar frank bahaly altyn şaý-sepleri ogurlapdyr. Soňra ol geçen asyryň 90-njy ýyllarynda özüni kinoprodýuser Dino de Laurentisiň ýegeni, aktrisa Sofi Loreniň ogly, Dodi Al-Faýediň dogany hökmünde tanadyp, ýalňyz ýaşaýan baý zenanlaryň ynamyna girip, olaryň başyny-gözüni aýlap, iň soňunda-da olary talap, gürüm-jürüm bolup gezipdir.
Ýöne, gaty bahym K.Rokankurt eger-de dünýä belli tütjar baýlar Rokfellerleriň “garyndaşy” bolmagyň, öz kezzapçylyklarynyň hemmesindenem beter bähbitli boljakdygyna göz ýetiripdir. Onsoň K.Rokankurt wagt ýitirmezden “Rokfeller” bolmaga başlapdyr. Ol bu keşpde örän çalt meşhur artistler Žan Klod Wan Damm, Mikki Rurk dagylar bilen dostlaşypdyr. Ol hatda Ž.K. Wan Damma onuň täze düşürmekçi bolýan filmini düşürmek üçin 40 million amerikan dollaryny bermegi hem boýun alypdyr.
Ýöne, bu kino ýyldyzlar K.Rokankurtyň amala aşyrýan pyssy-pyjurlyklary üçin örtgi bolup hyzmat edipdirler. Ol öz tanyşlyklarynyň hasabyna dürli işewürleriň ynamyna girip, olardan maýa goýum hökmünde iri möçberlerde pul alypdyr. 2001-nji ýylda-da K.Rokankurt aýaly bilen bilelikde tussag edilipdir. Kazyýet mejlisinde-de K.Rokankurt telekeçilerden umumy 40 million amerikan dollaryny aldap alandygyny boýnuna alypdyr.

Dürli internet maglumatlarynyň esasynda, terjime eden Serdar ATAÝEW.

Dowamy bar....
5
118
Greenleaf
2 Dekabr 2020
Örän gowy näme üçindir şol kezzaplaň içinde zenanyň hem bolmagy juda geň galdyrýar ???
Blume_05
2 Dekabr 2020
??????
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.