sahero
06.04.2024 00:24
Synag: Bilim almaklyk garramagy hayalladyar ölüm howpyny azaldyar.

Kolumbiýa uniwersitetiniň alymlary adamyň bilim derejesi bilen biologiki garramanyň arasyndaky baglanyşygy ýüze çykardylar. Seljerme bilim almagyň her iki ýylda garramagy 2-3% haýalladýandygyny we ölüm howpuny takmynan 10% azaldýandygyny görkezdi diýip, Hi-Tech ýazýar.

Gözlegler üçin alymlar DNK-da markerler ulanyp, adamyň biologiki ýaşyny ölçeýän DunedinPACE algoritmini ulandylar. Olar Framingham Heart Study-ä - ýürek-damar kesellerini uzak möhletleýin öwrenmekligiň 1948-nji ýyldan bäri geçirilýän gözlegine gatnaşyjy 2437 adamyň maglumatlaryny seljerdiler.
Netijede, has ýokary bilim derejäniň haýal depginde garramak we ölüm howpunyň peselmegi bilen baglanyşyklydygy anyklandy.
Bilim bilen biologiki ýaşyň biri-birine baglylygy dürli nesiller üçin birmeňzeş bolup, garyndaşlar deňeşdirilende saklanyp galypdyr.
Geçmişde garrylyk bilen bilimiň arasyndaky baglanyşyk, köplenç, sosial faktorlar bilen baglanyşykly düşündirilipdir, ýöne täze gözlegler biologiki taýdan hem tapawut berýändigini görkezýär. Alymlar bu baglanyşyga has jikme-jik düşünmek üçin goşmaça gözlegleriň zerurdygyny bellediler.
21
53
sahero
05.04.2024 00:07
Forbers: 2024-nji yylda milliarderleriñ sany artdy, olaryñ baylygy rekord goyyar

“Forbes” žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk reýtingini neşir etdi. LVMH fransuz kompaniýasynyň eýesi Bernar Arno 233 mlrd dollar baýlygy bilen sanawda ýene-de birinji orny eýeledi. Geçen ýyl onuň baýlygy 211 mlrd dollar diýlip hasaplanypdy.

Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň eýesi Ilon Mask 195 mlrd dollar bilen ikinji orunda galdy. Onuň yzyndan 194 mlrd dollar bilen Amazon-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos gelýär.
Mark Sukerberg (Meta) 177 mlrd dollar bilen 16-njy orundan 4-nji orna çykyp, uly ösüş görkezdi (geçen ýyl onuň baýlygy 64 mlrd dollar bilen bahalandyryldy). Ilkinji bäşligi 141 mlrd dollar bilen Larri Ellison (Oracle) jemledi.
Dünýädäki milliarderleriň umumy baýlygy 14,2 trln dollara ýetdi. Bu bir ýyl ozalkydan 2 trln dollar köp we 2021-nji ýylda goýlan öňki rekorddan 1,1 trln dollar ýokarydyr.
Milliarderleriň sany hem bir ýyl ozalky 2 640-dan 2 781-e ýetip, rekord goýdy, bu 2021-nji ýylda goýlan iň ýokary görkezijiden 26 birlik köpdür.
Milliarderleriň sany boýunça öňdebaryjy ýurt ABŞ bolmagynda galýar (813 adam, umumy baýlygy 5,7 trln dollar), onuň yzyndan Hytaý (473 adam, 1,7 trln dollar) we Hindistan (200) gelýär.
12
46
sahero
04.04.2024 00:02
😜 G Y Z ¥ K し Y ❓❓❓

”Maugli” multifiliminde $antiñ jigsiniñ adyny kim bilyär ?

"Asteriks Obeliks" multifiliminde Obeliksiñ itiniñ ady ?

"Buratino" multifiliminde tilki we pi$ik Buratinony tutup kime eltip beryäler ?

"Tarzan" multifiliminde Tarzan bir gyza oylenyär $ol gyzyñ ady näme ?

"Kung fu panda" multifiliminde Gaplaña derek Pandany "kung fu panda" diyip saylan py$dylyñ ady ?

Halan bolsañ しiK∈💟
20
134
sahero
03.04.2024 00:03
Dünyäniñ ilaty garrayar.
Türkiye we beyleki yurtlar "garry" topardakylaryñ üstini yetiryärler.

Dünýäniň ilatynyň garramagy çaltlaşýar we Türkiýäniň ilaty hem şolara degişli. Bu ýurt 2023-nji ýylyň ahyrynda “garry” ilatly ýurtlaryň hataryna girdi.

BMG-nyň toparlara bölüşine görä, 65 ýaşdan uly adamlaryň sany ilatyň 10% -inden geçen ýagdaýynda ol ýurt demografiýa taýdan “garry” ýurtlara degişli hasaplanýar.
“Dünýäniň demografiki geljegi” baradaky hasabata görä, bu ýaş toparyndaky adamlaryň sany beýleki ýaş toparlaryna garanyňda has çalt artýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň maglumatlaryna görä, Ýewropa dünýädäki garry adamlaryň ortaça iň köp ýaşaýan sebitidir - 19%.
Ilat sany 85 milliondan geçen Türkiýede hem şeýle tendensiýa görünýär. 2023-nji ýylyň ahyryna çenli Türkiýede 65 ýaşly we ondan uly adamlaryň sany 8 million 722 müň 806 adam boldy. Hünärmenler onuň 2030-njy ýyla çenli 12,9 göterime, 2040-njy ýyla çenli - 16,3 göterime, 2060-njy ýyla çenli ýurduň umumy ilatynyň 22,6 göterimine ýetjekdigini çaklaýarlar.
Şuňa meňzeş ýagdaýy dünýäniň beýleki ýurtlarynda-da görmek bolýar. Mysal üçin, Ýaponiýada garry adamlaryň paýy 29% -den, Italiýada - 24% -den geçýär
2050-nji ýyla çenli dünýäde 65 ýaşly we ondan uly adamlaryň sany 5 ýaşa çenli çagalaryň sanyndan iki esse köp bolar we 12 ýaşa çenli çagalaryň sanyna deň bolar diýlip garaşylýar.
Ilatyň garramagy birgiden sosial we ykdysady netijelere baglydyr, mysal üçin, saglyk ulgamyna düşýän agramyň artmagy we zähmete ukyply ilat sanynyň azalmagy muňa täsirini ýetirip biler.
16
72
sahero
02.04.2024 14:28

AB$-da "akylly" gulakhalkalar oylanyp tapyldy.


Hünärmenler gulaga berkidilýän we dürli maglumatlary ýygnamaga ukyply "akylly" gulakhalkalary taýýarladylar. Ilkinji nobatda, enjam ulanyjynyň we daşky gurşawyň temperaturasyny ýazga alar. Alnan maglumatlar stressi, keselleri, fiziki işjeňligi, iýmitleniş endiklerini ýa-da aýallaryň saglyk tendensiýalaryny yzarlamak üçin peýdaly bolar.

Taslamanyň awtory, aspirant Sýuýue Sýueniň bellemegine görä, WU-nyň alymlary tarapyndan oýlanyp tapylan gulakhalkalar saglyk barada maglumatlary bilege dakylýan "akylly" sagatlardan we fitnes trekerlerinden has takyk ýygnaýar. Bu artykmaçlyk alty meýletinçiniň gatnaşan barlagynda tassyklanyldy.

Materialda "akylly" gulakhalkalaryň bir zarýadda 28 güne çenli işläp biljekdigi aýdylýar, enjam Bluetooth arkaly smartfona maglumatlary geçirýär. Hünärmenleriň bellemeklerine görä, olar geljekde awtonomlyk meselesini doly çözerler: enjam Gün energiýasy ýa-da kinetik energiýa bilen zarýad alar.

16
73
sahero
31.03.2024 00:08

Garpamyk multifililmindäki sabyny yuwutyan lal girdenegiñ adyny kim bilyär?


Zolu$ka multifilimindäki gapana dü$yän çi$ijek syçanyñ ady?


Gök smurflar multifilimindäki Gargameliñ pi$iginiñ ady?

24
151
sahero
30.03.2024 19:18
Germaniyada garrylar öyleri üçin >> robot-agtyklary<< öndürip ba$ladylar

Mýunhenden Navel Robotics startapy garrylar öýlerinde ulanmak üçin niýetlenen robotlaryň önümçiliginiň başlandygyny habar berdi. «Robot agtyklar» diýlip atlandyrylýan robotlar garry adamlar bilen aragatnaşyk gurmak üçin döredilip, emosional reaksiýa berip bilýärler.

Kompaniýany esaslandyryjy Klod Tussen robotlaryň adam duýgularyny tanap we olara jogap berip biljekdigini, bu bolsa olary garry adamlar üçin iň gowy ýoldaş edýändigini aýtdy. Häzirki wagtda robotlar birnäçe garrylar öýünde synagdan geçirilýär we olar bu merkezleriň ýaşaýjylaryna öz çagalarynyň ýaş wagtlaryny ýatladýar.
Robotlar emeli aň bilen enjamlaşdyrylandyr, bu olara degişme aýtmaga we garry adamlar bilen söhbetdeşlik geçirmäge, dostlukly atmosfera döretmäge kömek edýär. Bir garrylar öýüniň müdiri Wanessa Mýunsenmaýer ýaşaýjylaryň garry adamlaryň arasynda çalt meşhurlyk gazanan täze robotlara uly gyzyklanma we bilesigelijilik bildirýändiklerini aýtdy.
Synag tamamlanandan soň, Navel Robotics robotlaryň köpçülikleýin önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär. Olaryň iki robot toplumy üçin 48 müň ýewro satylmagyna garaşylýar.
18
69
sahero
29.03.2024 07:48
Gyzykly go$gy:gownüñizden turar diyip umyt etyan.

Içip serho$lykda urma ayalyñ!

Eden haram keypiñ göterip bilmän,
Içip serho$lykda urma ayalyñ.
Ojagyñ taganny galarsyñ duyman,
Içip serho$lykda ursañ ayalyñ.

Dowzahy pul bilen satyn alarsyñ,
Haram keypiñ bilen ilden çykarsyñ.
$eydip ahyrynda yalñyz galarsyñ,
Içip serho$lykda ursañ ayalyñ.

Geçen zady salan bolup yadyña,
Bir bendäni yakma keypiñ oduna.
"Geroy" diylen at goyulmaz adyña,
Içip serho$lykda ursañ ayalyñ.

Edyan haram keypiñ aylar ba$yñy,
Özüñdey serho$lar alar da$yñy.
Adyña go$dyrsyñ "Alka$"adyny,
Içip serho$lykda ursañ ayalyñ.

Ma$gala dagasa du$man guwanar,
Edil gep haltasy edip ulanar.
Saña derek yakynlaryñ uyalar,
Içip serho$lykda ursañ ayalyñ.

Señ bagtyña çyndan guwanjak azdyr,
Wezipe, baylygyñ wagtlayyn zatdyr.
Ma$galañ yykylsa gynanjak yokdyr,
Içip serho$lykda ursañ ayalyñ.
15
65
sahero
28.03.2024 01:45
S⭕®🅰Gし@R ❓❓❓

Jogaplaryñyza we like❤ basmagyñyza gara$yan!!!

1) Daga gidyär dagdan gelyär, yöne hereket edenok?🤔

2) ikä ikini go$up ikä köpeltseñ näçe bolar?🤔

3) 1 ma$galadan 1 adam 1 ada gezelenje gidyär. Ma$galada 3 çaga, har çagada bir pi$ik bar. Her pi$igiñ 3 çagasy bar. ada näçe jandar bardy?🤔

4) 1 oglan 1 otagy 2 sagatda uborka etyär, 1 gyz 1 otagy 3 sagatda uborka etyär, ikisi bilelikde näçe sagatda uborka eder?🤔

5) 1,5 towuk 1,5 günde 1,5 yumurtga guzlayar. 9 towuk 4 günde näçe yumurtga guzlayar?🤔

6) 1 stakan wino 1 stakan suw bar. winodan 1 lo$ka alyp suwly stakana guyup garyarlar. Alnan garyndydan 1 lo$ka alyp winoly stakana guydular. winoda suw köpmi ya suwda wino ?🤔

7) 7 gezek kir yuwulandan soñra sabynyñ ini, boyy, beyikligi iki esse kicelipdir. Bu sabyn yene näçe gezek kir yuwmana yeter ?🤔

8) Uzynlygy 12 m ini 3 m bolan betony hiç hili guralsyz yykyp bolarmy ?🤔

9) Gaynenesi giyewsini zäherläp öldüresi gelyär. Ol öz iyyän etinden giyewsine islän yerinden kesip berjekdigini aytyar. $unluk bilen giyewsi zäherlenip ölyär. Nädip ?🤔

10) bir gün ag$am wagt boyunça syyahatçy 1994-nji yylda wagt ma$ynynyñ düwmesine basdy. Sekunt soñra ol ma$ynyñ dispileyinde 1850 yazylydy, soñra 1859 Birdenkä dispileyde 1900 sifr görkezdi dispileyda indiki çykjak sifri aydyñ🙄

11) siz bir garañky jayyñ içinde, ol jayyñ 4 sany gapysy we 1 sany äpi$gesi bar. 4 gapynyñ diñe biri da$aryk alyp çykyar, beyleki üçisiniñ añyrsy diwar. Bir açar bar ol hem ähli gapyny açyar. Garañky jayy bir kiçijik $em yagtyldyar. Açar bilen gapyny açmaklyga yekeje mümkincilik bar, egerde yalñy$sa 4 gapy hem baky beklenyär. Bu jaydan nähili yol bilen da$aryk çykmaly?🤔

12) Haysy kär aldamany halayar, aldamany halamayar?

13) Bir yigit awtobusa münüpdir we ol yerde gyz bilen tan$ypdyr. Ol duralgada dü$jek bolanda yigit gyzdan söygüliñiz barmy diyipdir we gyz: 20 30 40 diyip dü$ip gidipdir. Yigit oña dü$inipdir. Gyz yigide näme diyipdir?🤔

14) Gadym döwür 3 sany dogan bolupdyr. Olar dürli yerlerde, dürli wagtlarda zähmet çekyän ekenler. Doganlaryñ hersinde 1 gulp we açary bar eken, özem gulp-açar biri birine meñzemeyär. Doganlar islendik wagt gelip gidende gapyny açyp yapar yaly gapyny $ol üç gulp bilen nähili gulplamaly?🙄

15) Eliñizde iki jübit ellik bar. 3 sany yokanç keselli hassany operasiya etmeli. Her hassada bir ellik ulanyp operasiya etmeli. Bir hassa operasiya edilende ulanylan elligi beylekisine ulanmaly däl. Bu i$i nähili amala a$yrmaly?🤔

16) Kesdigiñ sayy köpelyän zat näme ?🤔

17) 1 paty$a ähli a$pezlerni çagyryp maña 1 kemsiz nahar bi$irip beriñ diyyär. A$pezler paty$a gaty oñat edip nahar bi$irip beryärler. Paty$a nahardan 1 çemçe dadyp kesselerem duymarsyñ diyyär. Yöne 1 kemi bar diyyär. $ol kemi aydana 1000 tylla berjegini aydyar. Naharyñ kemi nämekä ?! 🤔🤨

18) Türkmen dilinde mydama yalñy$ okalyan söz haysy söz?

19) Agaç näme ucin yolarlyga ösyär?🙄

20) Bir gazet kolleksionerlerine taryhy gazet satmak isleyärler, ol gazediñ yüzinde " 1 jahan ur$y ba$lady" ady bilen bir makala yerle$dirlipdir. Kolleksioner hic hili barlag gecirmezden, bu gazet galp diyip almandyr. Ol nädip bilipdir?🤔

21) Ma$ynda 3 ayal we 1 erkek bar. Ma$yny olaryñ haysysy sürer?🤔

22) Tokayda maksimum nirik çenli girip gitmek mümkin?

23) Balykçy balykdan gelyäkä biri ondan näçe balyk tutdyñ diyip sorayar. Balykçy meñ tutan balyklarmyñ sany 8 iñ yary, 6 kellesiz , 9 kellesiz diyip jogap beryär. Balykçy näce balyk tutupdyr?🤔

24) Otelda 7 eta$ bar. 1-nji eta$da 8 adam ya$ayar. 2-njide 10 adam. 3-njide 12 adam we $.m. Sorag lift haysy eta$a köp çagyrylyar ?🤔

25) A$yr, Aman, Artyk banky yarmaga gatna$dylar. Ogrylar awtomobilde gizlendiler. Sudda A$yr "Jenayatçylar gök züglide " diyip aytdy. Artyk "ol ma$yn gara audi bolmaly" diydi. Aman bolsa "ma$yn opeldi özi hem gök däldi" diydi. Olaryñ sudy bila$dyrmak üçin hersiniñ diñe, ya ma$ynynyñ reñkiniñ yada ma$ynynyñ markasyny dogry aydandyklary belli boldy. Ma$ynyñ markasy, reñki nähili?

26) Yer yüzündäki ähli adamlaryñ $ol bir sekuntda etyän zady?

27) Kiçi bolsada ba$ hasaplanyan zat ?

28) 90 km/ sagat tizlik bilen gidip baryan otlyda otyran adam bu otla gar$y gelyän 60 km/ sag tizlik bilen gelyän otlyny 6 sekuntlap synlap yeti$en bolsa, geçip giden otlynyñ uzynlygy näçe?🤔

29) Bir uçar heläkçilige uçrapdyr we ol edil AB$ bilen Kanadañ araçäk çyzygyna dü$ipdir. Siziñ pikirñizçe yaralananlar haysy yurtda jaylanar. AB$damy ya Kanadada?🤔

30) Her sagatda 20 minut yza galan sagadym bar, ol $u wagt 4:00 görkezip dur. Sagadymy yary gije düzedipdim we ol 4 sagat mundan ozal durup galypdy. Onda $u wagt sagat näçe ?🤔
22
149
sahero
27.03.2024 07:50
Aydaky demir yol: AB$-da eyyäm taslamanyñ konsepsiyasy i$läp düzülyär.

ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň Geljegi uly gözleg taslamalary müdirligi (DARPA) Aýda demir ýol konsepsiýasyny ösdürmek üçin Northrop Grumman bilen şertnama baglaşdy diýip, New Atlas neşiri habar berýär.

Taslama Aýda adamyň durnukly bolmagyny üpjün etmäge gönükdirilen 10 ýyllyk Aý arhitektura mümkinçiliklerini öwrenmek  işiniň (LunA-10) bir bölegidir.
Aý demir ýoly geljekki Aý bazasynyň infrastrukturasynyň möhüm bölegine öwrülip biler. Ol bazanyň dürli desgalarynyň arasynda adamlary, ýükleri we materiallary daşamak üçin peýdaly bolar.
Demir ýol ulagy Aýdaky beýleki ulag görnüşlerinden birnäçe artykmaçlyga eýedigi bilen tapawutlanýar. Ol enjamlara we skafandrlara zeper ýetirip bilýän Aý tozanyna has durnuklydyr.
Şertnamanyň bir bölegi hökmünde Northrop Grumman Aý demir ulgamyny döretmek, konsepsiýa we binagärlik prototiplerini ösdürmek hem-de gurluşyk, tehniki hyzmat meselelerini çözmek üçin zerur interfeýsleri we çeşmeleri kesgitlär.
10
46