sahero
06.04.2024 00:24
Synag: Bilim almaklyk garramagy hayalladyar ölüm howpyny azaldyar.

Kolumbiýa uniwersitetiniň alymlary adamyň bilim derejesi bilen biologiki garramanyň arasyndaky baglanyşygy ýüze çykardylar. Seljerme bilim almagyň her iki ýylda garramagy 2-3% haýalladýandygyny we ölüm howpuny takmynan 10% azaldýandygyny görkezdi diýip, Hi-Tech ýazýar.

Gözlegler üçin alymlar DNK-da markerler ulanyp, adamyň biologiki ýaşyny ölçeýän DunedinPACE algoritmini ulandylar. Olar Framingham Heart Study-ä - ýürek-damar kesellerini uzak möhletleýin öwrenmekligiň 1948-nji ýyldan bäri geçirilýän gözlegine gatnaşyjy 2437 adamyň maglumatlaryny seljerdiler.
Netijede, has ýokary bilim derejäniň haýal depginde garramak we ölüm howpunyň peselmegi bilen baglanyşyklydygy anyklandy.
Bilim bilen biologiki ýaşyň biri-birine baglylygy dürli nesiller üçin birmeňzeş bolup, garyndaşlar deňeşdirilende saklanyp galypdyr.
Geçmişde garrylyk bilen bilimiň arasyndaky baglanyşyk, köplenç, sosial faktorlar bilen baglanyşykly düşündirilipdir, ýöne täze gözlegler biologiki taýdan hem tapawut berýändigini görkezýär. Alymlar bu baglanyşyga has jikme-jik düşünmek üçin goşmaça gözlegleriň zerurdygyny bellediler.
21
53
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.